15:58 A, birden bolmasa / ylmy-fantastiki hekaýa | |
A, BIRDEN BOLMASA
Mistika we fantastika
Öýüň zaly haraba çalym edýärdi. Her tarapda çaşyp ýatan boş çüýşeler, çilimiň galyndylary, kükäp duran deriň ysy... Görnüşine görä zyýapat şowhunly geçipdi, adaty oturlyşyklarda edip boljak hemme zat edilipdi. Näçe gynansa hem ol gijäniň bir mahalynda dostlaryndan aýrylyp elinde ýarysy boşan wiski çüýşesi bilen şäheriň bir giden mähellesini synlaýardy. Yzy üzülmeýän ol ýerden bu ýere gidýän adamlar, ulaglar we olara bir zatlar söz berýän bannerler. Munça galmagalyň arasynda galany üçin özüni edil kapasa bendi edil guş kimin duýdy. Ýyllar boýy dyngysyz çabalanýardy. Bu ýagdaý üýtgewsiz dowam eder öýdüp ünjä batýardy. Oý-pikirlerinden halas bolmaga synandy, ýöne aragyň täsiri bilen pikirlenip bilenokdy . Yzyna dolandy, oturdy. Kasetalaryň içinden köne bir kasetany alyp magnitafona dakdy. Ýaşlyk ýyllarynda dostlary bilen ýazan bu albomlary öz döwründe meşhurlyk gazanypdy. Häzir bolsa taryhyň çaň-tozanyna garyşyp klassyka öwrüldi… Albomyň ilkinji aýdymynyň ýaňlanmagy bilen esli wagtdan bäri ýatlanmadyk, unudylyp barýan ýatlamalary göz öňünde janlandy. Soňky günlerde özünden kän soralýan, ýöne bu barada kän pikirlenmedik soragy, dostlary bilen ýene-de işläp, işlemejegi barada pikirlendi. Gowy günlerdi, gyzyklydan gyzykly pursatlardy, ýöne ahyrsoňy tamamlandy. Erkinleşmek, erkinligiň sesi bolmak üçin hemem söýgiň lezzetine doly çümmek üçin gandallaryndan halas bolmak hökmandy! Ýöne welin… Ýöne ykbal sen plan biçmek bilen awara mahalyň başyňa gelýän zatlardyr. Zalyň tüm garaňkylygy birden ýap-ýagta öwrüldi. Aljyraňňylyga düşüp eli bilen gözüni örtüp şöhlä tarap seretmäge synandy, görmegi başaran ýeke-täk zady ýakynlaşdygy ýasy keşbi aýdyňlaşan UFO-dy. Seresaplyk bilen balkona çykdy. Güwwüldi bilen gapylary açyldy. Metaliki sesi eşideninde birnäçe ädim yza süýşdi, gorkdy. Ýöne şunça endişä garamazdan UFO-dan düşen ýekeje adamdy. Ýüzi anyk görünmese-de şekilini saýgaryp bildi, özüne tarap gelýändigini gördi. Gören zatlaryndan elheder alyp, gymyldamaga hem bogny ysmady. Şonuň üçin ilkinji zarbany garşydaşyň bererine garaşmak mantykly bolar öýtdi. Has golaýlaşan sudur balkonyň gapysynda sägindi. Birnäçe sekunt ümsümlik… soňra göze düşýän şöhläniň täsiri bilen ýüzi görünmese hem ümsümligi ilki bozan ol boldy: – Salam jenap Lennon, bimaza edenim üçin bagyşlarsyňyz! Sizi we Beatlesi halas etmek üçin geldim. Meniň bilen gidersiňizmi?– diýip birnäçe ädim öňe süýşüp şöhläni kestdi. Indi onuň ýüzüni saýgaryp bolýardy. Jon Lennon elheder aldy, sebäbi öňünde edil özi durdy. Jon, häzirki düşen ýagdaýynda näme etmelidigini bilip bilenokdy. Şol wagt kellesine gelen ýeke-täk zady çözgüt hasaplap gaharly: – Degişýäňmi? Nämäň halas etmegi? Ýogsa-da sen nädip maňa meňzeýäň, sen kim, eger hökümetiň täzeçe soraga çekmek usuly bolsa indi bara sabyrym tükendi. – Sesiňi kesde diňlesene!. Bu sapardan resmi edaralaryňam, ýolbaşçylaryňam habary ýok. Üstesine takal okaşyp durmaga wagtymam ýok. Gowusy saňa hemmesini başyndan gürrüň bereýin, ýöne ünsli diňläp gürrüňimi kesmeli däl, düşdüňmi? Ýogsa-da rugsat berseň şu ýere otursam bolýarmy? Boş çüýşeleri eli bilen iterişdirip, arkaýyn oturdy. Jon bolsa hem geň galýardy hemem bolup geçen zatlar sebäpli gaharlydy. – Öýe giren wagtyň rugsat soramandygyňa görä, oturjak wagtyň rugsat soramagyň ýerlikli däl ýaly. Şonda-da mürähet etmeli bolýan, haýyş oturyň! – Goýaýda, şu medeniýetli iňlis çagasy gopbamsylygyňy. Hany, öňüme geç-de diňle. Meni görşüň ýaly men seň gagarran çagyňa meňzeş, diňe meňzeş diýýän sebäbi men senden kiçi däl ýaşan ýaşymy hasaba alsaň senden has uly. Bärik gelmegimiň sebäbi ýer ýüzünde döredilen gizlin gurama seni äkitmek. Galan-gaçan soragyň barmy? Sesi dartgynly ýöne takatly eşidilýärdi. Jon bolsa pessaý emma adaty endigine görä henekli gürledi: – Munyň degişme däldigini, ýapyldawuk deri eşiklerini geýmändigiňi hem hasaba alsak başga planetaly däl diýsek hem bolýar. Has anyklap aýtsaň, bu guramaň näme zat? – Ýalpyldawuk deri eşikler diýýäňmi? 70-nji ýyllar ýatlaýyşymdanam has erbet öýdýän. Hawa, esaslandyryjymyz Serdar Fehiminiň ýaşlyk arzuwy, ussat bagşylaryň ölmeginiň öňüni alyp, olara baky ömür bagş etmekdi. Muny amala aşyrmak üçin tehniki we maddy taýdan ullakan taýýarlyk gördi. 1966-nji ýylda bolsa guramaň agzalaryny ýygnamaga başlady. Ýagny altmyş ýyl bäri bar bolan emma barlygyna degişli ýekeje subutnama hem bolmadyk guramamyz, "Diri Bagşylar Guramasynyň" wekili hökmünde geldim. – Diri Bagşylar Guramasymy? Awtorlyk hukugyny bozduň öýdýän. – Şeýle dowam etseň indiki ýygnaga jesediňi ýetirmegim ähtimal. – Bolýa, bolýa gaharlanmasana, ýagny seň aýdyşyňa görä 65-nji ýyldan soňra ölen ähli bagşylar diri, dogry düşünipdirinmi? – Diňe çeken zähmetimize degjek bagşylara guramamyza goşulmagy teklip edýäris. Ýogsam isleýän derejämizi gazanyp bilmän missiýamyzy ýerine ýetirip bilmeris. – Näme üçin 65-nji ýyldan soňraky bagşylar, wagt syýahaty mümkinçiligi bilen ähli döwürlere aşyp biljek syýahat planyny taýýarlap bileňizokmy? – Aslynda, wagtlar aşa taryha syýahat etmek mümkin däl. Diňe 65-nji ýyldan başlap ähli dünýäni kaseta ýaly ýazga geçiren ullakan enjamy göz öňüňe getir, senem kasetaň içinden isläniňi çekip alýarsyň. Munuň nähili bolýandygyny senä sorama, menem aýtmaýyn. – Bolýar, onsoň menden näme isleýäň? Degişgenliginiň ornuny geňgalyjylyk hem bilesigelijilikli garaýyş eýelänsoň, niýetini aýtmagyň wagty gelendigini aňlady. – Meň bilen syýahata çykmaly bolýaň. – Nirä, gelejegemi? – Haýyş ol zatlar barada pikir etmän diňe meniň yzyma düş, bolýarmy? – Bolýada, mundan beter nähili samsyklyk bolup biler öýdýäň… Wah, käşkä mundan beter samsyklyk boljakmy diýmänkäm ýene bir gezek pikirlenen bolsadym… – Şu görýän binäň öňünde ölersiň. Bize geregem edil şol. UFO-nyň aýnadan ýasalan göwresinden daşarydaky ähli zatlary saýgaryp bolýardy. Binadan ýokaryda belli bir çägi saklap durdular. Jon daşaryny synlap, pikirlenip jogap berdi: – Näme üçin bize geregi, näme etjek bolýaň? – Aramyza goşulmagyň baradaky teklibimi resmi görnüşde bermegime az galdy– Jon sabyrsyzlyk bilen sözüni böldi: – Şu wagt meň öňümde garry keşbim dur, üstesine bir UFO-nyň içinde. Gelejege gelendigimizi hem aýdýarsyň, ilki şu zatlar barada gürleşsek gowy bolmazmy? – Ýaş ýigit dogry aýdýaň ýöne ähli zadyň öz wagty bar, maňa ynan. Indi seň bilen daşary çykyp az-kem gezelenç edeli. Gezelenjiň soňunda jogabyňy berersiň. – Häzirem serhoşlykdan açylan däldirin öýdüp durkam nähili jogap berjegimi bilemok. Adatça nähili jogaplar alýaňyz? – Mejlisiň agzalary, adamlaryň bular ýaly ýagdaýlarda nämäni saýlandyklaryny ýa-da saýlajakdyklaryny bilmeginiň dogry boljakdygy barada hempikir. Eger isleseň, işimize başlap bileris. – Ilki mejlis barada aýdypdyň. Ol ýerde kimler bar? Jon bilesigelijilikli garansoň, wekil hem syr bermek isleýän ýaly onuň alkymyna dikildi: – Aslynda-ha bu baradaky maglumaty şu etapda äşgär etmek gadagan, ýöne sen ýat däl şonuň üçin saňa egilişik edeýin– diýip gözlerini parladyp gürrüňine dowam etdi– Köpüsi barada maglumat berip bilmesemem bu işi ýakyndan yzarlaýan adamlardan biriniň Freddie Mercuryň adyny aýdyp bilerin. – Freddie Mercury kim ol? – Ýakyn wagtda tanarsyň arkaýyn bol, özem biziň uly muşdagymyz. Tanyşanyňda garşydaky adamyň adamkärçiligine geň galjagyňa ynanýan. Indi, başgalar bilen bolşy ýaly, saňa-da durmuş ugruňdan birnäçe bölek görkezerin. Beýtmek arkaly deňeşdirip görmäge mümkinçiligiň bolýar, nämäni saýlajagyňy bilersiň. Iň ähtimal netijelerden döredilen ýazgyt ssenariýasy, ýa-da başgaça ady bilen "Ýazgytgörüji" – Bolýar-da, barlap göreli hany. – Dur, dur haýyş, şu bilezigi dak-da menden uzaklaşma. Syýahatymyz kän wagt alar. *** UFO-dan düşenlerinde daş-töweregiň gündizlik bolmagyndan daşary üýtgeşik tapawut görmedi. Öýler ýerli ýerinde, durmuş şol adatdakysy ýaly dowam edýär. Diňe, ýene näme bolarka diýip gyzyklanany üçin onuň yzyna düşdi. Kiçi köçelerden çykdylar, esasy ýol bilen dükanlaryň tekjelerini synlap ýörediler. Üýtgeşikligi şol wagt duýmaga başlady, onça ýylda tehnologiki enjamlaryň ösüşiniň garşysynda agzyny açdy. UFO-ly ýerde ýatan günlük gazedi ýerden alyp, oňa berdi. Sahabyndaky hereketli suratda özi bardy, ölen gününde ony hormat bilen ýatlaýardylar. Adamlary we töweregi synlap ýöremäge dowam etdiler. Köçäniň ahyryndaky sazçylyk dükanyna girdiler. Bu wagtda Jon gazediň senesini görýärdi. 8-nji dekabr 2015-nji ýyla gelipdiler. Ähli zatlary öz gözi bilen synlandygyna garamazdan birhili ynanasy gelmedi. Dükanda hyryn-dykyn adam üýşmeleňi bolmasa hem adamlar onçakly azam däldi. Ol adamlaryň deňinden geçip barýardylar ýöne hiç kim ony tananokdy. Kasetalar öz orunlaryny saklaýardylar, diňe inçejik telewizorlaryň, şowhunly kiçijik telefonlaryň, utopýa mekanynyň içinde özüni Guliwer ýaly duýdy. Diwardaky uly telewizorda özüniň suraty görkezilip, aýdymy ýaňlanýardy. Başga bir ekranda bolsa täze çykan albomlaryň tanyşdyrylyşy görkezilýärdi. Şeýle bolsa hem, şunça zadyň içinde ony geň galdyran zat düýbünden başga zatdy: ýanyndan geçip barýan onça adam öwrülip ýüzüne hem seredenokdy. Onuň aňk-taňk bolandygyny gören UFO-ly: – Hawa, bilýän näme üçin bizi tanamandyklaryna geň galýansyň – Munça zadyň arasynda oýlamadym diýsem ýalançy bolaryn. Ýüzümden aňdyň öýdýän… Bäh bi nähili bolýar, köp zadyň nämädiginem bilmän ýöne seredýän. Emma, hawa näme üçin maňa seredenoklar? Ähli ýerde meň suratym dur näme diýseňem... – Tehnologiýa her gün uly depginler bilen ösýär. Görnüşine görä muny geňirgeýäň, haýran galýaň, düşünýän. Ýöne bu ýagdaý işimiziň bir bölegi. Haýyş, diwardaky aýna seredip näme pikir edýändigiňi maňa aýt. Aýna garan Jon aýnada düýbünden başga, sary saçly, semiz bir adam gördi. – Bu nähili beýle bolýar? – Dakynan bilezigiň daş keşbi manipulirläp wagt -kosmos syýahatynda döräp biläýjek näsazlyklaryň öňüni alýar. – Ýöne sen şol durşuňa dursuň, seni tananoklarmy? – Şol durşuma duramok– diýip žempiriniň ýeňini çermäp elindäki bilezigi görkezdi– diňe sen asyl keşbimi görüp bilýäň, eger täzeden aýna meniň keşbime seretseň tapawudyny görersiň. Dogry aýdýardy, aýnada hor bir adam durdy. Akly çaşdy, bolup geçen zatlara akyl ýetirmäge synanyşýan ýaly dymdy. Garry Lennon bolsa ýene gürrüňe başlady: – Aklyň çaşmagy, geň galmagyň normal. Eger isleseň bu elli ýylda bolup geçen zatlary aýdaýyn? – diýip koridor bolýap ýöremäge dowam etdi. , Jon bolsa: – Her gün döwürler aşa syýahat etmeýändigim üçin biraz elheder alýan öýdýän. Haýyş gürrüňiňe dowam et. – Degişgenligiňe mydama haýran galýan. – Bäh, näme üçin? Ýylgyryp uly ekranyň öňünde durdular. – Ýazgytgörüji şumy? – Hawa, edil özi. Bu ekranyň aýratynlygy döwrüň ähli kompýuterleriniň barça artykmaçlygyny özünde jemlemegi. Bulara düşünersiň öýdemok elbetde, ýöne ähli soraglaryň jogabyny şunda tapjagyňy bilmelisiň. Taýýarmyň? Jogaba hem garaşman biografiýa bukjasyna basyp, Jon Lennon dokumentini açdy. Ilki yşyklar çykdy. Soňra orta ölçegli hologramma peýda bolup, owadan zenanyň keşbi gürläp başlady: – Jon Winston Ono Lennon ýa-da tanalýan ady bilen Jon Lennon… Aýdymçy, suratkeş, aktiwist. 9-nji oktýabr 1940-nji ýylda Britaniýanyň Liwerpul şäherinde eneden dogýar. Çagalykda ene-atasynyň aýrylyşyp ony terk edendigi üçin çagalygy daýzasy bilen daýysynyň ýanynda geçýär. Aýdyma bolsa uzak ýyllardan soňra täzeden duşan ejesinden öwrenen Banžo bilen başlaýar. Şol döwürde Beatles-iň beýleki iki agzasy jenap Pol Makkartni we Jorj Harrison bilen tanyşmagy bilen aýdym-saz sungatyna başlaýar. "Quarrymen" toparyny guran bu ýaşlaryň biri-birine kybapdaşlygy bolsa erkinlige ymtylyşlarydy. Beatlesi döredensoňlar soňra toparlaryna Ringo Starri hem goşýarlar we birnäçe ýyldan soňra halkara derejesinde meşhurlyk gazanýarlar. Barça gazanan üstünliklerine garamazdan 1970-nji ýylda topar dargaýar. Jon Lennon 1969-nji ýylda durmuş guran Yoko Ono bilen Solo karýerasyna dowam edýär. 1975-nji ýyla çenli alty sany albom ýazýar. 1975-nji ýylda Ýoko ikisiniň ogul perzendi bolýar. Özüniň dogulan gününde ogly Şon dünýä inýär. Bu şatlykly wakadan soňra Jon Lennon aýdym-saz karýerasyna arakesme berýär. Baryp hä, 1979-nji ýylyň güýz agşamy radioda ýaňlanan aýdymyň içindäki aýdym-saza bolan yşkyny tutaşdyrýança. "Queen" toparynyň täze aýdymy "Crazy Little Thing Called Love" aýdymyny diňlänsoň gaýtadan aýdym ýazmaga başlaýar. Ahyrynda noýabr 1980-nji ýylda Ýoko bilen bilelikde ýazan "Double Fantasy" albomyny çykarýar. Bu Jon Lennonyň kämillik döwrüniň başlangyjydy. Gynansagam, bagtlylyklary uzak dowam etmeýär. 8-ni dekabr 1980-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky Dakota binasynyň öňünde öldürilýär. Jenaýat ýerinde elinde "Çowdary atyzynda çagalar" atly kitap bilen tutulan ganhor Mark Dewit Çapman, öňki "Beatles" muşdagydygyny toparyň dargamagy sebäpli bu jenaýaty işländigini aýdýar. Ol häzirki wagtda hem tussaghanada tussaglykda saklanýar. Jon Lennon bolsa ýatdan çykmajak aýdymlary we millionlarça muşdagynyň söýgüsi bilen ýüreklerde orun aldy. Ekranda suraty çykdy we şol aýalyň sesi "tomaşa etmäge dowam etmek üçin ekrany çek…" diýdi. Duýgur ekrana basyp hologrammany öçürdi. Ýaş Jon gözüni çygjardyp hologrammadan soňra garalyp galan ekrana bakýardy. Özüniň ölümini eşiden adam nä derejede gowy bolýan bolsa şolar ýaly gowudy. Töwerege manysyz bakýardy, soňra birden: –Žorž Poldy, ölen bolsa men boldum– diýdi. Duran ýerinde aýlanyp Şekspir oýunynyň sahnasynda duran ýaly tirat aýtmaga başlady: – Wah, gahba pelek, şul haýbatly daglaryň çur başyna urýan gün şöhlesini indi görüp bilmerinmi, öňümde dolup-daşyp akýan däli derýalaryň joş alyşyny bedenimiň her zerresinde duýmarynmy? Aýtsana ertirim, ahyrky günim: haýsy ölüm päklär meni, meniň ejiz tenimi asmana haýsy ajal şemaly uçurar... Salamyny berip degişgen ýöne duýguly garaýyş bilen öňünde durdy. UFO-ly bolsa bu sarkazma öwrenişikli bolansoň oýuna goşulmagy makul bildi: – Aby-haýýat suwyny agtarýan beýik rahyplaryň ýoly ýurdumyza düşüpdir: haýsy garamaňlaý ruh bu ýoldan yza galypdyr, gel-de aýt derdiňi ugr bilýäne, ýoluň açylsyn ebediligiň diýaryna… Ol hem salamyny berip minnetdarlyk bildirdi. Onuň sözleri Jonda ýene-de soraglar döretdi. – Kabul etsem näme boljakdygyny gördük. A, ret etsem nämeler bolar? Ömürimiň nähili boljakdygyny görüp bilýäsmi? – Muny görmek isleýändigiňe ynanýaňmy, elbetde görjekleriň ajy taraplary hem bolar. – Ynanýan, eger belli bir karara gelmekçi bolsam her ähtimallygy bilmegim gerek. – Oň ýaly bolsa başladyk– diýip, täzeden açylan ekrandaky "çek" düwmesine basdy. Hologrammada ýene bir düwme çykdy "A, birden bolmasa" basyp yza süýşdi. Az-salymlyk erkan garaldy, soňra ýene şol zenan gürläp başlady: – Wagt 8-nji dekabr 1980-nji ýyl Nýu-Ýork Dakota binasy. Jon Lennon we Ýoko Ona studiýada işleýärler, soňra bir restoranda agşamlyk edinýärler. Jon günüň ahyrynda öýüne dolanynda, elinde studiýadan alan boş kasetalary we kellesinde täze ideýalary bilen joşgunlydy. Emma içinde erbet bir duýgy bardy, Ýoko bu barada aýtmasa hem muny örän çuňňur duýýardy. Öýüne baranlarynda hem ilki Ýoko ulagdan düşýär, Jon bolsa onuň yzy bilen ýöreýär. Koridordan geçip öýüne baran mahaly içindäki erbet duýgy joş alypdy. Arkasyndan biri seslenýär: – Jenap Lennon… Emma, bir polisiýa işgäri Çapmanyň şüpheli hereketlerinden gümanlanyp ony saklaýar we amala aşaýmagy juda ähtimal bolan jenaýatyň öňüni alýar. Bu wakadan soňra ýurt aýaga galýar, her kim bu jenaýata synanyşyk wakasy barada gürleşýär. Jon Lennon bolsa dostlarynyň we ýanýoldaşynyň islegi bilen janpena tutýar. Bu wakaň täsiri bilen bir ýere jemlenen "Beatles" agzalary durmuşyň öwrümleri we hakykatlary barada pikirlenmäge, gürleşmäge pursat tapýarlar. 1981-nji ýylyň fewralynda bolsa birleşmek kararyna gelýärler. Bu beýanaty bilelikde gurnan metbugat ýygnagynda dünýä mälim edýärler. Täze albom şol ýylyň oktýabr aýynda çykýar. "Jadyly syryň galkynyşy". 1967-nji ýylda çykan albomyň adyna salgylanyp, olaryň arasyndaky jadyly sazlaşygy, aragatnaşygy suratlandyrýardy. Bu döwürde Pol Makkartni "Wings" bilen, Jon Lennon bolsa "Plastic Ono Band" bilen işleşýär, mundan beýläk "Beatles" ähli birleşigiň adyna öwürilýär. Täze albomlary ýazga geçirmek üçin studiýada arman-ýadaman zähmet çekýärler. Öňki bölünişikleriň tersine ähli zat gowy gidýär, ýöne gara bulutlar hiç dargap gidäýmeýär. Ýoko Onanyň saglygy erbetlişip hassahana ýatyrylýar: keseliň kesgitlemesi düwnük. Bu Jon üçin örän agyr habar bolýar. Bejergisine gözegçilik etmek üçin aýdym-saza arakesme berse hem aýalyny halas edip bilmeýär. 14-nji fewral 1982-nji ýylda Ýoko Ona aradan çykýar. Jon bolsa aýdym-sazy taşlap terkidünýälige ýüz urýar… Aýdym-sazy terk edenine ençe ýyl bolan Jon Lennon, henizem Liwerpulda daýzasy bilen önüp-ösen öýünde ýeke-ýalňyzlykda ýaşaýar… Hologrammadan soňra bu sapar hiç haýsyndan ses-seda çykmady. Bilelikde gürleşmän dükandan çykdylar, köçede biri-biriniň yzyna düşüp ýöräp başladylar. Jon özüni nähili duýýandygyny söz bilen beýan edip hem bilenokdy. Göýä gursagyna älemiň ýüki inen ýalydy, aglamaga, gürlemäge ragbaty çatanokdy, ýöne ezýetiň berýän azabyny tutuş bedeninde duýýardy. Dost-ýarlary, maşgalasy, uzak ýyllar ozal ejesini tapandyryn öýden günlerinde täzeden ýitirişi… ählisi barada gaýtadan pikir ýöretdi… Liwerpolyň gämi duralgalarynda gämiler bilen geljek kasetalara intizar bolup garaşan günlerini: Elwisiň kinosyny göreninde ilkinji sapar aýdymçy bolmak isleginiň döreýşini. Gamburgda saz çalan günlerinden, Ýoko bilen erkinleşen günlerine çenli… UFO-nyň ýanyna baranlarynda belli bir karara bir eýýäm gelipdi. – Öýüňe hoş geldiň, Jon. –Köp sagbol Pol, gaýtadan bir ýere gelenimize juda begenýän. Emre BOZKUŞ Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI • Awtor barada gysgaça: Emre Bozkuş: 1995-nji ýylda Stambulyň Bakyrköý etrabynda eneden dogýar. Ýokary okuwyny Tekirdagdaky "Namyk Kemal" uniwersitetiniň "Türk dili we edebiýaty" bölüminde okaýar. Emre Bozkuş eser ýazmaga 2014-nji ýylda blog ýazmak bilen başlaýar. Onuň hekaýalary we makalalary "Açık Beyin", "Düşünbil", "Kayıp Rıhtım", "Lacivert hekaýa we goşgy žurnaly" ýaly internet saýtlarynda we žurnallarynda neşir edildi. Onuň eserleri her dürli hekaýa antologiýalarynda ýer aldy. "Gijeki gyzyl aý" ("Ay Kızılıydı Gece") atly ilkinji eseri 2022-nji ýylda çap edildi. Häzirki wagtda hem biri-birinden gyzykly eserler ýazýar we redaktorlyk edýär. Awtoryň türkmen diline terjime edilen ilkinji hekaýasy: "Wäşi" ("Fıkracı") hekaýasydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |