21:03 Seýidesen pir | |
SEÝIDESEN PIR
Taryhy şahslar
• Seýidesen pir kim bolupdyr? Seýidesen (Seýithasan) pir takmynan, 1880-nji ýyllarda Mary welaýatynyñ Murgap etrabynda dünýä inipdir. Onuñ kakasyna Nyýazmuhammet hoja, atasyna Tahyr hoja diýipdirler. Seýidesen on ýaşladyndaka ilat arasyna agyr garahassalyk keseli ýaýraýar. Bu elhenç kesel köp adamyñ ganyna galýar. Nyýazmuhammet hojanyñ dört ogly, iki gyzy bu kesel zerarly aradan çykýar. Seýidesen bilen ondan kiçisi Ymamesen (Ymamhasan) welin ýowuz keselden aman galýar. Şeýle-de bolsa, Seýidesen bu kesel bilen üç ýyllap düşekde ýatýar. Ol syrkaw ýatyrka bir günläp özüni bilmän ýatýar. Ata-enesi onuñ başujuny saklaýarlar. Şol ahyr halda Seýidesen düýşünde bir ahwala duş bolýar. Bolup geçen ahwal şeýleräk gürrüñ berilýär: adama meñzeş gara bethaýbat bir zat gelip: "Men seniñ janyñy almaga geldim" diýip ony aldym-berdime salyp başlaýar. Edil şol wagtam bugdaýreñk, ak sakgally, ýüzi nurana biri gelip ol bethaýbaty hasasy bilen 3-4 gezek urup ýere ýykýar. Ol gelen nurana kişi: "Meniñ adym Täçmuhammet. Size kömek bermäge geldim. Size ýeñseki ýapdan añyrdaky ymaratda bir peri garaşyp otyr" diýip, gözden gaýyp bolýar. Seýidesen şol ýapdan geçip, aýdylan ymarata barýar. Binanyñ içinde dörtburç päkize, owadan jaý bar. Şol jaýa girse, birtopar sopy tegelenip doga okamak (zikru-sema) bilen meşgullanyp otyr. Töweregi hem perdeden dolumyşyn. Seýidesen baryp olara goşulýar. Sopularyñ biri onuñ elinden tutup, perdeleriñ birini galdyrýar. Perdeleriñ añyrsyndan bir peri ör turup: "Saña garaşyp otyryn" diýip, Seýideseniñ boýnuna gol salanyndan, kybladan bir gapy açylýar we ýañky Täçmuhammet diýen kişi peýda bolýar. Ol: "Eý, oglum, bu peri mübärek bolsun. Şu pyýala suwy içip, peri bilen boluñ" diýip ýene gaýyp bolýar. Seýidesen şol pyýala suwy içende kybla tarapdaky işikden hoşboý şemal ýüzüne urup, gözüni açýar. Bir görse, ata-enesi aglaşyp, agzyna pagta bilen suw damdyryp oturanmyşlar... Şondan soñ ol kem-kemden oñatlaşyp başlaýar. Köp wagt geçmänkä tanymal sopulardan Muhammetberdi diýen kişi ony soramaga gelýär. Seýidesen iki gün myhmançylykda bolan Muhammetberdä gizlinlikde düýşüni aýdyp berýär. Muhammetberdi düýşi şeýle ýorýar: "Gara bethaýbat kişi siziñ derdi-belañyzdyr. Täçmuhammet bolsa Muhammet aleýhyssalamyñ ruhudyr. Ýeñseki ýap Murgap derýasydyr. Ymarat Suhannazar işanyñ jaýydyr. Dörtburçly, päkize, owadan jaý metjitdir. Metjidiñ içinde doga okap oturanlar Suhannazar işan we onuñ sopularydyr. Asylgy duran perdeler pirlik mertebeleridir. Size garaşyp duran peri pirlikdir. Içen bir pyýala suwuñyz ylymdyr. Siz Suhannazar işanlara baryp ylym almaly. Muhammet aleýhyssalamyñ ruhy size pirligi mübärekläpdir. Bizem sizi mübärekleýäris" diýýär. Ata-enesi garran we heniz inisi hem ýaş bolansoñ eklenç başyna düşen Seýidesen her niçigem bolsa ýagdaýdan çykalga tapyp, Suhannazar işandan ylym alýar. Ol on alty ýyllap gündizine işana, il-güne hyzmat edýär, daýhançylyk edýär, gijelerine ylym alýar. Il-günüñ sylagly adamsy bolup ýetişen Seýidesen pir metjit, medrese gurdurýar, daş guýy gazdyrýar. Isleg bildirenlere dini ugurdan bilim berýär. Onuñ öz eli bilen ýazan ömür beýany piriñ neslinden bolan, ýagny onuñ agtygy Mary welaýatynyñ Wekilbazar etrabynyñ "Täze durmuş" daýhan birleşiginde ýaşan Seýidalawetdin Orazmuhammet oglunda saklanyp galypdyr. Ol öz pikirlerini, dünýä garaýyşlaryny goşgy setirlerine hem siñdiripdir. Agzalan golýazmada onuñ goşgularynyñ birnäçesine duş gelmek bolýar. • Maşgala ýagdaýy Heniz 13 ýaşyndaka düýş arkaly pirlik patasy berilen Seýidesen pir bolşewikleriñ ýurdumyzyñ üstüne gara bulut bolup çökmegi bilen ýanalyp başlanýar we ol 1931-nji ýylda maşgalasyny alyp Owganystana gitmäge mejbur bolýar. Onuñ Ogulbossan we Täjigözel atly iki aýaly, Saparmuhammet, Orazmuhammet, Seýitmuhammet atly üç ogly we başga-da üç gyzy bolýar. Uly gyzy Aýpaşa (Mamajan) bärde galýar we 1972-nji ýylda Wekilbazar etrabynda aradan çykýar. Piriñ Bakymuhammet atly ogly we Bibirabyga atly gyzy Owganystanda Garaşsyzlygymyzy alan döwürlerimiz hem ýaşap ýörenmişinler. Olar barada häzir başga bilýän zadymyz ýok. Toýda gelip gowşan kitap Seýidesen piriñ ömür beýanyny 1992-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda onuñ agtygy Seýitbahawetdiniñ toýy güni Ýolöten etrabyndan biri gelip: "Şu kitaby Seýidesen pir 1931-nji ýylda Owganystana barýarka, biziñ garry enemize goýup gidipdir. Ol birmahallar biziñ nesillerimiz gaýdyp geler, şonda şu kitaby şolara gowşuryñ diýipdir. Bizem siziñ piriñ nesilleridigiñizi bilip geldik. Ynha, okap görüñ. Özüñiziñki bolsa eýe çykyñ, bolmasa-da yzyna beriñ. Bu bize amanat goýlan zat, hak eýesine gowşurmaly" diýip Seýitalawetdin aganyñ eline berýär. Okap özlerine degişlidigine göz ýetiren doganlar ol kişa köp-köp sag bolsun aýdýarlar. Şeýdibem toýuñ şatlygy goşalanýar. Şu ýerde ýene bir zady ýatlap geçsek artykmaçlyk etmezdi. Murgap etrabynyñ çäginde "Muhat hoja" diýen gonamçylyk bar. Bu gonamçylygyñ gonambaşysy Seýidesen piriñ kakasy, il arasynda Muhat hoja diýip atlandyrylan Nyýazmuhammet hojadyr. Goý, Seýidesen piriñ eziz ruhy bizden şat bolsun! Annamyrat HOTJYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |