09:46 Putin şikes ýeten harizmasyny Idlib bilen düzetjek bolýarmy? | |
PUTIN ŞIKES ÝETEN HARIZMASYNY IDLIB BILEN DÜZETJEK BOLÝARMY?
Publisistika
Gurban baýramynda Siriýanyñ Idlib şäherinde hüjüm edijilikli çozuşlar bolup geçdi, ýene-de birgiden adam wepat boldy. "Wagner" konfliktiniñ yzysüre Russiýanyñ bu hüjümleri gurnamagy nämäni añladýar? Siriýanyñ demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýaty 2011-nji ýyldan bäri ýurduñ prezidenti Beşar Esady agdarmaga dyrjaşýan gozgalañçy we jihatçy toparlaryñ iñ soñky süreni. Içerki çaknyşyklaryñ azlyk etmeýän şäheri käbirleriniñ pikirine görä sebitiñ täze Gazzesi. Siriýanyñ türk serhedinde ýerleşen we 3,5 millionlyk ilaty bolan Idlibe gönükdirip Russiýanyñ goldaýan siriýa hökümeti şäheri yzyna gaýdyp almak üçin operasiýa geçirdi. Onlarça adam öldi, ýaralandy, bir bazar weýran edildi. Siriýanyñ adam hukuklary boýunça synçy merkezi bolsa 25-nji iýunda Russiýa degişli söweşjeñ uçarlaryñ Siriýanyñ demirgazyk-günbataryndaky Idlibi nyşanalandygyny, operasiýanyñ dowamynda ölenleriñ otuza ýetendigini, şol sanda ýaralananlaryñ hem bardygyny mälim etdi. Russiýanyñ Harby-Howa Güýçleriniñ nyşanasyna alynanlaryñ arasynda "Heýet Tahrir el-Şam" (HTŞ) terrorçy guramasynyñ obýektleriniñ bardygy-da öñe sürülýär. Gürrüñi gidýän operasiýanyñ "Wagner" konfliktinden bir gün soñ amala aşyrylandygy aýdylýar. Esadyñ hasabyna söweşýän güýçleriñ bolsa 27-nji iýunda Halabyñ günbatar sebitindäki Al-Ruwaiha posýologyny bombalandygy habar berilýär. Munuñ bilen birlikde nyşana alynan ýerleriñ arasynda şäherin günortasynda ýerleşýän Jebel Zawiýedäki Benin we Sarjah posýoloklarynyñam bardygy aýdylýar. Bu posýoloklaryñam şol bir görnüşde top okuna tutulandygy öñe sürülýär. Rus howa hüjümleriniñ bolsa Idlibiñ günortasyndaky obanyñ töweregini nyşanalandygy mälim edildi. 27-nji iýunda bolup geçen top atyşlarynyñ Türkiýäniñ Hataý welaýatynyñ araçäk etraplaryndanam eşdilendigini aýdýanlar bar. Hüjümlerden bir gün Siriýanyñ SANA resmi habarlar gullugy Siriýanyñ Daşary işler ministri Faýsal el-Mikdad bilen Russiýanyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Sergeý Werşininiñ duşuşyk geçirendigini habar berýär. Sergeý Werşinin Siriýanyñ Goranmak ministrligi rus hüjümleriniñ hökümetiñ garamagyndaky Hama we Lazkiýe etraplarynda raýatlary öldüren hüjümlere berlen jogap hökmünde amala aşyrylandygyny mälim etdi. BMG bolsa Idlibdäki gapma-garşylygyñ möwjemeginden gaýgylanýandygyny we doly gurşawly urşuñ gyrgynçylyga sebäp bolup biljegini ýatlatdy. • Siriýa 2019-njy ýylyñ dinamikalaryna gaýdyp barýarmy? Terrorizme we radikallaşmaga garşy göreş boýunça ylmy-barlag merkezinden Serhat Ahmet Erkmen Siriýada 2019-njy ýylyñ dinamikalaryna dolanyp gelinendigini öñe sürýär. Erkmen sosial mediýada paýlaşan ýazgysynda "Bir aý öñ Russiýa Idlibde howa hüjümlerine başlady. On gün oñ siriýa goşuny Halabyñ etegine üýşmegini ýygylaşdyrdy. Bir hepdeläp Idlibde gazaply rus howa hüjümleri bolup geçdi. 2023-nji ýylyñ ikinji ýarymynda Siriýada işler ýowuzlaşjaga meñzeýär" diýdi. • "Idlib hüjüminiñ arasyna wagt salynandygy täsin" Bu pikir bolsa Türkiýäniñ Beýkent uniwersitetiniñ mugallymy Kemal Olçara degişli. Olçar sebitde hereket edýän aktýoryñ köpdügini ýatladyp, Türkiýä 130 km ýakynlykdaky Idlibe Ýakyn Gündogarda bolup geçjek esasy uruşda partlamaga golaý ilkinji ýerleriñ biri hökmünde baha berýär: - Iññän aýgytlaýjy nokat, ara wagt salynmagynyñ özem täsin. Idlibdäki bu hüjüm bilşiñiz ýaly ýaragly gozgalañ bolan gününiñ ertesi bolup geçdi. Edil gozgalañ bolup durka-da Kiýewe hüjüm edildi. Iki hüjüm edijilikli çozuş amala aşyryldy. Munuñ añyrsуnda aýratynam Goranmak ministri Şoýgunyñ ýitiren abraýyny dikeltmegiñ we Putiniñ at-abraýynyñ täzeden dikeltmegiñ pikiri ýatan bolmagy mümkin. Meniñ pikirimçe mundan beýläk Russiýa ýitiren abraýynyñ öwezini doldurmak üçin hasam köp gudurasa gerek. Hususanam Ukrainada. Siriýada bolsa her mümkinçilik tapan pursaty dek ýatmaz. Çünki Putin indi beter dara-dire ýagdaýa düşdi. Ol gazap atyna atlanyp, bu iki ýurduñ üstüne eñteriler. - Olçar sözüniñ üstüni ýetirip: - Putin bu girdapdan ýitgisiz gaýdyp gelse, mundan soñky režimini-de, at-abraýyny-da kepillik astyna alar. Emma urgusy boş geçse, bu girdapdan çykyp-çykmanka Russiýanyñ režimine düýpli howp abanar - diýýär. Moskwa 2015-nji ýyldan bäri Siriýanyñ hökümetine howa goldawyny berip gelýär. Idlibde 2020-nji ýyldan bäri köp sanly howa hüjümi gurnaldy. Hüjümleriñ sanyny anyk bilmek kyn. Munuñ bilen birlikde 2020-nji ýylyñ 27-nji fewralynda türk harby konwoýynyñ bombalanmagy, 2022-nji ýylyñ 22-nji iýulynda raýatlaryñ ýaşaýan zolagy hökmünde görkezilen bazara edilen hüjüm hem öñ hatara çykýar. Türkiýäniñ serhedine golaý ýerde oppozision toparlar rus we siriýa hökümetiniñ hüjümlerini agsatmaga çytraşýar. 2020-nji ýylyñ 27-nji fewralynda Russiýanyñ we Siriýanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Idlib şäherinde Türk Ýaragly Güýçleriniñ garamagyndaky harby bölümiñ üstüne eden howa hüjümi otuz alty türk esgeriniñ wepat bolmagyna getiripdi. Agzalan hüjüm Türkiýäniñ Siriýadaky Graždanlyk urşunyñ çäginde ýeke gezekde çeken iñ uly ýitgisi hökmünde hasaba alyndy. 2020-nji ýylyñ 5-nji martynda bolsa Türkiýe bilen Russiýanyñ Idlib dartgynlylygyny azaltmak sebitinde ýola goýmak üçin ylalaşyga gelen ýaraşyk müddeti başlapdy. Idlibde ýaşaýan üç ýarym million adamyñ aglabasy lagerlerde iñ ýaramaz şertlerde öý-öwzaryndan jyda düşürilen adamlardan ybarat. Siriýada 2011-nji ýylda başlan graždanlyk urşunda ýarym milliondan gowrak adamyñ ömür tanapy üzüldi. Hökümete garşy çykýan parahatçylykly demonstrasiýalary-da gazap bilen basyp ýatyrýan Esadyñ agdarylmagy üçin turan gozgalañ bulam-bujarlyga getiren çaknyşyga öwrülipdi. Dora MENGÜÇ. Sişenbe, 27.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |