11:24 "Bagyñ gyzyl gülüni, saña gurban edeýin!" | |
"BAGYÑ GYZYL GÜLÜNI, SAÑA GURBAN EDEÝIN!"
Edebi makalalar
...Ene-ata perzendi üçin diñe bagyñ gyzyl gülüni däl, eýse ýüregini bermäge hem taýýar bolýar. Çünki dünýäde adam üçin perzentden datly miwe ýok. Ilkinji perzentlerine garaşyp başlan döwürlerinden, çagajygyñ geljekki ene-atalary eýýäm öz perzentleri üçin ýaşap başlaýarlar. Özem oña mynasyp at dakmakdan başlap, onuñ bagt toýuna çenli maslahatlaşýarlar. Bilýäñizmi näme üçin?! Sebäbi perzent adamzadyñ ertirine bolan ynamyny, geljegini ýagtylandyrýan umyt uçgunjyklarydyr... Özem üns berdiñizmi, entek çagajyklary dünýä inmänkä "Gyzym bolsa, pylan hili ýigide durmuşa çykarsam!" diýip, arzuw edip oturan ene-atany?! Gören däl bolaýmasañyz?! Men-ä gabat gelemok. Biz-ä ýanýoldaşym bilen şeýle pursat bolanynda hem, ilkinji perzendimize garaşýarkak "Ogul bolsa pylan at dak, aý ýok, pylan at dakarys" diýip kän jedelleşsegem, "A, gyz bolsa näme?!" diýşip, birek-biregiñ ýüzüne seredibem, "Aý bolan wagty göräýeris-dä..." diýip goýaýypdyk. Bardy-geldi gyz hakynda arzuw etmeli bolaýanlygynda-da, "Adyna pylan zat diýeris. Ejesine meñzeş eli çeper, işeññir, dogumlyja gyz bolsun-da!" diýip oñaýýarlar. Sebäbi biziñ halkymyz gyzy aslyýetinde "kişi maşgalasy", öz öýüniñ "myhmany" saýýar. Arzylanyp, arzuwly dünýä inen çagajygyñ turuwbaşdan terbiýesiniñ, dünýägaraýşynyñ başgaça bolýandygyny hemmämiz hem bilýändiris. Gyza-da, ogla-da deñ derejede ata-ene mähri zerurdyr. Sebäbi ene-atanyñ söýgüsi bilen kemala gelen çagalar hakyku bagtyýar adamlar bolup ýetişýärler. Halkymyz "Ogul döwletiñ başy" diýip, oglan çagany has arzyly, has sarpaly görýär. Beýle diýilse, gyzlaryñ arzysy ýok diýip düşünmek, elbetde, nädogry bolar! Ýöne... döwletine baş boljak kemally ogly arzuw etmeýän ene-ata bardyr öýdemok. Aslynda dini garaýyşlarda-da Hudaý ilki Adam atany, soñra onuñ ýekesiremezligi üçin How enäni ýaradypdyr diýilýär. Sen dünýä ineniñdäki "Buşluk" habarynyñ äheñinden başlap, bäbejige edilýän "Pişme toýunyñ" dabarasy hem üp-üýtgeşik bolýar! Seniñ dünýä inen günüñ atañ arkama gaýa, eneñ üstüme saýa geldi diýip begenýär. Sen dünýä ineniñde, bagtyýar maşgalanyñ dowamatyna-dowamat sapyldy diýlip şatlanylýar. Sen dünýä ineniñde, Watan özüniñ ýene-de bir goragçysynyñ dörändigine buýsanýar. Saña uly il guwanyp bakýar! Çünki sen ogul bolup dünýä geldiñ! Ýöne sen şu zatlaryñ, şu belent buşluk äheñiniñ sen hakyndaky öwgüli ýagşy sözler bilen, şol dabarany Watan öñündäki dabaraly kasamyñ bilen, eneñ-atañ umydyny yhlasyñ bilen, iliñ-günüñ guwanjyny päk, halal zähmetiñ bilen haklamalydygyny welin ýadyñdan çykarmagyn! Allan, allan edeýin, Baga seýran edeýin. Bagyñ gyzyl gülüni, Saña gurban edeýin! Hawa, bu hut seniñ üçin aýdylan hüwdi, ogul! Bilmedim bu hüwdini haýsy asyrda, nähili ene döretdi. Ýöne ähli döwürleriñ, ähli ömürleriñ aýdymyna öwrülen şujagaz bentde ejeñ seniñ manyly ömür ýoluña mynasyp ýaryñ gerekliginiñ arzuwynda... Sen entek balaja-da bolsañ, ejeñ seni eýýäm ak ata ataryp, Watan gullugyna ugratdy, gullukdan geljek günüñ "buşluk" habaryna niýetlän tahýajygynu "Gelneje, buşluk, buşluk! Ogluñyz gullukdan gelýär!" diýip buşlan oglanjyga geýdirip, atylyp öýden çykyp seni, arkadagyny, ýürek ýagyny bagryna basdy. Özüniñ Watan öñündäki gulluk borjuny berjaý edip gelen ogly bolansoñ, gyñajyny "uk" ýaly edip, eltilerini yzyna tirkäp, "Niredesiñ, obanyñ iñ elýetmez gyzy!" diýibem, goltugyna saçagyny gysyp ýola düşdi. Altyn bilen aparyp, kümüş bilen goparyp, saña "bagyñ gyzyl gülüni" gurban etdi! Gördüñmi, dört setirjigiñ içine seniñ ähli durmuş ýoluñ sygyp durandygyny?! Sebäbi bu mukam, seniñ eneñ ýüreginiñ mukamy. Eneleriñ ýüregine bolsa, bütin dünýä sygýar! Ene ýüregi dek ýürek tapylmaz! Enäniñ ýüregi gülden näzirdir. Enäniñ hiç erbet arzuwy bolmaz, Arzuwy rahatlyk, hem-de saglykdyr! - diýip, şahyr ýöne ýere bellemeýär. Seniñ çalaja başyñ agyryp, baldyryñ syzlasa, ýürejigi ezilýän ejeñ üçin näme ýagşylyk edip biljekligiñ hakynda oýlandyñmy?! Hol bir ýigidiñ enesiniñ bir gijeki ukusyndan oýanyp beren ak süýdüni haklamak üçin ony arkasyna alyp Mekgä äkidýäni ýadyña düşýärmi?! Hawa, ol rowaýat hem bolsa, onuñ añyrsynda umman ýaly hakykat bar. Enäniñ ak süýdüni haklamagyñ Watan öñündäki gulluk borjuñy haklamak bilen barabardygyny unutmagyn! Atanyñ ogly terbiýelemekdäki orny jedelsiz uly hem bolsa, bu babatynda enäniñ üstüne has agyr ýüküñ düşýändigi hakykatdyr. Niçikmi, ogly ýetişip başlan enäniñ arkasyna "şemal çalar". Birhili körpe çykanynda ökjesi ýeñildir, başy buýsançlydyr. Düýnjük eljagazyndan tutup toýlara bileje äkiden oguljygy bu gün Watana gerekli bolanda ene gör, nähili bagtly bolýar. Ogluny Watan goragyna ýollaýan eneleriñ tolgunmaýany ýokdur. Eger ene bozulsa-da, oglunyñ öýden gidýänine gynanyp däl-de, ile-güne gerek, ýurda derkar bolan ogly ýetişdirip bilenine buýsanyp bozulýandyr! Kakañ gulluga gaýdanyñda agraslyk bilen: "Akyllyja bolup gulluk etgin, ejizläp, kakañ ýüzüni ýere salma!" diýen haýbatlyrajyk gürrüñini ejeñ: "Neme, oglum, yzyñy alada etmegin! Sag-amanja gullugyñy et. Ýoldaşlaryñ bilen dost bol. Ine, bizem kakañ bilen yzyñdan bararys, nesip bolsa!" diýip, "ýuwup-ýylmar". Aslynda eje diýen adam ogul-gyzy bilen kakalarynyñ arasyndaky sazlaşyk "köprüsidir". Kakamyza gönümel aýdyp bilmeýän zatlarymyz üçin ejemiz "ilçi" bolýar. Hut şonuñ üçin hem enelere diñe bir öýüñ abadanlygy däl-de, bütin dünýäniñ hem asudalygy baglydyr. Zenan çagany terbiýeleýär, Watanyñ neslini terbiýeleýär. Watan nesli diýmek bolsa, onuñ ertiri diýmekdir. Özüñ ene bolanyñdan soñra hakykatdan hem "Eklegeniñ gadrynu ekläniñde bilersiñ, saklaganyñ gadryny saklanuñda bilersiñ!" diýen dana sözüñ üstünden barýañ. Özüñ entek seljerip, netije çykarmagy öwrenmänkäñ, geljekki şahsyýetleri taýýarlap ýetişdirmek jogapkärçiligi hem üstüñden düşýär. Çünki geljekki şahsyýetiñ durmuş ýoluna nur saçjak dür dänejiklerini ene özüniñ edep-terbiýesi bilen çagajygynyñ kalbyna sepip başlaýar. Islendik adam dünýä inip, "durmuş sahnasyna" çykanyndan soñ, ykbalynyñ özüne beren "keşplerini" ýerine ýetirmäge başlaýar. Ol keşbiñ nähili orna eýe boljakdygyny ene-atanyñ beren terbiýesi, ynamy çözýär. Soñlugy bilen bolsa, ynsan özüniñ akyly-huşy, ünsi-üşügi, ukyp-başarnygy bilen durmuş sahnasyndaky keşbini öz isledigiçe janlandyryp başlaýar. Ýöne durmuş sahnasynyñ teatr ýa-da kino sahnasyndan ullakan tapawudy ~ bu ýerde ynanylan keşbime täzeden hem bir synanyşyp göräýeýin diýen mümkinçilik ýok. Çünki durmuş ynsana ýeke gezek berilýär. Ogul, seniñ kalbyña mähribam eneñ eken dürdäneleri ýalkym saçsyn diýseñ, sen ony yhlas, zähmet, söýgi bilen suwar. Sen döwletiñ başy bolup gelen ogulsyñ! Saña eneñ-atañ, iliñ-günüñ, ata Watanyñ öz gelejegini ynandylar. Sen şu Watanyñ hemişelik esgerisiñ, goragçysysyñ. Çünki Watan, ata-ene ~ bular öz ykballaryny seniñ durmuş ýoluñda görmek isleýärler. Sen erkek oglansyñ, sen özüñe her hili ýagdaýda hem erk etmelisiñ! Ýoluñ ak, ýoldaşyñ Hak bolsun, Watan ogly! Gülşirin HANOWA. # esger_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |