02:06 Jynsparazçylykly zorlugyñ añyrsyndaky meýil | |
JYNSPARAZÇYLYKLY ZORLUGYÑ AÑYRSYNDAKY MEÝIL
Publisistika
Garaýagyz adam polisiýa ulagynyñ ýanynda ýüzin ýatyrylýar. Ýanyndaky işdeşleri bilen birlikde bir akýagyz polisiýa işgäri onuñ boýnuna dyzy bilen dözümli basýar. Görgüli hyrkyldap ýatan ýerinde zordan diýen ýaly "Dem alyp bilemok... Bular meni öldürjek bolýar" diýip gygyrýar. Akýagyz polisiýanyñ garaýagyz raýatyñ garşysyna eden bikanun hereketlerine ABŞ-da sekuntma-sekunt tomaşa edildi. Elini jübüsine sokup duran poliseý ýere ýatyrlan garaýagyz adamyñ boýnunyñ ýogyn damaryna dyzyny basyp, pahyry demikdirip goýdy... Töwerekdäkileriñ "Barybir eliñizde ahyry, bolmanda dem alar ýaly ediñ" diýio gygyryşmalaryna garamazdan akýagyz polisiýa işgäri garaýagyz adamyñ bogazyna barha beter basýar we ony bogup öldürýär. Eli ýaragly güýçleriñ basyrnyp ýatan jynsparazçylykly ýigrenji şular ýaly ýagdaýlarda görnetin ýüze çykýar duruberýär. Polisiýanyñ gyzylhamlylardan (indeýler) soñ garahamlylary (negrler) şeýlekin arkaýyn öldürip bilmegi, aýagyndan ursa-da boljak kişisiniñ kellesinden atmagy ýa-da adamyñ bogazyna dyzy bilen basyp öldürmegi häzirki amerikan jemgyýetinde adaty ýagdaýa öwrüldi. Doñýürek akýagyz polisiýa işgärleriniñ ABŞ-da eden bu ýowuz jenaýaty halk köpçüliginiñ aýaga galmagyna sebäp boldy. Wideoýazgy ýaýrap-ýaýramanka köçeler ýekegapan girene döndi, dükanlar oda berildi, käbir ýerlerde amerikan baýdagy ýakyldy. Amerikan polisiýasynyñ, has dogrusy onuñ bar boluş sistemasynyñ döreden bu jenaýatynyñ soñky täsirleri häzirem dowam edýär. Edilen jenaýat jynsparaz poliseýleriñ şizofrenik hereketinden has beterini görkezýär. Amerika diýilýän ýurt - ýakyn geçmişde ýüz müñlerçe adamyñ depesinden bir demde "Enola Gay" atom bombasyny gaşyny çytmazdan atyp ýok eden ýurtdur. Heniz amerikan esgerleriniñ adamzadyñ wyždanyna garşy Guantanamo we Ebu Gureýp türmelerinde adam hukuklaryny depgileýişleri hem-de bendilere görkezen jebri-jepalary hakydalarda häzirem şo durşuna dur. MRU-nyñ (CIA) dürli ýurtlardan ogurlan adamlaryny uçarlarda we gämilerde ýowuz gynamalardan geçirmegi ýa-da poliseýleriñ wagtal-wagtal görkezýän bikanunçylygy ABŞ-nyñ dürli ýagdaýlardaky bihaýaçylykly añasty añyny görkezýär. Amerikan taryhynda we medeniýetinde giñden ýaýran hem-de özeninde amatyny peýläp ýatan basyrylgy jynsparazçylykly duýgular bar. Akýagyz dälleriñ garşysyna gönükdirilen adamkärçiliksiz çemeleşme, jynsparazlyk, etniki arasallaýyş medeniýeti ABŞ-nyñ añasty añydyr. Bu duýgular mümkinçilik dörände we amatyny tapanda añyñ ýokarsyna çykýar. ABŞ-da indeýleriñ we negrleriñ deñhukuklydygy kanun arkaly kepillendirilenem bolsa, ýapyk gapylaryñ añyrsynda şol kanunlaryñ güýji ýokdur. Häzirki wagt koronawirus ABŞ-da, hususanam Nýu-Ýork şäheriniñ garaýagyzlaryñ we hispanikleriñ ýaşaýan raýonlarynda ýaýrap, bolar-eder ýaly bolmady. Garaýagyz aktiwistler köpçülikleýin keseliñ soñky tolkunynda ölenleriñ her ýüz adamdan altmyşynyñ garaýagyzlardan we hispaniklerdendigini aýdýarlar. ABŞ-da indeýler, afroamerikanlar, musulmanlar, bosgunlar we başgalar hukuk taýdan deñhukukly hasaplansa-da, aslynda deñlik diýen zat ýok. Ýogsam bolmasa Tomas Jeffersonyñ 1776-njy ýylyñ 4-nji iýulynda bütin dünýä jar eden "Garaşsyzlyk deklarasiýasynda": "Ähli adamlar deñ ýaradylandyr. Olar Ýaradanyñ bagyş eden käbir eldegrilmesiz hak-hukuklara eýedirler. Ýaşaýyş, erkinlik we bagtly durmuşa ýetmek ýaly hukuklaram şularyñ arasyndadyr" diýen jümleler bardy. Dogrusyny dogry aýtmaly, deklarasiýadaky şeýlekin ynsanperwerçilikli sözlere garamazdan Jeffersonyñ ýurdy bolan Amerikada şol günden tä häzirki güne çenli "akýagyz-garaýagyz", "gyzylhamly-akýagyz", "palestinaly-ysraýylly", "musulman-hristian" ýaly agzalalyk dörediji we jynsparazçylykly çemeleşmeler hemişe bolup geldi. Düýn Ýaponiýanyñ ýüz müñlerçe raýatynyñ ölümine sebäp bolan atom bombasyny Jeffersonyñ ýurdy atdy. Arnold Toýnbi "Amerikadaky iñlis kolonialistleriniñ "Köne Ähdiñ" üstünde üýşmegi, olara dinsizleri ýok boýunça wezipelendirilen saýlama halkdygy baradaky ynanjy döredendigini" öñe sürüpdi. Çomskiý indeýleriñ garşysyna ulanylan wagşyçylykly tilsimleri şeýle gürrüñ berýär: "Eksplutatorlar indeýleri ýarak itler bilen awlaýarlardt, aýal-ebtatlaryny we çagalaryny öldürýärlerdi, ekin meýdanlaryny talaýarlardy. Birem indeýlere odeýal satýarlardy, ýöne ol odeýallar ospa keseliniñ mikroby ýokuşdyrylan odeýallardy". Güýç zalymlaryñ elinde göz öñüne tutulan maksatdan daşgaryn ulanylanda adamkärçiligi däl-de, imperializmi bina edýän gurala öwrülýär. Ynha, dek şumat ABŞ-da bolup geçýänlerem şundan ybarat! Özjan ÝENIÇERI, ozcanyeniceri@gmail.com "YENIÇAĞ" gazeti, 02.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |