11:51 Adamzat taryhynyñ iñ beýik şahsyýeti | |
ADAMZAT TARYHYNYŇ IŇ BEÝIK ŞAHSYÝETI
Edebi makalalar
1978-nji ýylda Maýkl Hart atly ylmy-barlagçy özüniň “The 100” atly eserinde adamzat taryhynda ýaşap geçen iň täsirli 100 adamyň adyny sanap geçipdi we özüniň musulman däldigine garamazdan, bu sanawda Hezreti Muhammedi (s.a.w) birinji orunda goýupdy. Hart şondan birnäçe ýyl soň, has dogrusy, 1992-nji ýyda bu eserine üýtgeşmeler girizýär hem-de kitap edip okyjylara hödürleýär. Kitabyň giriş bölüminde şeýle sözler bar: “Biz ýaşaýan döwrümizdäki syýasy liderleri beýik adamlar hasaplaýarys. Ýöne olar wagtyň geçmegi bilen ýa-da aradan çykanlaryndan soň adamlaryň ýatlaryndan çykyp gidýär. Ilkinji kitabymda men hem şu meselede ýalňyşlyk goýberipdim, ýagny bu düşünjä aldanypdym. Ýöne ikinji kitabymda diňe bir öz ýaşan döwründe däl-de özünden soňky döwürlerde-de täsirini saklan adamlaryň durmuş ýollaryny öwrenmäge we beýan etmäge başladym. Iň täsirli şahsyýetleriň sanawyny düzen mahalym şahsyýetiň jemgyýete we bütin dünýä ýetiren täsirini, adamzat taryhynda nähili yz galdyrandygyny göz öňünde tutdum. Netijede, şeýle aýratynlygyň Hezreti Muhammetde has köpdügini gördüm käbir adamlar meniň bu pikirimi jedelli meselä öwürdiler emma meniň pikirimçe, Hezreti Muhammet (s.a.w) adamzat taryhynda dini hem-de syýasy ugurda iň peýdaly yz galdyran şahsyýetdir. Mysal üçin, Hezreti Isa bu ugurlarda o diýen uly rol oýnamandyr”. Maýkl Hartyň ýüz adamlyk sanawyndaky ilkinji onluga giren adamlar şulardyr: 1. Hezreti Muhammet, 2. Isaak Nýuton, 3. Hezreti Isa, 4. Budda, 5. Konfusiý, 6. Pawel, 7. Tsaý Lun, 8. Iogann Gutenberg, 9. Hristofor Kolumb, 10. Albert Eýnşteýn. Hezreti Muhammet alaýhyssalamyň eden işleriniň, ylahy sözleriniň geljekki asyrlarda-da hemmäniň ünsüni çekjekdigi anyk. Özüniň originallygyny, janlylygyny hemişe saklap gelýän Gurhana bäsleşip biljek hiç bir alternatiwanyň bolmandygyny we bolmajakdygyny-da bilýäris ol şeýle bir nurana şejeredir welin: “Ähli pygamberler onuň ýaşaýyş kökleri, öwlüýäler bolsa täze miweleridir. Onuň ähli hereketleri gudart bilen baglanyşykly pygamberlere we onuň keramatlaryna ynanýan öwlüýäler tassyklaýarlar. Çünki Hezreti Muhammet (sa.w) “La ilaha illallah” diýýär. Bütin sag we çep, ýagny geçmişde ýaşap geçen we geljekde ýaşap geçjek nurana zakirler bolsa bu sözi gaýtalamak bilen biragyzdan “Dogry aýtdyň, hakykaty sözlediň” diýýärler we diýerler” (19-njy söz). “Ähli bilbilleriň iň gowusy, iň hormatlysy, iň gözeli, iň owazlysy, iň ezizi, iň sabyrlysy, älemleriň bossanynda Ýeriň we gögüň ähli barlyklaryny özboluşly owazy bilen, şirin nagmalary bilen joşduran adamzat bilbili, adam oglunyň Gurhana eýe bilbili Muhammet alaýhyssalamdyr” (24-nji söz). “Biz Seni adamzada buşlukçy we ýolgörkeziji hökmünde iberdik. Ýöne ynsanlaryň köpüsi muny bilmez”. (“Sebe” süresiniň 28-nji aýaty). “Biz Seni bütin äleme rahmet hökmünde iberdik”. (“Enbiýa” süresiniň 107-nji aýaty). Beýik Allatagalanyň Ýere we göge buşluk hökmünde iberen ynsany Hezreti Muhammet (s.a.w), elbetde, adamlaryň arasynda gowularyň gowusyna laýyk ynsandyr. Onuň ynsanlara getiren mukaddes habarlary, dumuşda ynsanlara görkezen nusgalary bütin adamzada, hatda perişdeleriň dünýäsine hem örän uly täsir eden we edýän aýratynlyga eýedir. “Ýöne ynsanlaryň köpüsi muny bilmez” diýen hakykata jogap hökmünde ony ýürekden söýýändigimizi subut etmeli adamlar bolan biziň üstümzie örän köp wezipäniň düşýändigi mälim. Dünýäde öçmejek yz galdyran 100 sany şahsyýetiň sanawynda birinji orna mynasyp bolan beýik şahsyýetiň ymmaty bolmak bagtynyň bize miýesser edendigi hem bizi oýlandyrmalydyr. Abdylla AÝMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |