20:40 Aýal-gyzlar kapitalizmiñ Halkara Zenanlar gününi eýelemesinden has artygyna mynasyp | |
AÝAL-GYZLAR KAPITALIZMIÑ HALKARA ZENANLAR GÜNÜNI EÝELEMESINDEN HAS ARTYGYNA MYNASYP
Edebi makalalar
Halkara Zenanlar gününiñ bütin dünýäde bellenýän güni Oliwiýa Petter şu güne söwdalaşma mümkinçiligi döretmekden el çekmegiñ nämüçin hemişekisinden has möhümdiginiñ üstünde durup geçýär. Madridde aýal-gyzlar 8-nji martda zorluk-süteme we deñsizlige garşy protest bildirdi. (Reuters) 2021-nji ýylda aýal-gyzlaryñ güýçlenmegini baýram etmek nämäni añladýar. Gelen bukjamyñ näme aýdýandygyny aýdyp bereýin. Bu, 45 sterlinge bahasy bolan, ýüzünde Frida Kalonyñ yüzi bolan ýassyk almagy añladýar. Içinde jynsy deñsizlige garşy ýüzlenme bilen ýekeje bägül bolan bir desse gülden ruhlanandygyny añladýar. Adyny "çygyr açan aýaldan" alan bir käse duzly karamelli doñdurma iýmegi añladýar. Sosial mediýanyñ dürli-dürli kesgitlemesi bar. Aslyýetine seredende birnäçe kesgitlmesi bar. Muña görä zenanlar güni hemmelere tanyş-bilişleriñizi, gyz tanşyñyzy we ejeñizi nähili gowy görýändigiñizi aýtmak diýmek. Adamlara aşagyna Gloriýa Staýnemden sitata alan fotosuratyñyzda nähili özüne çekiji görünýändigiñizi görmek diýmek. Sizi ruhlandyran zenanlar bilen şerap içmek we wagtyñy hoş geçirmek diýmek. Her ýyl 8-nji mart güni dünýäde zenan hak-hukuklarynyñ we jynsy deñligiñ ösüşini goramaga niýetlenen çäre bolan Halkara Zenanlar güni baýram edilýär. Her ýyl bellenýän baýramçylyk Nýu-Ýorkda aýal-gyzlaryñ iş şertlerini protest edýän we deñ syýasy, ykdysady hak-hukuklary talap eden 1908-nji ýylyñ tekstil işçileriniñ iş taşlaýyşyny ýatlamak maksady bilen başlady. Ýöne indi bu many suwlandyrylyp, parodiýa derejesine ýetirlene meñzeýär. Soñky ýyllarda markalar barha añ bulaşdyryjy görnüşde şu gün kapitallaşdyrýar. Hamala beýleki hoşniýetli baýramçylyklar bir hatarda Halkara Zenanlar güni hem diñe söwdalaşma mümkinçiliginden başga zat däl ýaly. Her ýyl bu güne gury gadyr edip, ähmiýetini pese düşürmekden başga zada ýaramaýan Halkara Zenanlar güni çäreleriniñ we harytlarynyñ mahabatyny edýän markalardan ýüzlerçe elektron hat alýaryn. Şu gün daşyndan göräýmäge hemme zat, ha ol "kokteýl sagadyna güýçlendiriji many goşmagy" wada berýän bir çüýşe jin bolsun, ha ol Birleşen Korollykdaky 33 million aýal-gyzy bir guty şokolad bilen birleşdirjegini aýdýan çärrle bolsun, Halkara Zenanlar gününiñ harydy bolup biljek görnüşde täzeden şekillendirilip paketlenip biler. Elbetde, bularyñ hiç biri Halkara Zenanlar gününe mahsus däl. Markalaryñ ärdemli görkezişi hökmünde feminism wagonyna münmeginiñ yzynda uzak taryhy bar. "Dior"-yñ Çimamanda Ngozi Adiçäniñ sözlerinden peýdalanyp, 620 euro satylan harytdan düşen pula hiç bir şekilde haýyr-sahawat guramalaryna berilmändigi üçn jedel turzan "Hemmämiz feminist bolmaly" ýazgyly şortini ýadyña salýañyzmy? Hemmämiz feminist bolmaly, ýöne görnüşi ýaly öýe gowy aýlyk getirýän bolsak. Eýse köpüsi zähmet hukugyny bozmakda aýyplanýan we megerem öz zenan dokmaçy işgärlerine güzeranyny aýlap biljek aýlyk bermeýän moda markalarynyñ ähli feminist markaly harytlaryna näme diýmeli? Serediñ, düşünýän. Menem bir gezek üstünde göwsüñ şekili bolan bulgurdan suw içdim. Ýöne maña sufražetleri beýgeltmegiñ bir ýolunyñ şudugyny aýtmañ. Hawa, birnäçe markanyñ Halkara Zenanlar güni mynasybetli çykarylýan harytlardan düşen girdejiniñ belli bir bölegini aýal-gyzlary goldaýan guramalaryñ hasabyna geçirýändiginem bilýärin. Ýöne muny etmeýän markalaram az däl. Şeýle-de satyn alýanlaryñyzyñ az-uçugy haýyr-sahawat guramalaryna peýda getirýänem bolsa, bu az-uçuk peýdanyñ zenan hak-hukuklaryny kämilleşdirmekde gönüden-göni täsiriniñ bardygyny aýdyp bolmaz. Kapitalizm jynsy gyradeñlige dahylly bolmaly güni doly gysymyna gysdy. Özem by harytlar goldanýandyklaryny aýdan deñligiñ bahasyna öndürilýär. Aýal-gyzlaryñ feminist şortilere zerurlygy ýok. Bize gerek zat deñ aýlyk we kadaly zähmet şertleri. Elbetde, ýüzi ýazgyly şorti satyn alyp bilersiñiz, ýöne munuñ ol şortini tikýän aýal-gyza näme peýdasy bar? Halkara Zenanlar gününiñ özüñiziñ we tanyşlaryñyzyñ filtrlenen fotosuratlaryny sosial mediýada paýlaşmak üçin diñe başga mümkinçilige öwrülmegi bilen her ýyl geçirilýän zenan hak-hukuklary baýramynyñ deñ derejede haştag goşulýan Walentina güni we Halkara Kapkeýk güni ýaly baýramçylyklar bilen bir hatara goýulmagy-da munuñ üstesine. Şular ýaly belli günlerde içi boş marka işinden çekilip bilersiñiz, ýöne bu aýal-gyzlaryñ güýçlenmegine dahylly hasaplanan bir günde mümkin däl. Halkara Zenanlar güni üçin az mukdarda kömek maksatly sadakalarda bolmakdan ötri has many-mazmunly işleri bolan kompaniýalar bolsa-da (Bodyform jynslaryñ arasyndaky gynançly deñsizligi gidermek üçin kampaniýanyñ başyny başlap, tehnologik aksessuar şereketi "PopSockets" satuwynyñ 50%-ni mart aýynyñ dowamynda "Malala" fondyna geçirýär), şeýle kompaniýalara seýrek duşulýar. Işler birnäçe ýyl bäri şeýle dowam edýär, ýöne 2021-nji ýylda bularyñ hemmesi hasam gelşiksiz görünýär. Pandemiýa aýal-gyzlara ýiti täsir etdi. BMG-nyñ Zenanlar guramasy (UN Women) koronawirus ýokanjynyñ jemgyýetçilik jynsy deñligini 25 yza serpikdirip biljegini aýtdy. Munuñ birnäçe sebäbi bar, iñ açyk bolany-da pandemiýanyñ erkekleri garanda aýal-gyzlara has ýiti täsir eden çaga seretmek, iş we saglyk hyzmaty ýaly meseleleriñ üstüne san-sajaksyz şekillerde goşmaça kynçylyklar ýüklenen bolmagy. Fewralda UNISON tarapyndan geçirilen bir barlagyñ netijesi öñ hatardaky işlerde işleýän aýal-gyzlaryñ üçden birisiniñ diýen ýaly "pandemiýa wagtyndaky maddy kynçylyklaryñ aşagyndan çykmak üçin" añyrsyna üýşürip goýanja pullaryny harçlamaga mejbur boljakdygyny görkezdi. Başga ýerlerde, habarnamalar iş berijileriñ işleýän enelere döwlet goldawly tölegli rugsat bermegi ret edendigini we barha artýan mukdarda zenanyñ koronawirus wirusynyñ özlerini "gorkunç garyplyga" iterendigini aýdyp, jelepçilik etmäge ýönelendigini görkezýär. Muña birem geçen ýyl öýde bolýan urup-ýençme wakalarynda görülen eýmendiriji artyş hem goşulýar. 2020-nji ýylyñ aprel aýynda Döwlet öýara urup-ýençmelere garşy kömek dispetçeriniñ bir günde alan arz-şikaýatlarynyñ sany 100-den geçdi. Hakykatda, Halkara Zenanlar gününiñ aşa markalaşmagy bu baýramyñ hakyky we soñky derejede manysyny ýoýma howpuny döredýär hem-de aýal-gyzlaryñ ýüzbe-ýüz bolýan hakyky meseleleriniñ ýakymly, gülgüne "feminist" palasyñ aşagyna süpürilmegine şert döredýär. Markalaryñ aýal-gyzlary gutlamak islemeginde ýalñyşlyk ýok, emma aýal-gyzlaryñ häzirki wagtda hak-heşdek deñsizliginiñ agramyny göterendigini hasaba goşup, muña laýyk bahalary düşürýänçä bu ýagdaý aýal-gyzlaryñ çyr-çytyr bolup gazanýan pullaryny ýitirmekleriniñ başgaca ýoly dälmi näme? Bu markalar öz şereketlerinde aýal-gyzlary goldamak üçin hakyky sistematiki özgeriş geçirip bilýärmi? Uly ähtimallyk bilen ýok. Bütin bulary nazara alsak, "raýdaşlyk" el kremiñiz we çäklendirilen sanda öndürilen gülgüne sandalileriñizde özümi güýçlenen ýaly duýmaýandygym üçin menden aýyplaşmañ. Oliwiýa PETTER, @oliviapetter1 11.03.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |