09:35 Bagana telpekli adam / Merdan dostumyň durmuşyndan | |
BAGANA TELPEKLI ADAM
Hekaýalar
Erkek adamyň durmuşynda, tragiki ýagdaýlar bolup geçýär. Häzir maňa "Seniň ilkinji başyňa gelen tragediýa näme?" diýip sorasalar, säginmän " Sünnet edilen günim" diýip jogap bererdim. Owfff, inim tikenekledi häzirem. Mowzugy okap başlap, mowzuk erbet tarapa gidýändir diýip pikir edäýmäň. Her kimiň başynda bolýan zatlar bular, ine nesip bolsa ogul bäbejigiňizi gujagyňyza alarsyňyz, ene-ata bolarsyňyz, şonda siziňem başyňyza geler. Allajan, herkime şeýle bagt miýesser etsin. Rim mperiýasynyň Goşun generaly, General-polkownik Mark Antonius belläp geçipdir-ä, "Nemetmäň" diýip, sizem nemetmäň. Sünnet edilenimde, agyry duýdummy ýa duýmadymmy, häzir anyk ýadyma düşenok. Ýöne, sünnet edilmänkäm bolan ýagdaýlary, ertesi günki wakalary häzir "Surat edip çekip ber" diýseler, çekip bererin. Men surat çekip bilemok, ýöne biriňiz çekseňiz, menem suratlandyryp biljek. Özümi bilip başlanymdan bäri, ýadyma düşýän iň irki wakalaryň biri şu sünnet. Birem eşek depipdi, ony ýazypdym. Meni, 5 ýaşymda sünnet etdiler. 5 ýaşyma çenli hemişe gorkuzdylar, "Gel, seni sünnet edeli" diýip. Eline gaýçy alyp uzagrakdanam bolsa haýbat atýardylar. Şoň üçin häzirem gaýçy görsem, şoool pursatlar kelläme gelýär. Bah, köp gürledimaý, tema geçeliň onda. Tomus, ejem bilen kakam, oba enemlere gideli diýişdiler. Menem, hiç zatdan habarym ýok, hezil etdim. Bardyk oba, günortadan soň, kakamyň agasy bilen kakam, tapçanda çaý içip otyrdylar. Enem, ejem dagy hem bar, gelnejem dagy. Soň, meň gelenimi görùp, olar öz aralarynda sifrowoý gürläp başladylar: -Nätdiň, gürleşdiňmi ussa bilen, gelýämişmi? -Hawa, sagat 16:00-da bararyn diýdi. Ýarym sagat soň gelerle. -Ökdemi bir özi? Çagany nemedäýmesin? -Ýok, ökde ökde. Bütin obaň nemesini şol nemetdi... Enem pyşyrdaýar: -Gelermikä, kim biler? Gelnejem pyşyrdaýar: -Geler-le wah, hökman geler... Dogrudanam, yarym sagatdan soň, "Ural" motor gelip enemleň deňinde durdy. Häzirem ýadymda daş keşbi, ak köýnek geýipdir, kellesinde-de yssa garamazdan çal bagana telpek bardy. Uzagrakdan motor sürüşini görseň, köýnegem ak bolmasa, "Atlylar-daky" motorly nemesmikä diýersiňiz. Gelip tapçana sumkasyny goýup gürleşip başlady biziňkiler bilen. Aram-aramam öz gurbanlygyna, ýagny maňa, gözüniň gytagy bilen seredýärdi. Soňam meň ýanyma gelip, gassabyň, göläni soýmanka köşeşdirmek üçin maňlaýyny sypaýşy ýaly, kellämi sypalady, hal-ahwal sorady. Men, orsyň içalysy ýaly, çaga-da bolsam şübhelenip ugradym indi. Kakamyň agasynyň menden 5 ýaş uly ogly bilen, goňşysy hem bardy. Olaram öz aralarynda maňa seredişip gülüşýárler. Enem bilen gelnejem öz aralarynda gürleşip başlanlarynda men hemme zady aňdym: -Şu taýda nemetmelimi? -Hawa, bar içeriden ýassyk bilen düşek getir. Tapçanda ederle... Ejemem kakama "Meň ýüregim çydamaýar, men-ä bärde durup biljek däl" diýensoň, nämäň nämedigine düşündim. Kakam bilen agasynyň gürrüňi, bagana telpekli adam, enem bilen gelnejemiň ýassyk-düşek gürrüňi, kakamyň doganynyň ogly bilen goňşysynyň maňa seredip gülüşmekleri, iň soňunda-da ejemiň kakama "Ýüregim çydamaýar" diýşi... Indi krosswordyň ähli harplary tapylypdy. Meni oba sünnet etdirmek üçin getiripdiler. Men çaga göwnüm bilen şu zatlary pikir edýärdim, hem-de bir alaç gözleýärdim. Iä soňunda tapdym. Derrew ökjäni götermesem, 5 ýyllyk bedenimden bir bölek gitjekdi. Çaga-da, "Kesýärler" diýseler, bizem düýbinden paltalaýarlarmyka diýýäris-dä. Ýuwaşlyk bilen tapçandan düşüp köwşümi geýip durkam (Köwüş diýýänimem rezin şypbyk) bagana telpekli adam bilen gözümiz kaklyşdy. Şol wagt, şol adamyň gözünden uçgun çykýan ýalydy. "Tutuň" diýdimi ýa "Gaçýar" diýdimi, bir zada diýip kakamyň agasynyň ogly bilen goňşy oglana komanda berdi. Menem muny eşidip aglap, gygyryp gaçyp başladym. Gaçamda-da düýbünden keser diýip gorkdummy nämemi, balagymyň öňüni tutyp, leňňeç ýaly gapdallykgan ylgap yzyma seredip gaçýardym. Kowalaýanlar bolsa, Mongollaň nökeri ýaly bolup ýetip gelýärdiler. Men, leňňeç ýaly gapdal ylgasam tutularyn, "Gaçyşym bar, kowuşyma meňzemez" diýip, elimi balagymyň öňünden aýyryp Usain Bolt ýaly ylgap ugradym. Hany, Ependiň bir şorta sözi bardyra, eşegine naşatyr çalýar, eşegi tamyň daşynda durman aýlanýar. Menem naşatyr çalynan ýaly gaçýardym. Beýle diýsem, tokaýda, jeňňelde, dagda, çölde gaçýandyr öýdäýmäň, enemleň 25 sotka melleklerinde gaçýardym. Mellegiň gutarýan ýerinde kiçiräk ýap bardy, şol ýap, beýleki goňşular bilen serhetdi. Ana dostum, tutulmanjyk şol ýapdan geçsem, serhetden geçýärdim, azatlyga çykýardym. Ýöne, bolmady... Ýaba ýetdim, seretsem içinde azajyk suw bardy. Bökdüm içine. Ýabyň aňyrsyna çykmak üçin dyzap başladym. Ýap, meň boýumdan uly bolansoň, we gyralary çyg bolansoň çykyp bilmeýärdim. Multfilmlerde bolýandyra, gahryman, bir ýere dyrmaşjak bolýandyr, ýokaryk ýetip barýarka taýyp ýuwaşlyk bilen yzyna gaýdýandyr, dyrnaklary bilen tutjak bolsa-da bolýan däldir, dyrnaklarynyň yzy çykýandyr dyrmaşýan ýerine. Ana menem şeýle, näçe synanyşsamam ýapdan çykyp bilemokdym, çykyp barýarkam öl bolansoň, gurbaga ýaly ýabyň gyrasyna ýapyşyp, usuljak bilen ýene yza gaýdýardym. Serhedi geçip bilmedim, Mongollaň nökerleri meni tutdy. Indem ýapdan yzyma çykmajak bolup aglap dyzaýardym. Iň soňunda, meni tutyp ýapdan çykardylar, süýräp diýen ýaly tapçana tarap äkidip başladylar. Men bolsa uly ilim bilen gygyryp aglaýardym, olara "Goýberäýiň" diýip ýalbarýardym, Leopold ýaly, "Dawaýte, žit družno" diýýärdim. Olar bolsa meni diňlemän tapçana okladylar. Ýatyrdylar düşege, enem bir elimden, kakam beýleki elimden, kakamyň agasy iki aýagymdan tutdy, bagana telpekli adam, üstime abandy. Men iň soňky gezek, "Hemmesini kesme, azajyk kes, gyralaryny kesme" diýip bagana telpekli adama aglap naýynjar seretdim. Hamana, saç deňletmäge parikmahera baryp, "Saçymyň üstinden alma, gyralaryndan çalaja al" diýýân ýalydym. Kakam "Bolýa, azajyk keser, gorkma, agyrtmaz" diýdi. Menem kakama, "Agyrtmaýan bolsa, onda sen başlaý, uly başlar, kiçi işlär" diýdim. Hehe, goýsaňyzlaňow, beýle diýip bormy. Oýun edýän. Bagana telpekli adam, ussatlyk bilen öz işini ýerine ýetirdi. Çyndanam, şol taýlary anyk ýadyma düşenok. Gözgyny bolup gaçyşym welin, häzirem ýadymda. Derman berendirler diýsem, ol ýaşdaky çaga agyr dermanam bermezler. Bilmedim. Ýöne ertesi güni ýadyma düşýär. O-da yssydan bolaýmasa.Gözimi açamda enemiň otagynda ýatyrdym. Enem, gazet okap otyrdy. Üstime seretsem, ak mata oklapdyrlar üstime. Otagda elhenç ys bardy,dermanyň porsy ysy. Bilýänsiňizle. Stalingrad söweşinde ok degip ýaralanyp, gospitalda özine gelen esger ýaly samrap, eneme ýüzlendim: -Ene, men nirede? -Eneň ýanynda oglum, eneň otagynda... -Uruş gutardymy? Bagana telpekli, "Ural" motorly nemes nirede? -Ýat oglum sen, näme etjek ony? -Atjak. -Ol nemes dälä, oň ady Çaryýar. Ol seni sünnet etdi oglum. -Ýaşasyn 87-nji atly diwiziýa!! Ene derman ýokmy? Medsestraaaa!!! Analgin... Ssitramon... Aspiriniň ýokmy ene? Kirpigime wazelin çalsana... Aýaga galdym soň. 1 hepde ýaly ak ýaglyk daňdylar öňüme. Öňüňe ak ýaglyk daňylanda näme, geçiňki ýaly syrtym açyk, 1 hepde indeýesleň çagasy ýaly bolup gezdim. Kakam-ejem, men adaty ýagdaýyma gelýänçäm enemlerde boldylar. Geçen tomus, ejem öýde goňşymyzyň täze gelnini nahara çagyrdy. Jigim, gelin görsin diýip çemedan-dan maşgalamyzyň surat albomyny çykardy. Ol albomda meň sünnet edilemde düşen suratlarymam bardy. Awuna topulýan ýolbars ýaly surat alboma topuldym, arlap sünnet edilen wagtym çekilen suratlary aldym. Soňam zažigalka bilen ýakyp çöle gömdüm. Wiiý, mowzugy gutarmankam örän möhüm bir zady belläp geçmekçi. Arada ejemden soradym, "Eje, meň sünnet toýum edildimi, meň ýadyma düşenok edilenem bolsa" diýdim. Ejem, "Ýok McM, edilmedi. Bir sebäp bilen etmedik. Soňam, gelin toýunda edäýeris diýip goýbolsun etdik" diýdi. Bu möhüm wakany belläp geçmegimiň sebäbi, gadyrdan Agzalar, men toý edenimde, size çakylyk ugradan wagtym çakylykda "Aýyň pylançasyna, sagat pylançada, McM-iň durmuş toýuna we sünnet toýuna garaşýarys" diýen ýazgyny görseňiz, geň galaýmaň. Borlaý. Degişmekden aýyrmasyn. Ýöne çagalygym ýadyma düşse: Çep tarapym agyrýar... Awtory: @McM @McM-iň aýdýanlary bilen doly ylalaşýan:lol: (awtoryň özem etrabymdan) Ýadyma düşýär, şol bagana telpekli adam biziň obamyzada kän gelerdi. Elinde çaklaňja sumkajygy bardy, gassaplaň palta, pyçagyny salýan sumkasy ýalyjak. Geldigi köçede oglan görmersiň, “sünnet edýän gelýär” diýip, herkim öýüne barmaga beýlede dursun, aňyrky köçä ýazzyny berýärdiler. Menem goňşymyzyň uly ýorunjalygynda gizlendim, ýaz aýlarydy öýdýän. Kellämi çykaryp käte garaýan, gidermikä diýip. Bagana telpekli adam göwni bir ýaly, tapjanda otyrdy. Meni görýän däldirler öýdüp gizlenmän biderek ekeni, asyl tutmaň aladasyny edýän bolsalar nätjek. Seretem, özümden ulyrak, iki sany ekabyr goňşy oglanlar ýorunjaň gyrasynda dur: “Pylany, ýör balyga gideleý, ýapda şu wagt balyk kän” diýip, çagyrýalar. Kakam daga görünmejek bolup emedekläp baraýmanmy, gabyrdadyp tutdularda, ertdiler tapjana. Hakykatdanam, şol adamyň bagana telpegi hiç ýdymdan çyknok. Soň-soňlaram bagana telpekli başga adam görsemde inim tikenekläp giderdi, bulam şeýledir öýdüp. Jynym almazdy. Çaga düşünjesi ol wagt. Ýöne geläýse welin, bir hepde ýaly köçede çaga oglan görmersiň. Hatardan syryp, öýme-öý aýlanyp, köçäň oglanlaryny ýatyryp aýlap giderdi:lol: Kül ýaly porsy dermanam seper, 50 metr gapdalyndan geçseňem ysy ýitidir. Awtoryň aýdyşy ýaly, biliňe ak mata orarlar diňe, indeýesler ýaly çapadaňlap ýörmeli. Gowy taraplaram bar, sorap gelenem göwnüňi aldap puljagaz berer, şokolad berer, boş goýmazlar. Umuman, üýtgeşik zat däl, gödek görmäň. Çagalyk durmuşyň süýji ýatlamalarynyň biri:) Awtory: Merdan (Murgaply) | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |