11:58 Hajylara hyzmat etme abraýy | |
HAJYLARA HYZMAT ETME ABRAÝY
Publisistika
Yslamy rituallaryñ biri bolan haj yslamyñ iñ möhüm sütünleriniñ biridir. Ony syýasy çaknyşyklar ýa-da galp dünýewi şygarlar bilen garyşdyryp bolmaz Haj "Lebbeýk, Allâhumme Lebbeýk" telbiýesi bilen diñe Allatagalanyñ çagyryşyna jogapdyr. Galany batyldyr. Hajylara hyzmat etmek bolsa Allatagalanyñ diñe mynasyplara bagyş eden iñ uly abraýydyr. Munda ummasyz köp fazylat we haýyr bar. Resulalla (s.a.w) Mekgäni eýelän wagtynda-da Allanyñ mukaddes öýüne hyzmat edenleri Käbäniñ açarlaryny saklama hukugyndan mahrum etmändir. Ibn Saadyñ "Kitabüt-Tabakatil-Kebir" kitabynda Osman ibn Talhanyñ dilinden şeýle diýilýär: "Jahylyýet döwründe duşenbe we penşenbe günleri Käbäniñ gapysyny açardyk. Mekge alunmazdan öñ bir gün Resulalla (s.a.w) adamlar bilen bile içerik girjek bolupdyr. Men oña gödegräk daradym. Ol mylakatlylyk bilen meniñ ýanyma golaýlaşyp "Ýa Osman, ýakynda bu açary islän adamyma berjek günümi görersiñ" diýdi. Munuñ kureýşlileri peseltjegini aýdanymda, Resulalla (s.a.w) maña gaýtam tersine, şol gün kureýşiñ abraýynyñ artjagyny aýtdy. Mekge eýelenen güni gelip ýetende maña açarlary getir diýdi. Menem getirdim. Menden alyp, ýene maña berdi. Yzyndanam "Açary edep bilen alyñ. Bu amanaty zalymlardan başga hiç kim sizden alyp bilmez" diýdi". Saud Arabystanynyñ patyşalaryna şonuñ üçin "Hadimul-Haremeyni-Şerifeyn" diýilýär. Patyşalyk öz mynasyp bu abraýly wezipesini añryýany bilen ýerine ýetirip geldi. Ýatan ýeri ýagty bolmuş Abdyleziz patyşanyñ döwründen bäri Saud Arabystanynyñ patyşalary bina gurluşygynda we bu boýunça ösüşde biri-birleri bilen ýaryştp geldi. Haj desgalarynda, hyzmat edişiñ hili, logistika, hatda howpsuzluk babatda her ýyl täze üýtgeşmeler girizilýär. Millionlarça hajyny myhman alýan Saud Arabystany bu boýunça saglygy goraýyş we howpsuzlyk ýaly dürli ugurlary ussatlyk bilen dopandyrdy: pasportlar, gümrük, ýangyn söndüriş, jemgyýetçilik howpsuzlygy we ýol gözegçilik gullugy boýunça polisiýa işgärleri, hajylaryñ iñ agyr şertlerde-de howpsuzlygyny üpjün etmek, koronawirus ýokanjy... Üstünligiñ ýeke-täk sebäbi hajylaryñ sany däl. Hiç zatdan habarsyz nadanyñ biri mundan iki esse köp turist myhman alýan ýurtlaryñ bardygyny aýdyp biler. Emma Saud Arabystan diñe Arafat dagynda millionlarça adamy garşylaýar. Millionlarça hajy meselesiz ýagdaýda toparlara bölünýär. Ösen ýurtlaryñ köpüsi belli wagtda we ýerde millionlarça adama gözegçilik edip, toparlara bölüp bilmek mümkinçiliginden mahrum. Arafatda kyýama durmak, bu ýerde bolmak üçin belli sagatlarda hajylary toparlara bölmek we olaryñ ýola çykmalaryny meýilleşdirmek herek. Işiñ mugjyzasy şu ýerde. Yslamy rituallaryñ biri bolan haj yslamyñ iñ möhüm sütünleriniñ biridir. Ony syýasy çaknyşyklar ýa-da galp dünýewi şygarlar bilen garyşdyryp bolmaz. Her ýyl dünýäniñ şaýatlyk edýän, baý bilen garybyñ, akýagyz bilen garaýagyzyñ bir ýere üýşýän iñ uly dini üýşmeleñinde ähli hajylar gyradeñleşýär. Jenaby-Hakyñ huzurynda olaryñ hemmesi deñdir. Eginlerindäki ak biýz matalary bilen "Lebbeýk, Allâhümme Lebbeýk" diýip gygyryşýan adamlary bir ýere jemleýänem söýgi we hoşniýetlilikdir. Haj möwsümlerinde has oñaýly şertleri, hyzmatlary we desgalary hödürleýän Saud Arabystany metrolar, otlular, ýerasty geçelgeler, köprüler bilen hereketiñ añsatlaşmagy, adam ölümleriniñ öñüni almak üçin dyknyşyklaryñ selçeñleşdirilmegi ýaly birnäçe işleri geçirdi. Munuñ bilen birlikde infrastrukturanyñ we desgalaryñ gowylandyrylmagy üçin milliardlarça dollar sarp edildi. Patyşalyk haj üçin ýörite äpet gün saýawanlaryny getirtdi, köçeleriñ, togap edilýän meýdanyñ seleñledilmegi üçin äpet kondisionerler gurdy. Mekgäniñ jülgelerinde we daglarynda şeýlekin oñaýly şertleri döretmek üçin janyny gaýgyrman işlän adamlar neneñ bagtly! Olara Allanyñ salaty we salamy bolsun. "Zalymlardan başgasynyñ zor bilen alyp bilmejek" şol hyzmat abraýy nesip edenler neneñ bagtly! Jibril UBEÝDI, Liwiýaly žurnalist. Ýekşenbe, 10.07.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |