17:09 Ahyrzamanyň “nakgaşlary” | |
AHYRZAMANYŇ "NAKGAŞLARY"
Edebi makalalar
Ýazyjylar, adamlaň içinde iň bir hyýalbent şahsyýetler bolup durýar. Çünki, oýlap tapyjylyk olaryň jana-jan pişesi. Esasanam, ýazyjylar öz oýlap tapan eserleri bilen okyjylaryny aňk etmäge ymtylýarlar. Gorkuzyp, begendirip, gynandyryp, güldürip... Garaz, ynsana mahsus islendik duýgy, haýsam bolsa bir ýazyjyň eseriniň leýtmotiwi (baş ugry, hamyrmaýasy, gönezligi) bolanda, hut şol duýgynam ýazyjy haýran galdyryjy üýtgeşiklik görnüşinde şekillendirmäge, wakalaryň, çeper gahrymanlaryň häsiýetleriniň hem-de hereketleriniň kömegi bilen, şol duýguny has ýiti görnüşde okyjyň kalbynda oýarýan dünýäniň suratyny “çekmäge” ýykgyn edýär. Şoň üçinem, aglaba köp halatlarda ýazyjylaram “nakgaş” (художник) diýip atlandyrýarlar. Çünki, çyn nakgaş reňk bilen surat çekse, ýazyjy söz bilen “surat çekýär”. Fantast ýazyjylar bolsa, megerem, ýazyjylaň içinde-de iň hyýalkeşleri (isleseňiz: “hyýalbaz” diýiň, isleseňiz: “hyýaljaň”, “hyýalabaý”, “hyýalsaň”, “hyýalsöw” we ş.m. :-)) bolsa gerek. Ine şujagaz synda-da, dürli internet çeşmelerinden alnan maglumatlaryň esasynda, dürli ýyllarda fantast ýazyjylaryň öz mežnun hyýallaryna başbitin gark bolup, oýlap tapan we öz çeper eserlerinde beýan eden, ahyrzamanyň, ýagny adamzadyň tekiz-tepbet-tamam tükenmeginiň ssenariýalarynyň birnäçesi barada gysgaça durlup geçilýär. Älemgoşar öwüşginli kyýamat (“Ebgine (hrustal) dünýä” - 1966. Jeýms Ballard) Zähmet rugsadyny geň-enaýy geçirmek isleýän iňlis lukmany, öz kärdeşleriniň ýanyna, afrika jeňňelerinde ýerleşýän heýwerehana (leprezoriýa) gidýär. Ol ýerde bolsa bir bolgusyz hadysa ýüze çykýar. Şol hadysaň täsir etmeginiň netijesinde iru-giç dünýä biziň görýän görnüşimizde ýaşamagyny bes eder. Ol hadysaň mazmuny: jeňňel ýuwaşjadan kristallaşyp, öz galtaşan hemmeje zadyny nähilidir birhili düşnüksiz, ýöne juda owadan jisime öwürýär. Islendik täze närse-de şol kristallara galtaşdygy, ylymda näbelli bolan agregat ýagdaýa mutasiýa geçýär-de (azýar-da), öz-özüniň fraktal göçürmesine, ýagny giňişlik-wagt ölçeginiň golografiki inwersiýasyna öwrülýär. Bu eserde dünýä edil tersligine çöwrülen kaleýdoskop ýaly – ajaýyp manzara we ol ýaşaýyşyň manysyny tapmak bilen bagly esasy meseläni örän wäşilik bilen çözýär. Çünki indi biz kaleýdoskopy towlamaýarys-da, ol bizi pyrlaýar. Bu bolup biljek zatmy? Ballard bu romanynda SSSR-iň Pripýat derýasynda-da şeýle özbaşdak kristallaşmagyň dörändigini agzaýar. Häzirki döwürde, kwant nazaryýeti bilen meşgullanýan käbir alymlar, dürli enjamlaryň we programmalaryň kömegi bilen Älemiň kirişleýin we golografiki nusgalaryny ýasanlarynda, üç ölçegli däl-de, başga, has köp ölçegli giňişlikde biziň dünýämiziň hut şu romandaky ýaly görnüşde bar bolmagynyň mümkindigini çakladylar. Çal şepbik (“Ýaradylyş enjamlary” – 1986. Erik Deksler) 1980-nji ýyllarda nano-ynkylabyň (rewolýuasiýasynyň) aňyýetçileriniň (ideologlarynyň) biri Erik Deksler hem özüniň eserinde magşar gününiň özboluşly usulyny şekillendiripdir. Onuň eserinde dünýä öz-özleriniň göçürmelerini iňňän çalt ýasaýan, kindiwanja robotlardan ybarat çal şepbige öwrülýär. Bu romanyň häsiýetnamasynda ulanylýan “çal” diýen düşünje: - bu haýsydyr bir reňkiň aňlatmasy däl-de, bimanylygyň özboluşly metaforasy. E.Deksler öz kitabynda kindiwanja enjamjyklaryň kakabaş ymgyrynyň, hökmany ýagdaýda çal reňkli ýa-da şepbikpisint bolmaly däldigini aýratyn nygtaýar. Olar diňe öňlerinden çykan materiýany (jisimi, maddany) şeýlebi çalt özleşdirip, ondan birwagtyň özünde millionlarça öz-özleriniň göçürmelerini ýasaýarlar welin, olar edil barha ulalyp, ýaýrap barýan şepbik süýşürgenine çalym edýär. Ahyrynda-da şol şepbik öz özenine guýlan ýekeje esasy buýrugy – ýaşamak we köpelmek emrini berjaý edip, ilk-ä tutuş adamzady, soňra bolsa bütin saýýarany ýuwdup, ondan özüne meňzeş kindiwanja enjamjyklaryň sanýetmez sanysyny ýasar. Bu bolup biljek zatmy? Elbetde. Häzirki wagtda E.Deksleriň kitabyndaky hadysa real durmuşda ýüze çykmadygam bolsa, wirtual giňişlikde eýýäm emele gelip ugrady. Islendik täzelikler resursyny açan badyňa, bimany maglumatyň tükeniksiz batgasy dessine ünsüňi ýuwudýar. Şol batga-da her pursatsaýyn öz göçürmesini ýasap, köpelip gidip barýar. Garabasmaly howa (“Kellede aýakýalaň” – 1969. Braýan Oldis) Ýene-de bir täsin ahyrzamanyň şekilini, britan fantasty Braýan Oldis öz romanynda suratlandyrypdyr. Bu romanynyň mazmunynda dinkeş hyýanatçylar Ýewropanyň asmanynda öz-özünden pytramak hadysasyna has çydamly seriňi dumanlaýjy serişdänini tozanladyp goýberýärler. Ol bolsa, gaty bahym, günbatar adamsynyň dünýägaraýşynyň binýatlaýyn esasy bolan – paýhasy bulaşdyrmaga başlaýar. Birwagtyň özünde däli-mežnuna öwrülen ilatly Ýewrobirleşigiň çäginde syýahat edip ýören ýaş, çakgan serb ýigdi, şol sersämediji serişdäň täsirine düşüp, özüni pygamber diýip hasaplamaga başlaýar. Bu bolup biljek zatmy? Häzirki döwürde, geçen asyrda gizlin gulluklaryň alyp baran köp ýaşyryn işleri internet sahypalaryna çykandan soň, 1960-njy ýyllarda günbataryň köp ýörite gulluklary tarapyndan Braýan Oldisiň şu kitabyndaky söz açylýana çalymdaş psihotron ýaragyň oýlap tapmak boýunça düýpli barlaglaryň geçirilendigi aýan boldy. Bütindünýä girdaby (“Kosmosdaky jaýryk” – 1967. Filip Dik) Filip Dikiň agzalan romanynyň sýužeti, gysgajyk şeýle: ýakyn geljek. Saýýarada çökgünçilik. ABŞ-nyň ilkinji garaýagyz baştutany, toplanan köp sanly çylşyrymly meseleleri başga dünýä girelgäň kömegi bilen çözmäge taýýar. Onuň we onuň ýaranlarynyň pikirine görä, şo dünýäde bu dünýädäkiden has gowy ýaşap boljakmyş. Alymlaryň täze oýlap tapan usuly, şo dünýä girelgäni islendik wagt, islän ýerlerinde açmagyň hötdesinden gelýär. Bahasam ilden çykgynç däl. Laýyk. Ep-esli wagtlap köpler tarapyndan ýarym undulanam bolsa, häzirki döwürde köp fantastikaň muşdaklarynyň arasynda, F.Dikiň pul üçin örän gyssagly ýazyp tamamlan bu romany, edil Wangaň welilikleri bilen deň derejede diýen ýaly görülýär. Bu bolup biljek zatmy? Iň bolmanda bu kitapda beýan edilen “aýanlyklaryň :-)” biris-ä, ýagny kyn döwürde ABŞ-nyň baştutanlygyna garaýagyz adamyň saýlanmagy-ha, eýýäm amala aşdy. Aşyp, geçibem gitdi. Maýýalaň senenamasynyň 2012-nji ýylda doly tükenmegi bilen bilelikde. Bu kitabyň waka ýordumynyň özeninde duran ikinji bir ýagdaý, başga – Zemine parallel – dünýä girelge açylmagy bolsa, häzirki döwrüň ylmynyň nukdaýnazaryndan beýlebir mümkin bolmajak närse-de däl ýalymyş...Britan alymlarynyň pikirine görä...:-). Kyýamatyň alsgeýmeri (“Amneziaskop” – 1996. Stiw Erikson) Stiw Eriksonyň bu romanynyň gahrymanlary eserde Los-Anjeles şäherinde ýaşaýarlar. Şäheri ýerasty tolkunlar sarsdyrmaga başlaýar, şäheretekde tokaý ýangynlary möwjeýär. Ýangynlaryň aňyrsynda nämeleriň bolup geçýändigini bolsa hiç kim bilmeýär. Sebäbi şäheriň daşky dünýä bilen hiç hili aragatnaşygy ýok. Romanyň baş gahrymany – işi beýlebir şowlap barmaýan kinotankytçy, öz halaşýan gyzynyň baş keşbi janlandyrmagynda arthaus-wejeralyk filmini düşürmegiň öçmez arzuwynda bolup ýörşüne, hakykat ýüzünde ýok filmlere öwgüli synlary neşir etdirmek bilen başagaý. Onuň bu hereketem onuň hünär ahlagy bilen gapma-garşylyga girmeýär. Sebäbi onuň syn ýazýan filmleriniň özem ýok durmuşa düşürilen syn bolup durýar. Umuman, hemmeler hutma-hut. Eger-de magşar güni – biziň bilýän dünýämiziň ýok edilmegi bolsa, onda Los-Anjelesiň ham-hyýallar senagaty – bu hatda arwahyň aklawjysam däl-de, ahyrzamanyň netijeli menejerleriniň biri. Ýa-da “kyýamatyň atlysy”. Bu bolup biljek zatmy? Kim bilýär? Belki, eýýäm bolup ýörendir. Kys (“Kys” – 2000. Tatýana Tolstaýa) Bu fantastiki romany T.Tolstaýa 1986-njy ýylda Çernobylda atom elektrostansiýasynda heläkçilik bolup geçende oýlap tapmaga başlaýar. 2000-nji ýylda bu kitap neşir edilen badyna-da ägirt uly meşhurlyga eýe bolýar. Romandaky wakalar Russiýada ýadro partlamasyndan soň bolup geçýär. Şol partlamadan soň gyrymsylyklarda ýaşaýan Kys atly nämälim jandar peýda bolýar. T.Tolstaýa Kysy şeýle şekillendirýär: “Ol garaňky şahalarda otyr we şeýlebir wagşyýana hem nalajedeýin gygyrýar: ky-ys! ky-ys! – ýöne ony hiç görüp bilmeýär. Ine günlerde bir gün bir adam tokaýa gider, a ol bolsa onuň boýnuna yzyndan: hop! we ýagyrnysyndan dişleri bilen: hatyrt! – soňam dyrnagy bilen esasy damarjygyny syzyp tapar-da, ony şarpa üzer, onsoň adamdan onuň ähli paýhasam çykyp gidiberer”. Ine şo Kys atly jandaram tutuş adamzadyň soňuna sogan eker. Näme ol? Nämüçin beýdýä? Bellem däl. Sebäbi onuň nämedigini gürrüň berer ýaly, ony bir gezegem görüp diri galan ýok. Bir mälim zat: Kys ýaman erbet ýaşaýar. Nämüçin? Hiç kes bilmeýär. Hemme kişi ondan öler ýaly gorkýar. Ýogsa ony birje sapar kesesinden görüp galanam ýok welin... Ol nämüçin gorkunç? Ol Günüň öz-özünden sowap sönmesem däl. Howaň ählumumy maýlamagy zerarly ikuçsyz geljek gurakçylykdyr, ultrafiolet ajalam däl. Adamlary işsiz, aç, öýsüz-öwzarsyz galdyrjak ählumumy maliýe çökgünçiligem däl. Zakguntäç ýokanjam. Ol – Kys. Adamlaram ýok edýär. Hiç bir sebäpsiz, manysyz... Miladydan öň 485-410-njy ýyllarda ýaşap geçen, gadymy ýunan pelsepeçisi Protagor: “Ähli zatlaryň ölçegi – adamdyr...” diýip aýdyp geçipdir. Diýmek, adamzat siwilizasiýasynyň nukdaýnazaryndan, onuň özeni bolan adamzat ýok bolsa, dünýäňem ýok boldugy dälmi? Bu bolup biljek zatmy? ?... “Festiwal” wirusy (“Singulýarlyk asmany” – 2003. Çarlz Stross) Futurologiýada (geljegi öwreniş ylmynda) singulýarlyk – bu siwilizasiýanyň ösüşindäki tapgyrlaýyn geçişi aňladýar. Şeýle geçişden soň onuň geljekki taryhynam, tehnologiki ösüşinem, öňki tapgyryň adalgalarynyň ýa-da düşünjeleriniň kömegi bilen öňünden çaklap ýa-da takyk kesgitläp, ýa-da suratlandyryp bolmaýar. Hiç hili iň ezber postmodernizmiňem singulýarlygyň gözýetiminden aňyrda näme bardygyny beýan etmegi başarmajakdygy anyk. Ç.Strossyň romanyndaky “Festiwal” wirusy, älem giňişliginde sergezdanlyk edip ýören Emeli Paýhas. Ol islendik täze maglumaty özleşdirýär, ony edil aňrybaşy janköýer toplaýjy deý üýşürýär. Maglumat – onuň ýeke-täk ruhy höregem, ýaşaýyşynyň manysam. Ol her saýýarada Zeminiň gabygynyň süýşürintgilerine barabar äpet üýtgeşmeleri emeli usulda döretmäge ukyply. Özem bu hereketini diňe täze maglumaty toplamagyň we synap görmegiň hatyrasyna edýär. Bu bolup biljek zatmy? Häzirki döwürde singulýarlyk boýunça gaty köp ylmy barlaglar alnyp barylýar. Şonuň üçinem, bu sowala anyk jogap bermek mümkinçiligi heniz-ä ýok :-). Ählumumy bitaraplaşdyryjy (total neýtralizator) (“Tekizleýji” – 1999. Terri Bisson) T.Bisson özüniň bu hekaýasynda giňligi 2,173 km, tizligi 8,4 km/sag bolan nähilidir birhili düşnüksiz zolak hakynda söz açýar. Ol zolagyň nireden emele gelendigi näbelli. Ol Zeminiň ýüzünden süýrenip barýar. Onuň geçip giden ýerindenem tep-tekiz goňur meýdanyň (inert materialyň) zolagy galýar. Onuň öňüne garym gazýarlar, partladyp görýärler, otlaýarlar – hiç zat peýda etmeýär. Ol zolak şu tizligi bilen gitse, ýene-de birnäçe ýüz ýyldan Zemin saýýarasy goňrumtyl reňkli jansyz logala öwrüler. Ine şu geljek barada-da, telewizoryň öňünde oturan ýaş çatynjalar – Optimist we Pessimist hanym – özara pikir alyşýarlar. Optimist Pessimist hanymy çaga dogurmaga yrjak bolýar. Ol haýsy-da bolsa näbelli bir Tekizleýjini bolsa kelleden zyňyp taşlamagy teklip edýär. Bu bolup biljek zatmy? Daşky gurşawyň çalt depginler bilen harlanylyşyny göz öňünde tutsaň, T.Bissonyň bu allegoriki hekaýasynyň hakykata ýakynlygy we ynama mynasyplygy günsaýyn artýar. © Arsen GUMBADZE. Çeşmesi: https://www.film.ru/articles/menedzhery-sudnogo- dnya. 29.08.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||