15:19 ABŞ-daky haosyñ gözbaşy | |
ABŞ-daky HAOSYÑ GÖZBAŞY
Publisistika
Ideal, ynanç we umumy taryh jemgyýetleri bir ýere jemleýän üç möhüm zatdyr. Şol bir maksadyñ, bir bitewi ynanjyñ we umumy taryhyñ ogullary bu gymmatlyklaryñ içinde bolmak üçin biri-birlerine hemdem bolmalydyrlar. Ideallary, ynançlary, etnoslary ýa-da taryhlary dürli-dürli bolan jemgyýetleri bolsa güýç, ykdysady bähbit we häkimiýete bolan ymtylyş bir ýere jemleýär. Şol nukdaýnazardan güýç we bähbit jemgyýetleriñ başyny bir ýere birikdirip saklamakda ýelimiñ funksiýasyny ýerine ýetirýär. ■ Döwlet nähili döredi? Tomas Gobbsyñ pikiriçe adamlar ilkibaşda anarhiýada baş-başdak, has takygy wagşyçylykly durmuşda ýaşaýardylar. Adam adamyñ ýagysydy. Adam özüniñ ýagysy bolan başga bir adamdan goranmak üçin ygtyýarlygyny döwlet atly ýokary ygtyýarly toparlanma beripdir. Gobbsyñ mantygy bilen dowam edilende bolsa, adamy adamdan goramaga borçly kişi (polisiýa) adamyñ ýagysyna öwrülende, bu gezek adam özüni döwletiñ adyndan hereket edýän polisiýa garşy goramaga mejbur bolýar. Şeýdibem ihkaky-hak (öz hakyñy zorluk ulanyp almak) diýilýän hakykat zuhur etmeli bolýar. Beýleki bir tarapdan guramaçylykly syýasy režime öwrülen döwletiñ golastynda ýaşaýanlar güýçden gaçanlarynda we ykdysady ýitgi çekenlerinde bileleşiklerini gaýtadan gözden geçirmäge mejbur bolýarlar. Muña uýgun şertleriñ döremegi problemany hasam çuñlaşdyrýar. Amerikan halkyna şu tarapdan seredeniñde baş-başdaklygyñ islendik wagt döräp biljek jemgyýetidir. Bu ýurtda halk çakdanaşa tüçjarlygy we çakdanaşa garyplygy şol bir wagtyñ özünde, şol bir ýerde gapdal-gapdala ýaşaýan adamlardan ybarat. ABŞ-da ýüze çykan nägileligi, çaknyşyklary we talañçylykly hereketleri şu nukdaýnazardan seljermek gerek. Amerikada halkyñ agzyny birikdirýän gymmatlyklaryñ soñky wagtlarda güýjüni ýitirmegi we zyýana galmagy haotiki ýagdaý döretdi. Amerika hakyky manyda çaprazlyklaryñ ýurdudyr. Fransuz syýasatçysy Aleksis de Tokwiliñ baha berşi ýaly: "ABŞ-da dinçiler azatlyga duşmançylyk besleýärler, azatlygyñ janköýerleri-de dine hüjüm edýärler. Aristokratlar we ýokary añ-düşünjeli adamlar baknalygyñ aklawjysyna öwrüldi, gulçulyk ruhunda kemala gelenler we garamaýaklar özbaşdaklyga arka çykýarlar. Hakykatyñ tarapdary bolan progressiw adamlar baş-başdaklygyñ her tüýslüsine garşy çykýar, ýurtda bimaksat selpeşip ýören we watansöýüjilik bilen zerre baglanşygy bolmadyk toparlar özlerini medeniýetiñ ýeke-täk howandary hem-de galkynyşyñ öñbaşçylary hökmünde tanatmakdan çekinenoklar". *** Soñky wagtlarda şeýlekin añyýetden ugur alan birnäçe üýtgeşme agzybirligi we jebisligi zäherläp bilşine zäherlrdi. Bularyñ belli-başlylarynyñ üstünde şular ýaly tertipde durup geçse bolar: ABŞ-da adam başyna düşýän ortaja girdejiniñ deñsizligi iñ soñky ýetjek derejesine ýetdi. Şol bir işde işleýän akýagyzlar bilen garaýagyzlaryñ girdejisiniñ arasynda 50 müñ dollardanam gowrak tapawut bar. Amerikada turan gahar-gazabyñ şular ýaly ykdysady kökleri bar. Ölüm babatda-da adamlar deñ däl. Ýurtda koronawirus ýolugyp ölenleriñ 60%-i garaýagyzlardyr. (Bu bolsa garaýagyzlara edilýän saglyk hyzmatynyñ juda ýaramazdygynyñ alamaty -terj.belligi) Deñsizlik köre-hasa. Koronawirusa garşy göreş bahanasy bilen hak-hukuklaryñ we erkinligiñ gysylmagy halkyñ içinde uly trawma döretdi. Şol trawma hem topalañy tizleşdirdi. Köpçülikleýin ýokanç zerarly millionlarça adamyñ işsiz galmagyndan soñ emele gelen ýaşaýyş-durmuş kynçylygy we gahatçylyk adamlaryñ elinde başga ýitirer ýaly zat goýmady. Hut şu ýagdaýam adamyñ dünýä bilen baglanyşygyny azaltdy. Amerikada halkyñ hakydasynda taryhy taýdan ornaşan akýagyz-garaýagyz çaprazlygy agyr durmuş şertlerinde hasam aýdyñ ýüze çykýar duruberýär. Tramp häkimiýetiniñ diýdimzor, adam saýlaýjy, bölüşdiriji we saýrylaşdyryjy syýasy tutumy potansial nägileligi hasam artdyrdy. Polisiýa işgäriniñ hemmeleriñ gözüniñ alnynda garaýagyz şahsy demikdirip öldürmegi sabyr käsesini dolduran iñ soñky damja boldy. Adamlarda polisiýanyñ eden-etdiligine garşy çykmakdan başga ýollar bilen hak-hukugyñy talap etmegiñ mümkin däldigi baradaky düşünje döredi. Polisiýanyñ eden-etdiligi jynsparazlygyñ amerikan jemgyýetini sabyr-takatsyzlyga äkidendigini, dynnym ýalyja uçgunyñ ýurdy ýangyn ýerine öwrüp bilýändigini görkezdi. Polisiýanyñ eden-etdiligi amerikan raýatlarynyñ umumy bähbitlere, döwlete, asylly maksatlara, prinsiplere, parahatçylyga we agzybirlige bolan baglanşygyny gowşatdy. ABŞ-da dek şumat ýetjek derejesine ýeten gapma-garşylygyñ döremegine howpsuzlyk meselesi däl-de, eýsem adalatsyzlyk, deñsizlik, açlyk itergi berdi. Özjan ÝENIÇERI, ozcanyeniceri@gmail.com 05.06.2020 ý, "YENIÇAĞ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|