16:55 Şygry nädip ýasamaly | |
ŞYGRY NÄDIP ÝASAMALY
Edebi makalalar
Şahyrana eserde täzelikçilik hökmanydyr. Şahyr özüne gabat gelen söz serişdelerini, utgaşmalary täzeden işlemeli. Goşgy ýazanyňda köne — galyndy sözler täze serişdäniň sany bilen berk gabat getirilmeli. Şol täzelikleriň sany hem-de hil mukdary eseriň ulanylmaga ýaramlydygyny ýa-da däldigini kesgitlär. Täzelikçilik, elbetde, ähli zady tarpdan döretmegi aňlatmaýar. Goşgy düzülişiň köp wagt bäri dowam edip gelýän formalary günde-günaşa döräp duran zatlar däl. Olary dowam etdirmegem, ornaşdyrmagam, ýaýratmagam bolar. Dogrymy aýdýan, men ýambam bilemok, horeýem. Hiç wagt olary biri-birinden tapawutlandyrmandymam, beýtmek niýetimem ýok. Munuň sebäbi — onuň kynlygyndan däl-de, özümiň şahyrana işimde olar bilen hiç wagt iş salyşmaýanlygymda. Men olary öwrenmäge kän gezek synanyşdym. Änigine-şänigine ýetip, soň ýene unutdum. Şygra degişli okuw kitaplarynyň 90 göterimini eýeleýän ol zatlaryň meniň işimde tutýan orny 3 göterime-de ýetenok. Şygyr ýazmakda şahyrana işiň başlangyjy üçin diňe birnäçe umumy düzgünnama bar. Olaram — şertli düzgünler. Edil küştdäki ýaly. Ilkinji göçümler biri-birine çalymdaşdyr. Ýöne ondan soňky göçümde siz täze hüjümi oýlap tapmaga synanyşýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda iň aňrybaş göçümi-de gaýtalamajak bolarsyňyz. Garşydaşyňy diňe garaşylmadyk göçüm aljyradyp biler. Goşgudaky garaşylmadyk rifma-da edil şonuň ýaly... Men ýazmagy niýet edýän goşgymy ilki kellämde mazaly bişirýärin, aýratyn kynlaryny bolsa kagyza belleýärin. Meniň ähli wagtym diýen ýaly ýazmaga taýynlyga gidýär. Olara gije-gündiziň dowamynda 10-18 sagat wagtymy sarp edýärin. Hemişe diýen ýaly öz ýanymdan nämedir bir zatlary gaýtalap gezýärin. Ýazgy depderçesi — hakyky gowy zat döretmek üçin esasy şertleriň biridir. Adatça, ol depderçe hakynda diňe ýazyjy dünýäden öteninden soň gürrüň edip başlaýarlar. Ol ýyllarboýy gerekmejek zir-zibil ýaly bolup ýatýar-da, «gutarnykly eserlerden» soň ile ýetirilýär. Ýöne ýazyjy üçin şondan gymmatly zat ýok. Başlangyç şahyrda edil amaly işdir tejribäniň bolmaýşy ýaly, beýle depderçe-de bolmaýar... Diňe ýazmazdan öňürti ykjam taýynlyk görmegim maňa niýetime düwen maksadyma amal etmäge şert döredýär. Çynymy edip işlänimde, meniň gündelik iş möçberim 8-10 setirden aňry geçenok. Şahyr her bir duşuşygyny, gezip ýörkä gözüne kaklyşan, ünsüni çeken zady, her bir wakany goşgy üçin gerekli serişde hökmünde aňynda saklamaly. Öň bu işe aşa gyzyganym sebäpli, gelejekde ýazmak isleýän goşgularymda ulanaryn öýden sözlerimdir aňlatmalarymy kimdir biriniň ýanynda aýtmaga-da çekinýärdim. Bir gezek Saratowdan Moskwa dolanyp gelýärkäm, men wagonda bile gelýän bir ýolagçy gyza ýumşak häsiýetli adamyny suratlandyrmak üçin «Ol kişi erkek däl, balakly bulut» diýen meňzetmäni ulandym. Aýdan badyma-da, muny goşguda peýdalanyp boljagyny ýadyma salyp, «Birden bu agyzdan-agza geçip, ile dolaýsa nädip bor?» diýip, howpurgadym. Ýüregime dowul düşüp, men aýdan meňzetmämiň ol gyza nähili täsir edenini anyklamak üçin ugrukdyrjy soraglar berip gördüm. Ahyram aýdan sözlerimiň onuň bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykandygyny aňyp, ynjaldym. Iki ýyl geçen soň «balakly bulut» diýen meňzetmäm bir poemamyň ady hökmünde öz ýerini tapdy... Aňyňda bilner-bilinmez gaýmalaýan, ýöne entek guýrugyndan tutulmadyk rifma başyňa oýun salýar: edýän gürrüňiňe-de o diýen düşünip baraňok, iýip-içibem mazaň ýok, gözüň öňünde gaýmalaýan rifmanyň derdinden gözleriňe-de çiş kakylan ýaly. Meniň getiren kiçiräk mysallarymam poeziýany ummasyz kyn kärleriň hatarynda goýandyr diýip pikir edýärin. Hakykatdanam, onuň güzaby ýetik. «Sergeý Ýesenine» atly goşgymy men soňky ýazanlarymyň içinde has täsirlisi hasap edýärin. Biz onuň ölümine gynandyk. Ýöne bu ýagdaý biz üçin gutulgysyz bolaýmaly zat bolup göründi. Men bu habary gije eşitdim. Gynanjymyň ertire çenli birneme peselmegi-de ähtimaldy. Ertesi irden gazetler onuň ölüminiň öň ýanynda ýazan şu setirlerini çap edipdir: — Ölmek täzelik däl ýeriň ýüzünde, Ýaşamagam täzelik däl, elbetde. Bu güýçli setirleriň durmuşda gider ugruny ýitiren adamlara güýçli täsir etjegi äşgärdi. Hiç hili gazet makalasy bu setirleriň täsirini peseldip biljek däldi. Onuň garşysyna diňe goşgy bilen göreşmelidi. Şeýlelikde, şahyrlara Ýesenin hakynda goşgy ýazmaga tabşyryk berildi. Bu juda möhümdi hem gyssaglydy. Sebäbi Ýeseniniň setirleri nazarlan nyşanasyny tiz hem hatasyz urup ugrapdy. Tabşyryk alan şahyrlardyr ýazyjylar kändi. Ýöne näme ýazmaly? Nähili ýazmaly? Eýsem, Ýesenin hakynda näme we nähili ýazmaly? Onuň ölümini hem şoňa dahylly beýleki maglumatlary aňymda aýlap, men öz öňümde şeýle maksat goýdum: Ýeseniniň soňky setirleriniň güýjüni püçege çykarmaly, onuň garşysyna täsiri şolardan ýokary bolmasa, pes bolmadyk setirleri goýmaly. Ýöne beýdäýmek dilde aňsat. Häzir — goşgy taýýar wagty näme diýseň, diýip oturmaly, emma ony başlamagyň nähili hupbat ýuwutdyrandygy bir özüme mälim. Bu iş — meniň ýurduň dürli künjeklerine aýlanyp, leksiýa okamaly döwrüme gabat geldi. Üç aý çemesi wagtyň içinde bu mowzuga günde-günaşa dolansamam, kelebiň ujuny tapyp bilmedim. Şonça wagtda derekli ýeke setirem ýazylmady... Daşymy gurşap alan ýagdaý öz holtumyna dolap alyp, hiç ýana sypara maý bermedi... Mundan şeýle netije gelip çykýar: çynlakaý bir zat ýazjagyň çynyňmy — ýeriňi ýa-da wagtyňy üýtget. Köplenç halatda, ilki bilen, goşgynyň manysyny häsiýetlendirýän ýa-da rifmalyk sözler saýlanýar. Beýleki sözler şolara garaşlylykda öz ýerlerini tapýarlar. Haçanda «Indi-hä esasy zatlar taýyn boluberdi» diýen wagtyň birden haýsydyr bir sözüň ýa-da sesiň ýetmeýändigini duýýarsyň. Ähli sözleri ýaňadan söküp-düzüp ugraýarsyň. Bu ýagdaý seni gazap atyna atarýar. Edil gyrlan dişiň üstünden koronkany geýdirjek bolanyňda, wagty bilen ýerine barman, heläk edişi ýaly ýagdaý emele gelýär. Ahyry dişe geýdiriläýende-de, agyrysy janyňy alyp gelýändir. Şeýle-de bolsa, biraz wagtdan ýeňillik duýup ugraýarsyň. Ritm — goşgynyň esasy güýji, esasy energiýasydyr. Şahyr özünde şol, ritm duýmak ukybyny ösdürmelidir... Goşgynyň kyn düşýän, hupbat ýuwutdyrýan ýeri — onuň jemlemesidir. Adatça, iň şowly setirleri şygryň ahyryna geçirmeli bolýar. Käte bolsa jemlemä kybapdaş etjek bolup, tutuş goşgynyň enter-pelegini öwrüp, täzeden işleýärsiň. Men goşgymy Ýeseniniň setirleriniň güýjüni gaçyrmak üçin şeýle jemledim: — Munda aňsat zat ýok ölüp gitmeden, ýaşamagy başarmakdyr iň kyny. Eline ilkinji gezek galam alyp, bir hepdeden soň şahyr bolasy gelýänler üçin meniň bu ýazgylarymyň gerek zady ýok. Bular her hili päsgelçiliklere garamazdan, şol kynçylyklardan heder etmän, şahyr bolasy gelýänlere niýetlenendir. Biziň tassyklamamyza görä, edebiýat taryhy göreşi şekillendirýän aýna däl-de, eýsem, şol göreşiň ýaragydyr. Hakyky şygryýet hemişe, hatda bir sagadam bolsa, durmuşdan öňde bolmalydyr. Aýtjak sözüňi goşgudan başga tär bilen aýdyp bilmejek ýagdaýyňda galama ýapyşmaly. Ýazyjynyň häzir alyp barmaly esasy zerur işi, göreşi hil ugrundaky umumy göreşdir. Öz ýalňyşlyklaryňy sapak edinmek gerek. Meniň özümem häzir ýazan zatlarymyň käbirindäki ýalaňaç publisistik äheňden ara açmaga çalyşýaryn. Rifmasyz (oňa giň manyda düşünmeli) goşgy pytraýar. Rifma sizi öňdäki setire dolap getirýär, ony ýatda saklamaga, bir pikiri emele getirýän ähli setirleri çugdamlamaga mejbur edýär. Wladimir MAÝAKOWSKIÝ. Rus dilinden terjime eden Kakabaý GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |