02:04 Adamzadyñ demokratiýa ugrundaky göreşi | |
ADAMZADYÑ DEMOKRATIÝA UGRUNDAKY GÖREŞI
Publisistika
ABŞ-da bir poliseýiñ adam öldürmegi külli amerikan halkyny aýaga galdyrdy. Trampyñ Injili gujaklap artistlik etmegi-de peýda bermedi. Öldürilen Floýduñ hossarlary halky sowukganlylyga çagyransoñ, mähelläniñ gowry biraz kiparlaşan ýaly etdi. Şol iki arada bolsa eden-etdiçilikler we talañçylyklar bolup geçdi. Demokratiýanyñ bermeli bar... Eger jemgyýet bu pidany bermeýän bolsa, despot režimlerde polisiýa her gün adam öldürýär we gysaja gysdyrylan halk köpçüligi muña garşylyk berip bilmeýär. Şol ikiarada köpçülikleýin tolgunşyklarda eden-etdiçilikli hereketler, talañçylar hem bolup geçýär, ýöne biz bulary-da tolgunşygyñ hasabyna alaçsyz ýazmaly bolýarys. Taryhda ynsanperwer gymmatlyklar diñe demokratik şertlerde ösüpdir, kämilleşipdir. Häzirki wagtda demokratiýa gartaşma döwrüne girdi. Garaşýanymyz bolsa demokratiýa döwrüdir. Demokratiýa eýýamynda adamlaryñ ýaşaýyş-durmuş derejesi-de iñ ýokary sepgide çykýandyr. Adamzat taryhyna ünsli ser salsak, demokratiýa babatda gapma-garşylykly netijelere gabat gelýäris. Adamzadyñ tebigatynda demokratiýa we erkinlik barmy ýa-da kimdir birine, bir alamata, ýa bolmasa bir ynanja boýun sunmak barmy? Eger adamyñ tebigatynda demokratiýa we erkinlik ýok bolsa, näme üçin adamzat taryhy demokratiýa ugrunda göreşipdir we pida beripdir? Eger demokratiýa we erkinlik bar bolýan bolsa, näme üçin bu asyrda häzirem diktatorlar bar? B.e.öñki 450-nji ýyllarda Afinyda çäklendirilen şäher demokratiýasy bardy. Aýal-gyzlar we gul-gyrnaklar muña dahylly edilenokdy. Diñe kämillik ýaşyna ýeten erkekleriñ halk mejlislerinde söz sözlemäge we ses bermäge hukugy bardy. 375-nji ýylda Rimde raýatlyk hukuklary-da şolar ýaly görnüşde çäklendirilendi. Ýewropada adam hukuklary we azatlyk ugrundaky göreş müñlerçe ýyla çekdi. XIII asyrda Angliýada londonlylaryñ goldawy bilen baronlar aýaga galdy. Papa Innokentiý III we baronlar 1215-nji ýylda korola latynça ýazylan "Magna Karta" ("Magna Carta Libertatum" - Beýik erkinlikler şertnamasy) gol çekmäge mejbur etdiler. "Magna Kartanyñ" biziñ günlerinize çenli gelip ýeten ähmiýeti onuñ mazmunyndan ötri, baryp-ha şol döwürde ýönekeý raýat hökmünde iñlisleriñ hukugyñ eldegrilmesizliginiñ, adam hukuklarynyñ we erkinlikleriniñ nämedigine düşünendiklerini görkezýänligidir. Häzirki döwrüñ her bir adamynyñ "Magna Kartany" iñ bolmanda bir gezek okap görmegi gerek. Angliýada demokratiýa ugrundaky göreş şol ýeten sepgidi bilenem çäklenmedi, iñlis halkynyñ azatlyk ugrundaky göreş dört ýüz ýetmiş dört ýyllap dowam etdi. 1689-njy ýylda "Iñlis adam hukuklary deklarasiýasy" çap edildi. Bu deklarasiýa arkaly "Angliýada adam bedeniniñ başgalara degişli däl-de, hut adamyñ özüne degişlidigi" jar edildi. Germaniýada-da nemes daýhanlary 1525-nji ýylda "Daýhanlaryñ 12 maddasy" atly şikaýatnamasy arkaly özleriniñ iýlen hak-hukuklarynyñ ep-eslisini aristokratlardan gañryp almagy başardylar. Adamzat taryhy azatlyk we demokratiýa üçin göreşende, hökman uly-uly pidalary beripdir. Ýeri gelende aýtsak, 1789-njy ýylyñ Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ jemgyýetçilik zeleli-de uly bolupdyr, emma dünýäde demokratiýanyñ öñüni açmakda beren peýdasy-da ummasyz uludyr. Adamzadyñ demokratiýa we erkinlik babatda bir çaprazlygy-da diktatorlar meselesidir. Müñýyllyklara çeken demokratiýa ugrundaky göreşinden soñam näme üçin we nädip ýene Gitler, Mussolini, Saddam, Putin, Çawes we biziñ günlerimiziñ Ýakyn Gündogarynda agalyk sürýän diktatorlar bar bolup bilýärkä? Bu çaprazlygyñ başynda "boýun sunmak" tradisiýasy bar. Boýun sunmak soñ-soñlar dinleriñ we din täjirleriniñ adamlary eksplutatirlemek we ulanmak üçin kämilleşdiren tradisiýasydyr. Bu ýaramaz däp bilen syýasatçylar döwlete we häkimiýete eýe bolupdyrlar we şol bir ýol arkaly dünýäniñ bol-telkiliklerinden has añsat we has köp peýdalanypdyrlar. Boýun sunmak däbi ilkibaşda Orta asyrlar gutarýança hristianlygyñ, soñra we hatda şindi-şindiler syýasy yslamyñ döreden we empozirlän, adamyñ adamy eksplutatirlemegi üçin düzgünleşdiren duzagydyr. Taryhda we biziñ günlerimizde dini syýasy duzak hökmünde ulanýanlar adamlaryñ ruhuny eksplutatirläp, syýasatda populizm döredip netije gazanýarlar. Diktatorlar awtokratiýany dowam etdirmäge mejburdyrlar, çünki diktatorlar, patyşalar we emirler köşklerini maddy baýlyklaryny diñe şu ýol arkaly gorap bilýärler. Biz Azat-edijilik urşuny başdan geçirdik. Demokratiýanyñ ýoluny-da Atatürküñ guran Türkiýesinde rewolýusiýalar açdy. Rewolýusiýalar demokratiýanyñ binýadyny emele getirdi. Şol rewolýusiýalar bolmadyk bolanlygynda, demokratiýa hem bolmazdy. Emma jemgyýet hökmünde biz bu rewolýusiýalaryñ miwelerine taýynja ýetdik. Pida bermedik. Şonuñ üçinmi nämemi, demokratiýa babatda ýeterlik netijäni gazanyp bilemzok, ýeterlik çemeleşmäni görkezemzok. Esfender KORKMAZ, esfender@esfenderkorkmaz.com "YENIÇAĞ" gazeti, 05.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetinuñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |