12:27 Wladimir Maýakowskiý | |
WLADIMIR MAÝAKOWSKIÝ
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
“Ajap Aşgabadyň gözel Swoboda prospektinden her sapar geçenimde, “bu beýik söz ussadynyň heýkelini şu köçäniň haýsy ýerräginde bina etseň şap bolarka?” diýip oýlanýaryn...” Öňňin “Literaturnaýa gazetanyň” W.W.Maýakowskiniň doglan gününiň ýetmiş ýyllygyna bagyşlanan nomerini alanymyzda, onda türkmen şahyry Gara Seýitliniň ýokardaky ýalyrak manyda ýazan sözlerini okadyk. Gaty ras aýdylan zat. Rewolýusiýanyň esgeri Wladimir Wladimirowiçiň heýkeli rewolýusiýanyň hözirini gören her br şähere beüeg bolup biler. ýöne onuň iň uly ýadygärligi özüniň okyjylara miras goýup giden ajaýyp esgerleridir, söz ussatlaryna miras goýup giden döredijilik tärleridir, täzelikçiligidir. Düýn bütin Watanymyz, bütin progressiw adamzat döwrümiziň iň beýik şahyry W.W.Maýakowskiniň ýubileýini giňden belläp geçdi. Meşhur söz ussadynyň minnetdar okyjylary, onuň döredijiliginden tälim alan minnetdar şägirtler şahyry hoş söz bilen ýatladylar. Leningradly hudožnik ýoldaş W.Molotilow hem şahyryň ýubileýine seslenipdir. Ýokarda siz onuň “Edebiýat we sungat” gazeti üçin ýörite çekip iberen linograwýurasyny görýäňiz. “Edebibat we sungat” gazeti, 20.07.1963 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |