20:07 Döneýin eje | |
DÖNEÝIN, EJE
Goşgular
Üm bilmez çagakam umyt kölüni Boýlan heňleriňden ganaýyn, eje! Hiňleneňde çaga duýýan özümi, Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje! Hiňlendiň, diňledim, dürsedim demim, Derdimiň melhemi, ýeke-täk emim, Giň dünýeden deňiň tapylmaz seniň, Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje! Sallançak bagyňda ykbalyň ýoly, Ak-gara alaja gözleriň ýaly, Sallançakdan bäri arzuwdan doly, Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje! Saklap mydam ýüregimiň töründe, Sen ýok, hüwdülerňi aýdyp ýörün men. Kalbym üzre şygra dönýän görünmän, Arzuw pudagyňa gonaýyn, eje, Mylaýym hüwdiňe döneýin, eje! Gülşirin HANOWA. | |
|
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Kooperatiwiñ puludyr / Goşgular - 22.09.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Saçynyň söwdasy düşdi başyma, başdan ýene... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |