16:36 Matbua / nowella | |
MATBUA
Hekaýalar
Fewral aýydy, bahar güneşiniň mylaýym nury astynda tebigatyň ýaňy janlanyp ugran wagtydy. Faris daň atyp-atmazda Reşit şyhyň obalaryna tarap ýola düşüpdi. Çapgyn şemal öwsüp, oglanyň ini tikenekläp gidýärdi. Ol atdan düşüp, ot ýakarman, ýylynarman boldy, emma täsin bir hadysa oňa sowugy-zadyny unutdyrýardy, gözýetimde günüň gyzgylt şöhleleri nur saçyp, dumly-duşy ajaýyp lybasa örtdi. Ýiti güneşe gaplanyp, bezemen gurjagy ýatladýan ýer, göwnüňe bolmasa, täze dogan güne owsun atýan ýaly göründi. At hem üstündäkiniň keýpine keýp goşaýyn diýýän ýaly assaja säpjäp gitdi. Yzyndan ýeten at toýnagynyň sesine Faris birden gözüni açdy. Töweregini garanjaklasa, alaşanyň üstünde keýik awlagyna başy gyzan syratly ýigide gözi düşdi. Awçy tüpeňini eline aldy-da, Farisiň sanlyja ädim beýlesinden barýan keýigi bir okda gyşartdy. - Ýol bolsun! – diýip Faris nätanşa gygyrdy. - Alla berse, bol bolsun! – diýip, awçy hem sypaýyçylyk bilen jogap berdi. - Haýsy obadan bolarsyň? - Reşit şyhyň obasyndan. - Ol bu ýerden uzakdamy? - Iki ýüz farsah* dagy bardyr. Sen şoňa barýaňmy? - Hawa. - Gözümiziň üstünde ornuňyz bar. Awçynyň sesi edil gyzyňky ýaly näzijek hem ýiti çykdy. - Seniň yzyňdan at salyp gelýän kim? – diýip, Faris ýene bir atlynyň gelýänini görüp sorady. - Agam Selim. Atly atynyň başyny çekdi-de, gözlerini çüýjerdip: - Sen kim bolarsyň? – diýip, sorady. - Fahd şyhyň ogly Faris bolaryn. - Men Reşit ogly Selim. Bu bolsa gyz jigim Matbua. - Gyz jigim?! - Gyz jigim. Näme geňirgendiň-le? Geýminemi? Gyz ejesiz ösüp ulaldy. Ony kakamdyr özüm terbiýeledim. Ine, şonuň üçinem ol erkek oglanyň endiklerini öwrenipdir. Matbuanyň bir ýigitden asgyn geljek gümany ýokdur. Güýjem meniňkiden az däl, ýöne at çapyşy, tüpeň atyşy meniňkiň çaky däl. - Reşit şyhyň gyzy şeýle bolmalam-da. - Ýöne ynha garyndaşlarymyz Matbuanyň bu häsiýetlerini halanoklar. Bu erkek kişilere öýkünjek bolmaly däldir diýýärler. - Aý, bu görübilmezçilikdendir. Bahyllyk atam eýýämden gelýän zat ahyryn. - Seniň mamla bolaýmagyňam ahmal. Ýör, onda gitdik. Sen biziň obamyza işlije barýarmyň? - Onda siziň özüňiz gidiberiň – diýip, Matbua gürrüňiniň arasyny ýoldy. Selim: - A sen nirä? – dýip sorady. - Derýa degip geçeýin. Ol ýerde keýik köp. - Bolýar-da, onda men myhmana ýoldaş bolaýyn. Matbua derýa tarap at salyp gitdi, ýigitlerem oba tarap ugradylar. - Seniň jigiň adagly-dagy-ha däldir-dä? - Ýok. Ol ýigrimi bir ýaşynda welin, oňa entek söz aýdyjy gelýän ýok. Tohum-garyndaşlarymyzyň jigimiň gylyklaryny halamaýandyklaryny aýtdym ahyryn. - Megerem, siziň ýigitleriňiz aw awlamakda ol özlerinde rüstem geler öýdüp gorkýandyrlar. Erkek kişiler gedemräk bolýarlar. Onsoň olar aýaldan asgyn gelmäge çydap bilerlermi? Faris oba geleninden soň Reşit şyha kakasynyň iberen hatyny gowşurdy. Basym Matbua-da tutan keýiklerini alyp geldi. Ol hasyr-husur geýimlerini çalşyrdy-da, biş-düş bilen boldy. Faris iki gözüni gyzdan aýryp bilmedi, onuň ömründe şeýle tagamly nahar iýeni ýadyna düşmedi. Ýigit şyhyň bu gije bolup gidäý diýip näler aýdanyny etmän, atyny ýüzin saldyryp, obalaryna gaýtdy, öýleriniň bosagasyndan ätläp-ätlemänka kakasyna Matbua duşanlygyny we oňa öýlenesi gelýändigini gürrüň berdi. Kakasy Reşit şyhyň asylly hem abraýly adamdygyny bilensoň, oglunyň bu diýenini begene-begene goldady. Fahda şyh söz aýdyjy geleninde, Reşit şyh myhmançylygyň hatyrasy üçin ony birküç gün öýlerinde bolup gitmegini haýyş etdi: - Onýança men doganoglanlarym bilen maslahatlaşyp göreýin. Eger olardan biri ony öz ogluna almakçy bolaýsa, onda meniň ýüz gaçyryp biljek gümanam ýok. Bolmasa-da men Matbuany ak göwün bilen Farise bereýin. Fahda garşy bolup durmady, ol üçünji gün tamamlabereninde hoş habar alaryn diýip tama etdi. Reşit şyh dogan-garyndaşlaryny çagyrdy: - Fahda şyh ogly üçin söz aýdyjy gelipdir. Onsoň menem siz bilen maslahatlaşmasam, jogap berip bilmerin – diýdim. Reşit şyhyň doganoglany Zeýd: - Seniň gyzyň erkeklere öýkünýär, Hudaý kessin, biziň hiç haýsymyz onuň bu gylygy bilen ylalaşyp bilmeris. Häzir bol, eger şyhyň maşgalasy Matbuanyň häsiýetini halamasa, onda hemmämiziň masgara boldugymyz bil – diýdi. - Sem bolsana! – diýip, Reşit şyh azmly gürledi. – Özüňi oňar. Meniň gyzym –atasynyň ýüzüni gyzardýanlardan däldir. Üçünji günüň ahyrlarynda Reşit şyh myhmana: - Fahda şyh, Matbuany öz gyrnagyň hasap edäý – diýdi. - Ýok-laýt. Alla ýol berse, meniň öýümde bagtdyr şatlyk tapyp, eý görýän gyzym bolar. ...Matbua kakasynyň sarpasyny tutýardy, şonuň üçin ol Farise durmuşa çykasynyň gelmeýändigini oňa aýdyp bilmedi. Farisi onuň sulhy almaýardy. Ol onda güýjem, mertligem görenokdy. Gyzyň ýüregi Abd al-Jawwat diýip böküp durdy. Abd al-Jawwat gaýduwsyz, men diýen ýigitdi, ony ýygy-ýygydan uly şäherlere baýramçylyga çagyrýardylar, şeýle baýramçylyklarda bolsa iň gowy çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezýärdiler. Abd al-Jawwat şol nätanyş ýerleri, şagalaňly şäher durmuşy, öz dost-ýarlary barada Matbua gyzykly-gyzykly gürrüňler bererdi. Ýigidiň özüne söz aýtmakçy bolýanyny, emma utanyşyny Matbua aňýardy. Çopan oglunyň şyh gyzyna söz aýdaýmasy aňsat iş däldi. Gyz özüne söz aýdylanyny, emma Farisi söýmeýänligini Abd al-Jawwada gürrüň berdi. Onsoň toý boljak güne sanlyja pursat galanynda, Matbua obadan zym-uçan ýaly boldy. Onuň nirä gidenini bilen adam bolmady. Ähtimal, ol Abd al-Jawwat bilen demirgazyk tarapa tutdurypdyr. - Ynha, seniň çaga terbiýeleýşiň – diýip, Zeýd Reşit şyhyň çetine gedi. – Şonuň üçinem biz oňa öz ogullarymyz üçin söz aýtmadyk. Şyh başyna düşen masgaraçylyga, dogan-garyndaşlarynyň igenjine çydap bilmedi we basym ýürek agyrysy tutup, dünýe bilen hoşlaşdy. Selimem maşgalanyň namysyna ysnat getiren doganynyň etmişine utanyp, adamlaryň gözüne görnüp bilmedi. Faris dogduk mekanyny taşlap, Matbuanyň gözleginde şäher baryny söküp çykdy. Adamlar ol aldanan gyzyndan ar almakçy bolýandyr öýdüp pikir etdiler. Kelesaň işe baş goşanynda Matbua munuň soňunyň näme bilen gutarjakdygy arada oýlanmady. Ol özüniň öte geçenligini diňe darajyk şowhunly şähere baryp düşeninden soň bilip galypdy. Indi onuň ýene-de alyslara uzalyp gidýän mawy gözýetimiň öňüni tutmaýan diwarlaryň ýok ýeri – sähra giňişligine çykasy gelýärdi. Emma oňa gaýdyp barmak ölüme barabardy. Abd al-Jawwat iş tapyp, Matbua kazyň ýanyna gidip, nikadan geçmegi teklip etdi. Munuň üçin ol özüne ýetim diýmelidi ýa-da kakasynyň hakyky adyny gizlemelidi. Gyz ýalan sözlemekden kes-kelläm boýun towlady. Abd al-Jawwat nikaly meselä yryp bilmänsoň, onuň bilen ýakynlaşmaga synanyşdy, Matbua muňa ör-gökden gelip, başga şähere gitdi. Ýalňyz pukara gyza keseki şäherde baş çaramak aňsat düşmeýär. Buýsanjaň beduin gyzam öz çöregini sap zähmet bilen gazanmagyň ýoluny agtardy. Özi ýaly biçärelere garanyňda, onuňky şowlurak hem boldy: ony warýeta aýdymçy edip aldylar. Owadan, ýakymly sesli gyzyň şan-şöhraty derrew uly ile ýaýrady. Faris öz gelinligini bäş ýyllap gözledi. Bir gezek agşam ol warýeta bir bulgur suw içmäge sowuldy. «Matbua-da! Aýdym aýdýan Matbua-da! Ahyryn ony tapdym-ow!» diýip, Farisiň ýüregi gürs-gürs etdi. Ol sahnanyň aňyrsyna ylgap, duranlary itekleşdirip, Matbuanyň otagyna kürsäp girdi. Gyz kresloda otyrdy. Ol beýlesine gaňryldy-da: - Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? – diýip sorady. - Men seni ençeme ýyllap gözläp ýörün! Saňa gowşanym üçinem özümi iňňän bagtly saýýan, Matbua! Näme üçin gepläňok-la? Eýsem sen dogduk mekanyňy unudaýdyňmy? - Ýok – diýip, Matbua ýerinden gobsundy. – Heý-de, men çagalykdyr ýaşlygymyň geçen düzlüklerini unudarynmy? Wah, giň-giň düzlükler, ýaşyl kemerli daglar, kert uçutlar, boz marallar näçe diýseň düýşüme girýär-le! Faris, men ýiti güneşe, yslary bark urýan otlara, saýasyna gün düşmeýän baglara, altyn öwsüp ýatan daşlara diýseň zar boldum! Bularyň hemmesiniň duşuňdan geçeni ýadyňa düşende, ýüregiň howlaberýär. Faris, biziňkiler saglyk-amanlykmydyr? - Seni uly il unutdy. - Kakamammy? - Pahyryň imany hemra bolsun! - Eý-waýeý. Oňa meniň samsyklygym kast edendir! – diýip, Matbua çirkin sesini edip gygyrdy. Farisi Matbua myhman jaýyna alyp bardy. Otagyň kaşaň bezelişi ýigidiň huşuny başyndan uçurdy. Çünki ol Matbua Abd al-Jawwat bilen ýaşaýar diýip eşidipdir, üçinem görgüsi ýamanjyk hor-homsy ýaşaýandyr öýdüpdir. Ol Matbuany mätäçlikden çykarsa, söýgüsini gazanaryn diýip umyt edipdir. Emma ynha onuň öňünde meşhur aýdymçy, barly aýal dikelip dur. Onsoň ol onuň halyndan habar alaýarmyka? - Faris, hany gürrüň berip otur... - Iň gowusy, Matbua, özüň gürrüň ber. - Seň şol öňki ýöwselligiň eken. Men-ä seni ar almakçy bolup gözleýärsiň öýdüpdim. Seniň ýeriňde çarwa arap bolan bolsa, durmuşa çykjak gaçyp, sähraň kanunyny ýere çalan aýaly ikirjiňlenmezden öldürerdi. Ol diňe kesekä ýylgyryp bakany üçin janyny jähenneme ibererdi. Reşit şyhyň gyzy men bolsam, atamyň gaňryşyna gaýdyp, atamyň namysyna ysnat getirdim. Sen näme haýal-ýagallyga salyp dursuň-la? Men bu ýerde tasdan aç möjekleriň galk-gulk atýan toklujygyna dönüpdim. Işimi ýitirmejek bolup, men märekäniň öňünde näz-kereşme bilen ýylgyrmalam, ýalan sözlemelem, garaz, bolmajysy boldum. Men içiňden geçip barýan hyrydar gözlerden saplanyp bilmedim. Häzir meniň daşy zaýalanyp, içi sag-aman galan çüýrük miweden oňlugym ýok. Men illeriň ýanynda nähili adam? Zaýa bolan aýal... - Men seni söýýän, men saňa ynanýan, Matbua! Ýör, ikimiz gideli! Adamlardan daşrakda çeträk bir ýerde ýaşarys! - Göwünlik berip oturma. Dogan-garyndaşlarym meniň günämi ötmezler! Sen ýeke özüň gaýdaý. Biziň ol ýerimizde durmuşa çykaýsam diýip, arzuw edip ýören gyzlar köp. Men bolsa, takdyra ten berip gezibereýin. - Men seni bu ýerde goýup gidip bilmen. Seniň durmuşyň kemsidilmeden, ýigrençden doly. Matbuanyň kesirligini yrmak ahyrsoňy Farise başartdy, gyz şäherden çykyp gitmäge kaýyl boldy. Olar nikalaşyp, Farisiň düýedir dowarlaryny bakýan uzakdaky obalaryna gitdiler. Matbua basym ähli dert-aladalaryny unudyp, öňküleri ýaly şähdaçyk maşgala öwrüldi. Ol ýene-de ata atlanyp, keýik awlamaga çykdy. Günlerde bir gün – munuň özi ikinji çagalary bolandan soň bolupdy – Faris aýalynyň dogany Selimiňkä gidip, bolan işiň baryny bolşy ýaly gürrüň berjekdigini aýtdy: - Ondan bäri ep-esli wagt geçdi, sen maňa gaýdyp geldiň, bir-iki sany çaga dogrup berdiň, şonuň üçin indi bize gorkup oturasy zat ýok. - Ezizim, beýtmäweri! – diýip, Matbua özelendi. – Çarwa hakly düýe ýaly kitüwli bolýar. Ol ýaşlygynyň gadryny gowy bilýär, ýöne ýüz ýyl geçenem bolsa, öýke-kinäni hem unudanok. Faris aýalynyň ýalbarmasyna gulak asman, Selimiňkä tarap ýola düşdi, barybam onuň aýal doganynyň günäsini ötmegini sorady, myhmançylyga çagyrdy. Selim gahardan ýaňa hum ýaly çişdi. - Näme samahyllap dursuň? Barypýatan azgyn heleýe öýlenip, indem menden günäsini ötmegimi haýyş edýärmiň? Ýok bol! Ederini bilmez namart, sen ony ýa öldürmeli, ýa-da diriligine ýere gömmeli ekeniň. Hudaý ursun, sen Fahda şyhyň ogly bolmaga mynasyp däl ekeniň! - Ol meniň çagalarymyň enesi ahyryn. - Sizem guraň, çagalaryňyzam gurasyn! Onuň günäsi ötülmeden geçendir. Faris gaýdanda, Selim onuň nirä gidýänine çenli yzarlady, soňam bir gün Faris öýe ýokka aýal doganynyň ýanyna geldi. - Selim, doganjygym, bu senmisiň? – diýip, Matbua ses edip aglady. - Hawa, men şol küren oba masgara eden agaň bolmaly. - Günämi öt doganjygym, ýalbaryplar soraýaryn – diýip, Matbua agasynyň aýagyna ýykyldy. - Indi muňa giç – diýip, ol Matbuany itekläp goýberdi-de, tüpeňiniň mäşesini gysdy. - Doganjygym, meni öldüräýdiň-le! - Ýok, adatymyzyň garşysyna gidip, sen özüňi özüň öldürdiň. - Eý Hudaý! Adatlarymyz dagy nähili gazap, adamlar! Hoş gal, Selim, men almytymy aldym... Çagalar ulyili bilen agladylar. Selim ylgap köçä çykyp, atyny ýüzin saldyryp gitdi. Tüpeň sesine Farisem geldi. Süýnüp ýatan Matbua gözi düşüp, ol: - Heleý, ýaralanaýdyňmy? – diýip, allaniçigsi bolup gygyrdy. – Saňa beýle el göteren kim? Sen kime ýürekden çykmajak ýamanlyk edipmişiň? – diýip, Faris gahardyr aljyraňňylygyň arasynda sorady. - Agama... - Wah, işi gaýdan! Jenaýatçy özüm ekenim-ow. Men näme üçin sen hakda gürrüň berdimkäm? - Ar alyndy, men ölýärin, şonuň üçinem ol başyny dik tutup gezip biler. Faris, senem aglama... Muhammet AL-MURZUKI, Tunis ýazyjysy. _________________________ * Farsah – 2230 metre barabar uzynlyk ölçegi. Terjime eden Daňatar BERDIÝEW. "Ýaş kommunist" gazeti, 1973 ý. Elektron görnüşe geçiren Tañryberdi ÇARYÝEW. Maddy hemaýatkäri Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |