14:03 Arap halk hekaýatlary | |
ARAP HEKAÝATLARY
Hekaýalar
Ogurlanan at (Arap halk hekaýaty) Bir daýhanyň taýçanaklygyndan bäri bakyp ýören owadan tohum aty ogurlananmyş. Günleriň birinde ol täze at satyn almak üçin bazara gidýär. Görsene muny, satlyk atlary gözden geçirip ýörkä, olaryň arasyndan öz atyny tapaýýar. Daýhan atyň ýalyndan tutup, sesinde baryny edip gygyryp başlaýar: — Bu at meniňki bolmaly. Ony menden üç gün mundan öň ogurladylar. Aty satlyga çykaran adam: — Gardaş, sen ýalňyşýaň. Men bu aty iki ýyl mundan öň satyn alypdym ahyryn — diýýär. Daýhan çaltlyk bilen ellerini atyň gözleriniň üstünde goýýar-da: — Sen aty iki ýyl mundan öň alandygyňy nygtaýarsyň. Hany, onda aýt bakaly, atyň haýsy gözi gyşyk? — diýen sowal berýär. Näme diýjegini bilmedik satyjy tolgunyp başlanmyş. — Ç-ç-çep gözi. — Ýalňyşdyň, dost, onuň çep göz-ä gyşyk däl — diýipdir-de, daýhan elini atyň çep gözün-den aýrypdyr. Satyjy gülüp: — Hawa, ýalňyşdym. Men sag gözi gyşyk diýjekdim. — Ýöne onuň sag gözem gyşyk däl-dä! — diýip, daýhan elini atyň sag gözünden hem aýrypdyr. Daýhan satyjynyň ýalan sözleýändigini töweregine üýşen adamlara subut edipdir. Satyja bolsa, aty eýesine taşlap gaçmakdan başga çäre galmandyr. Bagt — elleriň aýasynda! Dostum maňa şeýle gürrüň berdi: “Biz iki dostduk. Bir eneden bolan süýtdeş dogana öýlendik. Ýöne, kysmatdyr-da, meniň öýlenen gyzyma tebigat gözellik bermändir. Dostumyň gelni bolsa, tersine, gözelligi bilen akylyňy haýran edýärdi. Muny görüp ähli dünýäm agdar-düňder boldy, ýazgydyma närazy bolup, ýüzümi salladym ýördüm. Bu waka durmuşyma awy gatdy. Şeýlelikde, gaýnatamyň öýünde ýaşap başladyk. Özümi dünýädäki iň betbagt adam hasaplaýardym. Dostumyň aýaly bilen bagtlydygyny görüp dagy oňa gözüm giderdi. Aý geçdi, gün geçdi... Dolanyp duran çarhypelek çüwen bagtymy görmegim üçin gözlerimi açdy. Aýalymdaky artykmaçlyklar ýüze çykyp başlady. Ol gözlerime söýgi-mähir bilen ýylgyrýar welin, bütin günki argynlygym aýrylyp, dünýäm giňäp gidýär. Onuň zähmetsöýerligi hem uly hormata mynasyp. Sen, belki, dostumyň aýalynyň häsiýeti bilen gyzyklanýansyň? Gynansagam, ol ýalta hemem hyýrsyz bolup çykdy. Netijede, meniň durmuşym lälezarlyga öwrüldi. Indi dostumyň maňa gözi gidip başlady. Häzir men söýgüli aýalym bilen bagtly durmuşda ýaşaýaryn. Dostum, bagtly, agzybir, abraýly maşgala gurmak üçin owadanlyk gerek däl eken. Ýürekden çykan mähirden doly ýylgyryşy dünýäniň hiç bir gözelligine çalyşmaryn. Bagt öz elleriňde, aýalaryň içinde eken. ©ENIYS HASAN Ene kepderi, tilki hem goňur guş Köneler şeýle gürrüň berýär. Bir ene kepderi başy asmana ýeteňkirläp duran äpet agajyň üstünde höwürtge gurunmak isleýär. Ýöne agajyň üstünde höwürtge gurunmak kepderiň ýeke özüne örän kyn düşüpdir. Şeýle-de bolsa, ol yhlas bilen zähmet çekip, öz höwürtgesini guranmyş. Işlerini boldum edibem, ýumurtga basypdyr. —Kepderimiziň çagajyklary ýumurtgadan çykan mahaly ýyldyz ýaly bolup tilki peýda bolaýypdyr. Ol agajyň saýasynda durup, ene kepderä haýbat atýarmyş: —Meni ünslüje diňle! Çagalaryňy bermeseň, ýokaryk çykaga-da hemmäňizi iýerin. Biçäre ene kepderä çagalaryny oklamakdan başga alaç galmandyr. Günlerde bir gün kepderiniň iki sanyjak çagasy ýumurtgadan çykanda, agajyň üstüne gogur guş gelip gonýar. Ol ene kepderiniň gama batyp oturanyny görüp: —Eý, ene kepderi, sen näme dünýäden doýan ýaly bolup otyrsyň? — diýip soraýar. —Men gamlanman kim gamlansyn, eý, gogur guş! Her gezek çagajyklarym ýumurtgadan çykanda tilki gelýär-de gorkuzyp, olary alyp gidýär. Bilseň, oňa çagalarymy bermekden başga alajym ýokdur. —Eger-de ýene bir gezek tilki geläýse, “Men saňa çagalarymy berjek däl. Başarsaň, hany, çyk-da agaja. Agaja çykyp çagalarymy iýmäni başaraýsaňam, men uçar giderin” diý-de aýt. Gogur guş ene kepderä hile baryny öwredip, agajyň depesinden derýanyň kenaryna tarap uçup gidenmiş. Mekirje tilki bolsa, öwrenişenje wagtynda ýene agajyň saýasyna gelip, ene kepderini gorkuzmakçy bolýar. Ýöne bu gezek kepderi tilkiniň toruna düşmeýär, gogur guşuň öwredişi ýaly tilkä jogap berýär. Tilki haýran galyp: —Bu zatlary saňa kim öwretdi? — diýip soraýar. —Gogur guş öwretdi. Tilki gogur guşuň gözlegine çykýar we ony derýanyň kenaryndan tapýar. —Eý, akylly, mähriban gogur guş! Eger-de ýel sag tarapdan öwüsse, kelläňi nirede goýýarsyň? —Çep ganatymda. —Eger-de şemal çep tarapdan öwüsse, onda nätjek? —Elbetde, sag tarapymda. —Şemal hemme tarapdan öwüsdi-dä, şonda kelläňi niräňe saljak? —Ganatlarymyň aşagynda goýaýaryn. —Täsin, örän täsin. Kelläňi ganatlaryň aşagynda nädip goýjak?! Size Allatagala nähili ajaýyp başarnyk beripdir! Siz biziň bir ýylda bitirýän işimizi bir sagatda bitirip oturyberýärsiňiz. Biziň ýetip bilmeýän ýerlerimize ýetýärsiňiz. Munuň üstesine-de, kelläňizi sowukdan, ýelden gorap, ganatlaryňyzyň aşagyna salyp bilýärsiňiz. Muny nähili başarýandygyňyzy görkezsene! Gogur guşuň kellesini ganatlarynyň aşagyna salanam şoldy welin, mekir tilki onuň üstüne bökäge-de, bokurdagyndan ebşitläp tutýar: — Eý, öz-özüne duşman, samsyk guş! Ene kepderä akyl bereniňden özüňi goramany öwrenseň bolmaýarmy? Oňa hile öwredip, özüňe duşman gazandyň. Ind-ä hemme zada goşulyp ýörmeli däldigine düşünseň gerek!!! — diýägede, tilki guşy göterip, tokaýa siňip gidenmiş. ©ABDYLLA IBN AL-MUKAFFA "Peşe-de bolsa, pilçe gör..." Içerik kijiçik syçan girdi-de, soraşman- ideşmän, öýüň iň görnükli otagyna ornaşdy oturyberdi. Wah, ornaşanam hiç welin, öýi harap edip başlady. Ýöne nämüçindir bu garagolja syçan öýüň garrap tapdan düşen gojasyndan başgasynyň ünsüni özüne çekmedi. Goja ahyry ogullaryny ýygnap: —Heniz öýüň hemme ýerine zeper ýetirmänkä, bu syçanyň ýoguna ýanmaly! —diýdi. —Walla, atam, senem oturyp-oturyp bir zatlar tapaýýaň. Biz ýaly daýanyp duran ogullaryň barka, şu ýerbiti ýaly syçanyň öýümizi harap edip biljekdigine ynanýaňmy?!—diýip, ogullary gojanyň sözlerine gülüşdiler. Gojanyň iň uly, güýçli, daýaw ogly sesine bat berip gürledi: —Atam, sen onuň aladasyny etme, men ony köwüşli aýagym bilen bir depemde bölek-bölek ederin. Gürrüňe gojanyň ikinji dilewar ogly goşuldy:—Atam, rahatlygyňy bozanlygy üçin ojagaz syçany dabanym bilen mynjyradyp ýere hapa yz ederin. Soňra bolsa şu ellerim bilen (orta we başam barmagyny görkezdi) guýrugyndan tutaga-da, daşaryk zyňyp goýbererin, wessalam. Gojanyň üçünji, häsiýeti boýunça gopbam ogly hem sözläp başlady: —Baý gürled-ow, kiçijik syçan üçin eliňi hapalanyňdan sübse bilen gelen ýerine kowup goýber-dä. Oglanlaryň körpesi-de gepe goşulman oturmady. Ol gojanyň beýleki ogullaryna garanyňda sadadan gelen emelsizdi, ýaňrady. Ýöne ol ejesine örän hamrakdy, hemişe goltgy bererdi, kakasyna-da buýsanardy. —Hemmesini özüm oňararyn. Siz muňa goşulmaň! Maňa-da özümi görkezmäge wagt boldy. Doganlaryň hersi bir zat gürleýärdi. Netijä bolsa gelnenokdy. Jedel barha gyzyşdy. Goja bolsa kellesini ýaýkap, gynanç bilen ogullaryny diňleýärdi. Wagtal-wagtal gowşak ses bilen: —Ogullarym, syçan... syçan... öýi harap eder...—diýýärdi. Gojanyň sesi dumanyň içine siňip gitdi... Ogullarynyň arasyndaky dawa bolsa barha möwç aldy. Oglanlaryň ulusy:—Bärde siziň iň ulyňyz otyr (ol özünden hem uly kakasynyň oturandygyny ýatdan çykardy). Men gürleýärkäm, gulak asmak siziň borjuňyz. Ortanjy ogly sözi gapyp aldy: —Men iň akyllyňyz. Şonuň üçin bu öýde meniň sözüm diňlenmeli. —Siz näme üçin dawalaşýarsyňyz? Öýüň owunjak işlerinem maňa goýaňyzok. Eger-de hiç zat edip bilmesem, şonda jedelleşiň-dä!—gojanyň körpe oglunyň hem sesi galmagalyň arasynda çalaja eşidildi. Netijede doganlaryň arasyndaky jedel hiç bir ylalaşyga getirmedi. Wagt geçdi. Öýdäki syçan ösüp, ulalyp alaka bolup gitdi. Ol diňe ulalmak bilen hem çäklenmedi-de, şowhunly gürlemäni gowy görýän adamlardan doly öýe şärik bolmak üçin uly ene syçany çagyrdy. Wagt geçdi, olaryň köp çagalary boldy. Doganlaryň arasynda dowam edýän dawalardyr jedeller bolsa adatdakysy ýaly netijesiz gutarýardy. Öýüň gojasy we enesi aradan çykdy. Doganlar öýüň syçanlardan dolandygyny bilseler-de, bilmezlige salyp geçirdiler. Oglanlaryň ulusynyň aýaly (ol örän gysgançdy): —Nämüçin öýi syçanlara ýal edýärsiňiz? Satlyga çykarsak bu öýi indi kim alar? Öýi gören gaty arzan bahaladar ahyryn!—diýip zeýrenerdi. Gojanyň ikinji oglunyň aýaly (ol edil adamsy ýaly akyllydy we düşbidi): —Wah, sen nämäniň gürrüňini edýärsiň?—diýdi.—Doganlar öýi satmak barada pikir etmeseler näme? Öýi satmak üçin bütin maşgalanyň agzybir bolup toplanmagy gerek. Bu bolsa mümkin däl. Öýüň parasatlylykda özüne taý gelmeýän körpe gelni hem söze goşuldy: —Wah, siz haýsy maşgalanyň gürrüňini edýärsiňiz? Öýüň ene-atasy aradan çykandan soň, bu öýde maşgala diýen zat galmasa nätjek! Olaryň arasyndaky gep-gürrüňleriň soňunyň gowulyk bilen gutarmaýanyny hemmämiz bilýäris. Öýüň gelinleriniň hersi bir pikirde bolsada, basym ylalaşdylar hem doganlary razy edip, öýi satmaly diýen karara geldiler. Doganlar razy edildi... Haçanda dellal gelip öýi gözden geçirende, gözlerine ynanmady. Öý syçandan doludy. —Bäh, bu öýi! Bu öýde ýaşar ýaly däl. Ol örän arzan geçer—diýip, dellal baş ýaýkady. Doganlaryň ikinjisi: —Biz bu öýi bir eýýäm satypdyk—diýdi. Gelinler gulaklarynyň eşidenine ynanmadylar. —Kime, näçä, nämüçin? —Syçanlara... Özem satlyk däl, mugt berdik. Munuň bilen çäklenmän, öz agzybirligimizi hem onuň üstüne peşgeş etdik. ©NEJAT HALUW Arap dilinden terjime eden: Dünýägözel Begnazarowa | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |