14:27 Halk hakydasynda galan ýyllar | |
HALK HAKYDASYNDA GALAN ÝYLLAR
Edebi makalalar
Her gezek «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baranyňda seni buýsançly duýgular tolgunmaga mejbur edýär. Sen bu ýerde geçmişiň şu gün bilen serhetleşýändiginiň şaýady bolýarsyň. Seni bu ýerde ata-babalaryň belent ruhy göbek ganyň daman eziz topraga has mäkäm baglaýar. Sen bu ýerde taryhyň sesini eşidýärsiň, şu günüň ýylysyny duýýarsyň, ertiriň bolsa nuruny görýärsiň. Çünki bu ýerdäki binalar mukaddes Watan taryhyna dikilen beýik ýadygärlikdir. Taryhyň daşa dönen pursatlarynyň hersiniň öz ykbaly bar. Bir pursatlyk gursagymyza diň salyp, weýrançylykdan, ahy-naladan öz eziz balasyny asmana sary göterip duran eziz enäniň ýadygärligini synlalyň. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky bu aýylganç ýer yranmasy müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesdi. Taryhyň bu ýowuz synagyndan ykbalynda tagma galan adamlaryň bu wakany tolgunman ýatlap bilýäni ýok. Elenende ene Ýeriň arkasy, Topraga garyldy bir uly şäher. Ykbal Heňňam bilen gurdy darkaşy, Hasrata boguldy umytly säher. Belkide enäniň perzendi üçin çekip biljek derdi-dagyndan beter dert ýok bolsa gerek?! Ene goýny ynsanyň ilkinji Watanydyr, ilkinji penakäridir, ilkinji hossarydyr. Watanyňy söýmeklik hem ilki bilen seni şu dünýä getiren eziz eneňi, seni şu derejelere ýetiren mähriban ataňy söýmekden başlanýar. Ene-ata öz perzendini goramak, howpdan halas etmek üçin şirin janyny pida edýär. Her bir Watan goragçysy hem eziz Watanyny edil ene-atanyň öz perzendini söýüşleri kimin söýmelidir. Dünýä getiren balasynyň sag-salamatlygy enäniň iň elýetmez bagtydyr. Watanyň asudalygy bolsa Watan goragçylarynyň iň belent bagtyna öwrülmelidir. «Ata Watan, ene toprak» diýen düşünje biziň aňymyza ýaşlykdan guýulýar. Watanyňy ataň deýin, topragyňy eneň deýin aýap saklamak ählimiziň borjumyzdyr. Eziz Watan şirin janym, Jigerden söýmüşem seni! Aý Arslanyň, Gün Göwherin, Söýen dek söýmüşem seni! Al onki süňňüm, aňymy, Bagş edem hany-manymy, Göroglyň Öwezjanyny, Söýen dek söýmüşem seni! Ynsana beýik derejelere göterilen Watanly bolmakdan gaýry bagt bolup bilmez! Türkmen halky öz ata Watanyny janyndan ileri görüp gorap bilen, Watan bähbidini arap bilen halkdyr. Muňa bolsa heňňam şaýat, asyrlar şaýat, taryh şaýat! Türkmen Watanyny ýaman pällilerden goramagy başarandyr. Sebäbi türkmen halkynyň aňynda hem ganynda namys hem ar diýen düşünjeler hemişe berk orun alandyr. Çünki ene toprak onuň namysydyr. Watan ugrundaky söweşlerde şirin janyna dözüp söweşen gahrymanlaryny halkymyz uly buýsanç bilen ýatlaýar. Çünki söweşlerde halkymyz öz Watanyny belent ruhy bilen gorady. Türkmen özüniň ruhuny, ar-namysyny berk goramagy başardy. Şeýle seredeniňde düýbünden deň gelmeýän güýçler bilen darkaşa girmek asla aňa sygmajak zat ýaly. Emma welin gep Watan topragyna, namysa, ara gelende gaýrat diýen zat ynsany gözsüz batyra öwürýär. Ine, şeýdip biziň pederlerimiz öz nesillerine Watany söýmegiň belent nusgasyny goýup gidipdirler. Olaryň topraga garylan belent ruhlaryndan bolsa: Aýralyk bolmaz, sebäp seň, Topragňa janym gataryn. Kän-kän zatsyz oňaryn men, Sensiz oňmaryn Watanym! – diýen owaz asmana galýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär» diýen dana sözleri bar. Halkymyzyň mert ogullarynyň edermenlikleri bolsa bireýýämler öz halkynyň çäklerinden çykyp, dünýäniň ýüregine ýol saldy. Muny 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda pederlerimiziň görkezen gahrymançylygynda hem görýäris. Bu uruşda merdana türkmen ýigitleri Jelaleddin bolup, Görogly bolup söweşdiler. Olar Watan üçin söweşdiler! Olaryň ýeňiş sazyny diňlänleri-de bar, diňläp bilmedikleri-de. Olar bize asudalygy baky miras goýup, taryha öwrüldiler. Şonuň üçin hem olaryň ýagty ýadygärligine «Baky ot» ýakyldy. Bu menzil köp jepa ýitgili menzil, Juda agyr düşüpdi ol ilime. Hut şoň üçin tas bir asyr nesiller, Ýeňiş sözün öwrüp ýörler Gimne. Aslynda watansöýüjilik, watanperwerlik türkmen halkynyň milli häsiýetine öwrülip gidipdir. Watany ezizlemek, söýgülemek, oňa keramat hökmünde garamak hem biziň ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgämiz. Hut şonuň üçin hem öz ata Watanyny janyndan eziz gören watan ogullary hiç haçan unudylmaýar... Gel, eşretli zamananyň, parahat zeminiň, asuda asmanyň mirasdary! Bu soňsuz hem beýik taryh bilen ýüzbe-ýüz bol! Geçmişiňi öwren, şu günüňi mana öwür, ertiriňe ynam gursagyňda gaýnasyn. Abadanlyk sazyna şadyýanja çagajyklar oýnasyn! Goý, ilimiz hem ýurdumyz abadan, ertirlerimiz ýalkymly, şu günümiz has-da şuglaly bolsun! Serhetlerimiz asuda, agzybirligimiz berk bolsun! Hormatly Prezidentimiziň rowana menzilleri rowaçlyklara beslensin! Zemin diňe asudalyk şemalyna seslensin! Akkepderim asudalyk ülkesini mekan eýläp, Şükür bagşy sazyn çalýar ýürek sesin mukam eýläp, Pyragynyň arzuwy deý ajap saraý, dükan eýläp, Altyn gupba köşklerimiz gün nuruna şugla saçýar. Soňlanmajak bagta ýetdik, nura doldy göwünler, Ata-babam arzuw eden döwranydyr bu günler, Akkepderim arşa uçýar, günüm guçýar ak güller, Toý-toýlaýar ulus iller, günler güle-güle geçýär. Gülşirin HANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |