19:07 Eýran režiminiñ içinden çöküşi | |
EÝRAN REŽIMINIÑ IÇINDEN ÇÖKÜŞI
Publisistika
Faize Rafsanjaniniñ eýran režimini Ysraýyldan has köp musulmany öldürmekde aýyplamagynyñ batyrgaý çykyşdygyna söz ýok. Şonsuzam eýran režimi dürli pikirlere we azatlyga hormat goýup duranok, režim özüni tankyt edýän oppozisionerleri likwidirlemekden birjigem çekinmeýär. Faize Haşimi Rafsanjani / Fotosurat: AA Eýranyñ öz içerki dinamikalary bilen çöküş prosesini başdan geçirjekdigini bilmek üçin palçy bolmagyñ geregi ýok. Şeýle gutulgysyzlyga ýakynlaşyp gelýändigi daşardanam, içerdenem görnüp dur. Öñki prezident Ali Ekber Haşimi Rafsanjaniniñ gyzy, mejlisiñ agzasy Faizs Rafsanjani "eýran režiminiñ siriýalylaryñ we ýemenlileriñ öldürilmeginde eli bar" diýdi. Bu beýanaty režimiñ syýasatlarynyñ gutulgysyz netijelerine degişli içerden berilen şaýatlyk hökmünde kabul edip bolar. Ýagny, režimiñ öñdebaryjy goldawçylary-da indi şeýle syýasatlary dowam etdirip bolmajagyny görýär. Degişli ýolbaşçylar şeýle ýagdaýda orta çykyp, "bu aýdylanýanlar "yslam režiminiñ" duşmanlary tarapyndan toslanýan ýalanlar" diýip, Eýranyñ husilere arka durandygy, ýemenlileri we ýarym million siriýalylary öldürendigi hakdaky ajy hakykaty gizläp bilmez. Ýoldaş Faize Rafsanjaniniñ eýran režimini Ysraýyldan has köp musulmany öldürmekde aýyplamagynyñ batyrgaý çykyşdygyna söz ýok. Şonsuzam eýran režimi dürli pikirlere we azatlyga hormat goýup duranok, režim özüni tankyt edýän oppozisionerleri likwidirlemekden birjigem çekinmeýär. Faize Rafsanjani Eýranyñ duşmanlarynyñ sanawyna giriziljek şahsyýet däl. Ony reformist we oppozisioner hökmünde tanadyp bolar, emma akly-huşy ýerinde bolan hiç kim öñe çykyp, oña "Uly şeýtan Amerikanyñ içalysy" diýip bilmez. Galyberse-de, onuñ kakasy ýurduñ prezidenti we mejlisiñ başlygy bolup işledi. Şular ýaly şahsyýetiñ "içinden çöküşiñ" bardygyny boýun almagy režimiñ edähedine eýerip, ony içaly hökmünde aýyplamaga mümkinçilik bermeýär. Faize Rafsanjani "Eýran hökümeti öz halkyna garşy Ysraýyldan, ABŞ-dan we patyşalyk režiminden has köp ýamanlyk etdi. Hökümetiñ ýurduñ içinde we daşynda bizi iteren heläkçilikleri hiç wagtam bular ýaly agyr netijelere getirmändi" diýýär. Bu batyrgaý beýanatlara režimiñ edil jümmüşinden çykan paş etmeler hökmünde garap bolar. Içinden şaýatlyk eden Rafsanjani hökümeti "aklyndan azaşmakda" we "talibanlaşmakda" aýyplaýar. Ol Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisä "Elinden hiç zat gelenok, onuñ perde añyrsyndan oýnadylýan gurjakdan ibaly ýeri ýok" diýýär. Eýran režimi Homeýniniñ rewolýusiýasyndan bäri "yslam rewolýusiýasy" ady bilen sefewi öwüşginli özboluşly rewolýusiýasyny eksport etmäge dyrjaşdy. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda jemgyýetçilik howpuzlygyny howp astyna salýan mezhep agzalalyklaryny gorjady. Eýran režimi sebiti oñşuksyzlyklara iterdi we goñşulary üçin yzygiderli howp döretdi. Pars aýlagy ýurtlarynyñ Basra aýlagyndaky deñizüsti ýük gatnawyny we söwda akymlaryny sabotaž edip, Hormuz bogazyny ýapja haýbatyny atdy. Iñ soñky gezek sebitdäki militanlaryna sabotaž etme görkezmesini berip, Basra aýlagyndaky dört söwda gämisini gark etmegini üpjün edipdi. Faize Rafsanjaniniñ eýran režiminiñ etmişleri hakdaky aýyplamalary režimiñ öz içinde sarsgyny başdan geçirýändigini we gorpuñ gyrasyndadygyny görkezýär. Namart režim öz tarapdarlaryny ýeke goýmaga, hatda birnäçesini likwidirlemäge (ýok etmäge) başlady. Prezident Haşimi Rafsanjaniniñ ölümindäki şübheler häzirem dowam edýär, sud-medisina ekspertizasynyñ aktlary onuñ ölmezden öñ ýokary mukdarly radiasiýa sezewar bolandygyny görkezipdi. Gürrüñsiz, eýran režimine içerde we daşarda agyr günler garaşýar. Söz azatlygyna, köp seslilige ynanmaýan, galp demokratiýanyñ arkasyna gizlenen despotik hökümeti endige öwren çaknyşyklary we dartgynlylygy güýjetme taktikalary halas edip bilmez. Häzir eýran režimi diñe daşarky howplara uçranok, ol basyşlara çydap-çydap mundan beýläk halys sabyr-takaty gutaran öz halky bilenem ýüzleşmeli bolar. Halk agzynyñ baglanmagyndan, garyplykdan, ser-sepillikden we keselçiliklerden ýaña halys tapdan düşdi. Režimiñ goldawçylarynyñ aç-açan nägilelikleri muny görnetin subut edýär. Jibril UBEÝDI, Liwiýaly derñeýji-žurnalist. Ýekşenbe, 16.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |