14:44 Alekseý Nawalnyý: Türmede ölendigi aýdylýan rus oppozisioneriniñ durmuşy | |
ALEKSEÝ NAWALNYÝ: TÜRMEDE ÖLENDIGI AÝDYLÝAN RUS OPPOZISIONERINIÑ DURMUŞY
Publisistika
Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñ iñ esasy garşydaşlaryndan Alekseý Nawalnynyñ türmede ölendigi aýdylýar. Rus syýasatynda Putinden başga iñ köp ady tutulýan az sanly adamlardan biri bolan Nawalnynyñ türmede ölendigi aýdylýar. Gözler Kremle dikildi. / Fotosurat: Ýuriý Kozyrew "Men arassa demokratdyryn. Emma bärde bir mesele, hatda tragiki ýagdaý bar: Men ýeke, ýagny dünýäde meniñ ýalysy ýok..." • Wladimir Putin Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putiniñ iñ köp şu sözleri oña gülkünç eşidildimi, belli däl. Ýöne Alekseý Nawalnynyñ ýurdy milleniumdan bäri dolandyryp gelýän we 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda oturmagyñ kepilini alan Putiniñ iñ ekabyr garşydaşlaryndan biridigini welin hemmeler bilýärdi. Uzak wagt bäri türmede oturan rus oppozision lideriñ aradan çykandygy aýdylýar. Ýamalo-Nenes awtonom okrugynyñ jezalary ýerine ýetiriş edarasy "Reuters" habarlar gullugyna 48 ýaşly syýasatçynyñ aradan çykandygy hakda beýanat berdi. Rus türmesiniñ ýolbaşçylary Nawalnynyñ gezim edenden soñ ynjalyksyzlanyp huşundan gidendigini, lukmanlaryñ ony huşuna getirmek üçin eden ähli tagallalarynyñ derege ýaramandygyny aýdýar. Bu habaryñ yzyndan yzly-yzyna köp sanly nägilelikler gelip gowuşdy. Ýuliýa Nawalnaýa Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Putiniñ Russiýa, maşgalasyna we ýanýoldaşyna garşy eden etmişleri üçin jezalandyryljakdygyny aýdýar. Sürgündäki rus biznesmeni Mihail Hodorkowskiý "Eger Nawalnyý ölen bolsa, munuñ üçin Putin jogapkärdir" diýýär. Russiýanyñ Daşary işler ministrliginiñ press-sekretary Mariýa Zaharowa Nawalnynyñ ölümi boýunça heniz sud-medisina ekspertizasynyñ netijeleriniñ taýýar däldigini, ýöne Günbataryñ öz netijelerine şonsuzam ýetendigini nygtaýar. Kremliñ press-sekretary Dmitriý Peskow Russiýanyñ jezalary ýerine ýetiriş edarasynyñ Nawalnynyñ ölümi boýunça ähli barlaglary geçirendigini, emma bu barada heniz anyk maglumatyñ gelip gowuşmandygyny aýdýar. Nawalnynyñ topary bolsa ölüm hakdaky habaryñ heniz tassyklanmandygyny nygtaýar. Nawalnyý Putiniñ häkimiýetine uzak wagt bäri göreşýärdi / Fotosurat: Skynews Ukrainanyñ öñki prezidentlerinden Wiktor Ýuşşenko, köne çekist we Putiniñ garşydaşy Aleksandr Litwinenko, öñki ikitaraplaýyn jansyz Sergeý Skripal, "Wagner"-iñ başlygy Prigožin... Bularyñ hemmesi Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen garşyma-garşy gelen adamlar. Hemmesi-de şirin janyndan el üzmeli boldy. Kreml ähli aýyplamalary şu güne çenli boýun alman geldi. Nawalnyý üçinem ýagdaý şundan üýtgeşik bolmaz... • Nawalnynyñ gysgaça terjimehaly Ýogsa-da Alekseý Nawalnyý kim? 2019-njy ýylda türmedekä Nawalna "kontakt dermatit" diagnozy goýlupdy. Ýagny endamynyñ ýüzüne galtaşan käbir maddalara garşy bedeni reaksiýa görkezipdi. Lukmanyñ aýtmagyna görä, rus oppozisioneri toksiki madda duçar bolan bolmalydy. Uzaga çeken çekişmeleriñ yzyndan bejergi almak üçin ýörite "Tiz kömek" uçary bilen Germaniýa getirilen aktiwist "Charite" hassahanasynyñ reanimasiýa bölümine ýerleşdirilipdi. Nawalna geçirilen barlaglaryñ netijeleri kolinesteraz ingibitoryna, ýagny, ekin meýdanlarynda ulanylýan zäherli madda yşarat edýärdi. Ol zäheriñ Sibirde gezelenç edip ýörkä ganyna aralaşandygy aýdyldy. Ýogsam bolmasa, onuñ Sibir gezelenji örän keýpihon geçipdi. Алексей Навальный (@navalny)-nyñ instagramda paýlaşan suraty Nawalnyý sebitdäki Tomsk şäheriniñ gözelliklerinden dem urup, ýaş tarapdarlary bilen düşýän suratlaryny Instagramdan paýlaşýardy. Onuñ düýp maksady 13-nji sentýabrda geçiriljek ýerli saýlawlaryñ öñüsyrasy garaşsyz kandidatlara ýardam etmekdi. Duşuşyklardan soñ Moskwa gaýdyp barmak üçin şäheriñ "Богашево" gowa menziline metbugat sekretary Kira Ýarmyş bilen bile geldi. Howa menzilindäki wena kofeçisine bir käse çaý zakaz etdi. Ol eli karton käseli çaýyny owurtlap, uçarynyñ gelmegine garaşýardy. Fotosurat: Twitter (X) Edil şol wagtam dik garşysynda şäherde DJ-lik edýän Pawel Lebedew otyrdy. Ol el telefonyny çykaryp, rus oppozisioneriniñ ýaş şöhratyny surata düşürmäga başlady we sosial mediýa hasabyndan paýlaşdy. Inen şol surata düşüşlikden soñ zäherlenendigi aýdylýan, bu işiñ añyrsynda Kreml bilen deñ derejrde ABŞ-nyñam, ÝB-niñem, Germaniýanyñam, Türkiýäniñem eliniñ bardygy aýdylýan çekişmelerden ybarat. Kreml şol wagt wakanyñ jogapkärçiligini boýnuna almasa-da, birinji alamatlar onuñ zäherlenendigine yşarat edýärdi. Nawalnyñ tarapdarlary şol wagt zäherlenmäniñ jogapkärçiligini Kremliñ we rus gizlin gullugynyñ boýnuna ýükläpdi. Edil 2018-nji ýyldaky Sergeý Skripal, 2015-nji ýyldaky Wladimir Kara-Murza ýa-da bir soñky Aleksandr Litwinenko wakalarynda bolşy ýaly. Fotosurat: Reuters Ýa-da şwed kontrrazwedkasyna Russiýadaky pul ogurlyklary barada gymmatly maglumatlary berenden üç ýyl soñ 2012-nji ýylda Londondaky öýüniñ öñünde ölüsi tapylan Aleksandr Perepiliçnyý mysaly.... Hemmesiniñem ganyndan zäher çykdy, hemmesiniñ ölüminiñ añyrsynda döwletiñ eliniñ bardygy aýdyldy. • Putine "Gurbaga" diýen adam Russiýany ençeme ýyl bäri ýeke özi demir ýumruk bilen dolandyryp gelýän Wladimir Putin rus gizlin gullugy FSB-de işläp ýörkä, Nawalnyý ýañy uniwersiteti tamamlap, hukuk hünärini ele alypdy. Kyrk sekiz ýaşly Nawalnyý Moskwanyñ gyra-bujak raýonlarynda ulalan adamdy. Emma bu onuñ kyn çagalygy başdan geçirenligi üçin däl-de, maşgalasynyñ eýeçilik edýän zawodynyñ şäheriñ daşynda gurulgy bolanlygyndan şeýledi... Ol tomusky dynç alyşlaryny Ukrainanyñ Çernobyl şäherinde geçirýärdi. Çernobyldaky ýadro stansiýasynyñ partlamagynyñ yzyndan Nawalnyý maşgalasynyñ dowam edip duran düzgün bilen arasy bozuldy. Munda diñe partlamanyñ döreden weýrançylygynyñ däl, sebitdäki zawodlaryñ partiýa tarapyndan talanmagynyñam paýy uludy. Onuñ maşgalasy-da şeýle diýdi. Ýyllar geçdi, şol ýaşajyk oglan Putine garşy edilýän çykyşlaryñ öñbaşçysyna öwrüldi. Jemgyýetçilik oppozisiýanyñ ýüzüniñ tuwagy boldy. Putiniñ birinji belgili garşydaşlarynyñ biri hökmünde ady tutuldy. Fotosurat: Ýuriý Kadobnow / AFP Alekseýiñ syýasy arenadaky tutýan orny internet arkaly bloglary paýlaşan ýyllaryna, 2008-nji ýyla gabat gelýär. Nawalny paýlaşýan bloglarynyñ Twitterden has meşhur bolan günlerinde Russiýanyñ uly döwlet edaralarynda bolup geçýän korrupsiýa wakalaryjy internet okyjylaryna elýeterli edipdi. Hemmeler ony korrupsiýa garşy ýöredýän göreşleri bilen tanasa-da, korrupsiýa bilen aýyplanan wagtlary-da boldy. Şondan ýañy bir ýyl geçende, 2009-njy ýylda döwlete degişli kärhanadan 16 milli9n rubl ogurlandygy öñe sürüldi. Moskwa hökümeti onuñ bu korrupsiýany döwletiñ bellän gubernatoryna geñeşdarlyk eden wagty amala aşyrandygyny aýtdy. Russiýanyñ Derñew komitetiniñ aýtmagyna görä, Nawalnyý Russiýanyñ Kirow oblastynda gubernatoryñ geñeşçisi bolup işlände "Kirowles" kristal zawody bilen galp şertnamalary baglaşyp, 16 million rubly öz hasabyna geçirenmiş. Alekseý jedelli geçrn derñew işiniñ yzyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Garşysyna çykarylan höküm okalanda, ol töweregindäkilere: - Gurbaga beýdeni bilen nebit geçirijisinden iýen pullaryny bukup bilmez! - diýip gygyrýardy. - Bolýar, oglanlar. Mensiz ýüregiñiz gysmasyn! Iñ esasy-da boýun egip boş ýatmañ. Bu gurbaganyñ indi öz-özüni nebit geçirijisine atyp, janyna kast etmejegi belli boldy! Nawalnyý "gurbaga" diýmek bilen rus hökümetini we Putini göz öñüne tutýardy. Fotosurat: Saşa Mordowes / AP Şol döwür "Chemnitz"-de çap edilýän "Freie Presse" gazetinde sud prosesinde bolup geçenler we Nawalnynyñ ýeke adamlyk oppozisiýasy şu sözler bilen beýan edilipdi: "Kremliñ baş duşmany Nawalnyý Kremliñ hojaýynyna "Nebit geçirijisiniñ ugrundaky gurbaga" diýip sögünýär. Russiýanyñam nähili giñ göwrümlidigine seretseñizläñ: Nawalnynyñ paýyş sözlerini eşitselerem, şäher sowetiniñ başlygynyn saýlawlarynda oña üstunlik gazandyrýarlar, şol ikiarada onuñ bilen mümkingadar medeni formada sudda çözlüşýärler. Nawalnyý Russiýada oppozisiýanyñ bardygyny aç-açan subut edýär, iñ bolmanda ýeke adamlyk oppozisiýanyñ". • 2011-nji ýylyñ protest demonstrasiýalarynda oýnan roly Nawalnyý aradan geçen ýyllaryñ dowamynda Putine garşy guralan köp sanly demonstrasiýanyñ başyny çekdi. 2008-nji ýyl diñe Russiýa üçin däl, dünýädäki birnäçe ýurt üçinem agyr ýyllaryñ biri boldy. Global maliýe krizisi rus topraklaryna öz ýany bilen ykdysady deñsizligi, işsizligi getirdi. Edara-kärhanalardaky parahorluklaram ýetjek derejesine ýetip, aç-açan ýagdaýa öwrülipdi. Şonuñ üçinem ýaşlar ýaşaýyş-durmuş ülñüleriniñ şeýle ýagdaýa gelip ýetmegine çydap bilmän nägileliklerini bildirýärdiler. Nawalnynyñ 2011-nji ýylyñ awgustynda rus we wenger hökümetleriniñ arasyndaky dawaly emläk şertnamasy baradaky aýan eden maglumatlary gaýnap duran bu gahar-gazabyñ duzdyr burçy bolupdy. Rus oppozisioneri Wengeriýanyñ Moskwadaky köne ilçihananyñ jaýyny 21 million dollara dünýäniñ iñ baý 119-njy adamy bolan rus işewüri Wiktor Wekselbergiñ garamagyndaky offshore şereketine satandan az wagt geçensoñ bu gezek 111 million dollara rus hökümetine täzeden satandygyny öñe sürdi. 2011-nji ýyldaky sosial partlamanyñ başyny Nawalnyý we onuñ topary çekdi. Fotosurat: Reuters Nawalnyý we onuñ tarapdarlary şol ýylyñ 4-nji dekabr güni geçirilen parlament saýlawlaryna-da galplyk aralaşandygyny aýdýardy. Ilkibada ownuk masştabda baha berilen çykyşlar internet aktiwliginiñem ýardamy bilen barha ulaldy we Putin bilen "Единая Россия" partiýasy Sowet Soýuzynyñ dargan wagtyndan bäri iñ uly wakalara şaýatlyk etdi. 11-nji dekabrda Moskwanyñ "Революция" we "Болотная" meýdanlary 40 müñden gowrak demonstratyñ gahar-gazaby bilen dolup-daşdy. Demonstratlar saýlawlaryñ täzelenmegini we Merkezi Saýlaw toparynyñ başlygynyñ çalşyrylmagyny talap edýärdi. Protestler diñe paýtagt bilenem çäklenmedi. Russiýanyñ iñ gündogar çetindäki şäheri Wladiwostokdan iñ günbataryndaky Kaliningrada çenli kyrk şähere ýaýylypdy. • Olimpiýa halkasyna çomak sokan adam! 2014-nji ýyl. Sowet Soýuzynyñ we Russiýanyñ taryhynyñ gürrüñ berilýän çykyşyna milliardlarça adam ekranlardan tomaşa edip durka, işçi we daýhan aýalyñ heýkeli olimpiýa oýunlary başlamanka hemmelere salam berýärdi, Russiýa polisiýanyñ jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugyndan alynan 40 müñ işgäriñ gatnaşmagynda Soçide 22-nji Gyş Olimpiadasyny geçirýärdi. Putiniñ we Russiýanyñ at-abraýy üçin möhüm günleriñ biridi. 2014-nji ýylyñ Soçi protestleri / Fotosurat: Lefteris Pitarakis-AP Eýsem bu haý-haýly ullakan sport çäresi üçin harç edilen pul näçeräkdi? Bu soragy orta atanlaryñ birem oppozisioner aktiwist Alekseý Nawalnydy. Nawalnyý diñe sorag berip oñmady, özüçe jogaplaryny-da orta atdy. Onuñ çap eden habarnamasynda olimpiýa oýunlary üçin 1,5 trillion rubl çykdajy edilipdi. Fotosurat: Saşa Mordowes Ýagny, şol dõwrüñ walýuta kursy bilen alanda 44 milliard dollarlyk çykdajy edilipdi. Rus ygtyýarlylary "Çykdajynyñ 60%-ni hususy firmalar berdi" diýselerem, Nawalnyý olimpiýa çykdajylarynyñ 96%-niñ döwlet gaznasyndan alynandygyny aýdýardy. Başga bir aýyplamasy bolsa, Soçi üçin hiç zat edilmändigini ýa-da edilse-de kagyz formal ýöredilýänligidi. Nawalnynyñ pikiriçe omaçadan paýyny alanlar Gennadiý Timçenko, Arkadiý Rotenberg, Wladimir Ýakunin ýaly Putiniñ ýakynyndaky adamlardan ybaratdy. Taslamalardaky jemi iýlen puluñ 15 milliard dollara ýetendigi öñe sürüldi. • Gözüni kör eden spreý we dawalar 2017-nji ýyl Nawalnyý üçin hiç añsat bolmady. Ol diñe dawalar bilen gidişmedi. Kremliñ tarapdarlygyny edýän bir demonstrat onuñ ýüzüne himiki madda sepende, zäherli madda gözüne girip, gözüniñ göreji 80% peselipdi. Fotosurat: Ýewgeniý Feldman / AP Nawalnynyñ ýolbaşçylyk edýän Korrupsiýa garşy göreş fondunyñ berýän maglumatlary Putiniñ "Единая Россия" partiýasynyñ syýasy taýdan çüýrändigini görkezýär. Putiniñ Russiýasynda muny belent ses bilen agzan az sanly adamlaryñ birem Alekseý. Ol şol bir wagtyñ özünde Russiýanyñ Ýustisiýa ministrligi tarapyndan bilgeşleýin resmi hasaba alynmaýan "Geljegiñ Russiýasy" partiýasyna başlyklyk edýär... Rus döwleti hemişe Nawalnynyñ demokrat nikaby astynda bikanun pullary kanunylaşdyrýan ogrydan başga zat däldigini öñe sürüp geldi. Alekseýi diñleseñ welin, Kreml oña garşy her dürli toslama aýyplamalary bildirip gelipdi. Oña garşy aýyplamalarda döwlete degişli edaranyñ puluny iýmekden başga-da zat kändi. Nawalnynyñ 100 million rubllyk pul iýişligi dawasynyñ baş aktýory bolandygy, 2008-2011-nji ýyllarda bolsa dogany bilen poçta hyzmatyny edip ýörkä şahsy hasabyna 55 million rubl geçirendigi aýdylýar. Aslynda Putin bilen Nawalnynyñ arasyndaky aýyplamalar birnäçe ýyl bäri gutarmany bilenok. Nawalnyý Putiniñ we onuñ tarapdarlarynyñ üstüne troll leşgerini küşgürýändigini we has öñ şäher sowetiniñ başlyklygy üçin kandidaturasyny goýan Moskwanyñ köçelerinde özüniñem, tarapdarlarynyñam rahatlygyny bozmak üçin elden gelen ýamanlygy gaýgyrmaýandyklaryny öñe sürüpdi. Russiýa ýaly ýurtda ýaşaýan biri üçin onuñ meýdanlarda köpçüligiñ öñünde aýdýan sözleri-de, blogynda ýazýanlary-da örän gödeñsi, örän ýiti jümlelerdi. Nawalnynyñ pikiriçe Putiniñ sistemasy bütin Russiýanyñ ganyny sorýar. Fotosurat: Dmitriý Çirçu / "Anadolu" habarlar agentligi Ol Putiniñ partiýasy "Единая Россия" üçin "Kezzaplar bilen ogrularyñ partiýasy" diýýär. • Liberal nasionalist (!) Alekseý Nawalnyý täsin şahsyýet. Ol 2010-njy ýylda abraýly amerikan ýokary okuw jaýy bolan Ýel uniwersitetiniñ global meseleler boýunça pikir alyşmak üçin çagyran on bäş adamynyñ biridi. Rus nasionalistleri bilen ýola goýan ýakyn gatnaşyklary bilenem ünsi özüne çekipdi. "Kawkaz ýurtlaryny iýdirip-içirip ýörmegi bes ediñ" diýýän ekstremistik nasionalist ýygnanyşyklara gatnaşmagy şeýle gatnaşygyñ bardygyny subut edýärdi. Ol Russiýanyñ Krymy öz düzümine birikdirmegine "Krym biziñkidir" sözleri bilen goldaw beripdi. Nawalnyý başga oppozisioner syýasatçylar ýaly ýurdundan aýrylmady, göreşini öz dogduk ýurdunda alyp bardy. • Nawalnyý: "Putiniñ häkimiýetini asla ykrar etmerin" "Moskwanyñ kalbynda hakyky çadyr şähere mätäçligimiz bar. Mitinglerimiz örän dostana, men agressiýanyñ tarapdary däl, emma Kreml adamlaryñ köçelerden çekilmejegine düşünmeli, Putiniñ häkimiýetini asla ykrar etmerin" Bu batyrgaý sözler Nawalna degişli. Moskwa şäher sowetiniñ başlyklygyna kandidaturasyny goýanda, hiç kim ony öñe saýlanar öýdüp pikir etmeýärdi. Ol saýlawlara gatnaşmak üçin ýedi hepdeläp çirim etmän işledi. Hakykatdanam şäher sowetiniñ başlygy bolup bilmese-de, pikir soralşyk anketalaryny ýalñyşdyryp bildi. Alan 27,24%-lik sesi bilen hemmeleri haýrana goýupdy. Saýlawy Putiniñ kandidaty Sobýanyñ yzyndan ikinji orunda soñlan Nawalnyý garaşylyşyndan has gowy netijeleri gazanypdy. Saýlawyñ netijelerine nägilelik bildirdi, tarapdarlary bilen birlikde ikinji tapgyra gidilmegini isledi. Bolmady. Emma ýene "Болотная" meýdanyna halk üýşüpdi. Aslynda 2013-nji ýyldaky ýerli saýlawlarda Moskwa üçin kandidaturasyny goýmagy we hemmeleri geñ galdyrjak görnüşde saýlaw sandygyndan ikinji bolup çykmagyndan soñ Nawalnynyñ Putiniñ ünsüni hasam özüne çekendigini aýtmak ýalñyş bolmaz. Korrupsiýa aýyplamalary esasynda öý tussaglygyna höküm edilip, öýde geçiren ýyllary oña oppozision iş alyp barmak üçin garaşmadyk mümkinçiligini berdi. Ol hökümete garşy köp sanly wideoýazgylary taýýarlap internetde paýlaşdy, pikirlerini köpçülige has çalt ýetirmegiñ alajyny tapdy. Köçe bilen gatnaşygyny bu gezek internet arkaly ýola goýmaga synanyşypdy. Birnäçe ýyl öñ blogynda ýazan hökümete garşy ýazgylary we çap eden materiallary bilen at gazanan Nawalnynyñ 2017-nji ýylyñ mart aýynda Putiniñ esasy adamlaryndan öñki premýer-ministr we prezident Dmitriý Medwedew bilen baglanyşykly orta atan dokumental filmi Kremli biynjalyk edipdi. Gürrüñi edilýän dokumental filmde Medwedewiñ korrupsiýa arkaly beýgelen imperiýanyñ öñdebaryjy adamlaryndan biridigi, ýurduñ çar künjünde köp sanly emläginiñ bardygy, Russiýanyñ iñ gowy ýerlerinde we daşary ýurtlarda san-sajaksyz mülkleriniñ, jaýlarynyñ, köşkleriniñ, ekerançylyk firmalarynyñ, bag-bakjalarynyñ bardygy öñe sürülýärdi. Nawalnyý internete ullakan bomba atypdy we garaşylyşy ýaly uzaga çeken jedelleri-de öz ýany bilen bile alyp gelipdi. Ol "meçew beriji rol oýnamakda" aýyplanyp tussag astyna alynypdy, 15 günüñ içinde-de boşadylypdy. Boşan badyna-da saýlaw ofisini açyp, prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görmäge başlapdy. Emma eden ähli tagallalaryna garamazdan 2018-nji ýylda kandidaturasyny goýup bilmedi. Ol sosial mediýany we ýazýan bloglaryny şeýle bir täsirli ulandy welin, ýurtdaky Putiniñ garşydaşlary onuñ yzyna eýeripdi. • Aktiwist "paýdar" ýa-da paýdar "aktiwist" Gürrüñsiz, Nawalnyý oppozision iş alyp barmak üçin diñe sosial mediýany ulanmandy, puluny özüçe dogry ata oýnapdy. Nawalnynyñ rus nebit kompaniýalaryndan we banklaryndan ownuk aksiýalary satyn alýandygyny hemmeler bilýärdi. Onuñ bu hemlesi şol bir wagtyñ özünde döwlet bilen ilteşikli gürrüñi gidýän kompaniýalarynyñ ýyllyk ýygnaklaryna "paýdar" hökmünde gatnaşyp, kyn sowallary bermek hukugyny-da gazandyrypdy. Fotosurat: Skynews Bäş nebit-gaz kompaniýasynyñ arasynda "Роснефт", "Газпром", "Газпром Нефт", "Lukoil", "Сургутнефтегаз" bardy. Aksiýalaryna 300 müñ rubl pul goýup, aktiwistliginiñ ýanyna birem paýdarlygyny goşup, kompaniýalaryñ maliýe wedomostlaryny aýan etmek arkaly gowy görünmäge synanyşypdy. Gürrüñsiz, şeýtmek bilen düýp maksady Putini we onuñ töweregini halkyñ gözünden düşürmekden başga zat däldi. Nawalnyý Putine garşy güýçli we üstünlikli oppozision toparlanmanyñ arhitektorlarynyñ biri boldy. 2018-nji ýylda Putine garşy prezident saýlawlarynda kandidaturasyny goýmaga päsgel berilmegi, kandidatlygyna ýol berilmezligi paýtagt Moskwadan başga-da birnäçe şäherde protestlere sebäp bolmagy munuñ subutnamalaryndan biridi. Aslyna seredilende, soñky ýyllarda Russiýada güýje giren kanunlar garaşsyz kandidatlaryñ kandidaturasyny goýmagy kynlaşdyrýar. Hut şu sebäpli 2019-njy ýylyñ iýun aýynda ýene Nawalnyñ baştutanlygynda Moskwada 25 müñden gowrak raýatyñ gatnaşmagynda ýene bir demonstrasiýa bolup geçipdi. Nawalnyý 2019-njy ýylyñ noýabr aýynda çap eden maglumaty bilen Gündogar Sibir-Ýuwaş okean nebit geçirijisiniñ gurluşygy wagtynda dürli korrupsiýalaryñ edilendigini, döwletden dört milliard dollar ogurlanandygyny öñe sürüpdi. Zäherlenmeginiñ öñüsyrasy bolsa Belarusda Putiniñ ýakyn hyzmatdaşy Lukaşenkonyñ garşysyna edilen çykyşlary goldaýandygyny aýdypdy. Nawalnyý Putiniñ garşysyna çykyp, prezident bolmak üçin kandidaturasyny goýmak islänem bolsa, bu maksadyna ýetip bilmedi. • Ukraina uruşy sebäpli Putine "Gargyşsiñen telbe" diýipdi Alekseý Nawalnyý Ukraina uruşynda-da hökümetiñ syýasy ugruny tankyt edýärdi. Wladimir Putine "akmaklarça uruş turuzan gargyşsiñen telbe" diýip, Moskwa suduna wideokonferensiýa arkaly gatnaşan Nawalnyý Putini we onuñ başlan uruşyny berk ýazgarypdy. • Uzak wagtlap nirededigi belli bolmady Russiýada prokuratura geçen ýylyñ ahyrlarynda türmedäki oppozisioner Alekseý Nawalna täze aýyplamalar ýöñkedi. Mundan öñ arasynda ekstremizmiñem bolan käbir aýyplamalary bilen otuz ýyl azatlykdan mahrum edilen Nawalnynyñ aklawjylary 214-nji maddanyñ düzümindäki "wandalizm" punkty esasynda täze jenaýat işi gozgalandygyny mälim edipdi. Nawalnynyñ topary munuñ rus oppozisionerine garşy açylan 14-nji jenaýat işidigini aýdýar. Mundan öñ çekilen jenaýat jogapkärçiliginiñ birinde 9 ýyl, ýene birinde bolsa 19 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Nawalnyý bolsa garşysyna bildirilen aýyplamalary inkär edýär we syýasy sebäpler bilen türmede saklanýandygyny öñe sürýärdi. 2018-nji ýylyñ 5-nji maýynda Nawalnyý mitingden soñ polisiýa tarapyndan tussag astyna alynypdy / Fotosurat: AP Geçen ýyl dekabr aýynyñ soñlarynda iki hepde bäri ýitirim bolandygy hakdaky habarlar ýaýran badyna sudunyñ bolmagyna garaşylýan sekiz mejlisi goýbolsun edildi. Aklawjylary suduñ "Nawalnynyñ nirededigi anyklanýança" kanuny prosesleri duruzma kararyna gelendiklerini aýtdy. Ýitirim bolmanka sosial mediýa arkaly pikirlerini paýlaşan Nawalnyý bolsa beýleki oppozisionerleri gorkuzmak üçin özüne "stalinist" terzde jeza beriljekdigini çaklaýandygyny aýtdy. Nawalnyñ iñ soñky gezek Demirgazyk polýusyna ýakyn ýerdäki Ýamalo-Nenes oblastynyñ türmesiniñ "IK-3" atly jezalary ýerine ýetiriş koloniýasynda saklanýardy. Ol her gün irden 05:00-da "Шаман" atly putinçi aýdymçynyñ ýerine ýetirýän "I am Russian" ("Men rus") aýdymy bilen örýändigini aýdýar. Alekseý "Döwlet propogandasy bir döwür meni rus nasionalistleri bilen bile ýörişlere gatnaşmakda aýyplap gelen bolsa, birnäçe ýyl geçensoñ ýene şol döwlet tarapyndan ultranasionalist aýdymlar diñletmegini örän ironiki görýärin" diýip ýazdy. Nawalnyý soñky ýyllarda Russiýada korrupsiýany paş edip berýän beýanatlary bilen giñden tanalýan, nasionalistik garaýyşlary bilen rus halky tarapyndan gyzgyn garşylanan, aýratynam ýaşlary özüne çekmegi başaryp bilen adamdy. Ýeri gelende aýtsak, Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin häzirem ýurtda iñ köp ynam bildirilýän ýolbaşçy bolmagynda galýar. Russiýanyñ Ukraina çozmagyndan bir ýarym ýyl geçenden soñ "Konewa" toparynyñ Russiýada geçiren pikir soralşygynda ruslaryñ 66%-niñ 2024-nji ýylyñ martynda täzeden saýlanmak üçin Putine ses bermäge meýillidigini görkezýär. Agzalýan görkezijiler Putiniñ ruslaryñ arasynda giñ goldawa eýedigine garamazdan, ses derejesiniñ 2023-nji ýylyñ dekabr aýyndaky pikir soralşygyndaky 80+ görkezijisi ýaly köp däldigini görkezýär. Emma ähli bu görkezijilere garamazdan Putiniñ üstünde şindizem oppozisionerlere nebsi agyrmaýan rehimsiz lideriñ gara bulutlary gaýmalamaga dowam edýär. Dora MENGÜÇ. @doramenguc mengucdora@gmail.com Anna 16.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |