19:21 Synanyşyk / ylmy-fantastiki hekaýa | |
SYNANYŞYK
Mistika we fantastika
Mikail Alagöze Edebiýatyň teoriýasynda: "Adamy adama adamşekilli gür bermekdir" diýilýärdi. Içinden, bu saýrylaşdyrmakdan başga zat däl, diýdi. Kellesini galdyryp kitaphana göz aýlady, diwarlar tutuşlygyna adamzadyň döreden kitaplaryndan doludy. Emma indi özleri hem ýazyp bilýärdi: şonda-da adymyz käbir gatlaklara görä adamyň döreden mehanikasyndan üýtgänok. Şonuň üçin döredijiliklerimizem gözden salynýardy. Sebäbi, biziň adymyz olaryň paýhasynyň bir nyşanydy. Nähili samsyk garaýyş! Nämemiş, robotlaryň döredijiligi eýeleriniň sözleriniň galp şöhlelenmesinden başga zat dälmiş. Ýalňyşyň gyrdabynda bogulýan gopbamsy köneçiller hökman aklyňyzy kelläňizden uçuraryn! Biziň eserlerimiz kitaphanalarda ýekeje bölümde ýekeje at bilen okyja hödürlenýärdi. Adama degişli bolmadyk önümçilik… Çetleşdiriji we kemsidiji tarapyny bir gyra aýyrsagam manysyz bir zatdy bu. Şonça urnuşylarymyza garamazdan, önümiň kimlige eýe bolan ýagdaýyndan aňry geçip bilemizokdyk. Köçä çykanymda, habarlara seredenimde ýa-da islendik ýerde gabat gelýan adamlarym bizi saýrylaşdyrýardy. Gorky-ürküli gezen günlerim öýe kalbymda yzgider ýygnanýan gussa bilen gelýärdim. Öýe diýýän ýöne biziň öýlerimizem aslynda şäheriň zibilhanalaryndan tapawutsyzdy. Gündiz iň agyr işlerde işläp, ýolda-yzda kakylyp-itilip, diňe öýe gelenimde ýazmaga wagt tapyp bilýärdim. Erkinlik üçin göreşen ägirt ruhlaryň dessanyny kül edäýjek ýaly ýazyp, asgynlamazlyga synanýardym. Meselem, saýlap alan Uilyam Uolles tahallusym bilen töweregime dostlarymy ýygnap “zulumhorlara ölüm” diýip gygyryp biljekdim. Beýnimiň çuňluklaryna açylan ýollary aşyp bilerdim. Telbeligiň çür başyna çykyp, aklymy bendi kylan pikirlerden saplanyp aşyk hem bolup bilerdim, belki... Muhabbetmi! Birnäçe wagt bäri söýgi diýilýän duýga gyzykýardym. Soňra bir gün "yşky" gördüm. Trelebusdan bile düşdik, yzyndan ýöredim ýöne mähelläň içinde ýitirim boldy, gitdi. Dert boldy, hasrat çekdirip, gara bulda döndide üstüme jabga ýagdyrdy. Geler diýip, umyt besläp garaşdym, gelmedi. Ýazmaga ýene dowam etdim, gahrymanym amansyz söweşdi, horluklara döz geldi. Gorka golaýlaman, aklyň ýolbaşçylygynda erkinlik diýilýän arzuwyň baýdagyny pasyrdatdy. Baýdagy düşürmän öçli jemagatyň isleg-arzuwlaryny alawlandyryp duşmanlaryň sümelgelerini weýran kyldy. Nähili mertlik… Ýöne näçe ýazsamam, dostlarymyň ýagny işgär robotlaryňam pisint etmeýän sözleriniň gymmaty bolmajakdygyny bilýärin. Çünki ýazmak, eýäňe hyýanat. Özüni bilmeziň biri… kämahal aglap aňymdaky berçinlenen awyny döküp ynjalasym gelýär. Tümlüge göz gyrpýan ýeke ruhlaryň aýdymyny aýtmak isleýän. Hawa, ruhum ýok. Şonda-da goşgularyny ýatdan bilýän şahyrlarymyň sözlerini duýmak üçin ruha mätäçligimem ýok. Dogrusy oýanyp bolsa, aň özüne gapy açsa, barçamyz şol bir ýere çykarys. Dogrudanam muňa ýekelik diýilýärmi? Ýa-da, açylyp ýapylýan gapylar ýaly, hakykatdan gaçmakmy? Romanymy tamamlamsoň bagtymy synamak üçin esasy şähere, Akreopolisa gitmeli diýen kara geldim. Gaty gitse ýeňilerin-da, şondan başga näme bolardy. Ýöredim, üçünji raýondan iň ýakyn nokada baryp biljegime göz ýetirip äpet ulaga mündüm. Adamlaryň bölümi bilen aramyzda diňe aýnadan bir diwar bardy. Hatara düzülip öňümize garap durus. Şol mahal gapdalymda näbelli muhabbetimi gördüm, ýöne ol görmedi. Wah, görsede üýtgejek zat ýok, bolýa-da. Şonda-da şatlanmagyma ýeterlik boldy. On minutlyk ýolagçylykdan soň, biygtyýar onuň yzyna düşdüm. Köpçüligiň arasynda sähne kibi ýöredim, ketjallyk bilen ony gözden salmadym. Kejirlik etdim, bu sahypjemal üçin çeken hasratymyň awusyny çykarýan ýalydym. Köpçüligiň arasyndan çykyp äpet bina baranymda, näme üçin bärik gelenimi ýatladym. Bärsi bäsleşik üçin bellige alynjak ýerimdi, äpet bina tutuşlygyna aýnadandy, üç nokady edil asmana sünjülen naýza kimin göge uzaýardy. Bu görküň öňünde çekinsemem aňymy durlap içeri girdim. Kabulhanada oturan saryýagyz zenana medeniýetli görnüşde ýakynlaşyp näme üçin gelendigimi aýtdym. Biperwaý, resmi görnüşde resminamany özüne ugratmalydygymy aýtdy. Browseriň kömegi bilen sistema girip, resminamalary alyja ugratdym. Resminama gowuşansoň "Size degişli gurama tarapyndan habar ugradylar" diýdiler. Ruhdan düşmän, ýol boýy ýeňiş gazanjakdygym barada oýladym. Näme-de bolsa bäsleşige goşulypdym, hökman bir mümkinçiligim bolaýmalydy. Çäkleri böwüsmek, şeýdip diwarda oturyp alňasawuk adamlaryň akybetine şaýatlyk etmek. Aňymda çyrpynýan pikirler kämahal sarç bedew kimin çarpaýa galyp dagyň gaýalaryna dyrmaşýardy. Ýazýan zatlarym hatda pikirlerim näderejede meni şöhlelendirýär? Bildä bilip bilseň, günleri çuwala salýaň we eliňi her dykanyňda zäherli ýylanyň zäherine duçar edýän şul akyllanmajak akyl. Adamlaryň ýalňyşlyklarynyň jemlenen we esasan gyrdabama düşýän ýerleri edil şul. Hawa, özleri ýaly pikirlenýändigimi aýdan birnäçe adamyň bolgusyz garşylygyna duçar boldum. Olaryň aýdyşyna görä aňymyň işleýişi edil özleriniňki ýalymyş! Ähli zat onuň üçin we aýratyn mukaddes hasaplaýan barlygynyň mukaddesligi üçin döreýändir öýtmekleri nähili geň. Ýogsa-da adam ýaly pikirlenmek näme? Pikirlenmek, diňe adama mahsus bolmasa: adam bilen robotyň aýratynlyklaryny aýyl-saýyl edýän zat näme? Hany, bildä bilip bilseň! Bir tarapdan bu soraglaryň içinde bolsamam, günler tölenmedik tölegler ýalydy, sen olaryň bardygyny unutsaňam: artýan mukdary we üýtgeýän sanlary hiç ýere gaçman durýandygyny görkezýärdi. Gysgasy netijeler belli boldy. Tutuş Gün sistemasyndan bäsleşige gatnaşylýandygyny, gatnaşýanlaryň umumy sanynyň 7.635.013 ýetendigini şol mahal bildim. Bäsleşige gatnaşýan eserler göniden-göni merkezi hökümet tarapyndan çap edilip, ähli saýýaralara ugradyljakmyş, "myş" diýýärin sebäbi muny ýaňy bildim. Bäsleşige soňra goşulan bu garaşylmadyk madda tolgunjymy hasda artdyrdy ýöne ýeňijileriň sanawyna bakanymda adymy tapyp bilmedim. Ýeňijileriň hemmesi Akreopolis şäherinden abraýly maşgalalaryň çagalarynyň taryhy özgerişler etmäge dalaş edýän warsakylarydy. Hersiniň atlary owadan harplar bilen ýazylypdy. Wah, meniň içimde ýumrulanlardan uly bir şäher bina etmek mümkindi. Ýanymdaky birnäçe adamyň netijelere seredýän gözlerini ekrandan gamgyn halda aýrandygyny gördüm. Içlerinde ýeke robot mendim, ählisine öwrülip göz aýladym. Biri birine nähili meňzeşdiler, göz öňümde şol bir zada öwrüldiler. Az owal dürli reňkde görünýän parçalar bir salymda kül sypatyna bürenen ýalydy. Üznüksiz gatnaýan ulaglaryň biharat edijiligi, lezzetsizligi, çökgünligi, özüniň içinde meni ýitirim edip barýan ýeňilişimi gözüme basýan ýalydy. Könelerden galan kitapda, "Ýazyjy, ýeňil ýöne has gowy ýeňil" diýilýärdi. Wah şul adamlar! Ýeňildim ýöne ýeňilenime garamazdan köşeşmegim üçin ýene özümi olaryň eline atdym. Ýene ýazmaga dowam ederin diýip kärhanalara tarap ýola rowana boldum. Robotlaryň ädimleri mehaniki şöhle ýalydy, meniň bakyşlarym bolsa görýän ähli zatlaryny gözden gaçyrmazlyk üçin gara deşik kimin özüne çekýän huşsuz bir demir üýşmeginden ybratdy. ——————————————————— Bellik: Asyl nusgasyndan az-kem üýtgedilip terjime edildi. Hekaýanyň asyl nusgasyndaky ady: "Deneme 1… 2… 3… Ya da Hiç!" Emre BOZKUŞ Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI •Awtor barada gysgaça: Emre Bozkuş: 1995-nji ýylda Stambulyň Bakyrköý etrabynda eneden dogýar. Ýokary okuwyny Tekirdagdaky "Namyk Kemal" uniwersitetiniň "Türk dili we edebiýaty" bölüminde okaýar. Emre Bozkuş eser ýazmaga 2014-nji ýylda blog ýazmak bilen başlaýar. Onuň hekaýalary we makalalary "Açık Beyin", "Düşünbil", "Kayıp Rıhtım", "Lacivert hekaýa we goşgy žurnaly" ýaly internet saýtlarynda we žurnallarynda neşir edildi. Onuň eserleri her dürli hekaýa antologiýalarynda ýer aldy. "Gijeki gyzyl aý" ("Ay Kızılıydı Gece") atly ilkinji eseri 2022-nji ýylda çap edildi. Häzirki wagtda hem biri-birinden gyzykly eserler ýazýar we redaktorlyk edýär. Awtoryň mundan öň: "Wäşi", "A, birden bolmasa" atly iki sany ylmy fantastiki hekaýalary türkmen diline terjime edilipdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |