00:01 Alma bagyna öwrülen gyz | |
ALMA BAGYNA ÖWRÜLEN GYZ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ata-babalarymyzyň ilkinji medeniýetleşdiren miwe bagynyň almadygyny gadymyýetçiler tassyklaýarlar. Olar keramatly derejesinde görülýän bu baga günüň, dünýä akyl ýetirmegiň, parasatlylygyň nyşany hökmünde garapdyrlar. Melleginde alma bagy ösýän hojalygyň tutan işiniň hemişe rowaç bolýandygy barasynda ynaç bar. Bu bagyň kölegesinde oturmagyň, ýapraklaryny ýerlikli ulanmagyň hem köp derdiň emidigi hakykat. Alma miwesini halaýan aýal-gyzlaryň göze ýakymly, görmegeý görünýändigi hem hakykatdan daşda däl ahyryn! Hamyla halyndaky zenan alma miwesini küýsese bäbegi sagdyn, dogumly we akylly bolýar. Gülende perzendiniň ýaňagynda görünýän çukanak ony has owadan görkezýär. Adamzat döräli bäri zenanlaryň iň söýgüli miwesiniň almadygyny tassyklap biljek başga-da bir topar deliller bar. Ata-babalarymyzyň sünneläp biziň günlerimize ýetiren “Alma güllär gar ýagar” diýen pähimi bilen dahylly rowaýatda waka şeýle beýan edilýär: Gadym zamanlarda obalaryň birinde är-aýal ýaşapdyr. Olaryň köp ýyllap perzendi bolmandyr. Günleriň birinde öý bikesi hamyla bolanda onuň hossarlary begenipdirler. Olar är-aýalyň ilkinji zürýadynyň ogul agtyga garaşypdyrlar. Ýöne gyzjagaz dünýä inipdir. Muňa ne gaýynlary, ne-de bir dogan-gardaşlary, hatda ýan ýoldaşy hem begenmändir. Biçäre gelin neýlesin! Ol ýalňyz dikraryny bagryna basyp onuň aladasy bilen ýaşapdyr. Oňa mähir-muhabbetini siňdiripdir. Ýyllar geçende ol örän akylly, görmegeý gyz bolup ýetişipdir. Haly-palas dokamakda, keçe basmakda, owkat-tagam taýýarlamakda deň- duşlaryna görelde bolupdyr. Obada hossarsyz garrylara ýardam berip alkyş alypdyr. Akylly gyzyň janly-jandarlaryň diline düşünmek ukyby hem bolupdyr. Gül-gunçalar, suwlar-daşlar, bag-bakjalar oňa pynhan syrlaryny ynanypdyrlar. Agyr derde uçran bendeler onuň yhlasy bilen sagalypdyrlar. Tebip gyzyň täsin ukyby baragaky gürrüňler argyş kerwenleriniň üsti bilen alys ülkelere ýaýrapdyr. Aşyk ýigitler bu zehinli we örän owadan gyz üçin sawçy ýollapdyrlar. Ýöne gyz welin olaryň hiç birine-de göwün bermändir. Sebäbi onuň obada ýaşaýan daýhan ýigidi bilen durmuş gurmagy wadalaşan eken. Günleriň birinde oba kerwene goşulyp bir jadygöý adam gelipdir. Ol tebip gyz barasyndaky gürrüňi eşiden dessine oňa öýlenmegi ýüregine düwüpdir. Dessine şazadanyň keşbine giripdir-de tebip gyzyň öýlerine sawçy we gymmat bahaly sowgatlary iberipdir. Daglar-daşlar, ösümlikler “bu nätanyş şazadanyň” kimdigini tebip gyza ýetiripdirler. Gyz bolsa: "Halaşýan ýigidim bar. Şonuň bilen durmuş gurmak isleýärin" diýip, sawçylara çürt-kesik aýdypdyr we sowgatlary kabul etmekden ýüz öwüripdir. Bu hala jadygöý bolmajasyny bolup gahar-gazap donuna giripdir. Jady-dogalary ulanyp, tebip gyzy alma bagyna öwüripdir. Ýöne alma bagyna öwrülen gyz başyny egip, süllerip, gamgyn hala batyp oturmandyr. Gaýtam, şahalaryny ýaýradyp has-da owadan görnüşe giripdir. Baharda ilkinji baglaryň hatarynda gülgün reňkli bir geňsi gülleri bilen degresindäkileri haýran galdyrypdyr. Guşlar onuň şahalarynda toplanyşyp, joşup nagma kakypdyrlar. Onuň çaklaňja kölegesi ýolagçylara saýa bolupdyr. Bagyň datly miwesi iýip, lezzet alanlar alkyş okapdyrlar. Bu barasynda jadygöý edidende has-da gazaplanypdyr: “Barybir seni ösmäge-ýaşamaga goýmaryn, ýoguňa tiz ýanaryn!” diýip, haýbat atypdyr. Agzyny köpürjikledip jadylaýyjy dogalaryny okapdyr we alma bagynyň üstüne küti gar ýagdyrypdyr. Elbetde alma bagynyň ilkinji güllerini sowuk urupdyr, ýöne jadygöý ony syndyrardan ejiz gelipdir. Gar ýagan güni ýel turup howa şatlama sowuk bolupdyr. Jadygöý şonda dyňzap gelen gaharyna bäs gelip bilmän ýarym- ýalaňaç çykan eken. Şeýlelikde ol doňanyny hem bilkmän galypdyr. Howa maýylganlyk aralaşanda alma bagy täzeden gül-gunçalara bürenýär we bolluk bilen miwe toplap başlaýar. Guşlar toplanyşyp onuň şahasynda saýrap başlaýarlar. Şonda guşlaryň şirin owazlary alma bagynyň datly miwelerine siňýär. Kä ýyl alma bagy güllän döwründe gar ýagýar. Şonda halk arasynda şu rowaýat has-da ýörgünli bolýar. Danyşmentler ony çeperleşdirip gürrüň berenlerinde diňleýjileri ýeterlik bolýar. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |