00:24 Ahmet Ferdid: Yslamçy Sokratmy ýa aldawçy kezzap? | |
AHMET FERDID: YSLAMÇY SOKRATMY ÝA ALDAWÇY?
Filosofiýa
Aslynda bu soraga Ferdidiň özem gülse gerek. Ýöne oňa ilkinji grek satiraçysyna meňzedip, “yslamçy Arhiloh” diýsek nähili garşylyk bererdi? Şeýle ýagdaýda-da Ferdid şa aýala, ymama we dini lidere edişi ýaly biziň bilenem henek atyşsa gerek. Eýran Yslam Respublikasy filosof tüýsüne giren bir aldawçynyň toruna düşäýdimikä? Tähranda çap edilen we ygtyýarlylar tarapyndan “gymmatly filosofiki ylmy iş” hökmünde öwülen täze kitap jogabyň ýerine “hawa” diýip baş atyp biler. Yslamçy alym Jelal Subhaniniň “Öňňinki günden birigüne” atly kitaby 1994-nji ýylda 85 ýaşynda aradan çykan Ahmet Ferdidiň syýasy pikirlerini tanyşdyrýan eser hökmünde tanadylýar Ahmed Ferdid 80-nji ýyllarda “ahyrzamanda gelmegine garaşylýan ymamyň geljek wagtyna taýýarlyklar” ady bilen birnäçe konferensiýalary we telegepleşikleri arkaly agalyk sürüji aýatolla synpynyň filosofydygyny subut edipdi. Homeýni režiminiň ytagatkär filosofy bolan Ferdid “yslamçy Sokrat” hökmünde öwlüp arşa çykaryldy, emma onuň grek filosofyna ýeke-täk meňzeýän tarapy – pikirlerini kagyza geçirmekden ýüz öwürmegidi. Meniň özüm-ä, Ferdidi 70-nji ýyllaryň başynda heniz mollalar häkimiýeti ele geçirmänkä Tähranda teleýaýlymda berilen birnäçe gepleşige gatnaşanymda tanapdym. Çürt-kesik ýumorist düşünjesi bardy we durmuşy degişmeler ýaly görmese-de birtopar oýun ýaly görýärdi. Şonuň üçin oňa üns bermeli däl adamlaryň biridi. Ferdid mollalary ýaňsa aldy we dini adamyň hyýaly güýjüniň hem-de döredijiliginiň daşyna haýat çekmegiň synanşygy hökmünde gördi. 1979-njy ýylda mollalaryň häkimiýeti ele geçirmeginiň öňüsyrasy ony tanaýanlaryň hemmesi aç-açan dine garşy çykmasa-da, işan-mollalara garşy akyldar hökmünde baha berýärdi. Ferdidiň Weýmar hem-de nasistik döwrüň filosofy Martin Haýdegger bilen duşuşandygyny öňe sürüp üstünde duran meselelerinden biri-de – jemgyýete mätäçlik duýulýan ahlak oňurgasyny berip biljek “güýçli lideriň” gözlegidi. “Güýçli lider” diýlende, kimi göz öňünde tutýandygyny aýtmasa-da, Tährandakylar onuň şany göz öňüne tutýandygyny çaklady. Belki-de, munuň özi Ferdidi melike Farahyň “şalygyñ filosoflar jemgyýetiniň” arasyndaky saýlama filosoflarynyň birine öwren sebäplerden biridi. Şol bir wagtyň özünde Ferdid liberal-demokratik gymmatlyklara garşy duýduryşlar berip we taýýar kofe atlaryny özlerine öwünmäge bahana edinenler üçin şygara öwrülen “Günbatar zäherlenmesi” adalgasyny oýlap tapyp, çepçi ganaty täzeden häsiýetlendirdi. Emma mesele hiç kimsäniň Ferdidiň haçan çynlakaý ýa-da haçan başgalaryny aldandygyna düşünmeýänligidi. Aradan çykanyna ýigrimi ýyl geçendigine garamazdan bu mesele häzirem dowam edýär. Ryza ed-Dewari el-Erdekani we Muhammet Taki Misbah el-Ýezdi ýaly Ferdidiň okuwçylary özlerini Yslam rewolýusiýasynyň ýüze çykmagynyň adamzat üçin täze başlangyç boljagyny öňe süren köpgyraňlylygyň eýesi hökmünde sypatlandyrýar. Subhani täze kitabynda has öte geçip, Ferdide homeýnist režimiň iň täsin hamhyýallarynyň tarapdary hökmünde baha berýär. Subhani merhumyň “yslamçy Sokrat” hasaplanýandygyny aýdyp, onuň adamzat taryhyny bäş döwre bölendigine ünsi çekýär: öňňin, düýn, ertir, birigün. Şu düşünjä görä, ähli ýaradylanlar ahyrzamanda “birigün” gelmegine garaşylýan ymamyň (Mätiniň) gelişiniň başlangyjydyr. Aýatolla Homeýniniň liderligindäki Yslam rewolýusiýasy bolsa, şeýtanyň adamzadyň barýan ýolundan “kowulan” we “Welaýaty-Fakih” düzgüniniň ýola goýlan döwrüniň başlangyjydyr. Mundan soň “Weli-Fakih” garaşylýan ymamyň münen we soňky duralga barýan otlusyny herekete geçirýär. Baryp ýetmeli pellesine gidýän ýolda ähli adamzat soňlanýança her bir ýurt yzly-yzyna otla münmeli. Şu “äşgär ýazgyt” “asyryň ymamy” aýatolla Ali Hamaneýiň otlynyň liderligine geçmegi bilen görnetinleşmeli. Bir tankytçy köp sanly “hakyky ynanýanlaryň” öňki “ymam” aýatolla Homeýniniň Fransiýadan sürgünden dolanyp gelmeginden birnäçe hepde öň dolan aýyň ýüzünde keşbini görendigini aýtdy. Ol tankytçy häzir Hamaneýiň ýüzüni görmek isleýänleriň “keşbiniň gün geçdigiçe şugla saçýan” Güne seretmegiň ýeterlikdigini aýdýar. Subhaniniň pikiriçe Ferdid “liberal demokratiýany” “adamzadyň yslamy takdyryna” ýetme maksatnamasynyň iň howply duşmany hasaplaýardy. Oňa görä Yslam respublikasy günbatarly güýçler bilen aýgytly çaknyşmaly we “barmagyny mäşeden aýyrmaly däl”. Bu bolsa, musulman raýatlaryna basyşlary edýändigine garamazdan bu ýalňyşlygyny Günbatara we onuň liberal demokratiýasyna garşy söweşip düzeden Yslam respublikasy Russiýa we Kommunistik Hytaý bilen barha artýan ýakynlaşmany kanunylaşdyrmagy maksat edinýär. Ferdide köp sanly birnäçe sebäp bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp gepleşenimden soňam belli bir zat diýip bilmesem-de, onuň mollalara şeýtany ompa oturdan oýunlaryndan birini edendigine ynanasym geldi. Şu ýerde şuny aýdyp geçmek ýerlikli bolar: mollalar häkimiýeti ele geçirmezden öň ol enologiýa (şerap ylmy) boýunça düýpli düşünjesiniň bardygy bilen öwünýän zamanabap “professor Ahmet Ferdid” sypatynda özüni tanatmagy halaýardy. Homeýniniň häkimiýeti eýelemegi bilen soňlanan çarkandaklyklara şaýatlyk eden 13 aýlyk döwründe birnäçe kişi aýatollanyň marksist-leninistler üçin “Troýa aty” bolubiljekdigini pikir edip ýörkä, Ferdid okuwçylaryny özüne “doktor” diýmäge çagyrdy. Mollalar ýeňiş gazanyp, leninistleri öldürmäge başlap-başlamanka, Ferdid özüniň Ymam Alynyň neberesinden gelýändigini we aýratynam Ehli-Beýtdendigini ýatladyp, “Seýit Ahmet” ady bilen orta çykdy. Dogrusyny dogry aýtmaly, Ferdid belli bir pozisiýanyň ýa-da puluň yzynda ylgamady. Korrespondentlerimizden Ali Ekber Haýrahä degişli kiçijik otagda kireýne ýaşaýardy. Aýal-gyzlaryň gözüne ilmäge jan edýän “gündogar ýympyklygyna-da” özüni aldyrmady. Aslynda terkidünýä bolmasa-da, rewolýusiýadan öňki Eýranda tanymal biri hökmünde eýelik edýän statusy bilen ýakyndan-daşdan ilteşmeýän ömür sürdi. Ýarym asyr geçenden soň Ferdide seredenimizde, owadan ömürli, ýöne manysyz mejburylyklar bilen aň ýetirip biljek sepgidimizden agýan pes derejedäki mejburylyklaryň dürüşdesi hökmünde gören dogabitdi oýunbaz hökmünde görüp bileris. Ferdidiň pelsepesi şudy: Durmuş oýun bolýan bolsa, nämüçin men onuň bilen oýnamaly däl? Pelsepe bolsa muny etmek üçin oňa amatly iň gowy ugurdy. Häzir Ferdid maňa Şekspiriň “Tupan” (“The Tempest” / "Буря") pýesasyndaky Prosperiň hyzmatkäri bolan howa perisi Arieli ýatladýar. Ariel degişmeleriň, jadygöýlük tilsimleriniň we hiç kimi çetde goýmajak praktiki degişmeleriň ussady eken. Arieliň gizlin maksady barada aýdanda bolsa, ähli düzgünlerden, ynançlardan we režimlerden absolýut ýagdaýda gutulmak bolupdyr. Içimde Ferdid şany we aýatollany ýaňsylandyr hem-de her pursatda on iki süňňi bilen munuň keýpini görendir diýen pikir at salýar. Bärde sorag şu: Ferdid “yslamçy Arielmi” ýa-da “yslamçy Sokrat”? Aslynda bu soraga Ferdidiň özem gülse gerek. Ýöne oňa ilkinji grek satiraçysyna meňzedip, “yslamçy Arhiloh” diýsek nähili garşylyk bererdi? Şeýle ýagdaýda-da Ferdid şa aýala, ymama we dini lidere edişi ýaly biziň bilenem henek atyşsa gerek. Emir TAHIRI, Eýranly žurnalist. Şenbe, 03.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |