14:11 Ärtöññe / roman | |
ÄRTÖÑÑE
Romanlar
Erk galanyñ gadymy zamanlarda al-asmanda hellewlän derwezesiniñ indi gaçan dişiñ ýeri ýaly bolup hoñkarýan gädiginden maşynlaryñ güzzüldisi eşidildi: ''Bulara tizläýdiler, göresleri gelip, ýürekleri atygsap durandyr. Bu ýadygärlikler indi köşk wagtyndakysyndan arzyly bolaýdy öýdýän'' diýen professor Muhammet aga gyssandy. Gelýänler Birleşen Milletler Guramasynyñ ygtyýary bilen Mary şäheriniñ 2500 ýyllyk toý dabarasyna gatnaşýan myhmanlardy. Olaryñ ýolbaşçylary şol abraýly halkara guramasynyñ wekilidi. Galanlary jahanyñ dürli künjeklerinden gelen hormatly alymlar! Ýer ýüzünde tanalýan sungat işgärleridi. Aralarynda gadymy Marynyñ taryhyna degişli içgin gyzyklanýan janköýerler hem bardy. Bulardan öñ baryp ýene aýlanyp göreýin, gowy taýýarlanaýyn'' diýip ozup gaýdan professor öñlerinden çykyp, olary garşylaýmak galdy: ''Beýdäýerler öýtmändim, şunça ylgaşladymam weli...'' diýip, ýaşuly içini gepletdi. Olaryñ galanyñ köne diwaryna dyrmaşan ýolbşçysy derini çalyp, haşylap: ''Duruber, şol ýerde'' diýýän ýaly edip, eline alan şlýapasyny bulady. Göwresi ýeñiljek, agajet, horyda adam ýetip gelşine :''Ýeke özüñ guwanaýjaksyñ welin, ozal kän görensiñ, muny saña beýtdirmeris'' diýip degişdi. Gözi äýnekli, burçlak, ýasy ýüzli, örän hereketli bu ýolbaşçy ýoldaşlary depä dyrmyşýança, pyr-pyr öwrülip, galanyñ içine, ýokarysyndaky päkize gök asmana ine-gana bolmasa-da, ýagşy seredip onuñ döwri bilen gysgaça tanşalyñ, Toýy soñ soñlabereris, görmäge-de wagt taparys'' diýip, Muhammet aga söz berdi. Ol ''Üns beriñ!'' diýen manyda sag goluny ýokary göterdi-de ardynjyrap, sözüne başlady. ㅡ Dünýä medeniýetiniñ iñ örnän ýeri Müsür, Hytaý, Hindistan. Olaryñ gadymy medeniýetiniñ dowamy weli, häzirki döwür äheñini başga ýerde Tigr, Ýewfrat derýalarynyñ aralarynda (Mesopotamiýa) alypdyr. Iki tapgyrdan ybarat, Mary şäherler toplumynyñ (megapolis) ilkinjisiniñ doly durkuna gelmegi taryhy ähmiýetli şu döwre gabat gelýär. Iri şäherler döräp başlaýar. Ondan bäri üç müñ ýyl aşa wagt geçipdir. Bu ösüş biziñ zamanamyzdan öñki 729-njy ýylda badygýar.Ýene-de täze öwüşgin tapyp, kämilliginiñ indiki basgançagyna göterilýär. Şol ýyl Nil derýasynyñ ilkinji bosagalarynyñ añrysyndan inen çarwalaryñ basybalyjy süýşüşliginiñ uly tapgyry hem şol wagta utkaşýar. Dünýäde ýene-de uly özgerişlikler ýüze çykýar. Kiçi halklar toplanyşýarlar. Ozal görülmedik-bilinmedik iri döwletler döreýär. Bu ýagdaý şäherleriñ ykbalyna ýene-de täsir edýär. Guraklyk sebäpli, ýüze çykan basybalyjylykly süýşüşliginiñ döreden weýrançylygynyñ üstüne şol ýyllarda Murgap (ol wagt Marguş) derýasynyñ öz gyrmançasy bilen özüni gömüp, ugruny üýtgetmegi zerarly Marguşdaky öñki şäherler toplumy heläkçilige uçraýar. Horlanan ilat täze şäheriñ düýbüni tutýar. Soñ olam ikinji uly topluma öwrülýär. Ol siziñ şu töwerekde görýän harabaçylygyñyz. Onuñ başyny başlan kerwenbaşy bolsa, häzir üstünde duran depämizi bize ýadygärlik galdyran Merw şäheri. Onuñ döremegi dünýäde şol wagt bolup geçen ýokary özgerişliklere dahylly. Mourwuñ taryhy kuwwaty adamzada görkezen hyzmaty, dünýä medeniýetine goşan goşandy, aýratynlyklary we umumy keşbi bu gadymy şäheriñ özboluşlylygyny kesgitläpdir. Onuñ geçmişi türkmen halkynyñ boýlan ykbally ýoluna köp babatda çalymdaş. Oña özboluşly ösüşiniñ başynda hindi, gadymy elam-hett halklarynyñ medeni täsiri ýetipdir. Mourwyñ döwründe ýakyn Gündogarda beýleki ençeme halklary özüne birikdiren Babyl (Wawilon), Midiýa, Assiriýa döwletleri emele gelipdir. Bular täze dörän äpet döwletler. Soñ olaryñ üçüsi hem Kuruş (Kir) döwründe birikdirilip, bimöçber uly döwlet döräpdir. Ony Dariý I gutarnykly guraýar. Biziñ eramyzdan öñki VI asyryñ ortalarynda dünýäniñ ykbalyna dahylly güýji özünde jemlän bu ilkinji ägirt uly döwletiñ başynda Ahamenler silsilesi durupdyr. Dünýäde ilkinji bimöçber uly bu döwlet iññän güýçlenişi ýaly, täze medeniýet ojagyna hem öwrülýär. Ýañy gurlup, adygyp ugran Mourw hem töweregindäki döwletler bilen bilelikde Günorta Eýranda döredilen şol pars döwletine birikdirilipdir, tä Ahamenler silsilesi Aleksandr Makedonly tarapyndan syndyrylýança, şol uly dünýä medeniýetiniñ ojagyna düşýär. Şol ýyllarda otparazlyk dininiñ (zoroastrizm) Günorta-Gündogar Garagumda wagyz edilip ugralmagy Mourwyñ medeni kuwwatyny has-da güýçlendiripdir. Şeýlelikde, bu sepgitdäki aýgytly taryhy wakalar ''Awestada'', ''Päk Mukaddes hem Kuwwatly'' diýlen Mourwy başda pajygaly, soñ örän täsirli hem ähmiýetli medeni, taryhy hadysalaryñ jümmüşine oklaýar. Bu wakalar Mourw şäheriniñ ösmegine gönüden-göni dahylly bolup, oña şol irki zamanda gadymy ata-babalarymyzyñ dünýä medeniýetine goşan ajaýyplyklarynyñ biri diýip, buýsanyp bileris. Muña taryhda belli dabaraly waka hökmünde deñsiz-taýsyzdygy hem örän täsindigi sebäpli, uzak wagtlap, tutuş äleme ýañ salan üýtgeşik çaknyşykda massagetleriñ öñbaşçysy, amazonkalar diýlip atlandyrylan batyr (gyz-zenan) lardan Tumar (Tomiris) gelniñ, biziñ zamanamyzdan öñki 530-njy ýylda Garagumy gahrymanlarça gorap, Oguzboýuñ orta akymynda ahamenlerden üstün çykmagyny-da goşmak gerek. Marguşlylaryñ, parfiýalylaryñ we beýleki garagumly halklaryñ şondan sanly ýyl soñ, agyr süteme garşy baş göteren, adamzat taryhynda öçmez orun alan gozgalañy-da (ak N.Struwe) ata-babalarymyzyñ adalat ýolundaky gaýduwsyzlygyny görkezdi. Uly ýeñiş gazanan Tumar gelniñ ady-ha ençeme asyrlap, bütin ýewropalynyñ diliniñ senasyna öwrüldi. Amazonkalaryñ adyny äkidip, Günorta Amerikadaky dünýäde iñ uly derýa dakylmagy hem şu ýagdaýdyr. Bu wakalar Garaguma-da Mourw şäherine hem gönüden-göni dahylly. Ony oguzboýly Tahmurt hanyñ gurdurmagy-da şuny ýatladýar. Taryhy örän gadymy halkymyz ösüşiñ çarkandakly hem kyn ýoluny geçdi. Agyr synaglara abraý bilen hötde geldi. Bu ýol, bu abraý onuñ ähli irki şäherlerine, ilkinjileriñ arasynda bolsa, uzagyndan Mary-Şahu-Jahan adyny göteren Marynyñ tutuş taryhyna, hut şu Mourwa hem degişli. Baýramaly şäheriniñ demirgazyk-gündogaryny alkymlaýan uly haraba-ýadygärlik tutuşlygyna Marynyñ soñky ikinji şäher toplumyny düzýär. Şol şäherleriñ her biri türkmen halkynyñ geçmişiniñ belli bir döwründe gülläp ösüpdir. Olar 6 sany: Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Şaýymgala, Abdyllahangala, Baýramaly han gala. Şaýymgalada seljuk soltanlarynyñ harby bölümleri ýerleşip, olar günorta-gündogarda esli uzaklykda bolansoñlar, ekin aralarynda galyp, ýitip gidipdirler. Şu günlere gelip ýeten Baýramaly han gala diwarlary hem şonuñ bilen ykbaldaş boldy. Onlarça irki şäheri, ýüzlerçe taryhy ýadygärligi içine alan ilkinji Marguş megapolisi şu görüp duran ýadygärlikleriñizden demirgazyk-gündogarda çäge depeleriniñ aşagynda ýatyr. Şol şäherleriç öwrenilenleriniñ irkisi hem iñ ulusy Goñur depe. Ol 28 gektara çenli meýdana ýaýrapdyr. Bu öz döwri üçin örän uly medeni giñişlik, gadymy gudrat. Mourw Marguş megapolisiniñ dowamy. Onuñ dünýä täzeliklerini özleşdirip, ösdüren, adamzat medeniýetine öz goşandyny goşan perzendi. Mourw-täsin şäher. Gäwür galanyñ içinde ㅡ Erk gala; Erk galanyñ içinde ㅡ Mourw şäheri. Ozal otparazlaryñ ýörite ataşkedelerinde ody arassa we päk saklamakdan ötri, ony binalaryñ üç halkasy gurşapdyr. Görseñiz, bular türkmen ertekilerindäki döwüñ janynyñ saklanylyşy ýaly, gatbar-gatbardyr. Mourw şäheriniñ salnyşy şol milli däbi ösdüripdir. Şonuñ bilen birlikde Mourwdan öñki şäherleriñ merkezinde içi ataşkedeli ybadathana ýerleşen bolsa, munda şäheriñ ortasyny köşk jaýlary eýeläpdir. Bu ýagdaý Mourwyñ gurlan ýyllarynda Türkmenistanda döwletiñ güýçlenmeginden, medeniýetiñ ýene-de bir basgançak ösendiginden habar berýär. Türkmen ylmynyñ soñky ýyllarda gazananlary şuny aýdýar. Toýy toýlanýan şäheriñ ady Mourw barada. Türkmen alymlary otparazlaryñ dini kitaby ''Awesta'' bilen tanşanlaryndan soñ, geñeşip, ol ''Maourw'' ýa ''Mourw'' bolmaly diýdiler. Biz ''Mourwy'' saýlap aldyk. Dariý I hökümi bilen Bisütindäki golgazma ýazgyda (Eýranyñ dünýä belli ýadygärligi) Murgap boýy ''Marguş ýurdy'' diýlip atlandyrylypdyr. Bu ady alymlar Mourwdan öñki şäher toplumy barada ýazanlarynda hem ulanýarlar. Bu goşma atda, beýleki şuña meñzeş köp halatlarda bolşy ýaly, birleşen sözleriñ birinjisiniñ yzyndaky ''y'' sesi düşüp galypdyr ýa-da soñ üýtgäpdir diýsek, ''Mary'' we ''Guş'' sözleri bolup, Murgabyñ adynyñ ýasalşyna meñzeşlik bar. Bu hadysa diliñ ösüşine laýyk gelýän tebigy ýagdaý. ''Guş'' sözi häzir Guşgy derýajygynyb adynda saklanyp galypdyr. Murgap sözüniñ manysyny şu günler ''guş suwy'' diýip düşünýäris. Şoña eýersek, Marguş sözi-de ''Guşly Mary'' bolar. Özem dil babatda-da, tebigatyna-da laýyk gelerdi. Şonuñ bilen birlikde, Maorwam, Mourwam ''Marguş'' sözenden has tapawutly. Biziñ pikirimizçe Marguş sözi ýerli halkyñ özünden eşidilendir. ''Awestanyñ'' dili barada muny aýdyp bolmasa gerek. Şol wagtlar derýamyza Ammurg, soñra Murgap diýilmegi-de şeýle ýagdaýlar sebäp bolupdyr. Mary şäheriniñ 2500 ýyllyk toý dabarasyna gatnaşýan myhmanlaryb mejlisi Mourw ýadygärligi bolan şu depäniñ üstünde açylmaly edilipdi. Onuñ öwrenilşi, bitirilen işler öñdäki aladalar barada, dünýä belli alymlaryñ aýdan sözleriniñ soñy garşylykly gutlaglara, ýürekden çykýan joşgunly alkyşlara sapdy. Bu köşkleriñ abat wagtyndan bäri, belki, ilkinji gezekdir, dörän bu guwançly ýagdaý asuda howada güberýän belent depelere, misli ýaraýan ýaly duýulýardy. Professor Muhammet aga muña juda begendi. Oña, aýratynam, Türkmenistanyñ geçmiş ýadygärliklerini, has-da gadymy Maryny, dabaranyñ esasy daýanç nokady hut şu Mourw şäherini öwrenen uly Massony çykyş edenleriñ minnetdar ýatlamagy gowy ýarady. Gelen myhmanlara ýaramaga, ine-gara pikir alyşmaga wagt ýokdy. Olar aýaklarynyñ aşagynda Aýyñ üstündäki ortasy oý, töweregi belent, tegelek meýdanlaryñ biri ýaly bolup ýatan Erk gala mähirli seredişdiler. Ýer örän aşakdady. Oña ýokardan garaýan myhmanlaryñ gözleri ýiteldi. Gursaklaryny gümmezekledişip, çuñdan-çuñdan dem aldylar. Haşylaşdylar. Depäniñ üsti howalanýardy. Olaryñ biri: ㅡ Babyl diñine münende şeýle bolanyny bir ýazyjynyñ ýazgylarynda okapdym. Bu-ýa häzir kän peselendirem - diýdi. Muhammet aga ýadawdy. Soñky günler Aşgabat-Mary aralygynda iki ýana ''ok kesdirme'' geçipdi. ''...Häzir Dynjymy bir alaýyn'' diýip oturşudy. Tutuş endamy syrkyraşýardy. Ol maýyl howanyb güneşine ýumşaşdy. Göwün ýüwürtdi, şeýdip irkildi. Oraşan düýş gördi. Täsin ýeri düýşünde gören wakalary hüýündäkilerdi; ýañy başynda öwren pikirleridi. Ot parazlaryb ybadathanalarda gaýnadan kaoma, homa içgisi bilen içgin gyzyklanýardy. Şol wagtyñ ybadathanalarynda üýşüşip, mollalaryñ ýolbaşçylygynda taýýarlanan, her kime sähelçeden dadyrylyp, hemme kişä ýetirilen dini edähede öwrülen bu däbiñ näme hyzmaty bar, ol içgi nämelerden, nähili ýasalýar? Bular hakda geçmiş ýazgylarda käbir maglumatlar bar, ýöne örän az. Henize çenli haomanyñ nämedigi hem oñly bilinenok. Muhammet aga-da bu meseläni öwrenmäge ýardam eder öýden maglumatlaryndan tapanyny toplady. Şol wagtky adamlaryñ haýsydyr bir dänäni közüñ üstüne taşlap, ýüzlerini tüssesine tutup, keýp alýandyklaryny bilýärdi. Mourwly meselä gezek gelende ''Mary şäheriniñ düýbüni tutan uzboýly Tahmurt han'' diýlen irki ýazgylar hemişe ýadyndady. Bular düşýşünde şeýle aýdyñ, täsin wakalara öwrüldi. Ol nämedir bir zatdan tebl tapyp oýananda, keýpi çagdy. Gowy dynç alypdy. Süññi şeýlebir ýeñildi. Gören düýşi oraşandy. Ähli zat bütin jikme-jikligine gözüniñ öñünde-di. Kimiñ nämäni, nädedi, näme diýeni hem ýadynda-dy. Ýöne, ol ybadathanalardaky däbi däl-de, ýigitleriñ keýp çekişini görüpdi. Muhammet aga birsellem başyny tutup oturdy. ''Bäh-h! Meni Ahrimanyñ (otparazlyk dininde ýamanlyk hudaýy) jynlary oýnaýdymyka? Sähel wagtda şeýle düýş! Düýş görmedik bolanlygymda ''Uklamadymmykam?'' diýäýmeli. Muhammet aga içini gepletdi. ''Men muny ýazaýyn, yzyny görübereris. Birden ula sapaýsa...'' Home içgisiniñ adama ýetirýän täsiri barada okanlary Muhammet aga şol içgä garylan otlaryñ biriniñ, belki-de esasynyñ kenep bolaýmagynyñ ähtimaldygyny ýatladýardy. Ol bu ösümlige gyzygypdy: '' Grekler gadymy ýazgylarynda homä, haoma meñzeş içginiñ adyny ''humulus'' görnüşinde ýazypdyrlar. Günbatar Ýewropada aýratynam, Karlo-waryñ töwereklerindäki piwo içilýän jaýlara gireniñden meýmirediji ys burnuña urýar, kelläñi sämedýär. Ol ys jaýlaryñ üçegine dañylyp goýulan topbak-topbak gury hmel otundan ýaýraýar. Hmeliñ ady görşüñiz ýaly, grekleriñ humulusynyñka çalymdaş. Meýmiredijiligi we beýleki şeýle täsirleri-de homäñki ýaly. Merkezi Russiýanyñ, Ukraýinanyñ aram guşaklyklarynda hmeliñ dört görnüşi ösýär. Hmel ekilýär. Merkezi Asyýadaky kenep diýilýän ot hem şol hmeller maşgalasyndandyr. Rus dilinde oña ''konoplýa'' diýilýär. Bularyñ hem atlary,eşidilýän häsiýetleri çalymdaş. Suwa düşýän adam ösüp oturan kenepleriñ arasynda ylgasa, endamyna çañy ornaşýar. Soñy pyçak bilen syryp alyp, mäjümläp beñ ýasaýarmyşlar. Onuñ saglyña zelel ýetirýän neşekeşlik täsiri barmyş (Ç. Aýtmatow. ''Ahyrzaman'') Otparaz mollalaryñ gök baldak şiresine süýdi, ýene nämelerdir garyp gaýnadýan, içilende ''kelläñi sämedýär, başyñy durlaýar, gözüñi ýiteldýär, keýpiñi göterýär'' diýdirýän içgisini öñde agzalanlara hmeli ýa-da onuñ bir görnüşi kenebi goşup alýan bolmaklary mümkin...'' Şu ýazgysyndan soñky oý-pikirleriniñ dowamy Muhammet aganyb heniz hem añynda şol başdaky aýdyñlygynda duran oraşan düýşüne syrykdy... Ol esli wagtdan soñ, aýgyda gelip ''Mourwyñ gurluşygynda jan çekenleriñ tanşyşlaryndan başlamaly boldy. Hakydamda aýlap ýördüm, düýşüme girenem şolar, ýene gereginem goşarys'' diýdi. Biziñ zamanamyzdan öñki VI asyr. Şol wagtam Aý, gün edil häzirkisi ýaly dogup ýaşýardy. Asman uzakda, depäñde-di. Gijelerine ýyldyzlar petreşýärdi. Mourw ýaly köşkler az hem bolsa salynýardy. Adam gözleýärdi, tapýardy. Şonda tapanda begenýärdi. Ýalñyşýardy. Şonda heläk bolýardy. Ýa derdi artýardy. Başaranyny düzeltmäge çalyşýardy. Başlaryna donlarynyñ etegini bürenip ýörüşlerine, käte biri ortadaky çym gyzyl köz üýşmeginiñ üstüne nämäniñdir dänesini taşlaýan üç adam oduñ daşynda moýmudaklaşýardy. Köze degende dänelerden göterilýän çal tüsse biri-beýlekisine çatylan odunlaryñ aşagynda üýşüp, aýdym aýdyp ony şol bir depginde döwneýän ýigitleriñ gözüne-ýüzüne urulýardy. Üýşmek közüñ daşynda hars urup çygyryşýanlaryñ şonça-da göhi gelip, gany gyzyp, sesleri batlanýardy. Ojak galdy söýesiz, Döküldi-le hünjüler. Gara çatma çagşaýsa, Çaga neneñsi bolar. Al kaksyn ara ýolda, Ýene aýal ýenjiler. Ärler bizden ozdurdy, Talañdan bizar bolduk. Olar ýurdy tozdurdy Onsoñ bizem är bolduk... Olar öwrendikli aýdymlaryny aýdýardylar. Bu üç pyýadanyñ aýlaw gerimi barha giñäp, golaýa taşlanan egin-eşiklerini bil guşaklaryny, başy çüri keçe sopbajy burum-burum tüýleri bulaşyp ýatan, ýokarysy gabardylyp, etegi büzülip, goýun derisinden kebşirlenilen akly-garaly telpeklerini biri basalasa, beýlekileri aýaklary bilen itekläp, añryk-añryk süýşürip ugradylar. Oda taşlanýan uşajyk däneleriñ ýympyk, ýürekbulanç ysy uzaklara ýaýraýardy. Bular güýjügen bu porsy ysa has hem guduraşýardylar: Asman bizi goldanok Gördük görer görgüli. Ýürekler daşa döndi, Soñ bolduk dag bürgüdi. Akar derýa gömüldi, Gözel bina dargady, Ekin ek-de, tiz baýa, Aşawanlañ* sargydy. ㅡ Bolup ýörşüñiz-ä aşawany, beýlekini bilýäne meñzeş däl. Bu gümmürdän owaz bularyñ ýanyna gelip, atyny saklan Tahmurt hanyb sesidi. ㅡ Bilýäris Aşawanlar otparazlygy ündeýärler, ''Ekin ekip, gurplanyñ'' diýýärler. Jebbar towsaklap ýörşüne nämedir bir zadyñ gapdaldan päsgel berýändigini syzyp, depesine bürelgi donuñ eteginden jyklady. Oña ata mündürilen iki sany tegelek Aý göründi. Ýöne olaryb biri garady, beýlekisi ýalpyldawukdy. Mähirlidi. Ozalam ot alyp, ýanyp duran ýüregini jigledip, daglap barýardy. Jebbar çiññerilip seretmek isledi. Özüne agram düşdi, hemme zat bulaşdy. Akly, garaly tegelek Aýlar titredi-de, ýüzi bulandy. Bu ýagdaý ýüreginde-de ýokaşdy. Ýoldaşy añalyp, säginen, kadaly şapadañy pozan Jebbaryñ aýagyny basdy, şeýdip ony itberip goýberdi. Ol bir elini ýere diräp, zordan ýykylman saklandy. Şondan soñ dünýäni unudyp, entirekläp galyp ýene ýoldaşlaryna goşulyp gitdi. Tahmurt han ýerde dagap ýatan eşikleriñ içinde parslaryñ depesi çürrük telpegine gözi düşmese-de, aralarynda olardan biri bardyr öýdüp ''Şadyýan boluñ!'' diýip haýbatly salamlaşdy. Piñlerine-de däl, bular öz garabaşlaryna gaý. ''Sorady, jogap berdik. Salamlaşdy, ýanymyza biri geldi'' diýenokdylar. Atynyñ üstünde bir sellem sabyrly garaşan, Oguzboýdan bu ýere ýörite gelen, onda-da makullanyp, maslahatly gelen Tahmurt hanyñ megerem gözleri okarasyndan çykdy: ''Habarlaşyñ!'' diýip, çarwanyñ edähedine görä, ýogyn sesini gataldyp, öñküsinden hem batly, gök gürlän ýaly edip gygyrdy. Öz sesine özi utandy: ''Gelşiksiziräk bolaýdy öýdýän''. Garaşsañ garaşyp durmalydy. Sönüp giden közüñ daşynda soña-baka az-kem gowşaşdylar diýmeseñ, ýigitleriñ şol bir boluşlarydy, şol bir depginde hars urşup galgaşýardylar. Han indi sypaýyçylykly seslendi. Ol bularyñ arasynda öñe ýollan ýoldaşy Ýomuñ bardygyny añyp ýetişdi. ㅡ Ýanyñyzda suw barmy, gaýnag suw içip bolmazmy? ㅡ Näme-e?! - Ýer depip ýörenleriñ biri kellesini donunyñ eteginden hasyrra sypdyryp, lañña dikeldi. Bu ýene Jebbardy. Onuñ bu wagt suwsap görýän görgüsini adam ogly aýdyp bilmese gerek. Teşnelikden ýaña içi ot alýardy. Kepän agzy gurap, dili kentlewügine ýelmeşipdi. Agzynda nem galmandy. Gulagynda ýañlanan ''Suw'' sözi dünýäsini çepbe çöwürdi. Garaýagyz, pugta ýüzündäki ala gözleri aljyraññy hem howsalaly mölerdi; Oña suw gerekdi. Ol gark bolup barýana döndi. Birden nämedir bir zady anyklamakçy ýaly bolup oýurgap ''Suw''diýip bagyryp, hemmesiniñ büreneni depesi çatyk donlary ähli güýjüne silkeledi. Ol ýap-ýañyja üýtgeşik hikmet görüpdi. Ony heý, unudyp bilermi? Öñki endiräp durşuna olam derdine ýamaşdy. Şony gözläp, boýnuny öñe uzadyp, ýene-de gözlerini gikgertdi. Don ýüzüne sähel wagtlyk hoşluk ýagtysy çaýyldy-da, oña bada-bat kölege indi. Ýa hikmet göreni ýalan, ýa-da bularyñ bary şol teşneligiñ, belki onuñam gönezliginiñ petreşip hanasyndan çykaýyn diýýärdi. Ol öñündäki üýşmek, ýüzi küljümek, çalymtyk gory öz üstüne tolkunyp agan deñiz hasaplady. Sömelişen ýoldaşlarynyb elinden biri-birine çatylgy donlary çekip alyp, gelen atly myhmana tarap arkan tesdi-de, depesinde şeýle bir galgatdy. Myhmanyñ aty ürküp çarpaýa galdy. Üstündäki oslagsyz kişi eýýäm ýerde ýatyrdy. At serpilip, boýnundaky tanapy süýräp, gelen yzyna tutdurdy. Közüñ başyndakylaryñ bu wagt dünýäni sil alsa, topugyndan däldi. ''Suw!'' sesini eşiden diñe Jebbar bolmaga çemeli. Ol ''Hany ýañky ýalpyldawuk Aý?'' diýip gapdalda çäşerip ýatan myhmanyñ üstüne gazaply atlandy. Dony göterip bir silkende, Jebbaryñ nätanyş atlyny atyndan agdaryp taşlamagy Tehäni hem gozgady. Olam güpür-tapyr basdy-da, Ýomuñ üstüne atlandy. Tahmurt han Jebbara özüni arkan serseretdirmändi. Bykynlak dykyz göwresi duran bir labyrdy. Jebbar edil kakynlan ýaly bolup, bazzyk-buzzuk edip, handan ýalpyldawuk Aýy soraýardy. Hemem goltugyna, bykynyna eliniñ ýetişdiginden urýary. Dişini gyjaýan serhoş Jebbaryb gaty ýumruklarynyb bady, saldamy-da göwnejaýdy. Ýigdiñ köşeşmeýän birsyhly hem birsydyrgyn urgulary daýaw gojany süllertdi. Megerem, içi sanjydan dolan bolsa gerek. Ol Jebbara düşünjek bolmasyny bes edip, ýüzüni çytyp bir gapdalyna agdaryldy. Ýatan ýerinde: ''Ahrimanyñ diýeni bitdi: özli-özümizi tutuşdurdy. Iberen aldajysynyñ gözi mende; Aýyrmany, hudaý, bu beladan sowaweri'' diýdi. Şol bada özüne käýindi: ''Tahmurt han, sen haçandan bäri, Zaratuştra** ynanyp ýörsüñ! Gyssanaýdyñ öýdýän'' Ýogyn, ýasy guşagyny sermeledi. Pully haltajygy ýerinde-di. (dowamy bar)... "Garagum" žurnalynyñ 07.06.2008 ýyldaky sany. Bellik: * Aşawan-dindar **Otparazlyk dinini ýaýradyjy pygamber ____________________________ Elektron görnüşe geçiren: Peşeñ ogly Afrasyýao" | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||