07:01 Meniñ günüm | |
MENIÑ GÜNÜM
Goşgular
• Şu gün - 25-nji iýul şahyr, jemgyýetçilik işgäri, pedagog Gurbanjemal Annakowanyñ doglan güni. Şahyra uzak ömür, jan saglyk, durmuşda, işde we döredijilik işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Bu gün ýedi bäşi galdyryp yzda, Barýaryn ömrüme minnetdar bolup, Il-güne, döwrüme minnetdar bolup. Meni dünýä beren enem-atama, Saglyk diläp, ýaş diläp. Bu gözel ýaşaýşy, gözel durmuşy, Aýdym bilen, goşgy bilen hüwdüläp. Dogluş hakyndaky resminamamda Ýazylan bolsa-da anyk sene, san. Men ömrüñ her güni täzeden doglup, Ähli zady başdan başlap ýaşaýan. Şonuñ üçin bir zat diýsem geñlemäñ, Ýene bir hasap bar adatdan daşda. Kesgitli jogaby bermäñ, sebäbi Ömür ýaşym başga, Öz ýaşym başga. 120 ýaşa mätäçligim ýok, Ony her gün ýaşaýaryn esseläp. Dileg etmek isleseñiz uzak ýaş Onda maña däl-de meni ýaşadýan: Ynsan üçin, Söýgi üçin, Ynam üçin dileg ediñ, wessalam. Her bir günüm gutlanmaga mynasyp, Her bir günüm - asyrlara deñ günüm. Aýlary, ýyllary biljek däl, ýöne Bu gün doglan günüm, Bu gün meñ günüm! 25.07.2023 ý. © Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||