21:05 Aksaraý / rowaýat | |
AKSARAÝ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Görogly etrap merkezinden 16 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän «Ak- saraý» geňeşligi bu ýerdäki gadymy binagärlik ýadygärliginiň adyny göterýär. Ýadygärligiň uzaklardan agaryp görünýänligi üçin şeýle at alanlygyny çaklamak kyn däl. Ýeri gelende aýdylsa Aksaraý diýlip atlandyrylan bu ýadygärlik binalaryň girelgesi diýip çaklanylýar. Sebäbi ondan aňyrda köpsanly binalar toplumynyň bolandygyny bir-birine utgaşyp gidýän depeler subut edýär. Özem şol depe- leriň uly bir binanyň harabasydygy bildirip dur. Ýerli gojalaryň aýtmaklaryna görä, Aksaraý Amuldan Köneürgenje barýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýly, bazarly şäherleriň biri bolupdyr. Aksaraý harabalygy arheologiýa taýdan düýpli öwrenilmegine garaşýar. Bu gadymy şäherden ýeke-täk saklanyp galan ýadygärlik Aksaraý diňi juda özboluşly binagärlik bolup dur. Ol uzakdan seredeniňde düýäniň üstündäki kejebäni ýatladýar. Aksaraý hakynda şeýle bir rowaýat hem aýdylýar. Şu ýerde ýaşaýan barjamly bir adamyň örän owadan, şonuň bilen birlikde-de akylly-paýhasly gyzy bar eken. Ýeke gyzy bolansoň, kakasy ony ogul ornunda ekläp-saklapdyr. Aý-gün geçip, kämillik ýaşyna ýetende bolsa oňa şu obaly ýi- gitleriň biri aşyk bolupdyr. Gyzyň kakasy ýaş juwanlaryň söýgüsine garşy gitmändir. Toý tutup özüniň ýeke gyzyny halaşýan oglanyna bermekçi bolupdyr. Ýaşlaryň toý sähedi bel- lenipdir. Toýa sanlyja gün galanda garaşylmadyk betbagtçylyk ýüze çykypdyr. Toý sähedi bellenen gyz tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Toýa garaşylýan öýde ýas tutulypdyr. Nowjuwan gyzyny elinden aldyran ata, onuň belli günlerini geçiripdir. Şol günleriň birinde gyzy onuň düýşüne girýär. Gyz düýşünde kakasyna: — Myradyma ýetmän dünýäden gaýtmaly boldum. Ak kejebä münmek ne- sibämde ýok ekeni. Eger edip bilseň, meniň üçin kejebä meňzäp duran bir bina galdyr. Ol meniň münüp ýetişmedik kejebämiň ýadygärligi bolar — diýipdir. Gyzyň kakasy ah çekip oýanypdyr. Soňam dünýäden namyrat öten gyzynyň düýşünde eden wesýetini ýerine ýetirmäge girişipdir. Belli ussalara sargyt edip, şäheriň eteginde kejebä meňzäp duran ajaýyp binany gurdurypdyr. Bu binanyň gurluşygy tamamlanandan soň gyzyny ýatlap sadaka beripdir. Şol gün gyz ýene-de kakasynyň düýşüne giripdir. Bu gezek ol kakasyna kejebä meňzedip gurlan binanyň üstünde wagtyhoş halda oturan bolup görnüpdir. Düýäniň üstündäki kejebä meňzedilip gurlan bu täsin bina baradaky rowa- ýat dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu ýadygärlik baradaky takyk maglumaty aýtmak bolsa, taryh ylmynyň wezipesi bolup durýar. Otuzmät KAKYŞOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesiniň başlygy #"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |