12:34 Asman perisi / poema | |
ASMAN PERISI
Poemalar
Käte şeýle bolýar, Ýeriň ýüzünde, Perişde pisintli adamlar dörär. Adamzada ýagşylyk bor gözünde, Ýürekleri nardyr, söýgüden körär. Ýörärler, yz galmaz dabanlaryndan, Olaryň yzlary göwünde galar. Gorkar olar galpyň abanmagyndan, Hakykat öçmeýän gözünde galar! Baran ýeri ýagşylykdyr, ýagtylyk, Sözleri nur bolup bezär dünýäni. Ykbal barar ädim-ädim ýagtylyp, Şeýle adamlar bar, misli Gün ýaly! Olar hakda gürrüň berer asyrlar, Soň-soňlar rowaýat, onsoň erteki... Olaryň ykbaly syra basyrlan, Öçmeýär hiç olaň umyt peltesi. Şahy Jahan bolan SanjarSoltanyň, Yşk kyssasy çyn erteki mysaly. Haýrana goýup dur dünýäň dört ýanyn, Onuň söýgüsine guran nyşany... *** Bu dünýäni düldüreden deminden, Sanjar Soltan çeken yşgyň perýadyn. Owsar salyp gelsem diýen eminden, Böwede boýn egmez söýgi derýasyn. Husny bilen huşun aljak başyndan, Perizadyň arzuwynda ýör eken. Kyrk müň gözel perwaz uran daşynda, Olara Şaň göwün gözi nkör eken. Ýedi yklym üzre ýöredip höküm, Gol astyndan belalary dep edip. Göterip bilmändir ýalňyzlyk ýükün, Bilmändir em, oň derdine nep edip. Her pursatda Arşy-Agla senada, Dileg salan bir hüýr Melek hakynda. Sanjara yklymda, kowmy-penada, Gözel tapylmandyr göwün çakynda. Günler bolsa geçip barýar, keýigiň, Mergenden jan howla gaçyşy ýaly. Ýaş uzaýar, ynsan barýar eýigip, Zeminiň ullakan açyşy ýaly! Göwre çöker, göwün bolsa ham-hyýal, Umyt çyragyny öçürmez asla. Owaldan – Ahyra goý bolsun aýan, Dileg du:şman ba:ka, göçülmez asla! Ine Sanjar Şaň hem duşup dilegi, Arzuwlary bir gün bolupdyr hasyl. Ýere gonan Arşyň zyba Melegi, Dyza çökermäge Jahanyň Şasyn... *** Pena gözläp hol awara şemaldan, Soltan säher çagy seýle çykanda. Aşyk bolýar näzli Sahypjemala, Gözel göz güldürip syrly bakanda. Yşk tutaşýar, ýakyp barýar ody heý! Sanjar Şa bir demde dönýär perwana. “Derhal biliň, bu gözeliň ady ne, Ýazdy gitdi meni ýowuz permana!” Soltan nöker ýollap, çalýar yzyny, Gorkup elden giderine bagtynyň. Tapandan soň hyýaldaky gyzyny, Asman-Zemin söýgi bilen ýagtylyk! Aýagy bişen dek, köşkde iki ýan, Zowzullaýar Soltan, ýok sabyr-takat. “Budur Sizge habar, eý Şahy Jahan, Soltanyňyz entek otursun rahat! Meniň oňa üç şertim bar, bitirse, Ömürlik ýoldaşy bolaryn derhal. Şertim ömür boýy ýerne-ýetirse, Aýdyň, aňsat däldir synagym her hal! Ýöne welin meniň aýtjak şertimi, Diňe Soltan eşdip biler, aýdyň siz! Indem maňa ýollamasyn her kimi, Wagtym çäkli, derrew köşge gaýdyň siz!” “Yşk ataşy dolap alan Sanjary, Müň şertem ýolundan döndürip bilmez. Batdy gitdi bagra tygy-hanjary, Bu ody hiç synag söndürip bilmez! Dyzym epip şol Periniň öňünde, Armanym ýok, şertlerini bitirsem. Ýeke matlabym bar, gülşen göwünde, Maksadymy menziline ýetirsem. Getirsem şol, Asmanyň nur perisin, Köşgüm üzre şugla salsa Aý bolup. Göwnüm diňe şol Melegiň ýeridir, Ötüp bilsem ömri, şoňa taý bolup! Derhal ak atymy eýerläň hany, Şol Melege sary uçup gideýin. Munda bolman diňe Zeminiň hany, Yşka-da Şa ýolun açyp gideýin!” Söýginiň ýolunda seri sadaga, Sanjar peýda bolýar periň ýanynda. Zerbap donly, başda altyn otaga, Müň şirin söz gurban edip şanynda. Emma, Peri müň hoş sözden zyýada, Ýüz müň hutba az ger taryp edere. Gezseň gündiz şemli, paý-u-pyýada, Görk tapmarsyň Ýerde, deňne ýetere. Gardan ak alkymy, ýaňaklary nar, Badam gabak, pisse dodak, bal dahan. Zümerret gözleri gören hyrydar, Arşda Melek bolsa, Ýerde Hüýr Jahan! Şemal degse ülpüldeýär lybasy, Zer jähekli, ak bulut deý öwşüni. Ahmal bolsaň jan aljagnyň güwäsi, Ýere ýetýän şamar saçyň owsuny. Iň ussat suratkeş çekse bir asyr, Bu görküň müňde bir waspyna ýetmez. Taryp eder bolsaň ýylda dört pasyl, Müň dessan bu näziň aslyna ýetmez! Gaýtadan tutaşýar, kül bolýar aşyk, Dili diýen etmän doňýar bir salym. Gursagy ot alýar duýgusy daşyp, Yşkdan ýüz gözüne çabraýar ýalyn. - Ne beýle tiz geldiň, eý aşyk Soltan?! - Ýene Arşa uçup giderdiň ýogsam! - Nirden bilýäň meniň Arşdan gelenim?! - Seni gözläp bu Zemini eledim. - Diňle meni söýmek hupbatly juda! - Dänmerin janymdan bolmasam jyda! Tenim ýollaryňda ömürlik geda! - Küpür bolar, uly gürleme birden! - Syna, synalmaga taýyn men her dem! - Üç şertim bar ömürlikdir möhleti, Budur meger bu synagmyň mähneti. - Seniň deý melekde mähnet neýlesin, Şertiňi aýt unut ondan beýlesin! - Ýöränimde aýak yzyma bakma, Daranymda hiç seretme başyma. Bilimi gujaklap bagrymy ýakma, Başarsaň bagt guşy borun başyňa! - Eý, waý, mundanam bir şert bormy Melek, Dag gaz diý, derýalar çek diý herýana. Şertiň bitdi biläý, sen bagtym gerek?! Toý habaryn ugradaýyn çarýana! *** Şeýdip öz bagtyna aňsat ýeten Şa, Uzak ýyllap zowky-sapa sürüpdir. Emma böwre ünji bolup bir yza, Bilesigelijilik azar beripdir. Öwrenşipdir gözelligne Periniň, Syrlaryny bilip ýörmek isläpdir. Ogrynça seredip basan ýerine, Ýörände yzyny görmek isläpdir. Görse Perizady howada gaýyp, Yz goýman baýrýarmyş basan ýerinden. Asman peri diýen: “Eý, Sanjar aýyp! Ýa-da diýenlerim uçdy seriňden?! Sen şertiňi bozduň, wada-wadadyr, Indi gözleriňden gaýyp giderin. Bu biziň illerde baky kadadyr, Şeýdip ýanyp, bu dünýeden ýiterin!” “Ah perim! Ýalňyşdym, ötgül günämi, Bagyşla, bagyşla ökünýän juda. Sensiz neneň ötüreýin gün-aýy, Husny jemalyňdan eýleme jyda?!” Sanjar ýalňyşyna ökünip çyndan, Asman Perisini dolaýar öýne. Emma, bu ökünji tozup gün-günden, Ýene syr bilmegiň düşüpdir küýne. Bir gün säher çagy Peri köşgünde, Başyn daramaga ugran mahaly. Şa hem ony synlamagyň yşgynda, Jyklapdyr perdeden undup Jahany. Peri bolsa başyn alyp eline, Altyn darak bilen saçyn daraýar. Soltan gaçýar, demi ýetmän demine, Esli ylgap töweregne garaýar. Görse Perizady öňünde durup, Ahmyr bilen garaýarmyş gözüne. “Nätdiň?! Yşk hanjaryň ýüregme urup!” Diýen sözlerine gelýär özüne. “Men saňa ynandym, sen bolsa ýene, Ynamymy ýegsan etdiň ýer bilen. Bu meniň iň soňky sözlerim ine, Belki indi görüşmeris seň bilen! Mesgenim Asmanda uçýan arşa men, Hydyr diýdim, duşupdyryn hyrsa men!” “Eý Perim, jan Perim terk etme meni, Neýläýin bolmasaň bu jansyz teni?!” Yşgyny aldyryp tapdan düşen şa, Düşege baglanyp ýatypdyr esli. Alym, ulamalar gözläp bir nyşan, Günde ýüz müň keren sananlar tesbi. Ahyr ýalbar-ýakar edip Asmana, Perisini dolapdyrlar Soltanyň. Sanjar howlugypdyr bagra basmaga, Ömri üzre ýeke-ýalňyz Soltanyn. Ýene aý aýlanyp, dolanýar ýyllar, Soltanam wadasyn unudýar kem-kem. Periniň biline uzaýar gollar, hem Soltan özüni ýitirýär şol dem. Asman Perisiniň süňksüz bilinden, Ellerini silkip alýar dessine. Peri bir “Ah!” uran uly ilinden, Onsoň Sanjar Soltan gelýär essine. “Men guraýyn Perizadym bir dur sen! Indi seni görmerinmi hiç mahal?!” “Entek görülmedik aramgäh gur sen, Içi haýyr bilen dogadan dolsun, Gümmezinde göge çykalga bolsun! Her annada şondan göge garasaň, Görünerin saňa yşgynda Aýyň. Günüň batdy Sanjar, bagtyň gara seň, Bir gumra öwrülýär ykbalda paýyň!” Sanjar eşdip muny halys gynanyp, Bir aramgäh gurmaň düşýär küýüne. Gurluşygy As Sarahsa ynanyp, Kümmeti öwürýär baky öýüne. Her anna gün garap gümmezdenArşa, Sanjar bütin ömre taýyny gören. Ýekelikde haly egbärlap barha, Bu kümmetde baky jaýyny gören. “Ýedi yklyma demi düşen Sanjar şa, Çar tarapda seljuk tugun sanjan şa. Söýgüden ýeňildiň, niçesi bir şaý, Bol-da ýat, bir periň husnuna gedaý!” Diýip gözlerini ýumup müdümi, Doňupdyr Asmana dikip nazaryn. Rowaýat bu, gaty-gaty gadymy, Döwürden saklaýar Şanyň mazaryn. Ho-ha indi niçe asyr şol ýerde, Ýatyr Sanjar Soltan göge seredip. Bir-em ýalňyz gumry galyp ýör derde, Şol gümmezde ýaşar ýaly ýer edip... Olar hakda gürrüň berer asyrlar, Soň-soňlar rowaýat, onsoň erteki... Olaryň ykbaly syra basyrlan, Söýgi hiç öçmeýär, gepiň keltesi... Gülşirin HANOWA. | |
|
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |