13:17 Magtymguly Pyragynyñ diwany hakynda | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ DIWANY HAKYNDA
Magtymgulyny öwreniş
Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: "Magtymguly Pyragy adamzada tӓmiz ruhy, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr"- diýip aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy durmuş hem ylym ummanlarynda gaýnap-joşan beýik akyldar şahyrdyr. Şonuň üçin hem onuň tutuş döredijiligine mahsus bolan çuňňur manyny, edebiýatyň altyn hazynasyny hasyl edýän eserlerdir. “Şahyryň danalygy hem-de beýikligi onuň okan, özleşdiren ylymlarynda, dünýä, durmuş, pes pӓllik, jemgyýet baradaky dünýä garaýyşlarynyň giňliginde, gözlän we eýeren ýaşaýyş ýörelgesiniň, ömür pelsepesiniň sap halal ýoly saýlanlygyndadyr.” Çünki şahyryň syrly setirleriniň her biriniň astynda üsti örtülgi many, taryhy, dini wakalar ýatýar. Ol manylary tirmek, örtügini açmak üçin bolsa şol wakalaryň alnan çeşmelerini tapmaly bolýar. Akyldar şahyryñ bu syrly setirlerinine düşünmek üçin ”Kyssasyl enbiýa” atly kitaba nazar salmaly bolýar. Biziñ bu aşakdaky aýtmakçy bolýan syrly setirlermize ser salsak akyldar Pyragy: "Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sӧzüni diñlegil, jogabyn aýtgyl." - diýmek bilen Süleýman Pygamber bilen Menzere atly garynjanyñ arasynda bolan wakany beýan edýӓndir. Ol wakany gysgajyk gürrüñ bersek: Günlerde bir gün Hezreti Süleýman Aleýhissalam garynjalaryñ kӧp bolýan obanyñ üstünden ӧz leşgerleri bilen asmandan uçup barýardy. Menzere atly bir ak garynja ol obanyñ garynjalaryna ýüzlenip: - Eý garynjalar, siz habardar boluñ, ӧýlerñizden ҫykmañ. Süleýman Pygamber leṣgerleri bilen ýere gonsa bilmӓn sizi basyp helӓk edӓýmesin - diýýӓr. Ol zaman Alla Tagala ýele ol garynjanyñ aýdan sӧzlerini Süleýmana ýetir diýip emir edýӓr. Şemal ol garynjanyṅ aýdan sӧzlerini Süleýman Pygambere ýetirýӓr. Hezreti Süleýman Aleýhissalam, ol garynjanyñ aýdan sӧzüni eşidip ýylgyrýar we garynjanyñ aýdan gepini eşidendigine begenip Alla Tagala ýüzlenip şeýle diýýӓr: - Eý Perwerdigӓr, maña nesihat eýle we meniñ ata-eneme beren nygmatlaryña şükür etmegi we Seniñ razy bolýan salyh amallary enjam bermegi we meni ӧz fazyl keremiñ bilen salyh bendeleriñe goş - diýýӓr. Ondan soñra Süleýman Pygamber leşgerleri bilen asmandan ýere ol garynjalaryñ ýanyna gonýar. Garynja Süleýman Pygamberiñ ӧñunden ҫykyp salam berýӓr. Hezreti Süleýman Aleýhissalam garynjanyñ salamyna jogap berýӓr. Ondan soñra Hezreti Süleýman Aleýhissalam: - Eý garynja, seniñ adyñ nӓmedir? - diýip soraýar. Ol garynja: - Meniñ adym Menzeredir - diýip jogap berýӓr. Onda Hezreti Süleýman Aleýhissalam: - Eý Menzere, sen bilmeýӓñmi meniñ leşgerlerimiñ size zulum etmejeklerini we men asmandan uçup barýaryn, meniñ leşgerlerim nӓdip sizi depelesinler we sen nӓme uҫin ol garynjalara ol sӧzüñi aýtdyñ? - diýýӓr. Onda Menzere: - Eý Süleýman, men bul garynjalaryñ patyşasydyryn. Bul garynjalary goramak meniñ borjumdur. Ol sebӓpden men ol garynjalara siz ӧýlerñizden çykmañ birden Süleýman Pygamber ýere gonsa bilmӓn sizi basyp helӓk edӓýmesin diýip olara habar berdim hem-de meniñ garynjalarym seniñ dӧwletiñe we leşgerleriñe gӧzleri düşüp Hudaýyñ zikirinden gapyl bolarlar we dünýe maly diýip ylgarlar, ol sebӓpden aýtdym - diýýӓr. Garynjanyñ ol sӧzlerini eşidip Hezreti Süleýman Aleýhissalam: - Eý garynja, sen maña bir nesihat et - diýýӓr .Ondan soñra Menzere: - Eý Süleýman, seniñ atañ ady Dawutdyr. Nӓme üçin senñ atañ adyna Dawut dakanlaryny bilýäñmi? -diýip soraýar. Onda Süleýman Pygamber "bilemok" diýip jogap berýӓr. Menzere: - Seniñ atañ kalbyñ ýarasyna doga edýӓrdi (kalba doga etmek, kalby arassalamakdyr, men-menlikden, ulumsylykdan) ol sebӓpden Dawut diýip aýdypdyrlar - diýýӓr. Ýene-de Menzere: - Eý Süleýman, saña nӓme üçn Süleýman diýip at dakanlaryny bilýӓṅmi? - diýip soraýar. Onda Süleýman "bilemok" diýip jogap berýӓr. Menzere: - Eý Süleýman, seniñ kalbyñ salym pӓkdir, teleke ýagny ýaramaz sypatlardan kalbyñda zat ýokdyr, oña gӧrӓ saña Süleýman diýip at dakdylar - diýýӓr. Onda Garynja: - Eý Süleýman, Allatagalanyñ saña beren nygmatlarynyñ birini maňa aýt - diýýӓr. Hezreti Süleýman Aleýhissalam: - Eý Menzere, Allatagala maña ýele hӧküm etmekligi Mugjyza etdi, ýeliṅ wesilesi bilen bir aýlyk ýoly bir az wagtda geçýӓrin - diýýӓr. Onda Menzere: - Eý Süleýman, Allatagala nӓme ücin ýele hӧküm etmekligi saña berendigini bilýӓñmi - diýýӓr. Onda Süleýman Pygamber: - Ýok, bilmeýӓrin - diýýӓr. Menzere: - Eý Süleýman; Allatagala saña ol ýele hӧküm etmekligi ybrat üçin berendir, çünki saña nӓme mal mülk we nygmat beren bolsa şolaryṅ barysy senden ýel ýaly geçer, her kim bu ýalanҫy dünýӓniṅ mal mülküne ygtymat etse, ýagny dünýӓniṅ mal mülküne guwansa we ol mal mülki gowy gӧrse gӧyӓ ýele ygtymat eden ýalydyr - diýýӓr. Garynjanyñ sӧzlerini eşidenden soñra Hezreti Süleýman Aleýhissalam Alla Tagala ýalbaryp şeýle diýýӓr: - Meni şükür edýӓn bendeleriṅ jümlesinden edeweri we meni salyh bendeleriñ bilen Jennete dahyl edewer. Hezreti Dawut Aleýhissalam Işa diýen adamynyñ oglydyr. Hezreti Dawut Aleýhissalamy Alla Tagala Pygamber edipdir, daglar we guṣlar bilen Allataga tesbih aýdýan eken. Demirler Dawut Pygamberiň elinde gӧýӓ mum ýaly bolýan eken. Uruşda geýilýӓn lybaslary dikýӓn eken. Ejesi Elýainiñ gyzydyr, musulmandyr, pӓk we takwa zenanadyr. Hormatly, eziz musulman doganlar, biziň Magtymguly atamyz Hezreti Süleýman Aleýhissalam bilen ol Menzerӓniñ gürrüñini bize ybrat üçin aýdýandyr. Ҫünki bu wakada ybrat almaly zatlar kӓndir. Ýeli tutup bolmaýşy ýaly bu dünýӓniñ mal-mülkini hem tutup bolmajakdygyny we adamynyñ ӧmri ýel ýaly geҫip gitjekdigini añmak bolar. Hezreti Süleýman Aleýhissalam Pygamber bolsa-da ol garynjadan kӧp zatlary ӧwrenişi ýaly, alym bolsañ hem seniñde bilmeýӓn zatlarñ bardyr, onuñ üçin tekepbirlik, men-menlik edip ýörmӓn pespӓl bolmalydygyny aýdýar. Ýusup LALLAKOW, Aşgabat şäherindäki 100-nji orta mekdebiñ müdiri. > Отправлено из Mail.Ru для Android | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |