17:01 Mämmetnazaryñ şygryýet şalygy | |
MÄMMETNAZARYÑ ŞYGRYÝET ŞALYGY
Edebi makalalar
Şu gün — şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň doglan güni Mämmetnazar Babanazarow juda özboluşly goşgulary bilen XX asyryň aýaklarynda, XXI asyryň başlarynda häzirki zaman türkmen şygryýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan şahyrlaryň biri. Ol 1954-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Gyzyltakyr obasynda dünýä inýär. Şahyr şol wagtky Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlaýar. M.Babanazarow ilki «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet çekýär. Ol şol bir wagtyň özünde-de «Daşoguz habarlary» welaýat gazetinde işleýär. Şahyryň duýga ýugrulan, pikir ýüki ýetik goşgulary gysga wagtyň içinde okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýar. Galama erk edişi, täsin hem juda sazlaşykly meňzetmeleri ony döwürdeşlerinden düýpli tapawutlandyrmak bilen, hiç kimiňkä meňzemeýän öz şygryýet dünýäsini döretmäge mümkinçilik berdi. Mämmetnazar Babanazarowyň goşgulary kalba ýakynlygy, okyjylaryň inçe duýgularyna güýçli täsir edýändigi bilen tapawutlanýar. Şahyryň goşgulary heniz ýaş wagty «Merkezi Aziýanyň ýaş şahyrlary», «Ýaşyl alaňlar», «Garagumuň gülleri», «Alty aýdym» ýaly ýygyndylarda ýerleşdirilip, «Literaturnaýa gazeta», «Literaturnaýa Rossiýa» ýaly beýleki döwletleriň gazetlerinde-de çap edildi. Ol ýaş şahyrlaryň Lwowda geçirilen Bütinsoýuz festiwalyna, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň Moskwada bolan Bütinsoýuz seminaryna gatnaşýar. Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, Mämmetnazaryň goşgulary özboluşly lirikasy, liriki gahrymanynyň pelsepewi garaýyşlarynyň ynandyryjylygy hem-de şahyrana özboluşlylygynyň durmuşa ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň döredijiligi diňe bir watançylyk duýgularyna ýugrulman, eýsem, durmuşylygy bilen-de ünsüňi çekýär. Şahyryň goşgularynyň tas ählisinde diýen ýaly, watançylyk duýgulary mese-mälim ýüze çykýar. Ömrüniň ahyryna çenli şygryýeti baýdak edip göteren, ony mertebesine öwren şahyryň «Güller deňzi», «Ejizlik etme, köňlüm!» atly kitaplary türkmen söz sungatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun aldy. Mämmetnazar Babanazarowyň goşgulary Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginde iki gezek — 2003-nji hem-de 2013-nji ýyllarda ýeňiji boldy. Eýsem, Mämmetnazar Babanazarowyň goşgularynyň özboluşlylygy haýsy ugurlarda ýüze çykýar? Şular bilen gyzyklanyp, onuň jadylaýjy şygryýet dünýäsine ýene bir öwre nazar aýladyk. Watançylyk duýgusy şahyryň goşgularynyň tutuş gönezligini emele getirýär. Ol Watan hakynda ýazanda öň torç edilen ýörelgeleri terk edip, okyjynyň garaşmaýan öwrümlerini, söz oýnadyş tärlerini ulanýar. Şahyryň «Şükür bagşy» atly ajaýyp goşgusy munuň aýdyň mysalydyr. Megerem, Şükür bagşynyň agasyny bendilikden halas edişi bilen baglanyşykly wakany bilmeýän ýokdur. Şahyr goşgyny Şükür bagşynyň dilinden beýan edýär. Goşunsyz, ýaragsyz, arkasyna dutaryny alyp, ýeke özi agasyny halas etmäge barýan Şükür bagşyda gorky-ürki ýok. Ol diňe arkasyny dirän Watanyna bolan buýsanç, dutarynyň hem eliniň «gudratyna» bolan ynam bilen ýola çykýar. Ýanynda-da, birden kazasy dolup, gaýdyş edäýse üstüne seper ýaly bir gysym Watan topragy bar. Ol ölüme boýun, ýöne ýat iliň hanyna baş egmekçi, ejizlemekçi däl. Jan süýji-de bolsa, binamyslyk edeninden ölenini ýeg görýär. Şonuň üçin-de, ol goňşy ýurduň hanyna şeýle ýüzlenýär: Dünýe juda garry, jilwe edere, Hemem jan goşulan doýulmaz ýaly. Men başymy salyp geldim etegme, Ol başga etege goýulmaz ýaly. Mämmetnazaryň «Haýyş» atly goşgusy-da halkymyzyň gaýduwsyzlygyny, gaýratlylygyny, mertligini, watansöýüjiligini nusgalyk derejede beýan edýän ajaýyp şygyrdyr. Onda goja, ýüregi küýsäp, öz ogluna «Göroglyny» okap bermegi haýyş edýär. Goja Göroglynyň watanperwerligine aşyk. Onuň perişdeleşdirilmändigi, durmuşa hem tebigylyga ýakyn beýan edilendigi üçin şadessan gojanyň buýsanjyna öwrülýär, ondan gaýrat tapýar, Göroglynyň adaty adama mahsus häsiýetlerini özüne ýakyn kabul edýär. Ömürler, döwranlar perde-perdedir, Watan ganyňdadyr, namys serdedir, Gaýraty gaýada, göwni ýerdedir, Oglum, «Göroglyny» okap bersene! ýa-da: Ir turdum, giç ýatdym, gördüm döwrany, «Ýazym ýaz bolsun» diýp, urdum jöwlany, Dikeldip goýbersin garran göwrämi, Oglum, «Göroglyny» okap bersene! Mertler hatasyny aňan güni başyny egip, ötünç soramagy özlerine kiçilik bilmeýärler. Ýalňyşypdyr, elbet, çig süýt emendir, Ýöne mertdir, başyn egip gelendir... Durmuş hakykatyny, aýtjak bolýan pikirini şular ýaly juda özboluşly mysallaryň üsti bilen beýan etmegi şahyryň goşgularynyň süňňüniň sagat bolmagyny üpjün edip, okyjynyň ýüregini gozgalaňa salýar. Şahyryň ulanýan meňzetmeleri sende: «Bäh, muny ediberişini!» diýen ýaly duýgulary döredýär. Onuň «fontan bolup atylan derekleri», «garyň üstüne syýa ýaly syçran gargalary» öz döwründe dilden-dile geçip, şahyry has-da meşhurlaşdyrmak bilen çäklenmän, häzirki döwürde-de «Ussada ussat diýmeli» diýdirip başyňy ýaýkadýar. Mämmetnazar Babanazarow «kimin», «deý», «ýaly» kybap kömekçi sözler bilen aýyklanýan meňzetmeleri aňsat-aňsat ulanmaýar. Ol meňzedilýän zady ynsany duýgular bilen bezeýär welin, onuň meňzetmelerini soň duýup galýaň. Mysalmy? Mysal üçin, güýzde sary ýapraklaryny teýine döken söwüdiň bolup oturyşy. Özem ol gussa batyp, aşak bakyp oturan adama meňzeş. Az galypdyr şahalaryň ýapragy, Ýöne olar umydy däl göwüniň. Müdimi däl gözün dikip topraga, Oýa çümüp oturmasy söwüdiň. ýa-da: Anha, ýadaw güýzüň göwnüni awlap, Baglar ýapragyny eläp otyrlar. Hem soňky demleriň agysyn aglap, Bize uzak ömür diläp otyrlar. Umuman, agaçlary, Güni, deňzi... adam ruhunda görmek, Mämmetnazara mahsus aýratynlyklaryň biri. Şahyr olara edil adama sereden ýaly seredýär, adama ýüzlenen ýaly ýüzlenýär. Adamlar deňze tomaşa etmäge, kenarynda dynç almaga barýarlar. Şahyryň liriki gahrymany bolsa deňzi ynsan ruhunda kabul edýär: Özüňi göterip taşlama, deňzim, Ýa yşkdan, Ýa sazdan erän dag deýin! Edil adam bolup, haşlama, deňzim, Bir çäresiz deýin, Köňli dar deýin! Şahyryň liriki gahrymany deňze adaty adamlardan düýbünden başgaça garaýar: Umman başyň, gördi niçe şatyny, Gaýlar güýjüňi däl, derdiň egisdi! Şonuň üçin aýdym ýaly gadymy, Şonuň üçin tomaşa däl, Deňizsiň! Ine-de, şahyryň başga bir liriki gahrymany. Öýüniň töwereginde gyza gözi düşmedik aşyk ýigit oda-köze düşýär. Onuň kalbyny magşuk gyz bu ýerden müdimilik giden ýaly duýgular gaplap alýar: Güller egni gysyk otyr, Baglar sussy basyk otyr, Gülýakasy ösüp otyr, Ýakasy açyk gitdimi? Dogrudanam, onuň ediberşini. «Ösüp oturan gülýakanyň» mellekde açylyp oturan günebakardygyny soň duýup galýarsyň. Şeýle haýran galdyryjy meňzetmeler şahyryň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Biz Mämmetnazar Babanazarowyň goşgularynyň özboluşly taraplarynyň diňe käbiri dogrusynda gürrüň etdik. Şahyryň goşgulary ylmy jähetden-de öwrenilmäge mynasyp. Bu onuň döredijiliginiň başga-da ençeme aýratynlyklaryny ýüze çykarar. Şahyryň kalba ýakyn goşgulary il arasynda şu günler hem dilden-dile geçýär. Ýogsam näme, kämil goşgularyň ömri wagt bilen kesgitlenmeýär. Halypa şahyr 2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda 67 ýaşynda aradan çykdy. Ol aramyzda bolan bolsa, şu gün 68 ýaşyny doldurmalydy. 25.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |