14:15 Kyrk ýaşamankam çaga dograsym gelenok... | |
KYRK ÝAŞAMANKAM ÇAGA DOGRASYM GELENOK, NÄMÜÇIN ÝAŞLYGYMY YRÝA ETMELI?
Publisistika
Boýdaşlarymyñ hemmesiniñ haçan kynçylyklara döş gerip, ahyrynda ene bolmak isleýänleri hakda göz öñüne tutýan anyk etsem-petsemleri bar. Meniñ entek garaşasymyñ gelýänligi geñmi? Ýaşym durugyşýança we aklym mazaly goýalyşýança, maddy ýagdaýym öñkimden gowylaşýança we has ykjam karýera edinýänçäm garaşanymy gowy görýärin (Unsplash) Düşündiriş Noel şamlygymyzyñ ortalarynda geldi. Geçiniñ süýdünden edilen peýnirli kanapeleriñ we bifşteksleriñ arasynda bir ýerde tanyşlarymyñ biri çagalar we stolyñ başynda oturanlaryñ arasynda kimiñ soñky çagasyny dünýä inderjegi hakda gürrüñ etmäge başlady. Kimiñ maşgalaly bolup-bolmandygy laýyklykda birnäçe iki, üç, dört ýyllyk wagt diagrammasy bardy. Soñra gezek maña geldi. Tanşym maña pikirli ýüzlenip: - Liw, men-ä señ entek çaga dogurjagyña ynanyp baramok - diýdi. - Dogursañam kän wagtdan soñ bolar. - Nämüçin beýle diýýäñ? - Meñ pikirimçe sen başga zatlara köp üns berýärsiñ. Ilkibada birhili boldum. Bir ýylyñ dowamynda kimem bolsa biri bilen tanşyp, maşgala gurmak mümkinçiligi hemişe bar. Hudaý bilýändir, başgalar-a mydamam şeýdip geldi. Emma pikir edip gördüm welin, oñkam dogrudy. Ýigrimi dokuz ýaşadym, añymy halys karýerama aldyrdym diýen ýaly. Öñümizdäki bäş ýylyñ içinde ýetmek isleýän anyk maksatlarym we ýöremegi göz öñüne tutan ýollarym bar. Nirem tanyş-bilişler we olar bilen bile gelen gatnaşyklar bar. Iş ýerim hemişe adamdan doly, köplençe birnäçe hepde öñünden nobata ýazylýarlar. Edil häzir bir çagam bolsa, ony beýle durmuşa sygdyryp bilerin öýdemok. Görşüm ýaly, bu mesele boýunça ýeke däle meñzeýärin. Geçirilen ýene bir barlagyñ netijesi aýallaryñ ömrüniñ has giçki böleginde çaga dogurmak isleýändiklerini ýüze çykardy. Birleşen Korollygyñ Statistika gullugynyñ (ONS) şu aý mälim eden görkezijileri Angliýada we Uelsde edil häzie kyrk ýaşlaryndaky aýallaryñ ejelerine görä on ýyl giç çaga dograndyklaryny görkezdi. Beýleki bir ýansan barlaglar otuz ýaşyndan öñ çagaly bolan aýallaryñ iki nesiliñ dowamynda ýarpa-ýarpy azalandygyny-da ýüze çykardy. Bu görkezijiniñ öñümizdäki ýyllar hasam artjakdygyna islendik kişi bilen jedelem edip bilerin. Zamanabap jemgyýetiñ çagaly bolmakdan zyýat has köp zatlara üns bermegi oñyn üýtgeđme. Aýal-gyzlar dogurma zerurlygy duýmazdan kämilliklerini dolulygyna we üstünlikli ýagdaýda arkaýynlyk bilen geçirip bilýär. Meniñ ýaşymdaky boýdaşlarym gören ýerinde çaga dogrup ýörenem bolsa, men beýle zady isläp duramok. Iñ bolmanda häzirlikçe. Dogrymy aýtsam, bularyñ barsy meni eýmendirmänem duranok. Birgiden jogapkärçilik. Ukusyz geçirmeli gijeler. Çaga dogurmagyñ bolup biläýjek fiziki we psihiki güzaby. Aý ýok, hökman däl, höwes edýäniñ özüne nesip etsin. Ýaşym durugyşýança we aklym mazaly goýalyşýança, maddy ýagdaýym öñkimden gowylaşýança we has ykjam karýera edinýänçäm garaşanymy gowy görýärin. Entek jaý edinsem gowy bolardy, ykdysady durgunlyk we ýaşaýşyñ gymmatlygy ýaly sebäplerem meniñ deñ-duşlarym üçin uzak wagtlap muny gijikdirýän zatlaryñ biri. Elbetde, bärde käbir berk duýduryşlar bar. Biologiki taýdan alanda, şeýle karar üçin anyk wagt çäklendirmeli bar. Netijede, 35 ýaşdan soñ çaga dogurýan aýallar has ýokary howp sebäpli "ýaşy ötüşen" hasap edilýär. Maýda otuz ýaşaýaryn, bulam çaga dogurmak ukybymyñ hakykatdanam uçurymdan aşaklygyna düşmäge başlamagyna bäş ýyl galandygyny görkezýär. Bütin bularyñ barsynyñ matematikasy hakda köp oýlansam, kelläm agyryp başlaýar. Kimdir biri bilen tanyşmak üçin iki ýylmy? Ýakyn gatnaşykda bolmak üçinem üç ýyl? Soñam çagamy? Bular ýaly çalt we aldym-berdimli wagt diagrammasy ýaly bolup görünýär. Emma munuñ meni taýýarlyksyz bir zat etmäge mejbur etmegine ýol bermerin. Şol sanda, ýene bir kiçijik şertem - çaga dogurmak üçin köplenç özüñe mynasyp ýanýoldaş tapmagyñ hökmanylygydyr. Ýigrimi ýaşlarynyñ ahyrynda ýa-da otuzdan ýañy geçen boý gyza flirt durmuşynyñ nähili dowam edýändigini soranyñyzda, bu müddetiñ köpimiz üçin näme sebäpli biraz uzak dowam edýändigine şobada düşünersiñiz. Eger barybir dogurmaly bolsa, dograrynam, oña garşylygym ýok. Emma edil häzir birgiden etsem-petsemim, işim, ýanymda maşgalam, birgiden tanyş-bilişim barka we ikinji kitabymam çapdan çykjak bolup durka hiç zada gyssanamok. Oliwiýa PETTER. @oliviapetter1 Ýekşenbe, 25.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||