03:30

Alla türkiçe bilenokmy?

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 503 | Добавил: Gökböri | Теги: Ömer Saglam | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
Adamlaryň bolşy, şol sanda öz aňymyzyňam bolşy elmydama geň galdyrýar.
Belki, bu köpbilmişligiň piri - Azazyl al-Lagnatynyň oýnudyr, belki-de, hemmeje zada öz elýeterindäki ölçeglere laýyklykda baha kesmäge ymtylýan ynsan paýhasynyň tekepbirligidir, ýöne adamyň aňy hemişe diýen ýaly esasy zatlar barada alada etmeýär-de, ikinji, üçünji derejeli, hatda on ýedinji derejeli zatlar barada küt-küt galyňlykdaky kitaplary ýazmaga we akyl satmaga ymtylýar.
Ýeri, indi, tükeniksiz Älemleri Ýaradan Perwerdigäriň ynsana ýol diýip inderen Mukaddes Kitabynyň hem-de Älemleriň Serweri - Pygamberimiziň halallyk, birek-birege goldaw bermek, ynsanperwer, belent ahlakly, rehimdar, sahy we ş.m. bolmak barada ähli aýdanlaryny doly berjaý etdik-de, gel-gel indi diňe Allatagalany haýsy adalga bilen atlandyrsaň dogry-nädogry boljakdygy hakyndaky mesele boýunça jenjel döretmek galandyr-ow!
Obamyzda bir dilewar ýaşuly köpçülikde şunuň ýaly zatlar babatda jedel tutaşsa: "Haý, milletem-ä işini tükedipdir-ow!" diýip, başyny ýaýkardy.
"Taňry" diýse-de, "Alla" diýse-de, "Rahman-Rahym" diýse-de, "Biribar" diýse-de, "Hudaý" diýse-de her bir bende Haktagalany göz öňünde tutup, hut Şoňa mynajat edýär ahyry!

0
2 nurgeldiyewam232  
691
Azan türkçe aýdylýar diýýämi?Azany terjime etdilermikä? surprised

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]