16:51 Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa | |
AÝAKÝALAŇAÇ OGLANJYGYŇ JANYNDAN SYZDYRYP AÝDAN SÖZLERI
Hekaýalar
Men täze kolležde okaýaryn. Aýakýalaňaç gezip ýörmegimiň beýle bir gelşikli däldigini men hiç kimden soramaly däl. Munuň, elbetde, bähbitli taraplaram bar, aýakýalaňaç bolsaň, agaçlara ap-aňsat dyrmaşyp bilýäň, ýagyş ýaganda, suw ýygnanan ýerlerden arkaýyn urduryp geçibermeli. Sowujak otlaryň üstünden ýöremek hasam hezil. Bu aýdanlaryma «däl» diýen tapylmaz. Ýöne ýoldaşlarym maňa käte seňriklerini ýygryp, geň galyşyp seredýärler welin, men gaty utanýan: ýer ýarylanok, menem giremok. Olaryň beýle seredişleri bilen «Sen bize meňzäňok, sen biz üçin ýat oglan» diýýänine düşünýän. Ýöne men aýakýalaňaç gezip ýörmämde hiç bir aýyp zat göremok. Sebäbi meniň üstüm-başym arassa, şeýle bolmaýanlygynda dagy olar «bu oglanyň ejesi garyp adam» diýip, nähak ýere töhmetdenem gaýtjak däller. Üstesine-de, biz nyzama düzülen mahalymyz meniň köwüşsiz aýagym ýalpyldawuk gara köwüşleriň arasynda juda gözilginç görünýär. Şeýle pursatlarda menem jan-dilden köwüşli bolmagy arzuw edýän. Mekdepde birki aý okanymdan soň, iki gezek ikiniň näçe bolýanyny öwrenişim ýaly, bir zada akyl ýetirdim: aýakgap biziň aramyzda deňsizligi döredýär, bizi baýa-garyba bölýär. Şeýlelikde, men aýakýalaňaçlygym zerarly, her kim bilen ýakyn dost bolup hem, synpdaşlarym bilen ysnyşybam bilemok. Olar bolsa eýýäm äbede-jüýbe bolşup, topar-topar bolşup oýnaşyp ýörler. Men bolsa gamgyn halda ýeke özüm sümsüldäp ýörin. Arakesmelerde oglanlaryň o toparynyň — bu toparynyň gürrüňlerine goşuljak bolsamam, olaryň gözüne-de ilemok, meni görmediksirän bolýarlar. Şonuň üçin men dilimi ýarmaga-da milt edip bilemok, olaryň näme gürrüň edýänini-de aňşyryp bilmän galýan. Şu gün iň soňky arakesmede Huan Karlos «Başlangyç mekdebi gutarsam, meni Birleşen Ştatlara okuwymy dowam etdirmäge iberäýjekler öýdýän» diýip, agzyňy suwardyjy habar aýtdy. Oskar kakasynyň daşary ýurtdan poni tulparjygyny getirip berjegini aýtdy. Artur bolsa öňde bellenjek çagalar baýramçylygyna gatnaşjagyny mälim etdi. Olar maňa çigit ýaly-da üns bermeýärdiler, göýä men olar üçin ýok ýalydym. Men welin şol wagt çyr-çytyr Birleşen Ştatlardaky mekdepleri, poni tulparjygyny göz öňüne getirjek bolup jan edýärdim, bütin bedenim bilen saňňyldaýardym. Birden hemişe jübüsini kakasynyň dükanyndaky süýjülerden göjäp gezýän çypar saçly Willi meniň elime bir gap şokolad tutdurdy-da, ýaňsylyja dillendi: — Me, ýaşuly jan... Garnyňy otar! Men çekinjeňlik bilen şokolady aldym, sapakda bolsa «Näme üçin ol maňa oba adamyna ýüzlenilişi ýaly ýüzlendikä?» diýip, kellämi huma dönderdim. Öýe gelibem şokolady Şazada diýilýän itime berdim. Dogrymdan gelsem, ejem bolmasa, men bireýýäm mekdebi taşlardym. Ýöne ejemiň göwnüne degesim gelenok. Men mekdebimizde aýakýalaňaçlaryň keseki saýylýanyny örän magat bilýärin. Şu gün irden meniň bilen ýakymsyz waka uçradym. Sapak wagty mugallym meni hek getirmäge iberdi. Men dälizde ruhany Migel bilen çakyşdym. Onuň ýalak ýaly uly agzy we gemmik dişleri bardy. Ol okumyş adamdy we hemişe kimdir biriniň üstünden gülmegi endik edinipdi. Men ondan öler ýaly gorkýardym, onuň özem muny bilýärdi. Meniň özüni görenimden aljyranymy gören-de, göhi gelýärdi. Men ruhany bilen çakyşdym-da, saklandym, ol bolsa agzyny-burnuny towlap, gemmik dişlerini gyjap, üstüme küpürsäp ugrady: — San-Andrian! Nirä barýanyňy bir bilýäňmi? Öňüňe gözläp ýörärler! — Soň ýene-de awusyny pürkdi. — Sen indi ullakan bolupsyň. Ördek ýaly bolup aýakýalaňaç gezip ýörmäge utanaňokmy? Päheý-de weli... Bihepbe.... Men onuň ýalaňaç aýaklaryma gönügen barmagyny synlap, utanjymdan ýaňa dym gyzyl bolupdym, titreýärdim, aýaklarym göýä howzap duran közleri basyp duran ýalydy. Gorkymdan ýaňa doňňara daşa dönüp durun. Diňe ruhany Migeliň aýaklaryndaky ýumry düwünler zerarly betgelşik sypata giren äpet aýakgabynyň äwmezlik bilen barha daşlaşýanyny duýýaryn. Ol aýakgap, göwnüme bolmasa, ýigrençden mas ýüklenip, tüm gara ýelkenini pasyrdadyp, deňizde ýüzüp barýan gämilere çalym edýärdi. Men howludaky suw kranyna tarap aýagaldygyna ylgadym, ýüzümiň gözýaşlaryny ýuwdum. Ýöne bu hem kömek etmedi. Gözüm ýene ýaşa dolýardy. Men gözýaşlarymy saklap bilmeýärdim, soň saklajagam bolmadym, agladym, agladym, göýä bu gözýaşlar ýüregimi giňeldip, ýeňillik berýän ýalydy, misli ejesi ölen ýaly bolup aglaýardym. Gözýaşlaryň arasy bilen men tutuş dünýäniň öňüni tutup barýan mähnet aýaklary saýgarýardym. Gijelerine ejem nepýag çyrasynyň yşygyna ýat adamlaryň egin-eşiklerini ütükleýärdi. Bu işiň soňy görnenokdy. Men ejemiň gabat garşysyndaky ýumşak oturgyçda yraň atyp oturardym. Şol ýumşak oturgyjy biz «bir elli» diýip atlandyrýardyk, sebäbi onuň bir tarapynyň tirsek direlýäni ýokdy, döwlüpdi. Käteler ütükden ýaýraýan ýyly bug, eşiklerden gelýän sabynyň ysy, iş edýärkä ejemiň aýdyma hiňlenmesi meni meýmiredip, ukymy tutdurýardy. Ýöne bu gün welin, gözüme çiş kakylan ýalydy. Hatda wagtlaýynça oglanlardan alan gülküli žurnallarymy hem agdaryşdyryp görmeýärdim. Bir sowal maňa teý ynjalyk bermeýärdi. Näme üçin köwşümiň ýokdugyny uly gürrüň edýändiklerini, näme üçin aýakýalaňaçlygym zerarly, mekdebimiziň oglanlarynyň menden gaça durýandygyny, näme üçin ruhany Migeliň ýaňsylamalaryna döz gelmelidigimi bilesim gelip, içimi it ýyrtýardy, şu sowallara jogap tapsam, bu dünýäde başga armanym ýokdy. Ýene-de gaýtalap aýdýaryn: öňýeten meni hapysalykda, wyždansyzlykda aýyplap bilmez. Biz derýada suwa düşýän mahalymyz, göwnüme bolmasa, biziň aramyzdaky ähli tapawutlar şol demde ýitip gidýän ýaly. Bizde eşik ýok mahaly hemmämiz deň. Şonuň üçinem men derýada geçirýän sagatlarymyzy iň bagtly pursatlarym hasaplaýaryn. Ýogsa-da, şol wagtlar iň başyna giden gedemlerem, «men-men» diýip döşüne kakýan öwünjeňlerem maňa göwnüýetmezçilik bilen garamaga milt edip bilmezler. Ähtimal, olar meniň özleriniň üstünden gülmegimden çekinýändirler, olar üçin aýakýalaňaç gezmek örän gülkünj-ä, olar misli gyzjagazlar ýaly, bir daşjagaza büdräýseler, şumjaryşyp otyrlar. Olar seresaplylyk bilen aýaklaryny ýere ýa-da ýylmanak daşa degirjek bolup dyrjaşýarkalar, men olardan saýlanyp, derýada balyk ýaly çalt ýüzüp bilýärin, islän oýunlarymy çakganlyk bilen edip bilýärin. Olaryň aýaklarynyň barmaklary tagaşyksyz, ýa bürülip dur, ýa-da towlanyp. Men welin, öz barmaklarymdan örän razy, örän. Ýöne özüňden hoşallyk duýgusy diňe geýinmegime çenli dowam edýär. Şondan soň ähli zat üýtgeýär. Sebäbi näme? Men bu ýagdaýy ejemden soramaga telim gezek synandym. Ejem örän köp bilýär. Ýöne bu zatlary sorap, ony gama batyrmak gerekmi? Üstesine-de, bu gün onuň keýpi gowy. Bu gün ejemiň ýylgyryşy hem burnuna salyp hiňlenişi bilen sazlaşyp, elindäki ütük diýseň endigan işleýär. Onuň gapdalynda bolsa krahmallanan egin-eşikler depe bolup üýşüp dur. Ol ütüklän zatlaryny kemsiz rejeläp, saman sebede salyşdyrýar. Men ejeme seretmekden lezzet alýaryn. Ol agzyna suw alýar-da, soň ütük edilmeli zatlara pürkýär, şonda onuň agzyndan kiçijik damjajyklar toplum bolup çykyp, egin-eşiklere, örtgülere siňýär. Käte ol işini goýýar-da, maňa seredip, göýä pikirlerime päsgel bermäge gapyrga edýän ýaly, ýylgyrýar: — Näme pikire çümdüň? Soň ütük ýene-de şol köne ýoluny dowam etdirýär. Men özümiň ýalaňaç aýaklarymyň pikirini edýärin. Ejem barmagynyň ujuny ölleýär-de, mazaly gyzan ütügi elläp görýär, ol jasyrdap ses edýär. Ejem ýylgyrmasyny goýman öz arzuwlaryna gümra bolup, işine girişýär. Göýä üýşüp duran ütüklemeli zatlaryň onuň üçin hiç hili manysy ýok ýaly. Men ejemiň ýüzünden ýylgyrmasyny aýyrmajak bolup, ondan hiç zat soramadym. Şazada meniň aýagymyň ýanynda düýrlenip ýatyrdy. *** Okuw synpyna girmezimizden ozal, mekdep howlusynda nyzama düzülýäris-de, mugallymyň, gaňrak burunly, mekir gözleri içiňden geçip gelýän garry mugallym Santýagonyň indiki buýrugyna garaşyp durýarys. Ýüzüniň şypşyrkylygy we gaşlarynyň çytylyp duranlygy sebäpli, ol bir hili hemişe gaharjaň adam ýaly bolup görünýär. Aslyýetinde welin, ol beýle bir yzgytsyzam däl. Şu gün welin, onuň sesi gazaply eşidildi. — Synpa tarap ýöre! Biz entek ýerimizden gozganmankak, Oskar aýagyma kakdy welin, men ommalyp gitdim. Bu kakabaş, daýanykly oglanyň gödek oýunlaryndan synpymyzyň ähli okuwçylary öler ýaly gorkýardylar. — Hany, tur ýeriňden, aýakýalaňaç! Töweregimdäki oglanlar gülüşdiler, men bolsa gahardan ýaňa titir-titir edýärdim. Ýogsa-da, ejem ýadyma düşdügi, ähli gahar-gazabym zym uçan ýaly bolup giderdi. Birden bütin synp endamyna iňňe sünjülen ýaly, saňňyldap gitdi. Gahar-gazapdan ýaňa göm-gök bolan mugallym Santýago elindäki taýajygy galgadyp, hemmämizi suwa-salma ýenjerli göründi. Ol agzyny köpükledip heňkirýärdi: — Kim şuny eden?! Haýsy dogman geçen haramzada şol?! Ol her gezek hemleli geplände, elindäki taýajygy we ot syçrap duran gözleri bilen synp tagtasyny görkezýärdi. Tagtada oňa betgelşik surat çekilipdir. Synpda direktor bilen gözegçiler peýda boldy welin, biziň gorkymyzyň çeni-çaky bolmady. Biz agaç ýuwudan ýaly bolup, dik duran ýerimizden, olaryň sowallaryna jogap beren bolýarys. Jogabymyzyň birine dagam düşünip, many alar ýaly däl. Hiç birimiziň anyk bilýän zadymyz ýok. Ine, gözegçileriň biri mydama jübüsi süýjüden doly Williniň özüni alyp barşyny halamady. Men Willä gynandym, ol aljyraýardy, öz aýdanyna özi garşy çykyp, antak-mantak sözleýärdi. Şol wagtam poni tulparjygy wada berlen Oskar kyn ýagdaýa düşen dostuna mekirlik bilen gözüni gypdy-da, jedirdedi: — Jenap direktor! Willini günäli saýmak adalatsyzlyk bor. Suraty çeken aýakýalaňaç Andrian. Jaň bolmazdan ozal ýarymaçyk gapydan men onuň synp tagtasyna bir zatlar çekýänini gözüm bilen gördüm, ýöne nämäniň suratyny çekýänini aňşyryp bilmedim. Aramyz eslije bardy... Meniň başymdan asman inen ýaly boldy. Gulaklarym ot alan ýaly gyzýardy. Bogazyma bir zat tegek bolupdy. Näme etmeli, näme diýmeli? Ýöne men aglamaýardym: men aglamakdan halys iripdim. Direktor maňa azgyrylanda-da aglamadym. — Diýmek, bu surat şu bihepbäň işi-dä! Başga biri beýle iş etmäge ýürek edip hem bilmezdi! Mugallym hem, okuwçylar hem meniň günäkär bolup çykanyma begenýärdiler. Bu olaryň ýüzünden bildirip durdy. Hiç kim arkamy almady. Indi meniň özüm hem tagtada surat çekmedigime gaty bir ynanyp barmaýan ýalydym. Sebäbi gowy oýlanyp otursaň, aýakýalaňaç oglanyň başarmaýan zady bolmaly däl, synpymyzda aýakýalaňaç gezýän bolsa, diňe men... Meni öýe ugratdylar. Mydamalykmy, wagtlaýynmy — onçasyny bilemok. Umuman, men iki sany zatdan başga hiç zady bilemok: birinjiden-ä, ejem meniň hiç bir zatda günäli däldigime ynanar; ikinjiden bolsa, meniň gursagym gysylyp dur, göýä ymgyr dünýä ýüregimiň üstüne çöken ýaly. Itim Şazada meni şelaýyn üýrüp garşylaýar. Ol her hili oýunlar edýär: öň aýaklary bilen meniň boýuma towsup, dyzymdan agyz salan bolýar, soň öňe ylgap gidýär-de, bir hili ýapyrylyp, maňa geň galyp seredýär, ol göýä meniň bu gowuşgynsyzlygymdan närazy ýaly görünýär. — Şazada! Ol meni ýylgyryp, hawa, hut ýylgyryp diňleýär. Manysyna düşünmese-de, owadan owazly adyny tutsam, itimiň keýpi göterilýär, öňümde hozanaklar gopýar. Soň meniň hem keýpimi göterjek bolup, töweregimde okkessirme geçýär. Meniň keýp-ahwalymyň ýokdugyna kem-kemden haýwanam düşünip başlaýar. Men çommalyp oturýaryn-da, barmagym bilen yşarat edip, itimi çagyrýaryn. Şazada dilini sallap, öň aýaklaryny uzadyp, doňan ýaly bolup maňa içgin seredýär, guýrugyny ikiýana ysgynsyz bulaýlaýar. — Şazadam! — diýip, itimi söýünjireýärin. — Şazadam! Şazada! Ýüregim giňän ýaly boldy. Men itimiň mähirli, ýaşaryp duran gözlerine seredip aglaýaryn. Şol bir wagtyň özünde-de Şazadany köwüşli göz öňüne getirýärin. Gör, nähili täsin hem gülkünç! Şeýle pikir edýärkäm, däli ýaly gülkim tutýar. Gök otuň üstünde togalanyplar gülýärin. Itim bolsa bu bolşuma haýranlar galyp, gapdaldan seredip dur. — Şazada! Şazada! Men ýerimden turup, ýodajyk bilen derýa tarap ylgaýaryn. Itim meniň yzymdan ýetip ozup geçýär. Şemal zerarly gözýaşlarym ýüzümiň ähli ýerinden syrygýar. Men ol gözýaşlara begenýärin, olaryň dodagyma degýän ajymtyk tagamyna begenýärin. Sesimiň ýetdiginden gygyrýaryn: — Şazada! Şazada! Agşamyň şapagynda ejemiň syrly ýylgyryşyny görüp, ýüregim ýene-de şatlykdan dolýar. Ähli geçen görgülerimi unudyp, ýene-de begenip başlaýaryn. Şazadany köwüşli göz öňüne getirip dagy, meniň şatlygym gursagyma sygmaýar... gülüp-gülüp içim gyrylýar... Itim bolsa depäniň ýanynda maňa sabyrsyz garaşýandyr. Men şatlykdan ýaňa nädýänimem bilmän, şol tarapa atylýaryn. Özümiň ýalaňaç, güýçli hem sagdyn aýaklaryma bimöçber şatlanýanymdan ýaňa... Men aýakýalaňaç, ýogsam menem köwüşli Şazada meňzeş bolardym ahyryn diýip begenýänligimden ýaňa ýere-göge sygamok... Alehandro KASTRO Terjime eden Şadurdy ÇARYÝEW. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |