03:31 Demokratiýada akyl tutulmasy | |
DEMOKRATIÝADA AKYL TUTULMASY
Publisistika
Tramp ABŞ-nyñ prezidentler taryhyna başga mysaly bolmadyk ýeke-täk adam hökmünde girdi. Trampa mundan beýläk ABŞ we dünýä "Içi pak adam, populist, Post Truth" hökmünde baha berýär. Post-truth ("Постправда", ýagny "hakykatdan soñky syýasat") 2016-njy ýylyñ amerikan saýlawlarynda üns merkezine giripdi. "Hakykatdan añyrsy" diýen manyda ulanylýar. Real we ylmy hakykatlardan daşdaky duýgulara we ynançlara esaslanýan çemeleşmäni añladýar. Şonuñ üçin bu şol bir wagtyñ özünde populist çemeleşmedir. Populizm syýasy duzakdyr. Syýasatda din eksplutasiýasy we populizm halkyñ gözýetimine gulp urýar. Tramp hut şu ýol arkaly saýlandy. Emma Trampyñ Injili we buthanany syýasy gural hökmünde ulanmagy hiç hili peýda bermedi. Tramp gitse ABŞ ýaly boýun sunmak däbi bolmadyk demokratik ýurtlarda bu duzagyñ hasam gysga dowam edendigini-de arkaýyn aýtsa bolar. Taryhda genosid eden diktatorlaryñ aglabasyny halk saýlady. Ýagny dünýäde millionlarça adamyñ ölümine sebäp bolan diktatorlary häkimiýete getirenlerem, onuñ yzyna eýerenlerem, ölenlerem şol bir saýlawçylardyr. Napoleon III (Çarlz Luis Napoleon Bonapart) ilki Fransiýada halkyñ ses bermegi bilen Prezidentlige saýlandy. Ol 1848-1852-nji ýylda Prezident wezipesinde oturdy. Kanun çykaryjy, serenjam beriji we ýerine ýetiriji häkimiýeti, kazyýeti doly özünde jemläp, ýeke-täk awtoritar hökümdara, ýeke-täk güýje öwrülenden soñam respublikany ýykaga-da, imperatorlygyny yglan etdi. Gözegçiliksiz güýje syýasatda bonapartizm diýip baha berildi we soñra Gitleriñ faşizmi-de hut şol ugra dahylly edildi. Germaniýada Gitleri, Italiýada Mussolinini halk saýlady. Emma şol bir halk eger faşizme ses berýändigini öñünden bilen bolsa, ýene-de olary saýlarmydy? Diktatura alyp baran aglaba režimlerde şoña meñzeş ýalñyşma bolupdyr. Her bir diktatura halkyñ katastrofasyna öwrülupdir. Öz katastrofasy üçin ses berenler babatda aýdyp boljak ýeke söz bar: "Akyl tutulmasy" 1929-njy ýylda başlap 30-njy ýyllara täsirini ýetiren Uly ykdysady krizis XX asyryñ birinji ýarymyna agyr ýaralary saldy. Şol döwür radikal (reaksioner) düşünjeleriñ agalyk süren, demokratiýanyñ peselen we dünýäd halklarynyñ lapykeçlige, umytsyzlyga düşen döwrüdir. Hut şonuñ üçinem krizis şol bir wagtyñ özünde awtokratiýa we diktatorlar üçin amatly şertleri döretdi. Bu kriziz 1923-nji ýylyñ giper inflýasiýasyny başdan geçirýän Germaniýada ownuk we orta buržuaziýanyñ batmagyna sebäp boldy. Syýasy arenada kommunistler bilen sosial-demokratlar biri-birlerini özlerine baş duşman hasapladylar. Nasistler öñe saýlandy we häkimiýeti ele aldylar. Nasitleriñ partiýasynyñ ikinji belgili faşist lideri German Gering urşuñ sebäpkäri hökmünde tribunala çykaryljagyny bilende şeýle diýýär: "Biz halka hakykaty aýdypdyk. Diñe häkimiýete oturýança demokratik ýollara ýüzlenjekdik." Syýasatçylaryñ ideologik, ynanç, bähbit tilsimlerini ulanmagy halkyñ añynda demokratiýanyñ ikinji orna düşürilmegine sebäp bolýar. "Ykdysady teoriýada agentler bähbit saýlawynda äýnek mysalydyr" diýen ýaly çemeleşme bar. Adamlar şu günüñ has ownuk bähbitlerini ertirki günüñ has uly bähbitlerine çalşyp bilýärler. Syýasatda hem edil şonuñ ýaly: şu günüñ populizm torbasyndan paýlanan bähbitleriñ hatyrasyna, ertiriñ demokratiýasy we adam hukuklary babatda emele geljek weýrançylygy görenoklar. Demokratiýanyñ ölümine ses beren halklaryñ ählisi-de hilegärçilikli we populist syýasatyñ pidasy boldular. Gitlerçi faşizm Birinji jahan urşundan ýeñlip çykan halkyñ milli duýgularyny eksplutatirläp, labyryny taşlady. Birentek yslam ýurdunda syýasy yslam halkyń ynanjyny eksplutatirläp, boýun sunma däbini ulanyp, demokratiýanyñ ikinji orna zyñylmagyny gazandy. Türkiýede-de bu garaýyşda bolan FETÖ terroryny başdan geçirdik. Eýranlylarak 1979-njy ýylda "akyl tutulmasyny" başdan geçirdiler. Eýranda öñen demokratiýa ýokdy, emma çepçileriñ we demokratiýanyñ gelmegini talap edenleriñ goldan Eýran Yslam rewolýusiýasy has ýowuz diýdimzorçulykly režimi getirdi hem-de halkyñ burnundan ikli gan getirdi. Aýatollalar halkyñ agzyndan kesip alanlaryny Ýakyn Gündogarda mezhep söweşlerine harç edýärler. Nebitden gelýän girdejiden halka juda ujypsyz möçberde aýlyk haky töleýärler. Häzir halkyñ segsen göterimi režime garşy, häkimiýetden hoşal adam az-az. Emma görşüñiz ýaly, aýatollalaryñ häkimiýetden el çekme niýetleri ýok. Adamlaryñ hakykatlary görmän, gündelik gaýgy-aladalara gümra bolup başlamagy-da, aslynda akyl tutulmasynyñ bir görnüşidir. Ýogsa-da, adamzat jemgyýetinde şeýlekin akyl tutulmasy bolaýmaly tebigy tertip hökmünde orta çykýarmyka? Dünýä soñky ýyllarda hakykatlardan daşlaşyp, täze bir akyl tutulmasyna tarap barýarmy? Esfender KORKMAZ, esfender@esfenderkorkmaz.com 07.06.2020 ý, "YENIÇAĞ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |