20:47 "Bahaweddin Mirkulal, Zeňňi Babany görsem..." | |
"BAHAWEDDIN MIRKULAL, ZEÑÑI BABANY GÖRSEM..."
Magtymgulyny öwreniş
Bahaweddin, Mirkulal, Zeňňi Baba Magtymguly atamyzyň mübärek goşgy setirlerinde eriṣ argaҫ bolup geҫỳär. Dana Pyragy «Turgul diỳdiler» diỳen goşgy setirlerinde: “Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir, Ol Zeňňi Babadyr, ol namydardyr, Ol sӧýenṣip duran tӧrt ҫaryýardyr, Maksadyň ne bolsa, sorgul” diýdiler. Diỳen setirlerine ser salsak Magtymguly atamyz Zeṅṅi Bawany hem ӧzủniṅ bir halypasy hasaplapdyr. Zeṅṅi Bawa diṅe bir Magtymguly atamyzyṅ halypasy bolman,eỳsem bủtủn tủrkmen halkynyṅ hem halypasydyr. Zeṅṅi Bawa gӧrnủkli tanymal beýik Ӧwlȕýȁleriṅ biri bolan Hoja Ahmet Ỳasawy Hezretleriniǹ ilkinji halypasy Arslan Bawanyǹ agtyklaryndandyr. Hoja Ahmet Ỳasawynyǹ dört halypasy bardy. Olar, Menzur ata, Seýit ata, Sȕleýman ata, Hakym ata, ýada soǹky iki bir adam bolan ýagdaýynda, Sȕleýman, Hakym dagylardyr. Menzur ata, Hoja Ahmet Ỳasawy Hezretleriniǹ halypasy Arslan Bawanyǹ oglydyr. Ol ilkinji terbiýȁni atasyndan alỳar. Soǹra Hoja Ahmet Ỳasawy Hezretleriniǹ terbiýesine berilỳἃr. Zahyry we batyny ylymlarynyǹ alymy bolỳar. Menzur Atanyǹ 594-nji ýylda (m.1194 ) aradan çykma-gy bilen,ogly Abdulmȁlik Ata halyfa bolỳar.Aradan kȁn wagt geçmȁn-kȁ Abdulmȁlik Ata-da dȕnýȁden ötenden soǹra, ogly Tȁç Hoja atasynyǹ halypasy bolỳar. Tȁç Hoja 596-njy ýylda (m.1199) aradan çykỳar. Zeǹǹi Ata,Tȁç Hojanyǹ oglydyr. Zeǹǹi Ata uzak ýyllaryǹ dowamynda atasyndan we bawasyndan zahyr we batyn ylymlaryny öwrenỳἃr. Hoja Ahmet Ỳasawy Hezretleriniǹ halyflaryndan Hakym Atanyǹ hyzmatynda bolup,onuǹ çuǹǹur ylymyndan we feýzinden kἃn peýdalanỳar. Daşkentde ýaşaýardy, ýerli halkyǹ mallaryny bakardy. Halypasy Hakym Ata,582-nji ýylda (m.1186) aradan çykan soǹ Horezimde Ak-Gurganda (Bagyrganda) depin edilỳἃr. Zeǹǹi Ata, Hakym Atanyǹ aýaly Anbar ene bilen goṣ birikdirýȁr. Waka şeýle bolup geçýȁr: "Hakym Ata bir az garaýagyzyrakdy. Bir gȕn Anbar enȁniǹ kalbyna:”Kȁşgȁ, adamym gara bolmasady”diýen pikir gelip geçỳἃr.Hakym Ata onuǹ bu pikirini Allahutagalanyǹ rugsady bilen aǹyp:"Sen meni halamaýarsyǹ, emma menden soǹra dişinden gaýry ak ýeri bolmadyk garanyǹ eline dȕṣersiǹ” diýỳἃr. Anbar Ene bu dȕşȕnjesi ȕçin gaýtmyşym edip,aglap kȁn toba eden hem bolsa,Allatagala ol söýgȕli guly dileg edipdi, suw siǹrikden agypdy. Hakym Ata ölȕm pellesi golaýlaberende, Horezimde ylym öwrenip ýören ogullary Muhammet Hoja bilen Asgar Hajany çagyryp. Olara: ”Ölȕminden soǹra gȕndogardan kyrk sany Abdal geler, aralarynda gözi ejizirȁk we aýagyny agsap basýan gara Abdal bardyr. Eneǹizi, garaşmaly wagty bolan soǹ şoǹa beresiǹiz” diýỳἃr. Hakykatdan hem,ölȕminden soǹra. Sözi edilen kyrk mȕbȁrek kişi gelỳἃr.Aralarynda biri yzyraga galypdy. Bu adam suratlandyrylan mȕbȁrek kişiniǹ edil özȕdi.Ol Zeǹǹi Atady. Zeǹǹi Ata aslynda Daşkent töwereklerinde çopançylyk edýȁrdi. Galyǹ dodakly,diǹe dişleri agaryp görȕnýȁn diýseǹ gara ýagyz pyýadady. Anbar Enȁniǹ mȕtdedi (ỳan ỳoldaṣy ỳogalan ýa-da ȁrinden aýyrlan aýalyǹ, ikinji nikasyna çenli garaşmaly wagty)bolan soǹ, ýanyndakylaryndan birini iberip nika talap etdi.Anbar Ene Kabul etmȁn: "Men Hakym Atadan soǹ hiç kime barman.Beýle gara adama-ha hiç hem”diýip,red edip, kȁn gynanỳar. Ṣol mahalam boýny gatady. Zeǹǹi Atany bu ýagdaýdan habardar edỳἃrler. Zeǹǹi Ata adam iberip: ”Ỳadyǹda bolsa,bir gȕn: ”Kȁşgȁ, Hakym Ata gara bolmadyk bolsa bolmaýarmy?” diýip pikir edipdiṅ. Hakym Ata keramat bilen seniṅ ol pikiriṅi bilip: ”Ỳakynda menden-de gararak birine aýal bolarsyǹ diýipdi” diỳỳἃr. Anbar Ene takdyryǹ şeýledigine göz ýetiren soǹ,aglap nikalaşmaga razy bolỳar. Nika ȕçin razylyk berer-bermez boýny kadaly ýagdaýa gelỳἃr. Zeǹǹi Ata bilen goş birikdirỳἃrler, Ӧwlȕýȁ we alym ҫagalary bolỳar.Zeǹǹi Ata Daşkent daglarynda çopançylyk edip şondan alýan muzzynyǹ hasabyna maşgalasynyǹ gȕzeranyny dolaýardy. Mallary sȁhrada otlap ýorkȁ namazlaryny okaýardy. Kuran-y Keremi okap, Allatagalany ýatlaýardy. Otlamaga sȕrȕlen mallar onuǹ daşyny galalap,otlaryny goýup ony diǹleýȁrdiler. Agşam hem ýygnan odunlaryny arkasyna ýȕklenip, öyȕne gaýdýardy. Bir gủn jemlȁn odunlary ýaǹy ýȕklenjek bolup durka,ýanyna salam berip dört sany ýaş ýigit gelỳἃr. Zeṅṅi Ata olaryṅ Salamlaryny alyp,hal-ýagdaýlaryny soraỳar. Olar Buharanyǹ medreselerinde zahyry ylymlary alýandyklaryny, ýöne batyn ylymlaryny öwredip bilȁýjek birini gözlȁp ýörendiklerini aýdỳarlar. Zeǹǹi Ata: "Duruǹ, sizi rişat edȁýjek kişiniǹ nirededigini size habar bereýin”diýỳἃr. Ýaşlar muǹa örȁn begendiler.Ol ýȕzȕni dört tarapa tutup:”Siziǹ bu ylymda nesibȁǹiz bizden özgölerde dȁldir”diỳỳἃr.Bu dört ýigit soǹurrak Zeǹǹi Atanyǹ dört beýik halyfy boljak Uzyn Hasan Ata,Seýit Ata,Sabr Ata we Bedir Ata dagylardan başga hiç kim hem dȁldi.Zeǹǹi Atanyǹ sözȕne ilki ynananlar Uzyn Hasan Ata bilen Sabr Ata boldy. Bu sebȁpden,ilki bilen kemala gelenler hem olar boldy. Seýit Ahmet Ata bilen Bedir Ata gowy zatlaryǹ pikirini etmediler. Seýit Ata: ”Men hem-ȁ Pygamber Aleýhissalamyǹ agtygy,hemem mekdep-medrese gören adam. Indi gel-gel şu garry çopanyǹ talyby bolaýynmy?” diýip oýlandy,ýöne ýanyndakylardan-da aýrylyp gidibermedi.Onuǹ buýsanjaǹlygy ýoluny ýapdy.Ҫeken kynçylyklaryny ýele sowurdy.Ỳagdaýynda hiç-hili öǹegidişlik duýylmaýardy.Seýit Ata bu ýagdaýy aǹşyryp, Zeǹǹi Atanyǹ özȕnden göwni galandygyna dȕşȕndi.Gidip Zeǹǹi Atanyǹ aýaly Anbar Enȁ ýalbardy. Ӧzȕne şefagat etmegini towwakga etdi. Anbar Ene oǹa kömek etjegine söz berip: "Sen bu gije gara keçe tap-da şoǹa dolanyp Zeǹǹi Atanyǹ ýolunuǹ ȕstȕnde ýat,sȁher wagty namaz okamaga çykanda,seni beýle ýagdaýda görȕp ýȕregi awṣasyn:"diýdi. Ṣol gije Anbar Ene,Zeǹǹi Atadan Seýit Ahmet Atanyǹ ötȕnjini Kabul etmegini haýyşt etdi.Zeǹǹi Ata-da,Seýit Atany bagyşlandygyny aýtdy. Sȁher wagty,namaz ȕçin daşaryk çykanda, ýoluǹ ȕstȕnde bir zadyǹ garalyp ýatandygyny gördi.Nȁme digini biljek bolup aýagy bilen yralady.Ṣol mahal,gara keçȁ bȕrenip ýatan Seýit Ata ýȕzȕni Zeǹǹi Atanyǹ aýagyna sȕýkȁp,ötȕnç sorady. Muhammet Aleýhissalamyǹ mȕbȁrek agtygyna aýagy degenine örȁn gynanan Zeǹǹi Ata.Göwnȕni görmek ȕçin Seýit Ata kȁn hezzet-hormat etdi. Seýit Ata şol bada kemala geldi.Zeǹǹi Atanyǹ beýleki halypasy Beder Atanyǹ asyl ady Bedreddin Muhammetdi. Asyl ady Sadreddin Muhammet bolan Sadr Ata bilen Buhara Medresesinde bir hȕjrede ýaşapdyrlar.Deǹ ylym alypdyrlar. Derejeleri-de deǹdi. Zeǹǹi Atanyǹ talyby bolanlaryndan soǹra.Sadr Ata beýgelen bolsa,Bedr Ata öǹkȕsȕnden hem pese gaçypdy. Bedir Ata muny aǹşyryp,gynanjyndan Anbar Enȁniǹ ýanyna gelip göz ýaş dökủp, oǹa arzyny mȁlim etdi. Anbar Ene-de Bedir Atanyǹ bu arzyny çemi gelen wagty Zeǹǹi Ata ýetirdi.Zeǹǹi Ata onuǹ toba edenine begenip ýylgyrdy-da:”Maǹa ilki sataşanlarynda, olara rişat edip biljekdigimizi aýdanymyzda,Beddredin içinden: ”Ṣu salpy dodak hebeşmikȁ bizi rişat etjek?”diýip oýlanypdy. Ṣu wagta deǹeç feýzimizden peýdalanyp bilmeýşiniǹ sebȁbi-de şol. Eger,toba eden bolsa,sen hem oǹa şefagatçy bolan bolsaǹ,bar onda ony bagyşladym!” Diýdi.Ṣu wakadan soǹra,Bedreddiniǹ derejesi-de Sadreddiniǹ derejesi bilen deǹleşdi. Ahmet Ỳasawy Hezretleriniǹ, Zeǹǹi Ata bilen dowam ýoly,Zeǹǹi Atadan soǹra Seýit Ata we Sadr Ata bilen dowam etdi. Seýit Ata,Hajy Azyzan (Aly Ramiteni pir Nessaj) bilen söhbet etdi. Sadr Atanyǹ halypalary uzak wagtlap Ỳasawulluk ýoluny dowam etdirdiler. Onuǹ halypalary, Eýmen Bawa,Ṣih Aly,Möwdut Ṣih görnȕşȕnde ýatlanýar. Möwdut Ṣyhyǹ meşhur iki halipasy bardy. Olar: Hoja Abdyllah we Kemal Ṣyhdy. Hoja Abdullahyǹ halypasy Hadym Ṣyh,onuǹam halypasy Jemalȕddini Buhareddin.Reşadyǹ eýesi Jemalledin (m.1258) (Daşgent)töwereklerinde,Samarkant ýolunyǹ 11-nji klometrinde Zeǹǹi Ata obasynda aradan çykyp, ol ýerde topraga berildi. Zeǹǹi Atanyǹ gubyryny hemmeler bilýȁrdi we zyýaratyna barýardylar. Ubeýdullahy Ahrar Hezretleri: ”Zeǹǹi Atanyǹ guburyna her zyýarata baranynda, gabyryndan: ”Allah! Allah!” diýen sesleri eşidýȁrin, diỳerdi.” Allatagala hemmesinden razy bolsun. Ýusup LALLAKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |