04:18 Ýakyn Gündogar: Sorag bermäñ | |
ÝAKYN GÜNDOGAR: SORAG BERMÄÑ
Publisistika
Ýakyn Gündogaryñ "hötdesinden gelmek" üçin öñki dersleri ýatdan çykarmak, az gürläp köp diñlemek, buýruklardan daşda durmak, eglişikler etmek, ilki ýigrimiden gowrak ýurt bilen, soñam köptaraplaýyn giñ gurşawly şertnamalar bilen ylalaşyk gözlemek gerek Ýakyn Gündogar bilen "gyzyklananda", ilki ýigrimiden gowrak ýurt bilen dil tapyşmak, soñam giñ gurşawly köptaraplaýyn şertnamalar baglaşmak gerek. Gaza uruşy dördünji aýyna aýak basanda, Günbatardaky käbir syýasaty öwrenijiler we düşünje merkezleri "Ýakyn Gündogar babatda näme etmeli?" diýip, hor bolup gygyrýarlar. Olara beriljek iñ gysga jogap ýapon dilinde "mu" sözi bolup biler. Bu söz "Sorag bermäñ" manysyny berýär. Sorag kemter gaýtmalar bar bolanda berilýär we oña beriljek islendik jogap ähli çekişmäni düýpli ýalñyş düşünme ýagdaýyna iterip biler. Bu ýerdäki sowal birnäçe sebäpden ötri kemter gaýdýar: Birinjisi: geosyýasy, ykdysady, medeni, gumanitar hakykatyñ düşnüksiz geografiki adalga inderilmegidir, özem bu adalganyñ (Orta Gündogar) köp dürli warianty bar: Ýakyn Gündogar, Şam, Beýik Ortagündogar sebiti, konflikt ýarymaýy we ş.m... Soñabaka ýigrimiden gowrak ýurtda ýaşaýan takmynan 600 million adamy öz hekaýatlaryndaky elementlere öwürýär we olar boýunça näme etmelidigini çözmek keseýerlileriñ ygtyýaryna galýar. Hasam erbedi, bu adalganyñ gurşap alýan ähli ýurtlarynyñ birmeñzeş taryhy, sosial, syýasy wagtyñ ramkasynda ýaşaýandyr öýdülmegidir. Hemmeler üçin ylaýyk ýeke-täk çözgüt çemeleşmesi, mysal üçin, taýagyñ bir ujundaky Ýemen bilen beýleki ujundaky Marokkonyñ arasyndaky tapawudy görmeýär. "Bulary näme etmeli?" çemeleşmesi ýewropa imperiýalarynyñ öz ygtyýarlyklary astyndaky ýurtlary global küşt oýnundaky perziler hökmünde görýändigi kolonial döwrüñ zyýanly galyndysydyr. Şeýle çemeleşme kolonializmden soñky üýtgeşmeleriñ ilkinji tapgyrlarynda we "Sowuk uruşa" çenli populýar bolmaga dowam etdi. Häzirem peýdaly görünýär. Sebäbi agzalýan ýurtlaryñ köpüsi juda dar gözýetimli elitalar tarapyndan dolandyrylýardy. Kanunylygynyñ we agalygynyñ agramly bölegi üçin öñki kolonizator hojaýynlaryñ hemaýatkärlerine ýa-da ABŞ-dyr SSSR ýaly global güýç oýnuna täze goşulanlara borçludyr. Sebitiñ soñky ýyllarda şaýatlyk eden düýpli üýtgeşmeleri munuñ bilen baglanyşykly ähli ýurtlardaky ýagdaýy düýpgöter üýtgetdi. Käbirleri iñ tejribeli synçylaryñam aklyna-oýuna gelmejek tizligi bilen öñe gitdi. Beýlekileri bolsa çöküşe we weýrançylyga giden aýlawly hem-de dar ýollara girmäge mejbur boldular. Sebitiñ ähli ýurtlarynda diýen ýaly täze oýunçy sahna çykdy: "Arap bahary" diýlip at berilen duýdansyz harasatda ähli oñaýsyzlyklara garamazdan hem-ä gurujy, hemem ýumrujy bolup bilme ukybyny orta goýan halk köpçüliginiñ güýji. Jyn käbir ýagdaýlarda gowy sebäplerden ötri yzyna çüýşä salnyp biler, emma global maglumat rewolýusiýasy arkalu populýar güýç sahnanyñ merkezine gaýdyp gelme potensialyny goraýar. Käbir ýurtlarda täze we ýaş ýolbaşçylaryñ elita gatlagy uly şatlyk bilen garşylansa-da, üýtgeşmä degişli umyt we gorky taýdan ilatyñ agramly bölegini ikinji plana düşürip biljek öwrülişiklere getirip biljek jedelli reforma maksatnamasyny boýnuna aldy. Ýakyn Gündogar häzir örän çylşyrymly ýagdaýa girdi we indi ony nebit, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy, mezhep dawalary, terrorizm we kemala gelmedik etniki toparlaryñ çaknyşygy bilen çäklendirip bolmaýar. Şonuñ üçinem indi "Ýakyn Gündogar boýunça näme etmeli bolarys?" diýýänleriñ ýeke-täk struktura däl-de, biri-birinden tapawutly, käwagt biri-birine çapraz talaplara we bähbitlere eýe ýigrimiden gowrak özbaşdak döwletden ybarat geosyýasy we medeni dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryna düşünmegi gerek. Başgaça aýdanda, Omanda peýda edip biljek zadyñ Alžirde peýda etmezligi mümkin. Eýran bilen gidişmek Päkistan ýa-da Mawritaniýa Yslam respublikalary bilen gidişmäge meñzäbem biler. Häzir Ýakyn Gündohar bilen gidişmek bir asyr öñki ýagdaý beýlede dursun, söweşjeñ gämileri ýollamagyñ we murtuñy syrmagyñ peýda edip biljek on ýyl öñki ýagdaýy bilenem deñ däl. Häzir ýumşak güýç, ylaýta-da mundan tulumy dolularam haýsydyr bir wagtda çaý çemçesinden köpüsini ulanmaga gaýraty çatmaýan, azyraklaryñam hemmesini ulanjak derejede meýilli bolan ýagdaýlarynda gara güýçden has täsirli bolýar. Ýakyn Gündogaryñ "hötdesinden gelmek" üçin öñki dersleri ýatdan çykarmak, az gürläp köp diñlemek, buýruklardan daşda durmak, eglişikler etmek, ilki ýigrimiden gowrak ýurt bilen, soñam köptaraplaýyn giñ gurşawly şertnamalar bilen ylalaşyk gözlemek gerek. Ýok, indi birmahalky günlerdäki ýaly añsat däl... Emir TAHIRI, Eýranly žurnalist. Şenbe, 10.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |