20:08 Awçy we ene möjek | |
AWÇY WE ENE MÖJEK
Halk döredijiligi we rowaýatlar
- Gadym zamanlarda bir mergen awçy ýaşapdyr - diýip, oba ýaşulularymyz gürrüň bererdiler. Ol öz işinde şeýle bir erjel ekeni welin, aýdyşlaryna görä, atan oky sowa geçmeýärmiş. Şonuň üçin aw haýwanlary ony gördikleri başyna aman gutarmagyň aladasy bilen bolýarmyşlar. Ol bolsa awçylyk möwsüminiň gelerine hemişe sabyrsyzlyk bilen garaşýar ekeni. Awçynyň iň gowy häsiýeti, ol hiç haçan-da bolsa gereginden artyk aw etmändir. Şonuň üçin hem ol aw edip baýap gitmändir. Gaýtam gün-güzeranyny zordan dolandyrypdyr. Bir gezek ol hemişekisi ýaly şikara çykanda ganjyk möjek onuň ýoluny kesip geçipdir. Awçy bolsa amatly pursatyny peýläpdir-de, tüpeňiniň mäşesini gysypdyr. Elbetde ok nyşana degipdir. Möjek bolsa janyny gutarmak üçin sazaklyga tapar gaçyp başlapdyr. Janawaryň gany seçelenip barýarmyş. Awçyda awyny ýitirmek ilemän onuň yzyndan galmandyr. Ganjyk möjek sazaklyga girende onuň yzy ýitipdir. Awçy gür gaşlaryny çytyp, syryma eten sakgalyny barmaklary bilen daraklap ýörşüne möjegi gözläp halys ýadapdyr. Onsoň ol biraz salym dem-dynç alaýyn diýip gojaman sazagyň düýbüne geçipdir-de irkilip galypdyr. Şonda ol düýş gňrüpdir. Şonda ýaraty möjek gaty nägilelik bildirmek bilen oňa ýüzlenenmiş: - Gahat iş etdiň, awçy. Men heniz kiçijik çagalarymyň garnyny doýurmak üçin şikara çykdym. Olar örän aç. Alakadyr syçanlar olary doýurmak gaty kyn. Sen meni ýaralap agyr hala saldyň. Şeýle halda men neneň awa-şikara çykyp bilerin.Indi güjüklerim açlygyndan heläk bolmazlarmy? Eger-de olar öläýseler, garamaty seniň başyňa bolar. Awçy birden tisginip oýanyp ýadaw we keýpsiz halda öýüne gaýdypdyr Agşam çagy onuň gözlerine uky gelmändir. Ertesi gün ol hemişeki düzgünini bozup şikara çykmandyr. Tä öýläne deňeç düşekçeden turmandyr. Hawa, indi üç gün bäri ganjyk möjegiň awy şowuna bolanokdy. Ol ne guş ne-de bir towşan awlap bilýärdi.Aw haýwanlary indi ondan ujyz gutulyp bilýärdiler. Ene möjek ýarasyny ýalap ýatyşyna hamala diýersiň biz derwaýys zat hakydasyna gelen ýaly ýerinden turdy. Oba tarap selkildäp gidende güjükleri onuň yzyndan garap galdylar. Häzir günortan çagydy. Howa yssydy. Adamlar dynç alýardylar. Obanyň itleri möjegi görenlerinden jabjynyň üýrüp başladylar. Heniz gögele Alaýaýjyk hem kowumdaşlaryna goşulup jabjyndy. Obanyň itleriniň hereketine penireden garap duran awçy çomalyp oturan ganjyk möjegi görende ähli zada düşündi. Megerem şu gün ene möjegiň awy şowuna bolan däldir. Belki ol çagalarynyň garbanmagy üçin iýmit soramaga gelendir?! Häzir ene mňjegiň soragly nazaryndan: “ Jenap awçy, baý oljaňyzyň ýarysyny meniň bilen paýlaşmaly bolarsyň, çünki meniň çagalarym aç” diýýän manyny okamak kyn däldi. Häzir awçynyň hakydasyna gören düýşi geldi. Ol çalasynlyn bilen ene möjegi bir bölek çig et höhür edende ene möjek bu ýerden sumat boldy. Ene möjegiň häli-şindi awçynyň öýüniň golaýynda görünýändigi hiç kim üçin geň waka däldi. Muňa diňe bir obanyň ýaşaýjylary däl-de, eýsem itleride halys öwrenişipdiler. Ýöne ony obanyň ilaty biragyzdan golaýardy diýmek welin hakykatdan daşlaşmakdy. Aradan aý geçensoň ene möjegiň oba gelmesi seýrekläp başlady. Awçy muňa möjek indi gutulandyr we awuny alyp bilýändir diýip düşünýärdi. Ýöne indi ähli zat aýan boldy. Ir säher bilen ene möjek üç sany güjügi bilen awçynyň jaýynyň penjiresiniň öňünde otyrdy. Häzir bu ýere obanyň ýaşaýjylary toparlanyşyp gelipdiler. Ene möjek hiç kimden heder edenokdy. Awçy jaýyndan çykanda onuň garaýyşyndan; “Sag bol awçy, minnetdardyryn, hoşlaşmak üçin geldim” diýen manyny okamak mümkindi. Ene möjek çagalary bilen basym ýitrim boldy. Şondan soňra olary gören bolmady. Bu çyn taryh obamyzyň rowaýatyna öwrüldi. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |