23:45 Puşkiniñ Gurhana goýan sarpasy | |
PUŞKINIÑ GURHANA GOÝAN SARPASY
Edebi makalalar
Professor Ysmaýyl Kaýnagyñ "Türk-yslam medeniýetiniñ A.S.Puşkine eden täsiri" atly kitaby örän köp hakykatyñ üstüni açdy. Jemgyýetdäki özgerişlikler ýuwaş-ýuwaşdan durmuşa geçyär. Emma biziñ hemme zadyñ birden, duydansyz bolmagyna garaşmak meýlimiz bar. "Isanyň duşmanlary, Merýemiñ duşmanlary" diýlip, üstümize küşgürilen halklara "Ýok, beýle däl. Gurhanda ady agzalýan ýeke-tak zenan Hezreti Merýemdir. Gurhanda "Merýem" atly süre-de bar. Hezreti Isa bilen Hezreti Merýeme dil ýetiren yslam dininden çykan hasaplanýar” diýilse, olaryñ bu sözlere düşünmekleri we pikirlerini özgertmekleri üçin birki ýyl ýeterlik däl, hatda, ol hakykatlary olaryň iñ uly gazetleri beýan eden-de bolsa ýeterlik däl. Sekiz gezek haçly ýöriş edilmegi-de, aslynda, asyrlardan bäri toplanan duşmançylykly pikirlerin we dolandyryşlaryň netijesidir. Puşkiniñ garry atasynyň asly araplaryň habeş tiresinden bolupdyr. Ol Stambulda köşk medeniyetiniñ täsirinde ösüp-kemala gelipdir. Şol mahal onuñ ady Ybraýym ekeni. Pýotr I-iñ köşgüne eltilensoñ, ony Abraam Petrowiç diýip atlandyrypdyrlar. Orsyýetde oña aýratyn tälim we terbiýe berlipdir. Puşkin bu barada "Beýik Pýotryñ araby" atly hekaýasynda gürrüñ beripdir. Ol şol eserinde atasynyñ artykmaç taraplary barada ýazypdyr. Petr I Ybraýym bilen Korsakowy bilelikde Pariže okuwa ýollapdyr. Petr Korsakowyň okaýşyndan nägile bolupdyr, ýöne Ybraýymdan hoşal bolupdyr, hatda onuñ musulman adyny götermegine-de rugsat berildir. Puşkiniñ yslamyýete we Gurhana bolan hoşniýetli garaýşy we söýgüsi öz gözbaşyny atasyndan alyp gaýdýar. Puşkin dogany L.S.Puşkine yazan hatynda (1824-nji ýylyñ noyabr aýynyň başlary): "Men Gurhan barada öwgüli sözler ýazdym, ýöne ugratmaga çekinýärin" diýip ýazypdyr. Şeýle hem Puşkin 1824-nji ýylyñ 29-njy noyabrynda dosty P.A.Wýazemskä ýazan hatynda: "Şu mahal Mekgeden Medinä gaçmaly boldum. Meniñ "Gurhanym" (şygyrlar) elden-ele aýlanýar" diyipdir. Puşkin bu hatynda "Gurhana öýkünmeler" atly goşgular toplumy barada gürrüñ edipdir. Birinji hatda şahyr Gurhan barada öwgüli sözler ýazandygyny ak ýürekden beyan edipdir. Ikinji hatda bolsa Pygamberimiziň (s.a.w.) Mekgeden Medinä göçmegini özüniñ sürgün edilişine meñzedýär. 1825-nji ýylda ýazan "Gözlenip ýörkäm, gowaklarda gizlenip ýörkäm" atly şygrynda: "Gözlenip ýörkäm Gowaklara girip Gizlenip durkam Men ruhlara ýarap Rahatlyk berýän Bir kitap okadym Ol beýik Gurhan Birden geldi Teselli Beriji melek Maña bir tilsim getirdi: Onuñ (Gurhanyñ) ylahy gudraty" - diýip ýazypdyr. Puşkin bu şygryny öz mülk yerlerine degişli bolan Mihaýlowsk atly obada sürgündekä ýazypdyr. Ol ýerde iñ agyr günlerde Gurhan okandygyny aýdyp, şol agyr ýagdaýyny Pygamberimiziň (s.a.w.) Hezreti Ebu Bekr bilen dagyň gowagynda duşmanlardan gizlenişine menzedýär. Ol Krymda ýaşayan bir garyp musulman maşgala barada gürrüñ berýän şygrynda-da, ors goşuny bilen Erzuruma gelşi barada ýazan "Syýahatnamasynda-da" ("Erzuruma syýahat") Gurhana goýýan sarpasyny, yslamyýete we musulmanlara bolan mähir-muhabbetini beýan edipdir. Abdylla AÝMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |