09:51 Ahmet Gurbannepesow | |
AHMET GURBANNEPESOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ahmet Gurbannepesow 1943-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda şol wagtky Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Şu obadaky 1-nji mekdebi tamamlaýar. Soňra 1966-njy ýylda goşun gullugyndan gelensoň, «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde korrektor bolup işe başlaýar. Dürli ýyllarda «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan»), «Edebiýat we sungat», «Tokmak» neşirlerinde dürli wezipelerde işleýär. 1973-nji ýylda TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetini gaýybana tamamlaýar. Soňra Ahmet Gurbannepesow «Magaryf» neşirýatynda baş redaktor, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy, soňrada Ýazyjylar birleşiginiň edarasynyň kätibi bolup işleýär. Şahyryň «Baýdak», «Çagalyk», «Söýgi derýasy», «На степных дорогах» (Moskwada), «Ýagşylykda ýatlaşaly», «Ýeke çynar» diýen goşgular ýygyndylary, «Seniň yhlasyň», «Ýaşlyk bilen duşuşyk» diýen kyssa eserinden ybarat kitaplary neşir edildi. Onuň «Derňewçi—78», «Bakja giren oklukirpi», «Bu sen hakda bolaýmasyn?», «Hindi rowaýaty», «Zenan kalby» diýen sahna eserleri ýurdumyzyň dürli teatrlarynyň sahnasynda goýuldy. Eserleri rus, ukrain, belarus, türk, pars dillerine terjime edildi. Şahyr 2015-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda aradan çykýar. WATANYM Bu ýerde hüwdiňi diňledim, käbäm, Bu ýerde boý aldym aladaň bilen. Garagum, giň sähram, eý, eziz obam, Köpetdagyň gülýakasy ýaly sen. Çykdym ýollaryňa dik tutup serim, Ýollaryňdan arzuwlarym yzladym. Ine, şu görünýän mukaddes ýeriň, Topragyny basdym, gülün ysgadym. Nirä gitseň, «Basym gaýdyp gelginiň» Diýip, sargan ene garaşýar munda. Atamyň mazary ýeke oglunyň, Oňat iş ederine garaşýar munda. Watan, Watan diýmek, düşnüksiz söz däl, Ol söýen gözelim — çaksyz owadan. Ol gezen ýerlerim kömelek gözläp, Ol meň iýen duzum, diňlän öwüdim. Watan, Ol geçmişim, geljegim meniň. Enem, galpagymy sypan elleriň. Ol guba depeler hem nurly Günüm, Geçen otlulara galgan gollarym. Atalaryň gan, der döken ýerisiň, Hem ýigitleň söýen, gyzlaň utanan. Mukaddes zatlaryň ýiten ýeri sen, Tapyljak ýeri hem sensiň, Watanym! *** Gamsyz çagalygym, ýitirip ýoly, Nirde galdyň, galgadyp jir köýnegiň?! Sen geläýjek ýaly, geläýjek ýaly, Ýumşa iberilen oglanjyk deýin. Öňki göwnüm, ýigrim altym dolsa-da, Şadyýan, tämiz men, gel-de gör, ine. Gam-gussa labyryn atjak bolsa-da, Daýanyp kä dostlaň mekirligine. Hak dünýede ýagşy-ýaman barlygy, Onsuz adam-a däl, günler oňmaýar. Ýyllaryň ýaşymy kertip barmagy, Meniň üçin ýamanlyga meňzeýär. Gamsyz çagalygym, nirede galdyň?! Göwnümiz daşda däl, aramyz daşda. Men iki dünýäniň barlygyny bildim, Seniň dünýäň başga, meniňki başga. Geziber guwan-da tämiz dünýäňe, Sen bilmersiň munda durmuşyň tärin. Sen hergiz, gelmäwer meniň dünýäme, Meň özüm bararyn, özüm bararyn. ÝADYGÄRLIK BEREN ÝAGLYGYM DAŇYN Sülük barmaklaryň bilen sypalap, Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn. Aýna bakyp, owadanlap, apalap, Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn. Kyn bolsa, bir gezek iş düşse başa, Kuwwat bersin durmuşyňa, ýoluňa. Ýadygärlik beren ýaglygym guşa, Meni mežnun eden inçe biliňe. Syn et, mähir bilen bakyşyn Aýyň, Hem gaty päkize atyşyn daňyň. Uzakda görünseň, tanap galaýyn, Ýadygärlik beren ýaglygym daňyn. Şol çynarlar deýin dik bolsun başyň, Ömrüňi bezesin akylyň, işiň. Ýadygärlik beren ýaglygym bilen, Süpürmeli bolma gözleriň ýaşyn. GAL SEN, ÝALŇYZ ÖZÜŇ BILEN IKIÇÄK Meniň bitmez ýaly kyn haýyşym ýok, Burma bu gün radioň burmasyn. Gal sen, ýalňyz özüň bilen ikiçäk, Zat bolmaz ýeke gün kino görmeseň. Çykma bu gün, gara baga seýle sen, Gürleş özüň bilen açykdan-açyk. Gitme kino, teatra, meýlise, Gitme bu gün, gitme, özüňden gaçyp. Oýla, geçen günüň, şu günüň neneň, Merdanmy sen, namartmy sen, göripmi? Döwüriň, Watanyň, ataň hem eneň, Seni ile goşup, wepa görüpmi? Sen ilden öňürti özüň bil muny, Oňatmy sen, ömrüň ýele gidenmi? Özi bilen gürleşmäge çekinýän, Öz öňünde uly günä edendir. ÝAŞULYNYŇ NESIHATLARY Obadaşym Kakajan aga bagyşlanýar Söz diýse, gulak sal, özüňden uly, Uýsaň, uý, uýmasaň, özüň gör, oglum! Toýa barmaklygam zerurdyr weli, Ýasa barmak hasam zerurdyr, oglum! Adamzadyň gaty gerekdigine, Ynsandygna iň bir gymmat bahalyň. Öňem-ä düşýänsiň düşersiň ýene: «Waý, dogan» sesini eşden mahalyň. Juda ynsanlygyň ýalan bolmasa, Üýtgeşik bir ynsap oýanar sende. Tebähediň göterilen bolmasa, Toba gersiň, tabyt göterilende. Tabydyň saplary agram biýr çigne, Şonda gaýtalarsyň yzyny kesmän: «Şeýdip dirileri götärin egne Şu galan ömrümde egninden basman». Gara ýer merhumy gujagna dolar, Aýrylmaz ýüzlerden tutuksy gussa. Basan her ädimiň şuny gaýtalar: «Halal iý, halal gez, ýaşa arassa!». Toýa barmaklygam zerurdyr, meger, Emma ýasa barmak zerurdyr örän. Hem-ä ile-güne kömegiň deger, Hemem gowy borsuň öňkiňe görä. *** Sen gülüp bakýarsyň, menem ýylgyrýan, Gözler lezzet alýar gözel synadan. Dilimiz çolaşýar, ýürekler urýar, Ah, nämekä gürleşmäni kyn eden? Sen gülüp bakýarsyň, menem ýylgyrýan, Gürrüň ýok arada salamdan özge. Häzir, näme, dile gelenok, arman, Öten agşam jemläp goýulan sözler. Men gülüp bakýaryn, senem ýylgyrýaň, Söýgi hakda gürrüň bolanok hernä. Ne tankyt edýän bar, ne gyýa garýan, Bu günki işimiz goýsak-da ertä. Her zadyň çeni bar, Diýýär paýhasyň, Aý-ýyllar geçip dur, ömür gyssaýar. Sen gülüp bakýarsyň, menem ýylgyrýan, Bu gün näme, gözümizde gussa bar?! Söýgi joşgun ýaly akýar arada, Biz aýry kenarda... Bakyşyp durus. Ýylgyran bolsak-da ýürekde yşgyň, Dag ýaly hasratyn göterip ýörüs. *** Sen geçer gidersiň, aýagyň ogşan, Nazaryň eglenen bu güller galar. Sen geçer gidersiň, geçen ýoluňda, Intizar gözlerim, Bu günler galar. Sen geçip gidersiň, gizläp duýgyňy, Hem-ä buýsanar sen, hem uýalar sen. Sen geçip gideňde meniň söýgimi — Bir mukaddes zady görmän galar sen. Galarlar boýuňa guwanan düzler, Sen geçer gidersiň ara daş galar. Diňe saňa rowa görülen sözler, Köňle gussa bolup aralaşarlar. Ýetişen bugdaý dek sallanar başym Günbatar şapagy sowuk ýaldyrar. Ot üstünde togalanan gözýaşym, Daň çygy dek ýapraklarda buldurar. Men ýene ýoluňa nazar aýlaryn, Gün gelin dek ýuwaş ýöräp doganda. «Gije çyg düşüpdir» diýip oýlarsyň, Aýagyň burnuna gözýaş degende. *** Başy belent, syrdam boýy, Gowy gyz duşumdan geçdi. Gara gözi, giň maňlaýy, Ýörişem saňa meňzeşdi. Ýene-de ýada düşdüň sen, Niçikdir, sagmydyr janyň? Soňky gezek awtobusdan, Ýadymda, goluň bulanyň. Ugratdym ileri sary, Ýaglyk syryldy başyňdan. Çykaryp ýarpy göwräňi Tanyş-u obadaşyňdan. Utanman, gol bulap gitdiň, Gözden ýitýänçäň durdum men. Ýagty günler nesip etsin, Galgan gollaryň üçinem. Soňra-da bir hatyň geldi, Harpy hünji deý düzülen. Ýüregim çarpaýa galdy: «Söýýärin» diýip ýazylan. Gül büredi türkmen düzün, Ýylady daglaryň gary. Süýji ýeri söýgimiziň, Bary şudur, şudur bary. Nije ýyl bolupdyr indi, Hatyň almanym, görmänim. Bu gyzy görüp gobsundy, Meniň arzuwym, armanym. Ol edil duranja sendiň, Eger ynansaň, şol gün men: Çagajyk ýaly begendim, Hem aşyk kimin tolgundym. Köpüräk synladym, belkem, Unudyp utanjym-haýam, Biedepdir öýden bolsaň, Ötewer günämi, uýam! Ýaňaklaryň ak üzüm dek, Gezip ýören gül ýaly sen. Kim bilýär, meniň ýüzümden, Senem başgany görensiň. Söýgi, söýgi, bizi nädýäň? Sen göýäki burjuly ýaz. Epgekmi sen galpyldadýan, Ýa-da ýakyp barýan aýaz? Düşmedim ýele, ygyňa, Şatlykmy sen ýa-da gaýgy? Söýenme meňzeş gyzyňa, Rehimdar bolawer, söýgi! Çeşmesi: https://www.ylymly.com/edebiyat-senenamasy/ahmet-gurbannepesow-doguldy/; https://br.com.tm/sections/5/469. 27.10.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |