07:01 Ýaşlardan tama has uly | |
ÝAŞLARDAN TAMA HAS ULY
Edebi tankyt
Türkmen halky kalby şahyrana halk. Goşgy düzmek, şahyrçylyk etmek bizde hem hormat-sylag döredýän, hem köpçülikleýin ýaýran pişeleriň biri. Şahyrana höwesiň gerimine, goşgy düzmäge meşgul adamlaryň mukdaryna göz ýetirmek isleseň, iň bolmanda, gündelik metbugata ser salmak ýeterlik. Tüweleme, gazetlerimiziň goşgusyz çykýan sany ýok. Men goşgynyň hem şahyrlaryň köplüginden howpurgaýan, muny ýaramazlyga ýorýan, kesä çekýän adamlaryň pikirine goşulamok. Goý, köpräk ýazsynlar, goý, köpräk çap bolsunlar! Goşgy – kalbyň sedasy, muny her kimiň ile ýetirmäge hukugy jedelsizdir. Gowşak, çig, ýaramaz goşgularyň haýsydyr birimize köpräk bolup görünmegi pajyga-da däl, edebi ösüşiň haýallaýandygynyň ýa-da togtaýandygynyň alamaty-da däl. „Her kim bildijegin diýr gider“, heňňam özüne geregini alar galar. Höküm çykarmak, saýlap-seçmek Wagtyň ygtyýaryndadyr. Goşgularyň köplügi saýlap-seçmek mümkinçiliginiň giňligini aňladýan zat hökmünde gowudyr. Şygyr ýazmakda, güýjüni synamakda ýaşlaryň has işeňňirlik görkezýändigi oňat zat. „Nesil“ gazetiniň öz sahypalarynda dörediji ýaşlara sahylyk bilen orun berýändigine özümde-hä gürrüňsiz oňat duýgy döreýär. Awtorlara-da, okyjylara-da gyzykly bolar tama bilenem, şu belliklermizde käbir ýaş şahyrlary okamakdan galan täsirleri beýan etmegi makul bildik. Seýitmyrat Geldiýew ilkinji synanyşyklaryň, öýkünjeňligiň, öňkülerden täsirlenýän döreýiş döwrüni yzda galdyryp, edebi adatylygyň ortalyk dilinden hususy, şahyrana diline geçip bilen awtor. Ony kemala gelen şahyr – diýip häsiýetlendirse bolar. Onda reallygy şahyr hökmünde täzeçe duýmak we ony düşnükli, aýdyň, şol bir wagtda-da çuňňur şahyrana sözde aňlatmak ukyby bar. Onuň duýgy adatylygynyň çäginden aňyrda başlanýan, şahyrana däl duýuşa berilmedik ýaşaýyş syrlylygyny we inçeligini syzýan zandy bar. Esasy zadam ol şygry, şahyrana dili şol „aňyrdakylygy“ öz syzyşynyň bütin tebigylygynda we özboluşlylygynda ýüze çykarmaga, okyja ýetirmäge hyzmat etdirip bilýär. Bu talantyň amala geçenligi, berkarar bolanlygydyr. Sözi ele alanlygy, söze erk edip bilýänligi, sözüň garşylyk güýjüni talantynyň energetikasyny açmaga gönükdirip bilýänligi awtoryň her bir goşgusynda görnüp dur. Bu hakykat goşgularynyň gulaga ýakymly owazlylygynda, sözleriň setirlerde we bentlerde mazaly we sazlaşykly intonasion bitewilige girýänliginde, netijede hem şygryň ýeňilden tebigy okalýanlygynda aýan bolýar. Şahyr bolmak – hiç kimiňkä meňzemeýän melodikany, ritmleri we äheňleri döredip bilmek dälmi näme? Üýtgeşik heň üýtgeşik mazmundan habar berýär. Mazmunyň – şahyrana ulgamy dörediji sözleriň we metaforalaryň mysalyna entek ýüzleneris. Häzir bolsa, özboluşly heňiň okyjy gözüne görünýän we görünmeýän faktologiýasynyň bardygyny bellemek gerek. Görünmeýänine melodika diýilýär. Melodika uly şahyrlaryň döredijiligi boýunça-da, ylym tarapyndanam az işlenilen bolup, ol şygryň owaz bedenini emele getirýän sesleriň bize häzirlikçe syrly gatnaşyklaryndan döreýär. Ony jadylaýan akgynlylyk hökmünde diňe okyjynyň gulagy ölçeýär. Göze görünýänlerine bolsa „Sygynanym ýazgydyma sygmady“, „Telbe eden ter bedeniň mylaýym“, „Meni örtär gabak örtünen gözleň“, „Çigrege çirkizlen otlar guraşyp“ ýaly onlarça mysal getirip bolar. Üns berseňiz, heňli hem owazly setirlerde-de özboluşly metaforalar bardyr. Owazyň hem mazmunyň birbada, bitewilikde ýaşaýşy şygryň janlylygyndan hem kämilliginden habar, sungat hadysasyna geçenliginden habar. Ýogsa biz Gijäni oýaran pyşyrdylary Irkilipdir gujagynda heňňamyň… Ullakan arzuwlam sygman döşüme, Ýüregmi ýukaldyp, düýbün deşipdir. Ýele hallan atýan asma çyra-da Gijäň gazanyny bulap durandyr… ýaly täsin metaforalaryň esasynda çeper mazmunyň aýratyn gürrüňini hem edip bilerdik. Ýiti metaforalar Seýitmyradyň şygyrlarynda şahyrana ulgam düzýär, olary islendik goşgudan tapsa bolýar. Owazda ýasalýan stilistik birliklerem bitewi aýdyma öwrülýär. Telbe eden ter bedeniň mylaýym, Beýik-pesi mälim, söýgüsi aýdyň. Tüm saçyň otuz üç örüme salyp, Tesbiniň sogaply dänesi saýdym. Şeýle şygyrlar okyjynyň sulhuny özüne bendi edýär. Sözden başlap şygyr bitewiligine çenli tebigy sünnälenen sözler ynsan kalbynyň iň çuňlugyndaky hadysalary ýokary, şahyrana hörpde suratlandyrýan sungatyň hil derejesine ýetip bilipdir. Ýaş şahyryň her goşgusy – bir şahyrana ulgam. Olaryň her biri beden ýaly janly hem bitewi, gutarnykly hem özbaşdak. Her şygyr ömrüň bir pursadyny şahyrana taryhy hem-de kalbyň başdan geçiren ahwalatynyň kesgitli beýany. Janly bitewilik şygry böleklikden, „Şowly hem şowsuz çykan ýerler“ diýilýän ýasalanlykdan we ýasamalykdan habar berýän çiglikden we bikemallykdan halas edýär. Goşgudaky anyk hem bitewi şahyrana pursat, kesgitli şahyrana ahwalat tutuşlyga dönüp, her söz we jümle şol tutuşlygyň kanunyna laýyk ýaşaýar, şonuň howasyndan dem alýar, onuň bir basganjagyna, „öýjügine“ öwrülýär. Bu ökde heýkeltaraşyň elinde palçyk bölekleriniň şekil bitewiligine geçişini ýatladýar. Ýa-da, kompozitoryň sesleri häsiýetlerine we aýratynlyklaryna laýyklykda düzüp, gelşirip, tutuş heňi döredişine meňzeýär. Janly bitewiligiň içine girensoň, sözler diňe şol ýerde mümkin bolan ýaşaýşyna eýe bolýarlar. Şol mynasybetli şygyrdan daşarky gepleşikde gelende prozaiki eşdilýän, ulanylýan sözlerem şahyranalyk sypatyny edinýär. Her sözüň üstünde başymy ýaýkap, Gijelerne şahyrlarça işleýän. Şu ýerde aşagy çyzylan sözüň umumy sözleýişde ýasamarak, kyssaçylrak kakýandygyna esaslanyp „şahyr kimin“ diýip ýazanlygynda, kän zat ýiterdi. Häzirki durşuna bolsa ol garaşylanyna garşy, ýagny oňyn effekt beripdir. Ol akgynlylyk hem giňişlik täsirinden, bir tarapdan „j“, „ş“, „ç“ sesleriniň özara owaz gatnaşygyndan, beýleki bir tarapdan, „r“ sesiniň gaýtalanmagyndan gelip çykýan melodikadan ybarat. Ýeri gelende aýtsak, şygryň şahyrana pursatlyk ulgamdygy mynasybetli, ýaş awtor meňzeş sözleriň şol bir setirde gaýtalanşy ýaly faktyny-da oňyn çeperçilik hadysasyna öwrüp bilýär. Göz ýetimne göz ýetip dur bu dünýäň, Ellän zadyň gidip otyr eliňden. Senem bagtly bolsaň bolup galypdyr. Diri wagtym diriligmi duýşum deý. Içilmän sowady, Için sowatdy… Gaýtalamak hem edil beýleki edebi döredijilik hadysalary ýalydyr, onuň oňynlygy ýa-da tersineligi döredijiniň talantlylygyna ýa däldigine baglylykda çözülýär. Haýýamyň dili bilen aýdylanda, her bir emel talantla – halaldyr, talantsyza – haram. S.Geldiýewiň şygyrlarynyň gürrüniň ahyrynda şahyrlyk dünýä duýşy barada başda aýdanyma gaýdyp gelmekçi. Adaty durmuş nukdaýnazaryndan, şahyrlyk – paradokslary duýmak we olary açmakdyr. Ýaş awtoryň özboluşlylygyny hasyl edýän şahyrana tilsimleriň biri-logiki paradokslar. Onuň „Ýazmadyk goşgulam ýyrtýar içimi“, „Tutmadyk toýumyz sowuldy birçak“, „Öläýmeseň sypyp bolmaz ölümden“, „Etmedik arzuwlam yşkyňda ýaşar“, „Jesedimiň gazylmadyk mazary“ ýaly setirlerinde aşagy çyzylan jümleler haýran galdyrýar. Çünki olar onuň özünden özgä duýulmaýan reallygyň çeper aňlatmasy, reallygyň täze serhetleriniň açylyşydyr. Onuň şygyrlarynda kontekstden daşarda şahyrana däl eşdilýän „siwilizasiýa“, „ykdysadyýet“, „diagnoz“ ýaly del sözleri ýerlikli ulanýandygynam, ak goşgy pisint erkin formalara ýüzlenýändiginem, isleseňiz oňyn täzeçillik, isleseňizem, janly eksperiment hökmünde ýatlasym gelýär. Özüm-ä talantly ýaşlardan şonuň ýaly täzeçillige umyt edip garaşýan. Biziň şygryýetimiz häzir şeýle radikal, düýpli, XX asyryň rus poeziýasynda Maýakowskiý ýaly beýikleriň geçiren özgerişligine mätäçmikä diýýärin. Edil şu meseläniň çäginde-de Seýitmyradyň köne formada – könelen dörtlemede ýazan „Ses“, „Ýaşajak biz“ ýaly goşgularyny onuň döredijiliginiň täzeçilligine mynasyp däl fakt hökmünde görýändigimi aýtmakçy. Ol forma köneldi, indi ol forma bozulan enjamyň negözel materialy zaýalap çykaryşy ýaly, janly duýgylary göz-gülban edýär. Oňa güýji pes şahyrlaryň ýüz urýany besdir. Goşgy ýazybam bolar, emma ol forma indi gutarnykly sarp boldy, ol tehnika – senede öwrüldi. Ynsan we millet kalbynyň çuňluklaryny açýan sungaty döretmek hyjuwyndaky zehinleriň oňa gyzykmasy, ulaşmasy maksadalaýyk däl bolsa gerek. Ol näme, hatda indi Ezizowyň, beýleki XX asyr ägirtleriniňem zehinini açan dörtlemede köneliberen bolsa gerek. Poeziýa täze, bütinleý täze formalar gerek. Magtymgulynyň poeziýasy dini-ahlak gözellik ölçeglerine esaslanýar. Goşugyň sungat aýratynlyklaryny şol esasdan getirip çykarmaly. Goşugyň kompozisiýasy, temasy anyk, dürli sýužetler şol anyk oňurganyň üstünde gurnalýar. Ezizowda poeziýanyň estetiki esaslary dünýewi reallykdan – tebigatdan alynýar. Munda kompozisiýanyň gurluşy goşukdaky ýaly dikligine-wertikal däl-de, keseligine-gorizontal görnüşde bolýar. Gatlaklar dikligine däl-de, gapdallygyna gidýär. Tebigatyň estetiki ideal bolup öňe çykmagy, dörtlemäniň akyl pelsepesinden ýadyrgap, daşlaşyp estetiki birlige öwrülmegine, onsoň galybyň üýtgemegine getirdi. Galyp giňedi, gurluş dykyzlygy ýönekeýleşdi. Indi bu galybyňam möwrüti ötdi. Indi galypsyzlyk şahyrana ösüşiň esasy formasy bolmaly. Ritmiki galyp aýrylyp, her goşgynyň öz aýratyn ülňüsi bolmaly. Goşgynyň çeper mazmuny bolsa žiwopise ýakynlaşmaly. Munda hakykatyň, halatyň, wagtyň bitewi parçasy berilmeli. Munda tema ritm däl-de, ritm temany döretmeli. Öňki äheňden, öňki ritmlerden çykman, köne tematikadan çykyp, täze mazmun döredip bolmaz. Has, dogrusy, diňe täze ritmler täze mazmunyň subutnamasy bolup biler. Gürrüň ortaça talantyň däl-de, beýik, genial, özgertmeçi şahyryň täzelik ölçegi hakynda barýar. Meniňçe, ýaşlaryň bary şuňa ymtylmaly, çünki beýiklige dalaş etmedik hatda iň bolmanda orta gürpe-de ýetip bilmez. G. Ezizowyň täsiri bilen poeziýada akyl satma azaldy. Oňa derek täze kesel – duýgy satma keseli döredi. Täze poeziýa okyjydan intellekti, akyl bile düşünmäni däl-de, estetiki üşügi hem düşbüligi talap eder. Ol okyjy däl-de, tomaşaçy we diňleýji – surata tomaşa edýän we heňi, nagmany diňleýän adam bolar. Duýgyny pikirli oýlanmanyň däl-de, göni şekiliň hem owazyň üsti bilen berer. Biziňçe, şygryýetiň düýpli ösüşi öňki formalara täze dem bermek däl-de, bütinleý täze formalary döretmek ýoly bilen amal bolar. Hut şu nukdaýnazardanam, men başga bir awtoryň – L.Pürjäýewanyň şygyrlary gyzykly hem üns berilmegine degýär diýip pikir edýärin. Her ki zadyň her kime öz ýaraşygy, gelşigi bar. Edebiýatda-da edil durmuşdaky ýaly, ýaşulylara durnuklylyk, ýaşlara bolsa irginsiz, özem garaşylmadyk gözlegler, synanyşyklar, hatda hetdenaşa, ötegeçme bolup görünýän radikal eksperimentatorlyk ýaraşýar. Bakylyga – edebi bakylyga ýetmek üçin öz döwrüň mundan öňki döwürlerde bolmadyk ruhuny, mazmunyny aňlatmak gerek. Täze mazmun bolsa mümkingadar düýbünden täze formalarda ýüze çykyp biler. Laçynyň „Özüm üçin goşgular“ atly toplumy mende täze forma gözlegleri bilen gaty oňyn täsir galdyrdy. Onsoň haýsydyr bir goşgynyň ýa-da bendiniň – jümle-hä beýle-de dursun – şowsuz çykanlygy ikinji ähmiýete geçýär. Ýaş awtoryň köne galyplarda özüni nälaýyk duýýandygy, reallygyň serhetlerini açmakdan ötri galybyň çarçuwasyna zarba urmak islegi ýerlikli hem göze yssy görünýär. „Ýatlama“, „Haýyş“, „Ýürejik hakda“, ylaýta-da, „Goşgy ýazylmadyk gün“ şygyrlarynyň oňat fakturasy bar. „Maňa daglaň depesinde uç diýme, Daglaryň düýbüniň ownuk daşy bar“ – meniňçe, şu hili yzaçekilme durgunlyga hem doňan adatylyga öwrülen estetiki hem gaýry könemöwridiň çäginde awtora dem almagyň kyndygyny tekrarlamagyň formasydyr. Şu hili inkär etmede esasy zat täze reallyga açylýan yşlar hem umytlardyr. Magtymguly edebi pikirlenmäniň umumygündogar galyplaryny ret etmekden dörän täzelik. Ol şahyryň täze tipiniň – janly durmuş emosiýalaryna daýanýan, şondan kitabyň diline geçýän adamy berdi. Ezizow öz gezeginde şygryýetimizi dini-filosofiki ontologiýadan boşadyp, tas, sap estetiki fenomenologiýanyň hadysasyna öwürdi. Häzirkizaman häsiýetdäki edebiýata eýe bolduk. Adaty ylmy pikir ýöretmämizde muny poeziýada howaýy aklyň paýynyň azalyp, duýgynyň esasy orna geçenligi ýaly biraz ýalpak hem ýöntem kesgitleme bilen aňladýarlar. Meniňçe, şygryýetde häzirki emele gelýän ýagdaý bizde şolar ýalagrak örän düýpli özgerişligiň zerurdygyna yşarat edýär. Şygryň täze içki we daşky barlyklary açýan sungat hökmünde üýtgeşik mentallygy we täze parametrleri edinmegi derwaýysdyr. Şeýle düýpli özgermäniň zerurlygy bolmanda forma derejesinde hem ýiti duýulýar. Indi dörtlemede hem inçe mazmun açmak müşgillik bolup görünýär. Howaýy pikirlenmäniň hasam azalyp, ornuny dolulygyna sap duýgy bälçikligine bermegi, sözüň pikirparazlygynyň ýeňlip geçilip, poeziýanyň gutarnyklan suratda şekillendirişiň hadysasyna öwrülmeginiň öňünde durus. Şu jähtden biziň indiki edebi ösüşimiz üçin uzak gündogar we täze ýewropa poeziýasynyň tejribeleri howa ýaly zerur hasap edýärin. Şol ýerlerde adaty däl formalaryň we realistik däl pikirlenmäniň göze gelüwli hem göze doly miweleri bar. Mundan öň A.Atabaýew „Başga tüýsli goşgular“ toplumynda şeýle synanyşyklaryň göreldesini görkezipdi. L.Pürjäýewanyň öz forma gözleglerinde şol tejribäni hasaba alandygyny ýa olardan bihabardygyny bilemzok. Ýöne onuň şygry howaýy adatylykdan hem howaýy pikirlenme gabyndan boşadyp, duýgy bälçikligini hem aňasty we aňöňürti reallygyň sap fenomenini aňlatmagyň usulyna öwürmek ýaly makullanylmaly meýilleriniň bardygy mesaňa. Ýüzüňi çytmagyň ýa seňrigiňi ýygyrmagyň geregi ýok, biz edebiýata Ezizowdan soňky ululygyň gelenini buşlamagyň çökder bir zatdygyna her kimçe düşünýäris. Gep galyby hem kanonlary kössek hökmünde aňlaýan ýaş şahyrda häsiýetli alamatlaryň görülýänliginde. Kössek bolup duýulýanlygy üçinem ol galypsyz, belli bir formasyz goşgulara synanyşyk edýär. Şeýle synanyşyklar beýleki ýaş şahyrlarda-da wagtal-wagtal ýalp-ýalp edip gidýär. Bu ýörelgä öwrülse, oňat bolardy. L.Pürjäýewanyň „Goşgy ýazylmadyk gün“ atly şygrynda ýokary tendensiýalaryň has doly hem oňat ýüze çykýandygyna ünsi çekesimiz gelýär. Ýelkensizem bolsa, köne-de bolsa, Küreksizem bolsa, bolsa-da bibat Garaz, bir gaýyjak tapylmazmyka ? … O kenarda gök tokaý bar. Gök tokaýda kör torgaý bar. Torgaý örän okumyşmyş Çynmy-ýalan – meňkem eştmiş Hawa, myş-myş. Şeýle şygyrlarda alasarmyklyk bar, awtor diýýänine özem düşünenok hasaplamak nädogry bolardy. Gaýyk, kenar, gök tokaý, torgaý – aňyrdaky, özge reallyk awtoryň sýurrealistik hyýalyna biygtyýar gelýän şekilleri dälmi?! Şeýle synanyşyklarda şahyrana sözüň özi täze forma bolup öňe çykýar. Ol aňyrky reallyk pikiriň üstaşyry däl-de, göni syzgy bilen şekile salmaga synanyşykdyr. Gurak akylyň dellallygy bolmansoň, şygyrda belli bir galyp, belli bir çarçuwa-da ýok. Liriki sýužet duýgy oýnamalarynyň üstünde gurnalansoň, şygyrda biendigan ritmler, bideň uzynly-gysgaly setirler emele gelýär. Torgaý ýöne bahana Ha-Ha-Ha ! Ýene-de bir goşgy indi jahana Ha-Ha-Ha Kämilleşýän barha-barha ! Ha-Ha-Ha ! Mämmetýar hanyň aýdyşy ýaly, „ýaman däl“. Ýogsa degişli synanyşyklarda deprenmez täze netijeler, demir durnukly edebi ölçegem ýok. Ine, iki-ýeke ýaş şahyryň özge göze alasarmyk, dumanlylyk, ondan-da beter sarnama bolup görünmeden ortaça okyjynyň duýgy dünýäsini berýän şekillere öwrülmegi üçin häzirki edebi gymmatlyklaryň we awtoritetleriň derejesinde bakanyňda, näçe wagt gerek bolar-belli däl. Bir zat belli: ösüşiň hem baky täzelenişiň hatyrasyna ýaş şahyrlar buta dönen estetiki awtoritetlerden daşlaşmaly bolarlar. Özüni şygyr galybynyň içinde oňaýsyz duýýan, zehini galypda oňat ýüze çykyp bilmeýän ýaş şahyryň ýene biri Suraý Babanyýazowa. Onuň „Watannama“, „Ýeterlikmikän?“ ýaly goşgulary duýgy hem söz lenjinden ejir çekýär. Emma muňa derek „Aýly gijäniň oýlanmasy“, „Bagt ýyldyzym“ ýaly liriki oýlanmalarynda oňat çekilen kartina-da, täsirli hem çuň duýgylaryň, liriki sýužetiň garaşylmadyk öwrümi-de bar. Meniňçe, Suraýyň zehini-de erkin forma muwapyk. Ol galyp bilen öz daşyna diwar çekmän, kyssa bolsun, erkin goşgy bolsun – çarçuwasyz forma ýüzlense, zehini oňat açylyp giderdi. Galyba girmek howply zat. Çünki, onuň çäginde sen diňe şoňa laýyk logikany, şoňa laýyk lenji dili boýnuňa almaly bolýaň. Bu bolsa özüňe laýyk hem muwapyk gelmeýän köwşi geýip, aýagyny deformirlän ýaly bir gussaly mysala meňzeýär. Öz duýgylaryny ýoýman, kalbynda dörän pikirleri yrman, tebigylygynda hem terliginde beýan edişi taýdan ýaş awtoryň „Aýly gijäniň oýlanmasy“ örän şowly çykypdyr. Bu içki ahwalatyň hem içki pursatyň kartinasy, ol kartina söz däl, liriki sýužet arkaly çekilýär. Sýužete ýazylganlyk berýän zat, elbetde, kössek galybyň ýoklugydyr. Seýran Otuzowyň goşgularyny-da ýokarky gürrüňiň kontekstinde seljersek, netijeli bolardy. Bular mende güýçli täsir galdyrdy diýsem, ýalançy bolaryn. Täsirimi Seýranyň goşgulary bilen baglanyşykly iki pursatda düşündirmek isleýän. Birinjiden, ol häzir söze erk etmegiň hötdesinden gelenok. Awtor sözlere haýsydyr bir şahyrana manyny ýükländirin hasaplaýar, ol sözlerde bolsa şo many ýok. Ikinjiden, esasy belligim hem şu – Seýranyň goşgularynda tema bar, sýužet ýok. Sýužet – hereket. Hereket üç pursatdan durýar – başy, ortasy, ahyry. Degişli goşgularda şu üçlük ýok, olary näçe dowam etdirseň etdirip oturmaly. Bu fakt awtoryň bir goşgusyny ýöne köp nokat bilen tamanlaýandygyndanam açyk görünýär. Sýužet ýok ýerinde many ýok, çünki many nilden atylyp çykýan ok ýaly sýužetiň daşa çöwrülmesidir. Atmajak bolsa tüpeňde ne many bar?! Sýužetiň dogurýan manysynyň ýok ýerinde, semantiki birlik derejedäki obraz – suratam döränok, olara derek howaýy pikir umumylaşdyrmasy, logiki kesgitlemeler (Ýylgyryş – adama sylag hem hormat – diýen ýaly ) öňe çykýar. Maslahat bermek aňsat diýen ýaly, Seýrana döredijiligini şahyr hem okyjy hökmündäki gözlegler bilen utgaşdyrmagy, hususanam, häzirkizaman modern türk şahyrlaryny köp okamagy maslahat bermek ýerlikli hasaplaýarys. G. Orazberdiýewiň, G. Durdyýewanyň, A. Rozyýewanyň elime düşen goşgulary hakda haýsydyr bir zat aýtmak hiç zat aýtmazlyk bile deň bolar öýdüp gorkýaryn. Anyklyga geçiberseň, gürrüňiň aşa ownamagy mümkin. Birinjiden, ýaş şahyrlar poeziýa diýilýän närsäniň sözleriň adaty many gatnaşyklaryny syndyryp, many paradoksini döretmeklikdigine oňat düşünýärler. Ýöne bu olara hemişe başardybam duranok. Adaty logika, adaty many sökülýär-de, deregine hiç zat döränok, ýa-da adatydanam bijaý gelýän ýönekeý logiki näsazlyk döreýär. Aýlar-günler geçip, ýyllar gelse-de „Geler“ sözi geldi, özi gelmedi – diýen ýaly. Bu ýerde şahyrana situasiýa emele gelenok. Galyberse-de, bu setirlerdäki öwrüm klassiki edebiýatda lenji çykan zatlaryň biridir. Ikinjidenem, bularyň käbir goşgularynda kapyýanyň ýaramaz netijeli hökmürowanlygy bar. G. Durdyýewanyň „Şükür“ goşgusyndaky ýaly kapyýanyň emeliligi galan sözleriň tebigy manysynyň ýoýulmagyna ýa-da poetiki manysynyň kemala gelmezligine sebäp bolýar. Üçünjidenem, bularyň söze diýenini etdirip bilmeýän ýerleri bar. Ýöne käte hezil berýär güldürip Ýaz gününde gülüp düşen suratyň. Hassa soramaga äkitmek üçin, Gyssap duran aýaklam bar ajaýyp. Pikirim üýtgemänkä, Basmanka dert, sus meni. Asyl görsem bu älem Göz ýeterden geň eken Sözler göz öňünde tutulan şahyranalygy döredenok, çünki aýdylyşy ýaly, olar ýerine düşmändir, kontekste düşmändir. Baram zehiniň bendiliginden. Şygryýetde talantyň bendiliginiň kapyýa bagly bolmak, galyba bagly bolmak ýaly derejeleri bar. Bularyň baryny okyja ýetirere aňyrdan – zehiniň energetika çeşmesinden gelýän zadyň azlygy bilen düşündirip bolar. Aňry-zehin, erudisiýa we durmuş tejribesi. Çeşmeden zat gelmänsoň, awtor boş aýlanýan tigir ýaly lenç edilen hem ortalyk, owaz, many hem stil özboluşlylygyndan mahrum kapyýalar bilen ogar-ogar oýnaýar. Galyby bendilik barada-da şuny aýtsa bolar. Ile aýdara üýtgeşik zadyň ýok bolsa, galyby alýaň-da, jansyz sözleri we jümleleri şol galyba guýup köpeldip gidip otursyň. Geň eşdilmegi mümkin, köp ýaş şahyrlaryň esasy meseleleriniň biri dyngy belgisidir. Umuman, edebiýatda–neşir, grafiki belgiler bilen baglanyşykly sungatda dyngy belgi uly ähmiýete eýe. G. Ezizow „Akyl gämisi“ poemasynda başga tema tapmadyk ýaly, Magtymgulyda dyngy belgiler barada doklad edýän edebiýatçy ýaňsylanýar. Ýaňsy düşnükli ýöne Magtymguluda we beýleki klassyklarda iň möhüm derwaýys, gyzykly hem çylşyrymly ylmy meseläniň biri dyngy belgiler meselesidir. Dyngy belginiň dogry goýulmagy edebi eseriň manysynyň, ritminiň adekwat aňladylmagyna kömek edýär we tersine. Ýaşlar şygyrda dyngy belgileri – otur, nokat, köp nokat we ş.m.-leri nädogry goýýarlar. Köplenjem, hamana, goşgynyň 1-nji, 3-nji setirlerinde otur, 2-nji, 4-nji setirlerinde nokat. Şeýle ülňiniň ýörgünlidigi biziň şahyrana pikirlenmämiziň köneçilliginiň, berk galyplylygynyň kiçijik bir ýüze çykmasy. Dyngy belgi – şygryň manysyna, çeper grammatikanyň gurluşyna laýyk goýulmaly. Çeper grammatika bolsa, janly we erkin şahyrana pikirlenmäniň formalaşmasydyr. Şonuň üçin bu meselede hiç hili ülňi bolup bilmez. Şeýlelikde, entek irrägem bolsa, ýaşlaryň şygyrlarynyň gürrüňini gutarsam diýýärin. Aslynda bu gürrüň däl – gürrüňiň bir parçasy. Esasy zat gürrüň däl-de, iş. Gözlemeli, urunmaly, ýazmaly-bozmaly, döküp-dörmeli, döretmeli. Özüm-ä ýaşlarymyzyň türkmen aňynyň täze giňişlik çäklerini açyp biljek bütinleý we bütinleý başga ýaşaýyş dili bolan hakyky sungaty, uly poeziýany döretjekdigine doly ynanýaryn. Ýaşlardan has uly zatlara garaşýarys. Ýöne iň soňunda ýene bir bellik: Bu gürrüňleriň ählisi ýaş şahyrlaryň öz borçlaryna we döredijilik meselelerine düşünmegi, oňyn netije çykarmagy üçindir. Aman ŞYHNEPESOW. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |