01:17 Alyslara giderin | |
ALYSLARA GIDERIN
Goşgular
Alyslara gitmek isleýarin men, Howaly ýerlere, belent ýerlere. Bir şygyr... Bir şygyr ýazmak islegim, Meñzäp duran dolanaýly Güýzlere. Bahar degresinde gül pyşyrdysy Şygrym bilen ýetsin sõzlerim saña. Meniñ armanlarym, hem ahwallarym Zyýarat eýlesin gezen baglaryña. Bir mahal saçyny sypalan şemal Gijäniñ gatyndan çyk, maña gaýt sen! Derýañ boýundaky iñ soñky tal hem Kyrk gije derdimi suwlara aýtsyn.. Derýanyñ boýuny syryp barýaryn, Derýalaryñ bõlünip şahalara- Birigýän ýerlerini yzlap barýaryn, Howaly ýerlere, beýik ýerlere. Şeydip uzak menzillere aşaryn, Belki çeken hasratlarym soñlanar. Kalbym nar dek ýarsam ýetermi-ganym Birje şygryñ damaryndan aýlanyp?!. Õzbek dilinden terjime eden: @Kalba NUR. Hurshid DAWRON. | |
|
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |