14:33 Aňşyrylman galan dünýä | |
Aňşyrylman galan dünýä
Edebi tankyt
Atajan Annaberdiýew şygyrýetimiziň ezizowçylyk mekdebine degişli iň täsin, enaýy we inçe şahyr. Poeziýasynyň baş sypatlary inçelik we nepislik, terlik we tebigylykdyr. Bu aýratynlyklary bir sözde jemläniňde gözellik diýen sypat peýda bolýar. Gözellik kesgitlemesi bolsa, bu şahyryň orta gelmegine maý beren edebi-taryhy atmosfera hem-de onuň çägindäki estetik gymmatlyklaryň we kultlaryň içine alyp gidýär. Edebi gerdişiň o tarapynda galan şol zaman şygyrýetimiziň özüne sungatlyk häsiýetiň we mazmunyň ýetmeýändigini aňlap başlan hem-de işjeňlik bilen bu ýetmeziň öwezini dolmaga duran döwrüdi. Irginsiz agtaryjy zehiniň gaçgyny pikir, gözlegi-de duýgy boldy. Munda pikir durmuş janlylygyny sarp edip, öli adatylygy öndürmek netijesinde emele gelýän söz we many lençligine, duýgy bolsa, predmetleriň özüne gaýdyp barmaga milt edýän şahyrana forma gözleglerine barabardy. Munuň netijesinde çeperçilik diýilýän kulta bardyk. Edebiýaty edebiýat edýän zat çeperçilikdir, şygryýetiň çeper bolmakdan başga wezipesi we çeperçilikden ýokary derejesi ýokdur. Pikiriň antipody hökmünde düşünilýän çeperçilik – edebiýatda döredilýän gözellikdir. Gözelligiň edebi söz arkaly ýaşaýşynyň anyk usuly bolsa obrazlylykdyr. Şahyrana obraz duýgularyň forma girmegi, anyklyga hem predmetlige eýe bolmagydyr. Forma gaýtalanmazdyr we hemişe täzelikdir. Obraza öwrülip bilmeýän, onuň daşynda galýan närseler – howaýylyk, şol sanda ýalaňaç pikir we predmetleşmedik pelsepe sungatyň iň uly ýagysydyr. Diňe şol manydaky pikir, pelsepe ýok bolanda, poeziýa döreýär. Şahyr allegorizimden – pikir we duýgynyň şum aýralygyndan hem-de didaktizimden – duýgynyň pikir elindäki ýesirliginden azat döredijidir. Döredijilige şu hili düşüniliş we ony amal etmäge synanyşyk duýgy suwy giden gurak pelsepäniň azalmagyna, diňe duýgy derejesinde aňlap bolýan barlygyň – predmetleriň, ylaýta-da tebigatyň poeziýada giňden orun almagyna mümkinçilik berýär. Predmetsiz akyl satma, pelsepe otarma, umumylygy anyklykdan, ahlagy gözellikden aýrybaşgalaşdyrýan moralizm poeziýanyň tebigatyna zyýan ýetirýän nogsanlyk hökmünde aňlanyldy. Didaktizmiň ýerine metaforizm, howaýy pikirlenmäniň deregine assosiatiw pikirlenme geldi. Assosiatiw obrazlylyk zatlaryň garaşylmadyk utgaşygyndan döreýän partlamadyr. Bularyň bary A. Annaberdiýewiň döredijiliginde täze giňişlik formalaryň – tebigat obrazlarynyň döremegine esas boldy. Onuň poeziýasynyň düýp aýratynlygy tebigatyň, has anygy, zatlaryň şahyrana syzgy derejesinde tutulyp alynýan tebigylyk bilen pete-pet gabatlaşmagyndan ybaratdyr. Assosiasiýa zatlaryň özüne gaýdyp baryşdyr. Şonda ozal pelsepe arkaly howaýylaşdyrylan barlyk görnüşinde tebigylyk, ýagny predmetlik esasy orna geçýär. Şahyrlyk talanty sözleri adatylygyň bendiliginden boşadyp, olary erkinlige – assosiatiw utgaşyklaryň öňünden kesgitläp bolmaýan erkinligine goýberýär. Bu ýaşaýşyň täzeçe aňlanylmagyna, ony özge bir barlyk hökmünde kabul edilmegine getirýär. Netijede öň hiç kim tarapyndan aňşyrylmadyk täsinlikler, tebigat atlandyrylýan zeminüsti älem özakymlaýynlygynyň täsin galdyryjy şekilleri peýda bolýar. Özüm-ä bu özakymlaýynlygy şeýle üýtgeşik duýan, ony şeýle inçelik bilen surata getiren ikinji bir türkmen şahyryny bilemok. Otlaram, agaçlaram, Gülem, ýelem, ýerem öl. Zyra-zyra yz galdyrýar, Suwda ýeliň ganaty. Baldaklardan daman damja Çümmükläp görýär suwy. Gaçýar damja tisginjiräp, döwülip. Aslynda şahyr tebigatyň predmetlerini we hadysalaryny – predmetleriň arasyndaky gatnaşyklary öz subýektiw erkiniň hökmürowanlygy bilen suratlandyranok, ýagny olary söze getirenok, söze gabanok, sözüň giňişlik çägine salanok-da, tersine olara öz-özünden suratlanmaga, söz arkaly jana gelmäge puryja döredýär, olaryň özi tebigylyk hem meýletinlik bilen söze we surata gelýärler. Beýle hadysa şahyrana erkiň subýektiniň zor salmasynyň minimuma getirilendigi, onuň aradan aýrylaga-da, söz bilen zady ýüzbe-ýüz ikiçäklikde goýup bilýänligi mynasybetli mümkin bolýar. Söz zatlara barýar, zatlaryň özi söze gelýär. Poeziýa bularyň ikisiniň gutulgysyz pete-petligidir. Şahyrana sözüň şu hili aňladyş tebigaty we zatlaryň şu hili şekile geliş häsiýeti biziň şygryýetimiz üçin täze korrelýasion gatnaşyklardyr. Sözi aýdýan ýok, sözleriň özleri predmetler we hadysalar arkaly aýdylýar, ýaşaýşy suratlandyrýan ýok, onuň özi söz arkaly suratlanýar. Ýaşaýşyň özi sözlenýär, özi janlanýar, özi aňlanýar, özi duýunýar, özi hereketlenýär, özi eşidin(-il)ýär, özi-de ysgan(-yl)ýar, garaz, ýaşaýyş ýaşaýar. Bu sungatyň dünýäni täzeçe kabul edişidir. Bu ýaşaýşyň adam intelektiniň howaýylaşdyrylyş, ýagny zatlar bile hadysalar arasyndaky tebigylygy şum emelilige getirşinden döreýän ýükletme derejesi däl-de, eýse ýaşaýşyň weçli-netijeli özlük derejesidir. Munda barlyk hatda adamyň gödek kabul edişindäki zoňtar predmetlikden boşanyp, onuň zataňyrsy, zatüzre efemerligi açylyp gidýär. Guşlar ýelpäp gitdi sary sährany, Ýapraklara sowgat berip ýelginin Gitdi süri serçe gözünden ýitip, Synlap galdym burugsaýan howanyň. Syrdam gamyşlaryň aralaryndan Sülgün jüýjeleri güsürdäp turdy. Tisginen ýüregiň gürsüldisi deý Ganatlaň owazy eşidildi durdy. Inçeden syzylanda, reallygyň gödek predmetleşen duýgularyňam aňyrsynda, o tarapynda galýan barlygy hem görüp – kabul edip, aňa getirip bolýar. Kabul edişiň duýgy derejesinde başlanan predmetlik jäheti özüniň predmetleýin däl dowamyny tapýar. Onsoň zatlaryň we zatlaýyn hadysalaryň aňyrsyndaky başgalyk – ne obýekt, ne subýekt bolan, eýsem pro-ýekt atlandyryp boljak giňişlik kemala gelýär. Şahyryň üýtgeşik, gaýtalanmaz, hususy dünýäsiniň mazmuny-da, onuň şahyrana görüşiniň aýratyn formasy-da şol “aňyrkylykdyr”. Munuň özi A. Annaberdiýewiň çeper filosofik açyşlarynyň meýdanydyr. Ol meýdanda zatlar bilen duýgular, predmetler bilen ruhy ahwalatlar bir-birine siňip gidipdir. Bu bolsa bärki barlygyň aňyrkylyga, adatylygyň geň-enaýylylyga, belliligiň näbellilige, çägiň çäksizlige proýektirlenmegidir. Munuň özi başga bir giňişlikden, özge bir wagtdan yşyklap görmekdir. Duýgy bilen zadyň, ruh bilen maddanyň, subýekt bilen obýektiň arasyndaky serhet aýrylýar-da, bular biri-birine geçmek, öwrülmek tebigatyny alýar. Şeýdip, barlyk dirilik bolmak üçin iň arzyly sypatlara – bitewülige, gutarnyklylyga we dolulyga eýe bolýar. Çyg geçipdir agaçlaryň süňňünden. Duýýan borly olar eýýäm Aýran ysly çal jybaryň Tüssä çalymdaş çygynda Gam-gussa hem ünji baryn. Gussa deý syryldy sähraň dumany, Derýa tarap süýnüp gitdi ýodalar. Tomusda çaň, jöwza basan göwresin Basypdyr ýalňyzlyk, gaýgy-endişe Eýýäm ýoluň jork bolany duýulýar. Çyg, duman, ümür, tozga, nem, gözýaş, gyraw … – adam kalbynyň şeýle agregat hallary şahyryň poeziýasyny alysdaky pynhanlyk menziline öwürýär. Şol ýerde ol özüniň diňe bir estetik idealyny däl, eýse ontologik myradyny tapýar. Şeýle ýürek gopduryjy we telwas etdiriji gaýrymekan öňki asyrlardaky klassykamyzda-da bardy. XX asyryň klassykasy bolsa, ol arzyly barlygyny gurak türkmen tebigatyna mahsus däl tebigatdan – suw, çyg, ygal bilen häsiýetlenýän tebigatdan tapdy. Diňe A. Annaberdiýewde däl, eýse bu N. Rejebowda-da, A.Atabaýewde-de, A.Gurbannepesowda-da şeýle. Şahyrana ruhumyz XX asyrda açylan rus tebigatynyň del hem gaýry bu täsinliklerini öz hususyýetini ýaýmak üçin forma hökmünde saýlap aldymyka?! Aýdaly, öňki asyrlarda türkmen diliniň şahyrana stiliniň arap-pars sözlerinde döreýşi ýaly. Şahyrana söz arkaly janlanýan tebigat närseleri we hadysalary şahyryň poeziýasynyň iň bir syrly we täsin tarapydyr. Olara tebigatyň edebi adalganyň adaty manysyndaky obrazy diýip aýtmak göwnejaý däl. Olara ýöne, leksiki dil aňlatmalary diýmegem şahyrana aňlamalary duýgy empirizminiň pes derejesiniň hadysasy hökmünde nädogry häsiýetlendirmek bolardy. Dogry kesgitleme bermek üçin ylmy pikirlenmämiziň özüniňem şolara laýyk – mynasyp inçeleşmegi zerur. Olar göni leksema hem däl, aýlawly obraz – simbol hem däl, eýsem şahyrana – reflektiw aňlatmanyň üçünji derejesi – postsimbol bolsa gerek. Munuň adaty obrazdan artykmaçlygy degişli derejede predmete has golaýlaşylýandygy, obraz umumylaşdyrmasyny dialektiki ret edip, predmetiň janlylygyna gaýdyp gelinýänligi bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtda-da ol estetik aňlaýyş tejribesini, alapasyny edinen postsimboldyr. Ol täze hilli – reallykdan hyýaly – howaýy aradaşlygy ýeňip geçen poeziýanyň dilidir. Şol mynasybetli bizde bütinleý täze hadysa bolan bu dil tebigatyň ähli halatlaryny – adaty göz görerden inçe hereketi-de, adaty gulak eşiderden has näzik sesleri-de, has boz reňkleri-de, beden binisi (ys alyş agzasy) bilen alardan has duýulmaz yslary-da aňlatmaga ukyplydyr: Guran ot-çöpleriň astyndan ören Gök maýsadan ysy gelýär ýagyşyň. Şowlap geçen çalgylaryň yzlaryn Bozupdyr ýene-de ýel, ýagyş, jala. Täsin şabyrdaşyp oturşy tallaň Hem çalgylaň şowurdaşyp ot orşy Daň şemaly tanyş ysyn getirýär Ýarygijä çenli sürülen ýeriň. Maňa seniň tanyş pyşyrdyň galdy Ýapragynda gurap giden mekgeleň Şeýle şekiller, hereketler, sesler we yslar aýry-aýry goşgularyň aýry-aýry güýçli, şowly çykan ýerleri däl. Şahyryň şygyrýetinde tebigat atly dünýäniň bitewi intersubýektiwligi bar. Iň esasy zat hem, tebigat şahyryň içki dünýäsine allegoriýa ýa-da simwol däl, ol öz-özlüginde we özi üçin ýaşaýan barlyk. Ol asla haýsydyr bir ikinji zady ýaňzytmak serişdesi däl, onuň özi birinjilik, özi-de ahyrky maksatdyr. Ol alamat däl, şeýle-de ol alamaty däl-de, ezeli. Şu düýpli üýtgeşiklikler A. Annaberdiýewiň poetik diliniň özboluşly erkinligini, akgynlylygyny we owazlylygyny emele getirdi. Ýadymda aýyň ýalpyldap Gyzaryp durşy garşyda. Bir köne gaýgyň ýaýkyldap Derýadan akyp barşy-da. Diňe bir on dört bogunly mesnewiler däl, eýsem ýedi, sekiz, on bir bogunly dörtlemeler hem gaýtalanmaz owazlylyga eýe. Bu aýratynlyk şahyrana dünýaniň içindäki zatlaryň, bölekleriň üýtgeşik özara gatnaşygy, mynasybeti bilen baglanyşyklydyr. Meniňçe, bize üýtgeşik şahyry açmak pursady garaşýar. Aman Şyhnepesow, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |