AW
Kakam çolpymyza bir zat ilmese, öýümize gaýtmajagymyzy çürt-kesik aýtdy. Aňzak howada aw diýip aýlanyp ýörşümize, iňrik garalanyny-da duýmandyrys. Dumly-duşdan möjekleriň sesi gelýärdi. Biz elçyramyzy ýakyp, galyň garyň içi bilen ýolumyzy dowam etdik. Möjekleri görmesegem, olaryň bizi görýändigini aňşyrýardym. Belki-de, olar bize topulmak üçin amatly pursada garaşýandyrlar? Kakam sakga durup, «hanha, olar şol ýerde!» diýip, gulagyma pyşyrdady. Kakamyň görkezen tarapyna elçyramy tutanymda, birnäçe aç möjege gözüm düşdi. Kakam ikimiz derrew tüpeňimize ok sürdük. Şonda birdenkä elçyram öçdi. Pursatdan peýdalanan möjekler salymyny bermän, göni bize tarap okduryldylar. Men elçyramy ýakmaga çalyşýardym. Her näme-de bolsa, ol meni ýüňsakgal etmedi. Elçyram ýananda möjekler eýýäm alkymymyza golaýlapdy. Olar juda hemlelidi. Gorkymdan ýaňa süňňüm galpyldaýardy. Ine, şu ýerde-de ýene elçyram öçdi. «Içigar galan, ýan ahyry, ýansana!» diýip gygyramda, derden ýaňa öl-myžžyk bolup, ukudan oýanypdyryn. Şonda myhman jaýdan ejemiň peji ýakjak bolup: «Içigar galan, ýan ahyry, ýansana!» diýen sesi eşidilýärdi.
Alper SADIÇ, türk ýazyjysy
Türk dilinden terjime eden: Uzukjemal PIRJANOWA #"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy.
Hekaýalar