10:58 Ýeke çynar | |
ÝEKE ÇYNAR
Goşgular
Kyn boldy saňa ulalmak, Ýeke çynar. Çolalykdan iren çaglaň, Köňlüňe teselli berjek Ýokdy. Özüň teselli tapyndyň Şuwladyň-güwlediň, dymdyň, Özüň aglap, özüň diňdiň, Ýeke çynar. Tupan tursa, güýçli ýele, Ýere Başyň degjek-degjek boldy, Gaý sowulanda agyrdy, Zor düşen kökleriň syzlap. Syryň diýip iç dökere, Diňleýjiňem ýokdy seniň. Ne derdiňi aýdyp bildiň. Ne-de gizläp... Ýeke çynar. Gyşda çapgyn syrgynlara Üşäňde, Tomus dodagyň kepände, Bu ösýän epgek ýellere. Umytly ýaşadyň, ýöne Käte urduň ahy-zara. Pena tapman penalara, Her hal: Göreşildi her dem. Gün gördüň: Kä ykbalyňa ýalbara, Käte bolsa, nälet okap, Ýalňyz ýerde Nahalyňy oturdana, Ýeke çynar. Düýşüňe gök tokaý girdi, Täk özüň oýandyň ertir. Hossardan: Aşagynda melemtik ýer. Ýokaryňda, Gaty daşda Asman bardy. Käte Ýüregi ýuka şemaljyk Ýyrtyk ýapragyň sypardy, Ýeke çynar. Şol ýere minnetdar bolup, Asmana minnetdar bolup, Şol awara şemallary Iň ýakyn hossaryň bilip, Erkana ulaldyň hernä. Berdaşly boý aldyň hernä, Ýeke çynar. Ine, şeýdip-şeýdip birden Çynar bolduň nazarkerde. Bu gün güýçli kökleň ýeri Bürgüt ýaly penjeläpdir. Görenler tarypyn edýär. Depäňde: Bulutlar dynç alyp gidýär, Ýeke çynar. Birçak saýa gözleýärdiň, Indi seniň özüň saýa. Indi seniň özüň pena. Ýekä höwür gerekdigni Bilýän, unutmarsyň sen-ä, Ýeke çynar. * * * Seniň merdana-mertligiň, Maňa sapak boldy, eje! Pessaý gürläp, beren öwdüň, Kalbyma ýol saldy, eje! Büdür-südür ýollar aşyp, Synaglardan geçdik nije, Meňzeş keşpli, meňzeş ykbal, Ýagyrnymy deşdi, eje! Gara gözleň balkyldadyp, Gözýaşlaryň dökdüň, eje, A men bosa, gyýylmakdan, Onki süňňüm sökdüm, eje! Ahmet GURBANNEPESOW. | |
|
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ «Dañ ýyldyzy» «Ömrüzaýa» öwrülip / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |