22:09 Amerikaly ýazyjy Türkmenistan hakynda | |
AMERIKALY ÝAZYJY TÜRKMENISTAN HAKYNDA
Ýol ýazgylary
Meşhur amerikan ýazyjysy we hudožnigi Elton Feks geçen ýylyň aprel aýynda on bäş günläp Türkmenistanda boldy, soň ol Orta Aziýanyň beýleki respublikalaryna we Gazagystana hem syýahat etdi. Ol Aşgabatda bolanda “Edebiýat we sungat” gazeti üçin “Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin halklaryň galkynyşy” diýen ýörite suraty hem çekipdi. Biz ol suraty gazetimiziň 1-nji Maý güni çykan baýramçylyk sanynda ýerleşdiripdik. Elton Feks häzir bizde gören-eşidenleri barada uly kitap ýazýar. Şeýle hem ol Orta Aziýa respublikalaryna syýahaty barada publisistik makala ýazypdyr. Şol makalany Moskwada çykýan “Иностранная литература” öz sahypalarynda çap edipdir. Elton Feks makalasyny Orta Aziýada öz eli bilen çeken suratlary bilen bezäpdir. Biz Elton Feksiň şol makalasynyň Türkmenistana degişli ýerini terjime edip, okyjylara hödürleýäris. * * * Asly afrikaly amerikan bolan men özümiň uzak ömründe ýekirilen adamyň hasratyny, akyl-paýhasyň, ruhyň we göwräniň ejirli güýlegini ilkinji duşanlardan bildim, şoňa görä-de men bu ejiri başdan geçiren adamlaryň ahyrsoňy ondan dynan we bütin dünýä ýüzüne: “Indi biz doly bahaly hem-de hormatlanylmaga mynasyp adamlardyrys, özi-de baky azat bolup galmak hyjuwy bilen joşýarys!” diýip aýdan adamlaryň guwanjynyň nähili çäksiz bolup biljekdigine düşünýärin. - Elton, ýör, gideli, men saňa hakyky çöllük ülkäni görkezeýin. Biziň “hojaýynymyz” elli ýaş töweregindäki alçak türkmen ýigidi Seýitnyýaz Ataýewdi. Bu adamyň sadalygy we hoşgylawlygy şeýle ynandyryjy bolansoň, biz özümize garaşyp duran maşyna tarap şol bada onuň yzyna düşüp gidiberdik. - Ýer titränden soň şäheri durşuna täzeden gurmaly boldy – diýip, Seýit (biz onuň adyny şeýle tutmagy makul bildik) töweregimizdäki jaýlara tarap elini uzatdy. Men onuň dogduk Aşgabadyny ýer bilen düp-düz eden ägirt uly heläkçiligi ýada salmagyň oňa nähili agyr düşendigini gördüm. - Şonda baryp ýatan ahyrzaman boldy. Men maşgalamy ýitirdim. Özümem diňe işde eglenenim üçin aman galdym. Ýer titremesi gijäniň bir wagty başlandy, daş-töwerekdäki jaýlaryň düp-düz bolandygyna garamazdan, meniň işläp oturan jaýym ýykylman galdy. – Seýit patdyk-putdugrak gepläp duran dili bolan iňlisçeden rus diline geçip, suw ýaly gepläp başlady: onuň sözleriniň manysynyň gaty agyr bolmagy olary iňlisçwä terjime etmegi birjik-de ýeňilleşdirmedi. (“Прогресс” neşirýatynyň wekili Anatoliý Orlow terjime etmäge kömekleşdi). Özüniň iň ýakyn adamlarynyň hemmesini ýitiren adamyň gynanjyna hormat goýmak alamaty hökmünde men dymyp durdum. Başga birentekleri ýaly ol hem täzeden maşgala edinmeli bolupdyr, hemme zady başdan başlamaly bolupdyr. Biz magazinleriň, fabrikleriň, iki we üç gat jaýlaryň (şol jaýlaryň birentegi entek gurulýan ekeni) duşundan, ýer titremesinden bir säw bilen aman galan köneje ýaşaýyş öýleriniň ýanyndan geçip gitdik. Şol öýler möwritini geçirip barýan hem bolsa, olarda täze ýaşaýyş jaýlaryna garaşýan adamlar heniz ýaşaýan eken. Soňra uly ýola çykdyk. Özüniň gara gözlerini gün sebäpli zordan açyp, Seýit gürrüňini dowam etdirdi: - Bary-ýogy birnäçe ýyl öň bu ýerler tozap ýatyrdy. Indi bolsa daş-töweregiňe bir göz aýlap gör, ýollaryň gyrasy gara baglyk, gülzarlyk. Bular üçin biz Garagum kanalyna minnetdar. Bilýärmiň, “Garagum” diýen söz näme? Ol şeýle diýdi-de, bu sözi rus diline terjime edip, “чёрный песок” diýmegi aňladýandygyny aýtdy. Şol wagtlar biziň daş-töweregimiz tutuş gumdy. Seni häzir görýän ähli zatlaryň – baglaryň, gülleriň, şäheriň üçin biz Garagum kanalynyň getiren suwuna minnetdardyrys. Onuň sözüni motorlaryň sesi basdy. Seýit suwuň diňe bir özüniň şäheri, özüniň respublikasy üçin däl, eýsem bütin halk üçin hem şeýle wajypdygyny meniň ýatda saklamagymy isleýärdi. Biz ýaşaýyş raýonynyň gyrasyna gelip durduk. Şondan aňry giden çöl bolup ýatyrdy. Aşgabat bolsa yzda galdy – sagymyz-solumyz aňňat-aňňat bolup ýatan çägedi, oty-çöpi bolmadyk boş meýdandy, diňe käýerde saralyp giden syza düýpleri göze ilýädi. - Oktýabr rewolýusiýasyndan öň ýük diňe düýe, at, eşek bilen getirilýärdi, ýol-ýoda ýokdy, awtomobil hem ýokdy. Adamlar gara çatmalarda ýaşardy, töwerekde şagallar uwlaşardy. Şagallar häzir hem bar, ýöne indi olar hol beýleräkde, ýoldan açygrakda... ...Biz Seýit bilen haly fabriginde we kolhozda bolduk. Ol biziň üçin türkmençeden rusça geçirýärdi, soňra bolsa Anatoliý ony iňlis diline terjime edýärdi, kämahal bolsa Seýidiň özü türkmençeden gös-göni iňlisçä geçirýärdi. Aprel aýynyň ýumşak howaly şenbe agşamydy... kolhozyň bolsady ekilen ýaly naz-nygmatly saçagynyň başyndan turup, ýola düşmekçi bolduk – Aşgabada çenli 25 kilometrdi. Bagyň içindäki jaýyň gapdalynda çatma bardy. Seýit çatmanyň ýanyna bardy-da, eglibräk oňa girdi. Çatmadan çykandan soň, maňa seredip, şeýle diýdi: - Elton, men hem şunuň ýaly çatmada doglupdyryn. Bilemoga welin, hut şu ýedi söz meni Garagum çölünde ýaşaýan, 300 müň adam ilatly dogduk Aşgabadynda hemmeler tanaýan bu sada türkmen ýigidi bilen ähli zatdan has güýçli ýakynlaşdyran bolsa gerek. Onuň esasy käri edebiýatçy, ol ýazyjy. Häzir Seýit Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň Daşary ýurt komissiýasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýär. Men onuň dabaraly türkmen toýuny alyp barşyny gördüm, türkmen halk aýdymynyň owazy astynda tans edişine hezil edip seretdim. Men onuň doglan ýerinden uzakda bolmadyk bir kolhozda onuň bilen çal içdim, bize syratly türkmen gelni hödür-kerem etdi. Biz onuň obadaş dostunyň öýünde dürli naz-nygmatlardan doly saçagyň başyna geçip, aýbogdaşymyzy gurup oturdyk, gök çaý içdik. Seýit hemme ýerde özüni sada alyp barýardy, özüni aldyrýardy. ol Özüni Russiýadan we ýurduň beýleki respublikalaryndan gelen edebiýatçy kärdeşleri bilen hem şeýle mylakatly gepleşýärdi. Eger-de onuň töweregindäki adamlar bilen gatnaşygynda olara özüni aldyrmagynyň bardy-geldi birhili “syry” bar bolsa (men beýle “syrlaryň” bardygyna ynanamok), onda bu hakda Seýidiň özi dostlarynyň, uruş weteranlarynyň bir topary bilen duşuşykda hemme zatdan has oňat aýtdy. - Elton, men şu adamlar bilen birlikde rus topragynda söweşdim, biz öz ýurdumyzy goradyk, Türkmenistany goradyk, biziň üstümize heläkçilik düşen mahalynda – ýer titrän mahalynda bolsa Russiýadan we ýurdumyzyň ähli beýleki künjeklerinden dostlarymyz bize kömege geldiler. Biz agzybir dogandyrys. Şunda biz özümiziň milli özboluşlylygymyzy saklaýarys. Şoňa görä-de muňa guwanýarys – diýip, ol aýtdy. Men bu sözleri ýadymda sakladym. “Sowet sosializminiň asyl manysy, gör, nämede eken” diýip, oýa gitdim. Elton FEKS. “Иностранная литература” žurnaly, 11.1978 ý. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1979 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |