15:14 Megrahi Lokerbiniñ 271-nji pidasymy? | |
MEGRAHI LOKERBINIÑ 271-nji GURBANYMY?
Publisistika
Megrahi bigünädigini öwran-öwran aýdyp, panydan ötdi. Şindi üns merkezinde şu sowal bar: uçar partlamasynda kimiñ eli bardy? Abdulbasit el-Megrahi, 1992 / Fotosurat: AFP Lokerbi sud prosesi täzeden gozgaldy. Waşingtonyñ "Lokerbi wakasyndaky" bombany ýarmakda aýyplan öñki liwiýaly kontrrazwedkaçysynyñ alnyp gaçylma operasiýasynyñ yzysüre käbirleri Liwiýadaky syýasy çaknyşykda şu prosesi ulanmaga synanyşdy. Lokerbi prosesiniñ aýan bolmagy bilen şu sowal gaýtadan orta atylýar: Abdulbasit el-Megrahi Lokerbiniñ 271-nji pidasymy? Şotlandiýanyñ Lokerbi posýologynyñ ABŞ-nyñ "Pan" Howa ýollaryna degişli uçara ýerleşdirilen bombany partlatmakda aýyplanýan Abdulbasite garşy gozgalan derñew işiniñ adalatly alnyp barylmandygyny aýdýan nägileçilikli sesler batlanýar. Maşgalasy, käbir hukukçylar we adam hukuklary boýunça köp sanly aktiwist Megrahiniñ bir parçasy bolan merhum polkownik Kaddafi režiminiñ tutumyna aldyrman muny öñe sürýär. 1991-nji ýylyñ noýabr aýynda Liwiýanyñ iki raýatyny tussag etmek hakynda görkezme berlipdi. Liwiýa ABŞ tarapyndan özüne garşy berlen 10 ýyllyk sanksiýadan soñ iki raýatyny 1999-njy ýylda Gollandiýadaky "Camp Zeist"-de derñew işini alyp barmak üçin berdi. Gollandiýada geçidilen şotland sud mejlisinde iki liwiýalynyñ biri günäkär hasaplandy, beýlekisi jogapkärçilikden boşadyldy. Kaddafi režiminiñ ähli çykdajylaryny ödän Megrahi jezasynyñ bir bölegini ýörite tussaghanalaryñ birinde çekenden soñ düwnük keseline ýolugyp saglyk ýagdaýy ýagdaýynyñ ýaramazlaşandygy sebäpli azatlyga çykaryldy. Tussaglykdan boşanyna iki ýyl geçenden soñ Tripolide aradan çykan Megrahi hemişe özüniñ bigünädigini aýdýar. Häzir Megrahiniñ maşgalasy onuñ bigünädigini subut etmek üçin hemişeki tagallasyny dowam etdirýär. 2011-nji ýyldan soñ "Liwiýa döwleti" Lokerbi prosesinde raýatynyñ garşysyna çykarylan karara garşy appelýasiýa (aklamak) üçin ýüz tutmakdan ýüz dönderdi. Şeýlelikde, Şotland Apellýasiýa sudunyñam aklamak üçin berilen arza seretmekden ýüz öwürmeginiñ yzyndan maşgala iñ ýokary suda - Iñlis sudunyñ öñünde aýyplama şikaýat bildirmäge gitdi. Munuñ özi bolsa, suduñ şotland suduna kärende berlen Gollandiýanyñ ýer bölegine gapylaryny ýapmagynyñ yzyndan Lokerbä gidiş petegini iki esse gymmada düşürer. Gollandiýada geçen sud mejlisinde henize çenli dünýä görlüp-eşdilmedik sud epizodlary bolup geçdi. Megrahi 1988-nji ýylda "Pan" Howa ýollaryna degişli uçary Lokerbi posýologynyñ üstünde partladyp, 270 adamyñ ölümine sebäp bolmakda aýyplanypdy. Şindi Megrahiniñ hadysanyñ bolan ýerindäki däl-de, soraga çekilen ýerinde heläkçiligiñ 271-nji gurbanydygy aýdylýar. Megrahiniñ derñew işinde gödek ýalñyşlygyñ bolup bilmejgi ýa bilmejegi hakdaky jedel Şotland Jeza dawalary boýunça derñew komissiýasynyñ "derñew ýalñyşlygynyñ" bolmagynyñ mümkindigini aýtmagyna sebäp boldy. Waka boýunça ýeke şaýat bar, olam - Megrahini gazetdäki fotosuratyndan tanan maltaly söwdagär Toni Gauçi. Toni Gauçi Bu bolsa suduñ goldanýan delilleriniñ gowşak bolup, aýyplamaga esas berjek ýagdaýda däldigini we suduñ derñeýji häsiýetde däl-de, syýasy häsiýetdedigini görkezýär. Maşgalanyñ adwokaty Klara Mişel çarşenbe güni beren beýanatynda Megrahiniñ jezalandyrylmagynda uly rol oýnan diagnozyñ "hiç hili gymmatynyñ ýokdugyny" aýtdy. "The Guardian" gazetiniñ habar bermegine görä, iñlis ygtyýarlylarynyñ proses boýunça resmi maglumatlaryñ gizlinligini aýyrmakdan ýüz öwürmegi iñlis kontrrazwedkasynyñ wakanyñ içindäki arap ýurtlarynyñ birinden alan maglumatynda degişli arap ýurdunyñ konrrrazwedka işgäriniñ eliniñ bardygyny görkezýär. Bombany partladandygyny boýun alýan başga bir liwiýaly günäkäriñ bardygy öñe sürülendigine we Liwiýadaky täze ygtyýarlylara beren görkezmeleriniñ derwaýyslygy köp sanly adamlar tarapyndan derñelendigine garamazdan bu jansyzyñ aslynda Megrahi bilen ýakyndan-daşdan ilteşigi ýokdy. Hadysanyñ añyrsynda Liwiýa barmyka? Ýa bolmasa aýyplamalaryñ çaltlyk bilen ýöñkelip, şotland sudunyñ özygtyýarlylygyndan gaçyp, derñew prosesiniñ merkezi bolmak kararyna gelen Gollandiýa geçirilmegi bilen şotland sudunyñ taryhynda birinji gezek gabat gelen üýtgeşmeleriñ we ylalaşmalaryñ çarçuwasynda gyssagly sud geçirilmeginiñ añyrsyndaky sebäp Kaddafi režiminiñ suda çekilmegimi? Megrahi bigünädigini öwran-öwran aýdyp, panydan ötdi. Şindi üns merkezinde şu sowal bar: uçar partlamasynda kimiñ eli bardy? Megrahi hakykatdanam Lokerbiniñ 271-nji pidasymy? Jibril UBEÝDI, Liwiýaly derñeýji-žurnalist. Şenbe, 26.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |