ALABAÝ - WEPALY KÖPEK
Gojaman Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza diýen obada bir balykçy ýaşapdyr. Balykçynyň akylly we görmegeý aýaly, şeýle hem bir ogly we gyzy bar eken. Ol howanyň amatly günleri irden deňze balyk tutmaga gidip, agşamara öýüne dolanyp geler eken.
Şonda Alabaý lakamy köpek hem maşgala goşulyp balykçyny mähirli garşylar eken. Janawar maşgala wepaly bolansoň, ony gowy görýän ekenler.
Günleriň birinde balykçy awlagdan gelip, gämisiniň zynjyrly labyryny suwa taşlapdyr. Şonda niredendir bir ýerlerden Alabaý ylgap gelipdir-de, onuň synyndan çekeläp başlapdyr. Özi-de “Haw-haw” edip, eýesine nämedir bir zatlary düşündirjek bolýarmyş. Onsoň balykça itiniň erkine kaýyl bolmakdan özge çäre galmandyr. Alabaý balykçyny kenardaky çaňňalaklaryň toplanan ýerine getiripdir-de, ýeri peşäp başlapdyr.
-Ýeri, Alabaý, kenardaky balykgulaklardan başga näme zatlar bolup biler? – diýipdir-de, balykçy itine göwünli-göwünsiz kömege barypdyr.
Ýerden kinniwanja, haşamly sandyk çykanda balykçy gözlerine ynanmandyr. Açyp görse, onuň içi altyn-kümüşden we beýleki gymmat bahaly daşlardan dolumyş. Onsoň, balykçy bu sandygy öýüne alyp gelipdir. Balykçy hazynanyň içindäki gymmatlyklaryň bir bölegini satypdyr-da, täze jaý we ýelkeni gämi edinipdir. Alabaý üçin owadan ýatak hem ýasapdyr. Goňşy-golamlaryny, dost ýarlaryny çagyryp toý tutupdyr. Garyp-gasara ýetdiginden serişde paýlapdyr.
Balykçynyň maşgalasy uly hazyna eýe bolsa-da, öýde men-menlik eden tapylmandyr. Taňrynyň beren eşretlerini köp şükürler edp, agzybir ýaşapdyrlar. Olaryň rysgal-döwleti bolsa günbe-günden artypdyr.
Deňiz kenaryndan tapylan hazyna bilen baglanyşykly habary ilki bilen balykçynyň goňşusy eşidipdir. Ol husyt, görip bolany üçin oba ilaty ony gowy görmeýän eken.
Şol gije göribiň gözlerine çiş kakylan ýaly, asla uky gelmändir. Ol daň atmagyna hem garaşman, alagaraňkyda goňşusynyň gapysyny kakypdyr.
Iňňän bir zerur ýagdaýyň ýüze çykandygyny aýdyp, Alabaýy bir hepde öz garamagyna bermegini balykçydan towakga edipdir.
-Bolýar goňşy, goý, seniň diýeniň bolsun. Alabaýy horlamagyn, bir hepdeden gijikdirmän hökman getirgin-diýip, ala köpegiň boýun ýüpüni goňşusynyň eline tutdurypdyr.
Balykçynyň aýaly goňşusynyň päl-niýetiniň gowy däldigini bilensoň, şol gün äriniň eden işinden gaty nägile bolup öýkeläpdir.
Husyt Alabaýy ele salansoň, ir säherden tä tümlük düşýänçä janawary deňiz kenarynda hazyna agtarmaga mejbur edipdir. Wagtly-wagtynda naharlamansoň, köpek tizden horlanypdyr. Görip goňşysynyň Alabaýy suwasalma ýençýän günleri hem az bolmandyr. Bu barada soň-soňlar balykçynyň goňşulary gürrüň beripdir.
Hepdäniň ahyrky güni husyt dergazap bolupdyr. Janawar bolsa ýene-de ýenjilerinden heder edip, kenarda lemmer b olup duran daşlaryň düýbüni gorka-gorka peşemäge başlapdyr. Göribiň begenjinden ýaňa tasdan ýüregi ýarylan eken. Ol: “Ahyrsoňy uly bir hazyna eýe boldum-ow” diýipdir-de, Alabaýy iteläp goýberipdir.Dessine daşyň aşagyny elleri bilen köwlemäge girişipdir.
Görip işine şeýle bir gümramyş welin, hat-da daşyň aşagynda ýatan ýylanyň hyşşyldysyny hem eşitmändir. Ýylan göribiň elinden çakyp öldiripdir. Alabaý bolsa göripden aman-sag dynyp, balykçynyň öýüne dolanyp barypdyr.
Şol wakadan soňra balykçy wepaly köpegi Alabaýyň ykbalyny hiç kime ynanmandyr.
Ertekiler