ADAMLAR KEJEÑEK BOLUPDYR
Gyş tamamlanyp, ýazyñ burny görnüp ugran günleriniñ biridi. Bir ýatanymdan soñ, känbir oýanmam ýokdur welin, şol gezek daña ýakyn oýandym-da, daş çykdyn. ''Gel, mal - garalara aýlanaýyn-la'' diýip, mellegiñ aýagujyndaky ýataga tarap ýöneldim. Ýatagyñ ýanyndaky basylgy duran bede küdesiniñ başynda bir gara gözüm kaklyşdy. ''Goñşularyñ biriniñ maly boşap geläýdimikä'' diýen pikir bilen küdäniñ ýanyna bardym. Golaýyna baramsoñ, ol garanyñ adamdygyny, özüniñem bede bogdaklaryny ýeke-ýekeden sogrup, gapdalyna taşlaýandygyny saýgardym. Ol asyl garabaşyna gaý bolup, meniñ baranymam duýanok. ''Ähem ㅡ ühüm'' edip üsgürinjirän boldum. Ýañky adam çekilip, çalasynlyk bilen bärsine öwrülip:
ㅡ Goñşy, bi özüñmi, hemme saglykmydyr? ㅡ diýensoñ, onuñ goñşym Wellek agadygyny bilip galdym. ''Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz'' diýleni, il-gün aýdýardy welin, ugrunda bar eken-ow...'' diýip, içimi gepledip, äm-säm bolup durun. Wellek aga welin göwnibir ýaly:
ㅡ Inim, adamlar ýaman kejeñek bolupdyr, how! Durdy keçjäñ agzaçarynda señ şu bedäñ gürrüñi boldy. Men şu üýşmekdäki bede ýüz bogdak bardyr diýdim. Pürli keliñ dagy bilýän zady ýokdur welin, ähli ýere burnuny sokýar, sesini çykarman oturybermeli halyna: ''Şol bede ýetmiş bogdakdan köp däldir'' diýip, eñegine tutup otyr. Garaz, şol dawadan soñ, öýe gelip ýatsamam, hiç ukym tutmady. Onsoñ, ''Gel şuñ magadyna ýeteýin-le'' diýip, bedäñi sanap durşum, goñşy!
Näme diýjegimi bilmän, alasarmyk halda az-kem durdum-da:
ㅡ Gaýrat et, hasabyñy bir ýalñyşaýma, goñşy! ㅡ diýip öýe gaýdyberdim.
Annamyrat HOTJYÝEW.
Satiriki hekaýalar