21:08 Alatoo | |
ALATOO
Goşgular
Alatoo-Aladag Bu gün çykdym ýola, dag. Gözelligñi ýazmaga Galam aldym gola, dag. Mydam ap-ak telpekli, Arçalardan gulpakly. Nusgany senden alyp, Illeñ gezýär galpakly. Senden başlanýar säher, Sende düşleýär säher, Başyñ sowuk gyş bolsa, Aýagyñ ala bahar. Sen gyrgyzyñ guwanjy, Ýüreginiñ begenji, Sen oñ duzy, çöregi, Mülki, hazyna, genji. Gujagña bulut gonýar, Göwsüñden suwlar önýär, Çeşmeleriñ goşlaşyp, Däli çaýlara dönýär. Depeleñde ümür bar, Sende kükürt, kömür bar. Baýlygyñ köp sanardan, Hek bar, zäk bar, demir bar. Señ goýnuña bakaýly, Döşe güller dakaýly. Jülgeleriñ sapaly, Gün geçmeýän tokaýly. Ýüzüp bardym gaýykly, Zawlañ pesli, beýikli, Dereleriñ gaplañly, Käkilikli, keýikli. Alatoo ㅡ Aladag! Gelerin köp ýola, dag. Seniñ waspyñy ýazdym Galam alyp gola, dag! GÖKKÖL Azerbeýjan topragynda Dünýã nurun saçan Gökköl. Ter otlaryñ ýapragynda Dürli güller açan Gökköl. Gür tokaýlyk dört ýanyñda. Hödür-hezzet duz-nanyñda Mawy dürli asmanyñda Bürgüt, laçyn uçan Gökköl. Töweregiñ Kepezdagy. Eteginde seýil bagy. Ir säherler, agşam çagy Jerenler suw içen Gökköl. Seni saýlap eziz ýer dek, Erkan ýüzýär guwdur ördek. Tomus düşse, Eneler dek, Çagalary guçan Gökköl. Seýran edip dostlar bilen, Gitdim belent-pesler bilen. Şirin nagma sesler bilen Maña gujak açan Gökköl. Egrilip giñ saçagyña, Kebap ýapdym ojagyña, Ýene seniñ gujagyña Gelerin men haçan Gökköl?! | |
|
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |