AÇGÖZ SYÇANJYK
Çöl beýewanda bir syçanjyk ýaşaýardy. Ol meýdandaky dürli-dümen ot-çöpleriň dänelerini hinine ýygnap, ýyl boýy kowumdaşlary bilen bolelin durmuşda ýaşap ýördi. Emma şol ýyl gurak gelip, syçanlaryň ýygnan gyz azygy ýese-ýetmeziräk boldy. Gyşyň ahyrynda iýmitleri azalyp, ýaza çykmak hylalla bolup başlanda, çal syçanjyk hinlerini taşlap, öz bagtyny ýat ýerlerden gözlemegi müwessa bildi. Gezenje syçanjyk kowumdaşlarynyň töwellasyna bakman, köneje horjuny egnine atyp ýola düşdi.
Ol özüniň nirä barýandygyny hem anyk bilenokdy. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyr bir oba ýetdi. Jaýdan-jaýa, öýden-öýe aýlanyp ýörşüne biriniň aşhanasynda galan-gaçandan garnyny doýudy-da: “Iň hezili şu ýer eken” diýip, şol ýerde galyberdi. Ol ýerde bol azyk-owkadyň içinde çal syçanjyk tiz semräp gitdi.
Günleriň birinde syçanjyk öz dogduk depesini küýsedi. Onsoň köneje torbasyny nohutdyr-noýbadan dolduryp, kowumdaşlarynyňka myhmançylyga ugrady.
Çöl syçanlary ony birbada tanamadylar. Soňra onuň şol çal syçanjykdygyny bilip, gadyr bilen gujak açdylar. Hiniň töweregindäki ýumşajyk ot-çöpleriň üstüne geçirdiler. Çal syçanjyk bolsa gaýşaryp oturşyna, özüniň täze ýurtdaky durmuşy barada süýjiden-süýji gürrüň berdi. Kowumdaşlary onuň başdan geçirmelerine täsin galyp, özlerine hem şeýle bagtly ykbalyň nesip etmegini dileg etdiler. Ýene gelip durmagyny sargap, syçany ýola saldylar.
...Öý eýesi däneli çuwanlardaky deşikleri görende, bu ýere gemrijiniň aralaşandygyny bada-bat bildi. Ogryny tutmak üçin üsti peýnirlije gapan gurup goýdy. Ýöne adamzadyň bu hilesinden habarly çal syçanjyk peýniri näçe ymsansa-da, gapana golaýlaşmady. Onsoň aşhananyň eýesi del myhmandan dynmak üçin başga bir çäre tapdy...
Bir gün çal syçanjyk ýene-de myhmançylyga gitmäge şaýlandy. Özi hem bu saparynda kowumdaşlaryny has tagamly nygmat bilen hezzetlemegi ýüregine düwdi. Aşhanada aýlanyp ýörkä, tekjede ýatan bir bölek täzeje peýniri gören çal syçanjyk begenjinden ýaňa uçaýjak boldy. Açgözligi oýanan çal syçanjyk: “Dost-ýarlarym köp, peýnir bolsa azyrak. Olara eltsem, birine ýetmese göwün eder” diýen boldy-da, yzyna dolanyp, peýnirden gerk-gäge doýdy. Kowumdaşlaryna bolsa nohut-noýba äkitdi.
Gijäniň tümligini peýläp ýola düşen syçanjyk, daş-töweregine garanjaklap, obadan çykdy.
Çöl syçanlarynyň mekanyna baryp ýeten çal syçanjyk ýene-de gadyr bilen garşy alyndy. Kowumdaşlary munuň getiren peşgeşine monça boldular. Gezenje çal syçanjyk ýagly peýniriň ysy gitmedik murtlaryny towlap, törde özünden göwni hoş bolup, öwnüp otyrdy. Birdenkä içinden bir zatlar tutup, ýüzi agaryp, tüýleri hüžžerip, iki ýana towlanyp ugrady. Wagtynda tebip syçan gelip ýetişmedik bolsa, bu ahwalatyň neneň tamamlanjagy belli däldi.
---Ähli bela şunda-diýip ak tüýli tebip syçan zäherlenen peýniri görkezdi.
---Ýok, ähli belalaryň körügi meniň açgözlügimde- diýip, çal syçanjyk müzzerildi.
Oba dolansa, özüne has ýowuz kysmatyň garaşýandygyny bilip, çal syçanjygyň indi hiç ýana gidesi gelmedi. Dogduk mekanyndaky öňküje hininde galyberdi.
Ol häzir hem şol ýerde ýaşaýar.
Ertekiler