21:26 Bagyşla, ezizim! | |
BAGYŞLA, EZIZIM!
Goşgular
Bir bakyşda söýmek diýilýän zada, Tä saňa duşýançam, ynanmaýardym. Sen geldiň-de, bir bakyş-a nämejik, Ýarym nazardanam kalbyma girdiň. Girseňem, girdiň sen gowgaly kalba, Oňa ýüz müň derdem serpaý getirdiň. Gijeler derdiňden örtenip uklap, Säherler adyňy gaýtalap turdum. Owadan gyzlaryň baryna mahsus, Näzlidiň sen, öýkelekdiň käte-de. Käte-de şeýle bir “doňardyň” weli, Eremezdiň, ýalbarsamam näçeler. Ýa sepilligimden lezzet alardyň, Ýa-da meni çynyň bilen synardyň. Garaz, sen-ä yşkyň zalym peýkeri, Menem yşkdan alawlaýan bimardym. Pynhanlykda bukjak boldum adyňy, Çynym etsem bukup bilerdim belkem, Ýöne başarmadym şeýle giňligňi Bu dar pynhanlyga sygydyrmagy men. Bagyşla, ezizim, Bagyşla YLHAM! 20. 01. 2012 ý. | |
|
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Kinaýa / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |